Parahoruñ monology
Parahoruñ monology

Hawa,
Men parahor!
Sözüñiz barmy?
Meni ýazgarmaga ýüzüñiz barmy?
Kim meni ýazgarsa alnyna gelsin! —
diýip, elim salgap gargynmasam-da
Bu zatlaryñ niçik, nirden başlanyn
Gowy bolardy kem-käsleýin ýatlatsam…
Ilki maña "Haram näkes, parahor,
Siziñ köküñizi çapyp ýok edip,
taşlamaly" diýen gedemje dostum
Gel, hany, gadyrdan, senden başlaly.
Nirde işleýäñ? Isläñokmy wezipe?
Müşgili ýok,
Meseläñi dök orta
Ýöne hajatyñy çöp döwen ýaly
Bitirtmek isleseñ, eden işimiñ
Göwrümine görä aýdan pulumy
Getirmeli borsuñ gaşyñy çytman
Bilemok, ol puly nädip tapsañam
Maña gyzykly däl, ol öz meseläñ.
Gerek bolsa it bol,
At bol,
Eşek bol.
Burnuñda poh daşa,
Elekde suw çek.
Durmuş keşiginden ýagyra dönen
Arkañy ýassyga goýman gijeler
Çirim etmän ak dañlary atyrsañ
Gündiz kelläñ yzasyna döz gelmän
Diwary ýumruklap,
şagal deý "uww" çek…
Bu zatlañ barsy erteki maña,
Sebäbi bir haýyş bilen gelseñiz,
Aklyk üçin getir diýlen "göklügi"
Jemläp getirýäñiz,
diýmek adamlar
Näçe zeýrense-de güzeranyndan
Urup aglaýarlar.
Ýa ýalanmy nä?
Her gapyda keserip dur "Mersedes",
"BMW", "Kia", "Wolkswagen", "Toýota"
Indi orsuñ maşynyny münýän ýok
Sargyt bilen getirdýärler ýörite.
Döwürler üýtgedi, durmuş özgerdi
Döwrany dolandy parahorlaryñ.
Gün güýçliñki!
Şonuñ üçin agzyñda
Indi ýeke dişiñ bolsa-bolmasa
Gowurga-da güýçliñki…
Ne peýda bar hakykaty sözleýän
Ne peýda bar adalaty gözleýän
Ne peýda bar hata sözi eşidýän
Lakgy dilden,
Çakgy ýaly gözlerden
Jam ýaly gulakdan?!
Iñ beteri-de,
bolara-bolmaza nebsin agyrdyp
Wyždanlysyraýan ejiz ýürekden…
Puluñ barmy — ýaşa!
Puluñ ýokmy — öl!
Maña gyzykly däl, näm bolsañ şo bol!
Nyrhy kesilensoñ pylança diýip,
Sen o puly gije-gündiz haltyldap
Iýen bilen iýmän
Geýen bilen geýmän
Gözmonjugy ýaly okuwçy çagañ
Apgyrdy bireýýäm çöken köwşüni
Çalyşmaga dözmän toplanam bolsañ…
Maña gyzykly däl, aýdan pulumy
Has öñräk düwnük derdine ýolgup,
Iñ soñky deminde reanimasiýa düşen
Ejeñi aýaga galdyrjak bolup
Soñky teññesine çen derman-däriniñ
syrtyndan dannaman ötrenem bolsañ…
Ýarpy bahasyny bergi edip alan
Awtoulagyñ buferini urduryp
Gaçyp giden bir näkesiñ ýetiren
Zyýanyndan ýañy dynanam bolsañ.
Goşuñam arkañda her aý bir ýerde
Kireýine ýaşap ýetde-gütdede
On ýyllap jaý nobatynda duransoñ
Çagalam bir gowy ýaşasyn diýip
Ýigrimi-otuz ýyllyk şertnama bilen
Ak mermerli belent jaýlañ gatyndan
Köpleñ gözi gidýän tünek edinip
Süýthorlygy kesp edinen banklara
Ömürlik bergidar galanam bolsañ…
Ýadyña düşýämi, belki okansyñ?
Bardy Krylowyñ suwuñ başynda
Duran guzyjugy iýen möjegiñ
Hekaýatyn gürrüñ berýän basnýasy:
Biçäre guzujyk ölmejek bolup
"Möjek aga, günäm näme?" diýende
Rehim-şepagatsyz açgöz möjegiñ
"Señ günäñ — meñ açlygymda!" diýeni…
Özüñi şol guzujygyñ ýerne goý,
Meni-de hasap et ýalmawuz möjek.
Müñ gaýgy etseñem bir işiñ bitmez
Getirmeseñ diýlen puly bahymjak…
Düşün, menem toplan bilen pulumy
Hum küýzä gapgaryp gömjek bolamok.
Özüñiz bilýäñiz, kürsi baky däl
Belki bir hepdeden, belki bir ýyldan
Bellisi ýok, eger meniñ ýerime
Ganymatja emlän birin tapsalar
Peşmek ýaly pyzyp goýbermänkäler
Süýşürmesem birki million dollary
Kim okuwa salar ogul-gyzymy,
Kim olary ýerlär gowja wezipä,
Kim olara alyp bersin kotteži?
Hem gapdaldan ogryn saklap ýörenje
Oýnaşyma kim esewan etmeli?
Düşün, şepe!
Meñem günim señkiden
Gowy ýeri ýok.
Gaýtam soñky döwürler
Söbügim sypdyrman yzarlap ýörler…
Has TÜRKMEN. Goşgular