|

Parahor kyrkaýak

Parahor kyrkaýak PARAHOR KYRKAÝAK

Aslynda kyrkaýakda
Kyrk sany el bolanmyş.
Şonuñ üçin kyrk elli
Adyny hem alanmyş.

Çaksyz harsydünýämiş,
Nebisjeñ, husyt hem-de
Abraýy ýok ekeni
Adamlañ arasynda.

Biriniñ işi düşse,
Edip ýalym-ýulum ol,
Ondan para soranmyş,
Serenmiş kyrk elin ol.

Şol sebäpden tebigat
«Jezasyn çeksin» diýip,
Berenmişin kyrk eliñ
Ýerine kyrk aýak goýup…

Hikmet ZYÝA,
(Azerbaýjan).

Terjime eden: Seýitmämmet HYDYROW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle