|

Parahatlyk şygary

Parahatlyk şygary PARAHATLYK ŞYGARY

Özini pisletdi dünýä ýüzinde,
Uruş odyny ölçermäge taýynlar.
Dörtýana çarp urýar soñky deminde,
Adam ganyn sorýan wagşy haýynlar.

«Gerek bolsa, bizde dollar kän» diýýär
Ýaran gözläp süýnýän dilleri olañ.
Ýürekleri «uruş, ölüm, gan» diýýär,
Yzynda atomly elleri olañ.

Goý bilsinler, asla ynsana garşy
Atom bilen turýana dost tapylmaz.
Adamzat ganyny — länetli urşy
Täze ýene gurýana dost tapylmaz.

Atom ýaragyny ýok etmek hakda
Karar çykdy, ondan dünýä habardar.
Bu gün millionlarça sada ýürekde
Urşa garşy gahar-gazap, joşgun bar.

Bu joşgun dostlukdyr, ýokdyr iki ujy,
Dostlygyñ guwanjy Sowet Soýuzy.
Atomdan güýçlidir adamlañ güýji,
Ol güýjiñ daýanjy Sowet Soýuzy.

Çünki bizi beýik bagta ýetirip,
Stalin döretdi doganlyk bagyn.
Bu gün öñe barýar, öñe göterip,
Dynçlygyñ parlak beýik baýdagyn.

Ýygnanyşyp şol baýdagyñ astyna,
Günsaýyn köpelýär oñ tarapdary.
Bu güýçli ýörişdir uruş kastyna,
Barha möwjäp parahatlyk şygary.

Añña GOŞAÝEW.

# «Ýaşasyn parahatlyk» / Türkmendöwletneşir, 1951 ý. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle