Parahatçylygyň nyşany (hekaýa)

Parahatçylygyň nyşany (hekaýa)

In­di bir­nä­çe ýyl bä­ri öz saý­lan kä­ri­ne yh­las bi­len ýa­py­şyp, iş­läp ýö­ren Dün­ýä­gö­ze­liň bu gün­ki sa­pa­ga taý­ýar­la­ny­şy üýt­ge­şik­di. Ol mek­de­biň ga­py­syn­dan gi­rip, synp ota­gy­na ta­rap how­luk­maç bar­ýar­dy. Synp ota­gy­na gi­ren des­si­ne için­de otu­ran og­lan-gyz­la­ryň şa­dy­ýan­ja bal­kyl­da­ýan göz­le­ri­ne ba­kan­da özü­niň saý­lan kä­ri­ne bo­lan gu­wanç duý­gu­sy has-da beý­gel­di.

Mu­gal­lym:

— Sa­lam, okuw­çy­lar! — di­ýe­ri­ne ga­ra­şyp dik du­ran okuw­çy­lar «Sa­lam, ýol­daş mu­gal­lym!» di­ýiş­di­ler. Baş­la­ry­ny atyp, öz orun­la­ryn­da otur­dy­lar. Dün­ýä­gö­zel bu söz­le­ri hiç zat bi­len çal­şyp bol­maz di­ýip pi­kir­le­nip, ola­ry gün­de-gü­na­şa eşid­ýän­di­gi­ne diý­seň be­gen­ýär­di. Dün­ýä­gö­zel mu­gal­lym synp tag­ta­sy­na bu gün­ki aýy, gü­ni, te­ma­nyň ady­ny uly buý­sanç bi­len ýaz­dy.

10-njy de­kabr.

Kep­de­ri­niň su­ra­ty­ny çek­mek.

Soň­ra bol­sa öňün­den ak ken­di­riň ýü­zü­ne çe­kip ta­ýyn­lap go­ýan ak­ja kep­de­ri­niň su­ra­ty­ny synp tag­ta­sy­nyň ýü­zü­ne as­dy. Ken­di­riň ýü­zü­ne çe­ki­len ak­ja kep­de­ri, yn­ha hä­zir, jan­la­nyp uçup gi­däý­jek ýa­ly­dy. Ken­di­riň ýo­kar­syn­da ma­wy as­man­da ýal­pyl­dap çy­kyp du­ran Gün, aşa­gyn­da bol­sa ýa­şyl reň­ke bo­ýa­lan maý­sa­lar hem pa­ra­hat­lyk me­ka­nyn­da ga­na­ty­ny ýa­ýan ak kep­de­rä öz­bo­luş­ly­lyk çaý­ýar­dy­lar. Bu bol­sa Dün­ýä­gö­zeliň di­ňe bir mu­gal­lym­çy­lyk kä­ri­ne yh­las bi­len ýa­pyş­man, eý­sem, nak­gaş­lyk sun­ga­tyn­dan hem ba­şy çyk­ýan­dy­gyn­dan, ök­de su­rat­keş­li­gin­den hem ha­bar ber­ýär­di.

Dün­ýä­gö­zel mu­gal­lym Türk­me­nis­ta­nyň döw­let çe­per­çi­lik aka­de­mi­ýa­sy­ny ta­mam­lap, öý­le­ri­ne do­la­nyp ge­len­den soň, ol di­ňe bir öz oba­la­ryn­da däl, eý­sem, tu­tuş et­rap­da hem ök­de su­rat­keş, ök­de mu­gal­lym hök­mün­de ta­na­lyp baş­lap­dy.

Okuw­çy­la­ryň synp tag­ta­syn­da asyl­gy du­ran su­rat­dan göz­le­ri­ni aý­ryp bil­män syn­lap otu­ryş­la­ry­ny gö­rüp du­ran Dün­ýä­gö­zel:

— Ge­liň, il­ki bi­len bu su­rat ha­kyn­da gür­rüň ede­liň! — diý­di.

— Ken­di­riň ýü­zün­de nä­mä­niň su­ra­ty şe­kil­len­di­ri­len?

Okuw­çy­la­ryň hem­me­si el­le­ri­ni ýo­ka­ryk gal­dy­ryp, aýt­ma­ga hä­zir­len­di­ler. Mu­gal­lym ola­ry ge­zek­li-ge­ze­gi­ne otu­ran ýer­le­rin­den tur­zup, öz pi­kir­le­ri­ni aýt­mak­la­ry­ny ha­ýyş et­di.

— Bu ýer­de kep­de­ri­niň su­ra­ty çe­ki­len.

— Ak­ja kep­de­ri­niň su­ra­ty bar — di­ýip, baş­ga bir okuw­çy jo­gap ber­di.

Ah­met Ça­ry­ýew hem eli­ni gal­dy­ryp:

— Pa­ra­hat­çy­ly­gyň ny­şa­ny şe­kil­len­di­ri­lip­dir ol ýer­de — di­ýip, gys­san­maç jo­gap ber­di.

— Be­re­kel­la, okuw­çy­lar, be­re­kel­la! Bu pa­ra­hat­çy­ly­gyň ny­şa­ny bo­lan ak­ja kep­de­ri­niň su­ra­ty. Hal­ky­myz­da «Ak zat al­ny­ňa ýag­şy» di­ýen çuň ma­ny­ly jüm­le bar. Ak bagt bo­lup, asu­da as­ma­ny­myz­da er­ka­na ga­nat ýaý­ýan ak kep­de­ri­ler hal­ky­my­zyň ra­hat dur­muş­da pa­ra­hat ömür sür­ýän­di­gi­niň my­na­syp buş­luk­çy­la­ry­dyr.

— Ge­liň, in­di pa­ra­hat­çy­lyk ha­kyn­da gür­rüň ede­liň.

Pa­ra­hat­çy­lyk — mu­nuň özi ag­zy­bir­lik. Bi­ziň ýur­du­myz ag­zy­bir­li­giň, pa­ra­hat­çy­ly­gyň me­ka­ny. Türk­men hal­ky hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň sa­ýa­syn­da pa­ra­hat ýurt­da asu­da as­ma­nyň as­tyn­da ag­zy­bir ýa­şa­ýar. Eziz Wa­ta­ny­myz gün-gün­den gül­le­ýär, ös­ýär. Hal­ky­my­zyň hoş­ni­ýet­li hä­si­ýet­le­ri­niň bi­ri-de ag­zy­bir­lik, pa­ra­hat­çy­ly­gy söý­mek, adam­la­ryň ara­syn­da­ky dost­luk­ly gat­na­şyk­lar­dyr.

Soň­ra Dün­ýä­gö­zel mu­gal­lym «Paý­has çeş­me­si» ki­ta­byn­dan pa­ra­hat­çy­ly­ga, ag­zy­bir­li­ge de­giş­li bir­nä­çe na­kyl­la­ry okap ber­di: «Ag­zy­bi­re Taň­ry biýr, ag­za­la­ny gaň­ry­biýr», «Ag­zy­bi­riň aşy bir», «Ag­zy­bir­lik aş ge­ti­rer, ag­za­la­lyk — kaş», «Kö­mek­le­şen ýow ba­sar», «Sö­ýe­ni­şen — ýy­kyl­maz», «El eli ýu­war, iki el bi­ri­gip — ýü­zi», «Dost­luk­da men­zil bol­maz», «Dost­suz ba­şym, duz­suz aşym», «Dost — dos­tuň aý­na­sy» ýa­ly ata­la­ry­my­zyň paý­ha­syn­da yn­san gat­na­şyk­la­ryn­da ag­zy­bir­li­giň hem-de dost­lu­gyň ze­rur­dy­gy nyg­tal­ýar — di­ýip, elin­dä­ki ki­ta­by ýa­pyp, okuw­çy­la­ra ýüz­len­di.

— Pa­ra­hat­çy­ly­ga, ag­zy­bir­li­ge de­giş­li kim nä­me aýt­jak?

Aý­jan:

— Me­niň Dün­ýä, Dur­sun, Pa­ra­hat at­ly üçem ji­gim bar — diý­di.

— Me­niň Pa­ra­hat at­ly da­ýym bar — di­ýip, Sel­bi jo­gap ber­di.

— Biz Pa­ra­hat et­rap­ça­syn­da ýa­şa­ýa­rys — di­ýip Di­dar jo­gap ber­di. Mer­gen:

— Bi­ziň kö­çä­mi­ziň ady — Ag­zy­bir­lik — diý­di.

— Biz bol­sa Bi­ta­rap­lyk bi­na­sy­nyň go­la­ýyn­da ýa­şa­ýa­rys — di­ýip, Ene­jan hem ýe­rin­den tu­rup aýt­dy.

— Me­niň adym Pa­ra­hat.

— Me­niň ma­ma­myň ady Aba­dan — di­ýip, Gü­la­ýym hem go­şul­dy.

— Biz düýn ejem bi­len «Aba­dan­çy­lyk» bi­na­sy­na ge­ze­len­je git­dik. Onuň de­pe­sin­dä­ki as­ma­na ga­nat ýa­ýyp du­ran ak kep­de­ri­le­ri, daş-tö­we­re­gi­niň owa­dan gül­le­ri­dir agaç­la­ry­ny syn­lap he­zil et­dik — di­ýip, Ah­met uly hö­wes bi­len aýt­dy.

— Ba­ky Bi­ta­rap­ly­gy­myz — ba­ky bag­ty­myz, pa­ra­hat­lyk — türk­me­niň ýo­ly di­ýip, syn­pyň iň ök­de okuw­çy­la­ry­nyň bi­ri Aý­gö­zel buý­sanç bi­len jo­gap ber­di.

Okuw­çy­la­ryň aý­dan bi­ri-bi­rin­den go­wy jo­gap­la­ry­na be­ge­nip du­ran Dün­ýä­gö­zel mu­gal­lym:

— Gö­rüň, ça­ga­lar, bi­ziň daş-tö­we­re­gi­miz dur­şu­na pa­ra­hat­çy­lyk, pa­ra­hat­çy­lyk, pa­ra­hat­çy­lyk. Bu nä­hi­li oňat!

Ogulnur GELDIMYRADOWA
image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle