Pälwan (hekaýa)
— Biz oňa pälwan diýerdik — diýip, atam gürrüňe başlady. Ol nämedir bir zady ýada saljak bolýan ýaly çala sägindi-de, sözüni dowam etdi:
— Ýok, ýeke biz däl, bütin obamyz ony hatyralap, pälwan diýerdiler.Ýogsam, ilçilikde göreşýän köp. Ýöne biziň pälwanymyz juda üýtgeşikdi.
— Nämesi üýtgeşik, ata?
— Ol Jamly agaň neberesinden. Dogrusy, biz ony görmändik. Nähili adam bolandygy barada weli her kes aýdardy.
— Maňa-da aýdyp beräý, ata!
— Bir gün säher çagy ýaňy daň saz berende Jamly aga düýş görüpdir. Oňa peşeneli, mahmal lybasly, ak sakgally, ýüzi-gözi nurana bir adam ak guşak beripdir. Ony aýawly saklap, ýakyn günlerde doguljak oglunyň biline dakyp, ýedi günläp aýyrmaly däldigini sargapdyr-da, gözden gaýyp bolupdyr.
Jamly aganyň Bent obasyndan Koýly pälwan diýen söwer dosty bardy. Günlerde bir gün ol Jamlynyňka myhmançylyga gelipdir. Dostunyň şanyna Jamly pälwan dürli nahar taýýarladyp, hezzet-hormat edipdir. Bütin gije saz-söhbet edip, henek, şorta söz aýdyşyp, gije ýaryma çenli oturypdyrlar. Ýaňy daň ýyldyzy dogup, ümüş-tamyş bolan çagy Jamly aganyň nowbahar ogul perzendi dünýä inipdir. «Buşluk, Jamly kakamyzyň ogly boldy!» diýen hoş habar sähel salymda tutuş oba ýaýrapdyr. Birhaýukdan jahan ýagtylyp, oba adamlary — zenanlardyr gyzjagazlar Jamly agalaryň gapysynda üýşüp başlapdyrlar.
Tomus säheriniň mymyk şemaly ýüzüňi sypap geçipdir. Adamlaryň keýpi juda çaglanypdyr. Aýallar hem öz işlerine girişipdirler. Un eläp, hamyr ýugurýany haýsy, guşgursak bugdaý undan tamdyra nan ýapýany, mele-myssyk çöregi orta äberýäni haýsy, pişme bişirip, çagalara paýlaýany haýsy… aý, garaz, saba bilen Jamlylaryň gapysy toýhana öwrülipdir.
Oba kethudasy Tuwakberdi aga oturanlara göz aýlap, şadyýanlyk bilen söze başlapdyr.
— Adamlar, ilimizde «Myhman ataňdan uly!» diýlipdir. Myhman sarpasyny tutalyň. Bu gün aramyzda Bentden gelen myhmanymyz — Koýly bar. Dogmamyza Koýly pälwan at hem goýsun, patanam özi bersin!
Kethudanyň sözi myhmany birneme aljyradypdyr. Ýöne özüne bildirilen ynam ony merdemsiredipdir.
— Adamlar! Jamly meň söwer dostum. Ýakyn günlerde biziň obamyzda Abdy aga toý etjek. Men şol toýuň çakylykçysy. Bu günem söwer dostumyň öýünde ak bäbek dünýä indi. Bu gün sähetli gün. Goý, bu dünýä inen perzent pälwan bolup, il-güni begendirsin! Hiç haçan ýagyrnysy ýere degmesin! Hany, Jamly, ak matadan guşak getir, men öz elim bilen pälwan ýigidiň bilini guşaýyn — diýip, oglany gujagyna alyp, ak patasyny beripdir. «Goý, muň ady Arazberdi bolsun!» diýip, dileg edipdir.
Hyzmata gaýym ýigitler dessine işe girişipdirler. Gapyda duran üç ýaşar öküzçäni ýykypdyrlar. Hä diýmän, täze bişen külçe bilen öküzçäniň gowurmasy orta gelipdir. Bir salymdan Nurmyrat bagşy Atabaý gyjakçy bilen gelip:
— «Toý bezegi bagşy» diýipdirler. Biz-ä eşitdik-de gaýdyberdik. Näme hyzmat bolsa, taýyndyrys. Iňňe bilen guýy gazmalymy ýa elek bilen suw daşamalymy, suw çekmelimi ýa ojagyň aşagyna ot ýakmalymy?— diýip, bälçik bagşy degişipdir.
Tuwakberdi aga öý eýesine ýetirmän, söz nobatyny alypdyr.
— Bagşym, hyzmatyň ulusy heniz öňdedir. Hany, töre geçiň, duz dadyň, onsoň, girişibirsiňiz. Suwam çekersiňiz, guýam gazarsyňyz…
Bagşy myssa ýylgyrypdyr-da, görkezilen ýere geçipdir. Az-kem dymyşlykdan soň, aýdym-saza orun berlipdir. Nahar yzyna nahar, tagam yzyna tagam, tä daň atýança, aýdym-saz edilipdir…
* * *
Ýyllar geçdi. Arazberdi ese-boýa galyp başlandan Jamly aga jigerbendiniň pälwan bolmagy üçin elinde baryny etdi. Heniz ýedi ýaşy dolmadyk Arazberdijige bilýän göreş emellerini öwredip başlady. Ýaş pälwan maý tapdygy, uly oglanlaryň göreşini synlaýardy. Şeýdip, aý aýlandy, ýyl dolandy. Arazberdi tüýs pälwansypat ýigit bolup ýetişdi. Sypyndygy, obadaş oglanlary bilen göreşe werziş boldy. Obanyň belli pälwanlarynyň biri Atamyrat pälwandanam tälim aldy.
Jamly aganyň tanyş-bilşi, dosty-ýary köpdi. Her kim toýda öz pälwanynyň göreşde ýykyp, ýeňiji bolaryny isleýär. Arazberdi entek halypa pälwandan ak pata almandy. Jamly aga bir gün ogluny alyp, «Niredesiň, Bent obasy» diýip, pälwan dosty Koýludan ogluna ak pata almak üçin ýola düşdi. Esli ýöräp, ýegre dosty Koýlynyň gapysynda häzir boldy. Emma dosty öýünde ýok ekeni. Gelen myhmanlara gözi düşen goňşusy Abdy aga:
— Pälwanymyz öýünde ýokdur. Gum obalarynda toý bar diýip gidişi. Hany, öýe gir, çaý içeli. Oňa deňeç at sowar. Onsoň ot-iým berseňem bor. Ýogsa bu wagt gyzyp gelendir. Bilip bolmaz, aýagyna düşermi (Aýagyna düşmek — gyzyp duran ata iým berlen ýagdaýynda, aýagynyň agsamagy) nädermi?!
Myhmanlara ylalaşmakdan başga çäre galmady. Olar ertesi-de, birgüni-de garaşsalar-da, pälwandan habar bolmandan soň bialaç oba dolanmaly boldular.
* * *
Jamlynyň ogluna Koýly pälwandan pata aldyrmak islegi amala aşman galdy. Ol ogluny göreş tilsimlerini gowy özleşdirenden soň orta çykarjakdy.
Gojuklar obasyndan Baýram aganyň toý habary gelende, Jamly aga ogluny göreşde synamagy müwessa bildi. Toý ýere gelen ataly ogly hormat bilen garşyladylar. Atlaryny tutdular. Myhmanlara törden orun berildi. Çaý içildi, tagam iýildi, bagşy diňlendi. Toý töwiri galdyryldy. Genjim jarçynyň:
— Adamlar, göreş başlanýandyr! — diýen gulaga ýakymly sesi eşidilenden, märeke misli ýer süýşen ýaly, göreş meydanynda jem boldular.
Obada sylagly ýaşuly Anna şyh toý göreşiniň sag-aman tamamlanmagy üçin, ýagşy doga-dileg etdi. Ýerine geçip-geçmänem, jarçynyň:
— Uly pälwanlar üçin baýrak bir ogşuk goýulýar — diýlenden, gumdan — Irikliden gelen Çerkez pälwan bilen Atamyrat pälwan orta çykdy. Uly çekeleşikden soň, Atamyrat pälwan ogşugyň bagyny ele aldy. Ikinji pälwanlaram kän eglenmedi. Gezek üçünji pälwanlara ýetende, Jamly aga gorsunyp başlady. Içinden: «Janlarym, kim çykarka, näme bolsa-da, entek sabyr edeýin. Orta geleni bir göreýin» diýip pikir etdi. Onýança jarçynyň: «Indi haýsy pälwan orta çykýar?» diýenine mähetdel, Posalak diýilýän pälwan orta çykdy. Posalak pälwançylykda ýaňy adygyp ugrapdy. «Haý, ind-ä boldy, dogmamy synap göreýin» diýip, içini gepleden Jamly gapdalynda oturan ogluna bil guşagyny uzatdy-da, orta çykmagy yşarat etdi. Ýigit birbada aljyrady. Süňňünde galpyldy peýda boldy. Onda-da pederiniň raýyny ýykmazlyk üçin, yza tesmedi. Garşydaşy oňa görä merdemsidi, haýbatlydy, temegi ýokarydy. Göreşýänlere serenjam berýän Gumudyk aganyň tutluşdyrmagy bilen pälwanlar göreşe başladylar. Tutdum-tutdumdan, Posalak pälwan çepe öwrüldi-de, çep elini aýlap alyp, sag aýagy bilen içden ildirdi. Arazberdi nädip ýykylanyny bilmedi. Muňa Jamly aga-da, özi-de gaty gyýyldy. Gaýdyşyn ýolboýy içlerini hümledip geldiler. Deň-duşuna per bermedik ýigidiň bu gezekki ýeňlişi ataly-ogly ünjä goýdy. Mundan soň, toýlaryň käsinde ýykyp, käsinde ýykylyp, az-kem taplansa-da, Posalak pälwany ýykan gezegi bolmady.
Aradan alty aý çemesi wagt geçdi. Ine, bir günem Gün öýleden agyp, ikindä golaýlan çagy atyny säpjedip Bent obasyndan pälwan Koýly peýda boldy. Jamly aga pälwan dostunyň gelenine begendi. Atyny tutup, pälwany öýe salmagy ogluna tabşyrdy. Koýly aga Arazberdä ýüzlendi.
— Pälwanym! Tüweleme, ýigit çykypsyň. Hany, gel bäri — diýip, mähirli salamlaşdy. Onuň ýagyrnysyna elini goýup, bileklerini gysymlady
— Koýly däde, öýe gireli — diýip, Arazberdi myhmany öýe saldy. Koýly aga edebi saklap, öýe salam berip girdi. Desterhan giňden ýazyldy. Dürli-dümen iýmişler, naz-nygmatlar getirildi. Jamly aga ogluna goňşulary Baýram ýolmanyň ogly Begmyrady çagyrdyp, ýatakda duran öweji ýykmagy, oba ýaşululary — Tuwakberdi agany, Güýçjan çortany, Nurmyrat bagşydyr Atabaý gyjakçyny çagyrmagy tabşyrdy. Koýly pälwanyň hatyrasyna gijäniň ýaryna çenli aýdym-saz, henek, şowhun, degişme… aý, garaz, şady-horramlyk edildi.
Daň atdy. Oba adamlary ördüler. Gün guşluk boýy galypdy. Koýly pälwan Arazberdini malýatagyň gapdalyndaky oýtagrak gumak ýere alyp çykdy.
— Ine, şu ýerde ikimiz göreş tutarys. Tilsim öwreneris. Göreş — bu ýeňil iş däl. Gazy gazmak, ýap çekmek, ot ýatyrmak, ýandak çapmak — bulaň hemmesi her kesiň elinden geler. Belki, saz çalyp, aýdymam aýdyp bolar. Ýöne göreş tutmak, onda-da pälwan bolup, ili guwandyrmak är kişiň işidir.
Olar billerine guşagy daňyşdylar. Koýly Arazberdiniň guşagyndan iki elini geçirip, özüne çekdi-de, berk gysdy. Duran ýerinde-de wesýet etdi.
— Göreşe çagyrylanda, ilki bolup öňe omzama. Näjüre pälwanyň orta gelenini saldarla. Soň bargyn. Ýadyňda bolsun, ilki bilen guşaklar daňlandan soň, iki eliňi guşakdan geçirip, garşydaşyňy özüňe çekip gör. Bu ilkinji barlagyňdyr. Ikinjidenem, gyssanma, garşydaşyň haýsy emeli etse, şoňa garşy emel ulansaň, hergiz ýüzüň gyzmaz, ýagyrnyňam ýer ysgamaz. Pälwanlar tutdum-tutdumdan göterip aýlajak bor. Käsi bolsa ýanbaş salar, içden ildirer, çopan badagyny salar. Bulaň hersiniň garşysyna öz emeli bardyr. Iň esasy, alňasama! Özüňi seýis ýaly alyp bar! Hany, onda başlaly!
Göreş gije çenli dowam etdi. Koýly pälwan birnäçe günläp Arazberdä göreşiň emellerini öwretdi. Onuň her bir emeli öwrenmäge yhlas edişini görenden soň, şägirdine göwni ýetdi. Baldyrlary, bilekleri dyp-dykyzdy. Döşi, ýagyrnysy tüýs pälwana ýaraşyklydy. Koýly aga içinden: «Tüweleme, Jamlyň nesli ýetişipdir. Indi pata berip, göreşmäge ugrukdyrsagam bor» diýdi-de, ýigide ýüzlendi.
— Sorajak zadyň bolsa, çekinme. Ýol ulusy öňdedir. Erte-birigün Annaberdiniň gelin toýy bar. Şonda seni özüm orta çykarjakdyryn.
— Koýly aga! Bir pälwan bilen göreşýäs welin, tutluşandan derrew çepe dönýä-de, sag aýagy bilen içden iläýýä. Biz-ä nämäň-nämedigini bilmän galýas.
Halypa pälwan myssa ýylgyrdy.
— Haý, Posalagyň emelidir ol. Ondan ýykyldym diýsene. Zaluwadyň boýam uzyndyr. Sen alada etme. Oň işi haýyr. Hany, tutluşaly! Sen-ä Posalak, menem sen bolaýyn. Tutdukmy? Başladyk!
Arazberdi sag aýagy bilen içden ildirdi. Koýly bolsa, çeýelik bilen sol aýagyny garşydaşynyň sagynyň daşyna aýlap, özüne çekdi welin, ol dyzanaklap oturyberdi. Soň başga-da birnäçe göreş emelleri özleşdirildi.
* * *
Ine, Annaberdi aganyň toýy. Ol Gaýyp atly ogluny öýerýär. Toý gaty uludan guralypdyr. Saba bilen gazanlar atarylyp, at gaýtarym ýere keçe, haly düşelip, toý beýemçileri gelenleri güler ýüz bilen garşy alýardylar. Bagşy aýdym yzyna aýdym aýtdy. Soň dessan diňlendi. Nahar çekildi. Ondan soň jarçynyň çakylygy bilen mähelle göreş meýdança üýşdüler. Hoja baýrakdan soň, gezek pälwanlara ýetdi. Birinji pälwan üçin goýlan ogşugy Bentden gelen pälwan Koýly aga, ikinjini Atamyrat pälwan aldy. Üçünji pälwana gezek gelende, ortada Posalak peýda boldy. Koýly aga şägirdine ümledi.
— Öňküler ýaly, Posalak öz emelini etjek bor. Eserdeň bol, öwredenlemmi birin-birin saldarla!
Göreş başlady. Aýdyşy ýaly, Posalak öňki emelini ulanjak boldy. Arazberdi bu gezek oňa ýeň bermedi. Muňa haýran bolan Posalak ikinji gezek ýene dyrjaşdy. Ýene bolmady. Bu ýagdaý Posalagyň degnasyna degdi. Arazberdi çyny bilen halypasynyň aýdyşy ýaly etdi welin, edil göz açyp-ýumasy salymda garşydaşy iki dyzyny ýere berdi oturyberdi. Şahlak ak goçy Arazberdi alyp gaýtdy.
Biziň pälwanymyzyň ilkinji ýeňşi şundan başlandy — diýip, atam gürrüňiniň yzyny ýetirdi.
— «It — ata, är — daýa» diýipdirler. Ata, belki, onuň daýylaryndan göreşeni bardyr — diýip, bilesigelijilik bilen soradym. Atam az-kem dymdy-da:
— Aý, onuň babasyna-ha Hally bagşy diýerdiler. Özem aýdyjy bagşydy. Döwletmen adamdy. Daşdan-ýakyndan gelýänler hökman onuň öýünde düşlärdiler. Çaý-çörek iýip, sazyny, aýdymyny diňlärdiler. Hally bagşyny gum obalaryndanam, Ahal, Balkan sebitlerdenem idäp gelerdiler. Örän mylaýym, hoşgylaw adamdy, mähirlidi, myhansöýerdi. Öýünden tapaýmak juda kyndy. Ogly hem gepe çeper, nanly-çörekli adam. Oňam öýi mydama diýen ýaly myhmanlydy. Hä, dur-dur… Indi ýadyma düşjek bolýar. Jamlylaryň aňyrsynda güýçli pälwan bolupdyr. Meretmi, Meretmyratmy? Öz-ä şu zeýilliräk bolmaly. Ol ozalrak ýaşap geçen bolmaly.
Arazberdiniň ejesi Gurbantäç gelneje diýseň dogumly, edenli, görmegeý zenandy. Aý, hawa. «Ozal akan ýerden akarmyş aryk» diýleni. Biziň pälwanymyzyň aňyrsy hem adam çykan ýerlerdi. Obamyzyň arçyny Pirnepes aga bir gün günortan çagy Jamlylara baranda, daş işikde Gurbantäç gelneje eşeklerine agzy gapakly goşa mähnet çelegi taýlap, Baýram ýolmanyň howzundan suw getirip duran ekeni. Pirnepesem allaniçigsi bolup dur diýýär.
— Gelneje, duruň, düşürişeýin, bir ýeriňizi agyrdaýmaň — diýip-diýmänkä, häki çelegi eline alyp, daýaw eşegiň üstünden taýlap düşüripdir. Soňam:
— Pirnepes jan, guzym, senmidiň, giriber! Pälwan öýdedir — diýip, eşegini ýataga baglamaga gidiberipdir. Pirnepes aga bolsa, bolýan zatlara ynanman, häki suw çelekler boş bolaýmasyn diýip, galdyrjak bolupdyr welin, edil aşagyndan daş asylan ýaly ekeni. Oňa çenli Gurbantäç gelneje gelipdir-de, myhmany öýe çagyrypdyr, ine, biziň pälwanymyzyň aňyrlary-ha, şeýleräk diýip eşidýärdik.
* * *
Arazberdi pälwanyň Begli garany ýykyşyny obadaşlarymyz häli-şindi ýatlaýarlar. Obamyzda Bäbek ussa diýen sylagly ýaşuly bardy. Ol körpe ogly Sapargeldini öýerip, uludan toý tutdy. Bah, şeýle bir göreş bolandyr-a. Bäbek aganam, näme, tanamaýan barmy?! Alysdan-ýakyndan pälwan bary gelipdir. Edil toýuň iki gün öň ýany-da Arazberdi pälwan öýlenipdi. Degişgen oglanlaryň: «Öýlenen ýigidiň süňňi gowşap, güýji gidýändir. Şu gün Arazberdi pälwan bilen göreş tutan, ony ýykar» diýip, degşip aýdan sözi Begli garanyň gulagyna ilipdir. Begliňem men diýen wagty. Olam göreşe gyzyşyp başlapdy. «Hany, Arazberdi pälwana taý barmy ýa?» diýip, Genjim jarçynyň aýdanyna mähetdel, Begli gara orta çykdy. Göreş başlandy. Begli gara ilki emel baryny görkezdi, Arazberdi pälwan asla mizemedi. Birazdan soň Arazberdi pälwan garşydaşyny ýokary galdyryp, emeli jaýdar ulandy welin, Begli nähili ýykylanyny-da bilmän galdy. Şodur-şol Begli gara göreş tutmany goýdy.
— Oglum, Arazberdi pälwan kän göreşdi. Özem mert, adyl göreşdi. Ýekeje gezegem garşydaşyny müňkür goýmady. Ýykanyny ýykan şekilli ýykdy. Birtopar şägirtleri hem ýetişdirdi. Ýatagy düýeli-sygyrly, goýun-geçili, owlak-guzuly boldy. Bu gün Jamly aganyň pälwan oglunyň döwleti deprenmez. Tüweleme, indi Jamlylar — pälwanlar küren oba bolup otyr. Olaryň obasyna barjak diýseň, «Hä, pälwanlaň obasynamy?» diýip, uludan kiçä gadyrly garşy alýarlar…