Päliýaman gaplaň (Erteki-hekaýa)

Upendrakişor REÝÇOUDHURI,
hindi ýazyjysy
Köşgüň derwezesine golaý demir kapasada äpet gaplaň ýaşaýardy. Ol köşgüň deňinden kim geçse, gollaryny gowşuryp: «Doganjygym, haýyş edýän, bir gezejik kapasanyň gapysyny açaý-da» diýip ýalbarardy. Muny eşidenler: «Hä, şeý diýsene. Biz-ä gapyny açaly, senem bizi ýalmap-ýuwut» diýip jogap bererdiler.
Günleriň birinde köşkde uly dabara guraldy. Muňa meşhur panditler ( Pandit — induizm bilen bagly kada-kanunlary içgin öwrenip, wagyz edýän adam.) topar bolup gelýärdi. Olaryň arasynda bir kişi beýlekilere garanda has sada görünýärdi. Gaplaň oňa gaýta-gaýta tagzym etmäge başlaýar. Ruhany ony görüp:
— Gör, nähili edep öwrenen gaplaň eken. Seň menden näme haýyşyň bar? — diýip soraýar.
Gol gowşuryp duran gaplaň naýynjar ses bilen:
— Jenap, haýyş edýän, mümkin bolsa, kapasanyň gapysyny bir gezejik açaýyň-da? — diýip ýalbarýar.
Dözümsiz, rehimdar dindar kapasanyň gapysyny açýar. Päliýaman gaplaň bolsa kapasadan çykyşyna loh-loh gülüp:
— Haý, tüntaw takwa, meň seni iýesim gelýä — diýýär.
Başgalar şeýle ýagdaýda derrew janyny halas etmegiň aladasyny ederdi. Ýöne ruhanynyň bolsa muňa jany ýanyp:
— Beýle zady hiç haçan görmändim. Eden ýagşylygyma ýamanlyk edip, maňa kast etmekçi bolýaňmy? Bu nähili biedeplik?! — diýýär.
Onda gaplaň:
— Seň aýdýanyň dogry, takwa, ýöne hemmelerem şeýdýä — diýip, göwnübir gürleýär.
Ruhany oňa garşy çykýar:
— Aý, ýok, beýle däl. Ýör, yzyma düş. Ikimiziň jedelimizi çözmek üçin üç sany şaýadyň näme diýýänine gulak asaly.
Gaplaň bolsa:
— Ýeri, bolýar-da. Eger olar seniň bilen razylaşsa, onda azat bolarsyň. Ýöne meniň pikirimi goldasalar welin, seni lak-luk ataryn — diýýär.
Şeýdip ikisi sähralyga tarap ýola rowana bolýar. Bularyň ýoly ekinzarlygyň üstünden düşýär. Ruhany iki mellegiň aralygyna çekilen çili görkezip:
— Ynha, meň şaýadym — diýýär.
Onda gaplaň:
— Ýör, onda şoňa gulak goýaly — diýip, gaplaň onuň bilen ylalaşýar.
Ruhany baryp:
— Eý, çil, hany, aýtsana, eger men birine ýagşylyk etsem, ol maňa ýamanlyk bilen jogap bermelimi? — diýip soraýar.
Çil gussa bilen:
— Wah, bu, hakykatdanam, şeýle, takwa — diýip jogap berýär. — Seret maňa! Men iki daýhanyň ýerine araçäk bolup durun. Biri beýlekisiniň ýerini alyp bilenok, bir ýeriň suwy beýleki bir ýere geçip bilenok. Eýsem, bu meň olara edýän kömegim dälmi?! Ýöne bu bedasyllar bolsa ýerlerini giňeltmek üçin meni igledip gidip otyrlar.
Gaplaň:
— Eşitdiň dälmi, Takurmoşaý, ýagşylyga ýamanlyk bilen jogap berilýänini? — diýýär.
— Tagapyl et. Meň ýene iki şaýadym galdy — diýip, Takurmoşaý jogap berýär. — Ýör onda.
Sähranyň jümmüşinde bir banýan agajy ösüp otyr eken. Takurmoşaý ony görkezip:
— Hanha, meň şaýadym — diýýär.
— Gaty gowy-da. Hany, sora, onuň hem pikirini diňläli.
Takurmoşaý agaçdan:
— Gadyrly banýan agajy, sen bir ýaşy gaýdyşan, köpi görüp, köp zatlary eşidensiň. Aýtsana, heý, ýagşylyga ýamanlyk edilermi? — diýip soraýar.
Onda banýan agajy:
— Bu adamlardan çykaýjak zat — diýip hüňürdeýär. — Hol gelýänler hemişe meň kölegämde saýalaýarlar, emma şepbigimi almak üçin meni çapýarlar. Üstesine-de, ol şepbikleri saklamak üçin ýapraklarymy-da çürtýärler. Hana, şahalarymdan ýasalan hasa daýanyp ýöräp ýörenlerem bar.
Gaplaň:
— Indi näme diýjek, Takurmoşaý? Sen onuň aýdanlaryny eşitdiňmi? — diýýär.
Ruhany näme diýjegini bilmän aljyrap durka geçip barýan tilkä gözi düşýär. Takurmoşaý ony görkezip:
— Ine, ýene bir şaýadym, şunam bir diňläp göreli — diýýär-de, tilkä ýüzlenýär:
— Eý, akylly tilki, biraz aýak çekip, biziň dawamyzy çözüp bersene.
Tilki säginýär, ýöne olara golaý barman, duran ýerinden:
— Näme boldy? Näme sowalyň bolsa aýdyber — diýýär.
— Hany, sen maňa aýtsana, tilki, eger saňa ýagşylyk edene ýamanlyk bilen jogap berersiňmi? — diýip, Takurmoşaý ondan soraýar.
— Kimiň kime ýagşylyk edip, kimiň kime ýamanlyk bilen jogap berenini aýdyň-da — diýip, tilki olaryň özüne sowal berýär.
— Gaplaň kapasadady. Men bolsam geçip barýardym… — diýip, ruhany söze başlaýar.
Tilki muny eşidenden:
— Bu örän kyn sowal. Men kapasany hemem ýörän ýoluňy görmesem belli bir zat aýdyp biljek däl — diýýär.
Şeýdip olar kapasanyň ýanyna barýar. Tilki kapasanyň daşyndan aýlanyp, şeýle diýýär:
— Ýeri bolýa, men kapasanam, ýolam gördüm. Indi maňa näme bolandygyny gürrüň beriň.
Takurmoşaý:
— Gaplaň kapasanyň içindedi. Men ýoldan geçip barýan ötegçidim — diýýär welin, tilki şobada onuň sözüni bölüp:
— Tagapyl et, howlukma. Men ilki şu meseläniň anygyna ýeteýin. Näme diýdiň? Gaplaň seň ruhanyňdymy, ýolam kapasanyň üstünden geçýär diýdiňmi? — diýipdir.
Muny eşiden gaplaň gülmekden ýaňa ýarylaýjak bolup:
— Akmak tilki diýsänim. Gaplaň kapasanyň içindedi, brahman bolsa ýol bilen barýardy — diýipdir. Onda tilki:
— Biraz garaş. Brahman-a kapasanyň içinde, gaplaňam ýolda, şeýlemi? — diýipdir.
— Haý, tentek diýsäni, gaplaň kapasanyň içinde, brahman bolsa ýolda — diýip, gaplaň gazaply arlapdyr.
— Bu örän çylşyrymly mesele. Men hiç zada düşünip bilemok. Sen näme diýdiň? — diýip, tilki ýene-de tersine tutupdyr. — Gaplaň-a brahmanyň içinde, kapasa-da ýol bilen barýardymy?
— Şu çaka çenli seniň ýaly dikdüşdini gören däldirin. A-haw, gaplaň kapasanyň içindedi, brahman bolsa ýolda — diýip, gaplaň ýarylaýjak bolupdyr.
Tilki bolsa äwmezlik bilen kellesini gaşap:
— Äý, men hiç zada düşünip bilemok. Bu örän çylşyrymly — diýipdir.
— Nämä düşüneňok? Seret, men-ä kapasanyň içindedim. Ynha, şeýle… — diýip, gaplaň kapasanyň içine giren dessine haýdap baran tilki gapyny ýapyp gulplapdyr-da, brahmana tarap öwrülip:
— Men indi hemme zada düşündim. Sizi henizem meniň pikirim gyzyklandyrýan bolsa, diňle, Takurmoşaý, gaýdyp hiç haçan päliýamana ýagşylyk ediji bolma. Şonuň üçinem gaplaň daýyňky dogry bolýar. Indi bolsa eglenme, köşkde saňa-da garbanara lukma galan bolsa gerek — diýipdir.
Şeýle diýip tilkijik tokaýa tarap ýumlugypdyr. Takurmoşaý bolsa garbanmaga gidipdir.
