| |

Palestina şahyrlarynyñ goşgularyndan

Palestina şahyrlarynyñ goşgularyndan PALESTINA ŞAHYRLARYNYÑ GOŞGULARYNDAN

Samih al KASEM / Men Songmiden gelýän

Men Songmiden gelýän.
Bagyşla sen, söýgülim.
Öp göm-gök dodagymdam.
Indi düýnden bäri,
Ýüz ýetmiş sany oglan,
Hem Songmide doglan,
Öpüp bilmez söýgüliň
Näzik dodaklaryndan…
Bagyşla sen, söýgülim.

Men Songmiden gelýän.
Bagyşla sen, ene jan.
Getirip bilmedim men,
Gara ýaglyk başyna
Indi düýnden bäri,
Ýüz elli ýedi adam,
Mähriban ejelerne
Sowgatlyk edip bilmez,
Ýagty jahana gelmez…
Bagyşla sen, ene jan.

Men Sogmiden gelýän.
Dostlarmyň çagasy, bagyşlaň meni.
Getirip bilmedim sowgatlyk gurjak.
Men size hasratly bir gürrüň berjek.
Elli ýedi sany songmili çaga,
Indi birçak
Görüp bilenok gurjak…
Dostlarmyň çagasy, bagyşlaň meni.

Men Songmiden gelýän.
Bagyşla sen meni, eý eziz ülkäm.
Diýme sen ol ýerde güller gaty kän,
Getirip bilmedim bir desse çemen.
Sen özüň bilýäň-ä niçik Songmi
Gülleri… Bilýäň-ä… Ah, Songmi.

Fadwa TUKAN / AZATLYK

Halka – azatlyk!
Maňa – azatlyk!
Ülkä – azatlyk!
Şeýle gazaply ses bilen,
Hem uly höwes bilen,
Şu sözleri gaýtalaryn.
Gülläň aşagynda, ýalyn içinde,
Gaýtalaryn uly iliň içinde.
Halka – azatlyk!
Maňa – azatlyk!
Ülkä – azatlyk!
Mukaddes derýanyň uly köprüsi,
Gaýtalar bu sesi.
Ýeliň şuwwuldysy,
Ýyldyrym, doly,
Göýä adam ýaly,
Seslener batly:
— Azatlyk! Azatlyk! Azatlyk – diýip.
Men bu sözi ähli ýolda ýazýaryn,
Diwarlara, gapylara ýazýaryn.
Gamly topragymyň her daban ýerin,
Bu söz bilen doldyryn.
Türmelere, köçelere, her ýere,
Ýazmak üçin barýaryn.
Bu sözi gaýtalar ýakynym, daşym,
Ol aňladýar meniň beýik göreşim.
Halka – azatlyk!
Maňa – azatlyk!
Ülkä – azatlyk!
Mukaddes derýanyň uly köprüsi,
Gaýtalaýar muny.
Ýeliň şuwwuldysy,
Ýyldyrym, doly,
Göýä adam ýaly,
Gaýtalaýar şuny:
— Azatlyk! Azatlyk! Diňe Azatlyk!

Salem JEBRAN / Dymma filosofa

Olar ýene üç bolup,
Düýnem geldiler.
Ataňy öldürdiler,
Uýaňy horladylar,
Neüçin dymýarsyň?

Olar bu gün üç bolup,
Ýene geldiler.
Senem basgyladylar,
Ogluňa bagladylar,
Neüçin dymýarsyň?

Olar üç bolup ýene,
Ertir gelerler.
Seň üstüňden gülerler,
Ýürek-bagryň dilerler.
Neüçin dymýarsyň?
Dillensene,
Neüçin dymýarsyň?

Mahmyt DERWIŞ / Sorag

Men arap.
Ýazyň:
Men nomerim elli müňünji.
Atasy men sekiziň,
Tiz bolar dokuzynjy,
Oň üçin etmäň ünji.

Ýazyň:
Men arap.
Daş ussasy hünärim.
Bir döwüm çörek üçin,
Sarp edýän gara güýjüm.
Ýöne çörek dilämok,
Gapyňyza gelemok.
Sarp edýän gara güýji,
Oň üçin etmäň ünji.

Ýazyň:
Men arap.
Işleýän derläp.
Meniň köküm uzaklardan
gaýdýar,
Muny size daýhan ogly
aýdýar.

Ýaşaýan ýerim külbe,
Ýakyn dostum – azalym,
Gara saçly arabyň
Etmäň siz azaryn.
Ýene-de aýtjak zadym,
Ýigrenemok adamy.

Aýp görýan her haçan,
Ilden ogurlamagy,
Namysym, erkinligim,
Ine, meniň barlygym,
Depeletmen hiç kese
Gulak goýuň şu sese:
Gorkuň şonda siz menden,
Kyn bor saklamak güýji,
Şoň üçin ediň ünji.

Rusçadan terjime eden: A.Çüriýew.

“Edebiýat we sungat” 18.10.1978 ý. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle