Palçy / satiriki hekaýa
Palçy / satiriki hekaýa
PALÇY
Dostumyñ doglan gününe keýpimi kökläp bardym. Bu ýerde-de üstüni ýetirdim. Oturanlaryñ birinem gepledemok. Oña biri süýkenýän, muña bir süýkenýän. Muña çydamadylar öýdýän. Myhmanlaryñ biri:
— Saña pal atyp bereýinmi? — diýdi.
— At, atyp bilýän bolsañ! — diýip, geçiniñ öñ aýagy ýaly sokuldym.
Palçy bir gap kükürdi açyp, öñümde goýdy:
— Söýýän gyzyñ barmy?
— Bar.
— Isleseñ, söýýän gyzyña gowşup biljegiñi-bilmejegiñi aýdyp bereýin!
Wah, maña geregem şo-da!
Palçy ilki öz adymy sorady, soñ söýýän gyzymuñ adyny. Her harpa bir çöpden ýere goýup çykdy. Soñra oturtdy, turuzdy. Tä burnumdan gelinçä-de içirdi. Arasynda-da sowal berýär:
— Señ iñ gowy görýän haýwanyñ näme?
"Eşek" diýsem, eşek bolup aññyrtdy. Tä iñ soñky çöpi alyp, ýerde örýänçä jalbarymy dyza çenli çermelgi, penjegimi çöwre geýdirilgi hala ýetirdi.
— Toýly jan, saña şol gyz ýok! — diýip palçy ahyry palyny gutardy.
— Näme üçin? — diýip, men ör-gökden geldim.
— Şeýdip görene özüni oýnadyp ýörene haýsy samsyk gyzyny bersin? — diýip, palçy kükürt çöplerini ýygnamak bilen boldy.
Setdar DAŞGYNOW.
Satiriki hekaýalar