|

Palçy daýza

Palçy daýza

PALÇY DAÝZA

Palçy daýza!
Pal atyp ber sen maňa,
Dyndar bir dem gussalaryň baryndan.
Biwepa  dildaryň çekip derdini,
Aýryldyk, aýryldyk adam sanyndan.

Ykbal nädip çatyp bildi, bilmedik,
Nebir ýigitleri biwepa gyza,
Ygtybar ýok biwepanyň lebzine,
Emma seň öňüňde çökýärin dyza.

Bir wagtky ýüz öwürip gidenler,
Ýene-de öwürlip geler diý, geler.
Goý, olar öwürlip gelmän geçsinler,
Emma ornun tutmasynlar özgeler.

Palçy daýza, pal atyp ber san maňa,
Soňky manatlygym goýup gideýin. 
Ýaryň lebzi deýin ýalan sözle sen.
Ýaryň garaşar  diý,heý bolmanynda,
Az  wagtam bolsa, köňle teselli,
Ýalňyz däldigim bir duýup gideýin.

Iýun, 1969.

Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle