Pagtasüýji / hekaýa
Pagtasüýji / hekaýa
Ejesi geçip barýan satyjydan oglanjyk bilen jigisine pagtasüýji alyp berdi.
Her haýsyna birini.
Özem ullakanyndan.
Oglanjyk pagtasüýjüsini elinde saklap durşuna, özünden iki ýaş kiçi jigisiniň daşyna geçdi:
-Dur, gymyldama, jigim! Seniň pagtasüýjüň, ine şu taýjygy çykyp dur, ony ine, şeýdip düzedeýin, owadanja bolar ýaly!-diýip, ol jigisiniň elindäki pagtasüýjüden bir gezek ep-eslini ýolup aldy. Soň ýene-de:
-Wiý, indem hanha, bu tarapy betgelşik bolaýdy! Getir, o tarapynam düzedip bereýin!-diýip, ýene-de ep-eslisini dişledi.
Garaz, özüniňkä degmän diýen ýaly, sähel salymda jigisiniň elindäki pagtasüýjüniň tepbedini okady. Jigisi aglajak bolanda-da, oňa öz elindäkini tutdurdy.
Ejesi:
-Gyýw, o nä beýdýäň? Barybir özüňkini berjek bolsaň, onuňkyny iýip nätjekdiň?-diýende bolsa, ýeňsejigini tüňňerdip:
-Onuňky has süýji!-diýip, jogap berdi… Hekaýalar