«Özüñe nesip etsin!»
"Özüñe nesip etsin!"
— Be, şu Anna wala-waladan bizar boldum-aý, haçan görseñ, ýoldadyr özem. Sen işlimiñ-işsizmiñ, oña seretmez. Ýanyñda dikilgazyk bolup samahyllap durandyr. Gelen badyna: «Geçip barýardym-da, salamlaşaýyn diýip sowuldym» diýer-de, dünýäñ gürrüñini eder, pah-pah, oñ tanamaýanam ýok, tüýs wala-wala diýseñ, wala-wala-da.
— Ýak, goñşy. Şondan dynmañ, gutulmañ tärini öwredeýinmi!
— Gaýrat et-de, öwretsene!
— Heý şonuñ senden pul soran wagty boldumy?
— Wah, goñşy, dek düýnem sorady.
— Soran puluny bäş-alty günden getirip bereweri! — diýip, ber bakaly, nädersiñ soñ töwerekde şony göräýseñ.
— Be, olam-a bolman durjak däl eken welin, birine «Bir zat ber» diýseler, meñki bolanok-da.
— Aý, onda goñşy, ýagyñ özüñe nesip etsin!
Aýna ATAÝEWA. Satiriki hekaýalar