Özüñden gör! / ýumoreska
Özüñden gör! / ýumoreska
— Ýeri, Nogulbala, niçik onsoñ?
— Salawmaleýkim, ýoldaş direktor. Köp sag boluñ, ýagşydyr.
— Ýogsa-da, Nogulbala diýýän-ä, sen teatrda işläp ýöreniñe näçe ýyl bold-a?
— Martda dogry otuz ýyl dolýa!
— Bäýb-bä… Şunça wagtlap saña idili rol bermeýşimizi! Özüñi görkezmän pensiýa gidäýmeli däl ahyry. Señ oñat artistligiñ-ä çyn. Ynha, ýap-ýañy müdir bilen gürrüñiñi hem edişdik. Eger çynym, tarypyñy ýetirdim. «Juda zehinli aktýor. Näme üçindir, gadyryny bilemzok» diýdim. Walla, müdirem meñ aýdanlammy tassyklady.
— Aladañyz üçin sag boluñ, ýoldaş direktor.
— Indi yzyny diñle. Müdir käbir kişileñ gözüne basyp, täze goýuljak oýunda saña kaşañ bir rol saýlap berdi. Göni truppa müdiriniñ ýanyna bar-da, eseri alyp, öýe äkit. Irden roluny ýazyp, repetisiýa gelersiñ. Neme, onsoñ, oña-muja arz edip ýörmezler… Iñ esasy sen özüñi görkez! Biz, ynha, saña şert döredýäs.
— Arkaýyn boluñ…
Nogulbala pýesany alyp, öýlerine gitdi. Depder-galamyny alyp, pýesany okamaga durdy. «Zalym şa» pýesasyny gutarañkyrlaberse-de, özüne berlen ilçiniñ rolundaky sözlere gabat gelmän geçäýdi. Üçünji sapar eseriñ daşyna geçende gahrymanlaryñ geplemeýän ýerlerine-de göz aýlady. Me saña gerek bolsa! Şol ýerde ilçi perman getirip, baş egip, patyşahy äleme gowşuryp, çykyp gidýär. Gynansak-da, onda ýekeje-de söz ýok. Nogulbalanyñ gapdalynda goýan kagyzlaryny şemal dargadyp gitdi.
Şol günüñ ertesi Nogulbala eli pýesaly repetisiýa gelende režissýor bilen görüşdi.
— Ýeri, eseri okadyñmy?
— Hawa, okadym.
— Özüne gerek ýerini ýazyp aldyñmy?
— Oñ sözi bolmasa nätjek!
— Onuñ gaýgysyny etme! Her hereketiñe bir söz goşaýarys. Onsoñ, sözli rolam bir bolman görsün? Girende: «Essalawmaleýkim, kyblaýy älem!» diýersiñ. Iñ esasy saña oñat rol berildi. Şonda-da zehiniñi görkezip bilmeseñ, özüñden gör!
Sadyk IBRAGIMOW,
azerbaýjan ýazyjysy.
Terjime eden: Çary GELDIMYRADOW. Satiriki hekaýalar