|

Özüñ oýlan

Özüñ oýlan ÖZÜÑ OÝLAN

Öz işimiz bilen başagaý bolup,
Elimiz ýetenok hak borjumyza.
Ähli işe wagt aýyryp bilýärkäk,
Namaz üçin dözemzok wagtymyza.

Ylgap ýörüs, ebsimize «Haý!» diýmän,
«Taparys» diýip, däne doly ammary.
Birjigem eglenmän, bir pursat durman,
Gözläris, ammara barýan ÿollary.

Emma, ýatlarmyza düşmez bir sorag:
«Neçün geldik giñ jahanyñ goýnuna?»
Däne gözlemäge geldikmikak biz,
Ýa boýun bolmaga nebsiñ oýnuna?

Heý, sähel wagtyñam bolmazmy, ynsan,
Kybla dönüp, sežde etmeklik üçin?
Iñ gowusy, özüñ oturyp oÿlan:
«Geldiñ giñ jahanyñ goýnuna neçün?»

Isa HOJAMERDANOW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle