|

Özüme öwüt

Özüme öwüt ÖZÜME ÖWÜT

Her «jöw-jöwlän» güjüjege
Daş atyp ýörmerin men.
Goý, jabjynyp üýrse üýrsün,
Ähmiýet bermerin men.

Güjük güjükligin eder,
«Jöw-jöwläp» üýrer-de gider.
Eger köpek üýrse welin,
Şondan heder etmek gerek.

■ GRIP WE GÖRIP

Işe barýarka görip,
Sataşdy oñ grip.
Başlady ol dessine
Asgyryp hem üsgürip.
Göterilip gyzgyny,
Boldy haly gözgyny.
Gaýtmady ol yzyna,
Diýdi özi-özüne:
— Grip ýoluganyny
Işe baryp aýdaýyn.
Halamaýan adamma
Ýokaşdyryp gaýdaýyn! —

Iş ýerine baransoñ,
Asgyrdy ol:
«Äpişä!»
Şeýdip görip
Gribin
Ýokaşdyrdy köp kişä.

Hezil edinip grip,
Diýdi: — Ýaşasyn, görip!

■ HER KIM ÖZÜÇE…

Eşik dannap ýörenok,
Tapanjasyny geýýär.
«Egnim bitinmi bitin
Şol maña besdir!» diýýär.

Nahar dannap duranok,
Rysga çykanyn iýýär.
«Garnym aç dälmi, aç däl,
Şol maña besdir!» diýýär.

Obanyñ gyzlarynyñ
Görmeksizjesin söýýär.
«Bu görgülem kimedir
Çykmaly ahyr!» diýýär.

Işe ilden ir başlap,
Iliñ soñundan goýýar.
Kim oña: «Sada ýigit!»,
Kimem «Kemakyl!» diýýär.

* * *

Bie erkegiñ göwnün awlap bilmejek aýala,
Gülse, gülüp, aglasa, aglap bilmejek aýala,
Pikrini gözlerinden añlap bilmejek aýala,
Aýal diýmäñler!

Bir aýalyñ göwnüni tapyp bilmejek erkege,
Lebi däl, ýüreginden öpüp bilmejek erkege,
Pikrini gözlerine bakyp bilmejek erkege,
Erkek diýmäñler!

■ HOWA MAGLUMATY

Diñläñ, ynha, ertir üçin
Anyk howa maglumaty:
Gün çykmasa, yssy bolmaz,
Çyksa, yssa bolar gaty.

Belki, biraz bulut gelip,
Ýagyş ýagar aram-aram.
Tebigatda oýun kändir,
Ýagaýmagy mümkin garam!

Belki, dymyk howa bolar,
Belki, howa bolar ýelli.
Aý garaz, şu diýlenlerden
Biriniñ boljag-a belli!

■ AŞPEZ

Aşpez ýigit bardy
Ýuwaş — ýer ýaly.
Nahar taýynlardy
Iýer ýaly.

Şeýlebir hordy ol,
Durşuna burun.
Kem-kemden
Kem-kemden
Edindi garyn.

Bir gün bolsa
Gowy häsiýetini,
Hakyt gowurşy deý
Towuk etini,
Gowurdy-da,
Hezil edinip iýdi.
«Men indi ol öñki
Aşpez däl!» diýdi.

Indi oña ýuwaş
Diýer ýaly däl.
Naharlaryny-da
Iýer ýaly däl!

■ EÝ, TOBA!

Gördüm, gördüm, gara şaýa,
Gazyny satany gördüm!
Dökün berip, ýoýa-ýoýa,
«Duzuny» satany gördüm!
Hannaslanyp toýdan-toýa,
Sazyny satany gördüm!
Perzendin bagryndan önen —
Gyzyny satany gördüm!
Aýaldan haryda dönen —
Özüni satany gördüm!
Jygyllyk bazarynda
Ne gözel şaý-sepleri,
Türkmeniñ geçmişini —
Yzyny satany gördüm!
Şu söwdalañ añyrsynda
Ownadyp-uşadylyp,
Satylan Watany gördüm!

Hemra ŞIROW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle