ÖZÜME GOÝ
ÖZÜME GOÝ
Berdim ahyr ýüregim,
Erkimi özüme goý.
Bolsaň-da sen geregim,
Erkimi özüme goý.
Ähli zatda bar hasap,
Bolma beýle biynsap,
Barsam-da küýsäp-küýsäp,
Erkimi özüme goý.
Dönsem-de matal-çözgä,
Meýlim ýok başga-özgä,
Dözseňem beýle döz-mä,
Erkimi özüme goý.
Şol dälmi edýän şahyr,
Ýaş görkezýän hem jahyl,
Menem degmedim ahyr,
Erkimi özüme goý.
Söýýän dogrusyn aýdar,
Özüçe ýörer-ýortar,
Alsaňam durmaz, gaýdar,
Erkimi özüme goý. Goşgular