|

Özüme

Özüme ÖZÜME

Döwrüm, eý, gözel döwrüm,
Depämde etdiñ öwrüm,
Haýry-halal içinde —
Geçip barýar-la ömrüm.

Güýji gitdi dyzlaryñ,
Yzda galdy ýazlarym,
Ahmyrym ýok, kinäm ýok —
Razy boluñ sallarym.

Ah, çamanlar, çamanlar,
Awundyrdy ýalanlar,
Baryn aýdyp durandyr —
Başa düşen gyrawlar.

Güýzde ýapraklar täner,
Arzuwlar — garrar, synar,
Gaçyp barýan keýikden —
Saýa küýsedim näler…

Saýa nirde, geçipdir,
Ötegçi guş uçupdyr,
Watanym hem ilim bar —
Diýmek, ýollar açykdyr.

29.01.96 ý.

Orazguly ANNAMYRADOW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle