Özüm hakda, döwür hakda
Özüm hakda, döwür hakda

Kazy-kelan – ýalan,
Patyşa – ýaman,
Sopular – ýalan,
Baýlaryň ömri tamam,
Gurýarys şolarsyz behişdi zaman…
Diýilýän döwürde dünýä inip men.
Metjidiň haraba öwrülýän döwri,
Ýüze urýan döwri dowzahyň howry,
Hemem halkyň ogullarnyň
Satylan wagty,
Atylan wagty.
Bolşewik ýurduny syndyrmak üçin
Jeňbazlaryň ýatanok gowry,
Adamyň adama dost, dogan döwri,
Tapdym men bagty.
Soň näme?!
Soň SSKP MK-nyň
Baş hem BOŞ sekretary
Birinji nomerli haýyn Gorbaçýow,
Ejesin satmaga kaýyl Gorbaçýow,
280 million ilatly,
Faşizmden üstün çykan kuwwatly
Ýurduň –
SSSR-iň işini gördi…
Şol döwletiň synanyna şaýat men,
Indi bir Bitarap ýurda raýat men…
Dikeldi kazy-kelan.
Sopularmyz möwç aldy.
Baýlarymyz rowaçlandy.
Indi her obada metjit goşadan,
Namaza duranlaryň sany köpdür hyşadan.
Ertirligin okasalar obada,
Ýassyn namaz okalýandyr Käbede.
Daňdan azan sesi bilen ördüm men,
Şeýdip öňe barýar eziz ýurdum meň.
«Şahyr diri eken!» diýip, eşitseň,
Galanyny soň ýazaryn eşitsem…
9-11.11.2013. Goşgular