Özleşdirilmedik sapaklaryň ýurdunda (1 bolum)

Özleşdirilmedik sapaklaryň ýurdunda (1 bolum)

Liýa GERASKINA,
rus ýazyjysy

Şol gün işim ugruna bolmady, ähli şowsuzlyklar säher bilen başlapdy. Biz bäş sapak okadyk. Her dersde-de meni sapak aýtmaga çagyrdylar. Menem olaryň hemmesinden ikilik aldym. Bir günüň içinde bary-ýogy bäş sany ikilik! Ikilikleriň dördüsini-hä mugallymlaryň isleýşi ýaly jogap berip bilmänligim üçin alaýdym öýdýän. Ýöne şu bäşinji ikiligi welin, düýbünden adalatsyz goýdular-da.

Şo al kakmyş ikiligi näme sebäpden maňa patladyp goýandyklaryny aýtmagam gülkünç: Haýsydyr bir suwuň tebigatda aýlanyşy üçin.

Ýogsa-da, mugallymyň şular ýaly soragyna siz nähili jogap bererdiňiz:

— Köllerdäki, derýalardaky, deňizlerdäki, ummanlardaky we batgalyklardaky bugarýan suwlar nirä gidýär?

Siziň nähili jogap berjekdigiňizi bilemok, ýöne bugaran suwuň ýok bolup gidýändigini men-ä anyk bilýän. Birden ýitirim bolan adama ýöne ýere: «Ol gürüm-jürüm boldy» diýenoklar-a. Diýmek — «Ol ýok». Mugallymymyz Zoýa Filippowna bolsa näme üçindir bahana tapyp, sorag baryny ýagdyryp başlady.

— Bugaran suwlar nirä gidýär? Olar ýok bolup gitmeýän bolaýmasyn? Belki, sen ilki gowuja pikirlenip, soň dogruja jogap berersiň?

Meniň pikirimçe, men dogry jogap berdim. Zoýa Filippowna bolsa, elbetde, meniň bilen ylalaşmady. Mugallymlaryň juda seýrek bolaýmasa, meniň bilen ylalaşmaýandyklaryny öňdenem bilýärdim. Olaryňam bärden gaýdýan ýerleri bar-da.

Arkaňdaky torba ikilikden doluka, kim öýüne ýetmäge howlugar öýdýäňiz?! Mysal üçin,
men-ä howlugamok. Şonuň üçinem, naharhananyň daşynda bir sagatlap aýlanyp, soň öýe ugradym. Ýöne näçe haýal ýöreseňem, ahyrsoňy öýüňe ýetýän ekeniň. Kakamyň iş sapary bilen gidenem bir gowy zat. Eger bolaýan bolsa, şobada meniň okamaga bolan ukybymyň ýokdugy baradaky gürrüňe başlardy. Maňa bu ukybyň berilmändigi bolsa, hemişe ikilik alyp gelen günüm kakamyň ýadyna düşýärdi.

— Sen kime meňzäp şeýle bolduň? — diýip, kakam haýran galýardy. — Tijenip, gowuja okap bileňok-da. Ejem bolsa:

— Okamaga bolan höwes ýog-a munda. Kime çekip beýle bolduň? — diýip, kakamyň sözüniň üstüni ýetirerdi.

Ejem bilen kakamda tutanýerlilik hem-de güýçli erk bar, mende bolsa näme üçindir bularyň hijisem ýok. Ine, şonuň üçinem torbamy ikilikden dolduryp, göni öýe baryp bilmän aýlanyp ýörün.

Wagtymy geçirjek bolup, ýoluň ugrundaky ähli dükanlara girip çykdym. Kitap dükanynda bolsa, Lýusýa Karandaşkina bilen gabatlaşdym. Ol meniň iki gezek goňşym: birinjisi, ikimiz bir gatda ýaşaýas, ikinjisi bolsa, synpda yzymdaky partada oturýar. Şondan ýaňa maňa hiç ýerde gün ýok — ne mekdepde, ne-de öýde. Lýusýa eýýäm günortanlygyny edinip, dükana depder almaga gelipdir. Bärde Serýoža Petkin hem bardy. Ol täze berçeleriň gelenini-gelmänini bilmek üçin gelipdir. Serýoža berçe ýygnaýardy, özüni filatelist hasaplaýardy. Ýöne meniň pikirimçe, berçeleri puly bolan islendik akmak hem ýygnap bilerdi.

Men görünmejek bolsamam, olar meni şobada görüp, alan ikiliklerim hakda öz pikirlerini aýdyp başladylar. Elbetde, olar Zoýa Filippowna adalatly baha goýdy diýýärdiler. Emma olary gyssap, burça gabap başladym welin, asyl olaram bugaran suwuň nirä gidýänini bilenok ekenler. Zoýa bularyň şujagaz jogaplary üçin hersine bir ikilikden ýelmärdi welin, aýdymlaryny başgaça aýdyp başlardylar.

Göwnüme bolmasa, biz jedelleşip azajyk galmagal edäýdik öýdýän. Satyjy biziň dükandan çykmagymyzy talap etdi. Men köp gaýtalatman o ýerden gaýtdym, olar bolsa galdylar. Çagalaryň arasynda haýsymyzyň gowy terbiýelenendigimizi satyjy şobada aňdy. Olar ertiriň özünde dükandaky goh-galmagaly men etdi diýip beýlekilere aýdarlar. Sagbollaşyp çykyp barýarka dilinem çykardy diýerler. Ýöne munuň nämesi erbet?! Mekdep lukmanymyz Anna Sergeýewna-ha muňa birjik-de öýkelänok. Gaýtam, özi çagalara diliňizi görkeziň diýýär. Nämäniň gowy, nämäniň erbetdigini onuň özi gowy bilýär ahyry.

Kitap dükanyndan kowlamsoň, özümiň juda ajygandygymy duýdum. Içim öňküdenem beter eljuk diýýärdi, öýe ýetmäge bolsa az galypdy.

Ýoluň ugrundaky dükanlaryň iň soňkusyna girdim. Hojalyk harytlary dükany bolansoň, o ýerde-de hezillik ýokdy. O ýerde boýagyň, sabynyň, nebitiň yslary kükäp durdy. Şonuň üçin,
o ýerdenem eglenmän gaýtmaly boldum. Satyjy menden üç gezek dagy:

— Saňa näme gerek, oglanjyk? — diýip sorapdy.

Ejem gapyny açyp, bir agzam gürlemedi. Ýöne bu ýagdaý meni begendirmedi. Ol ilki meni gowy edip naharlar, ana, ondan soň… ondan soň welin…

Ikilikleri gizlemek mümkin däldi. Ejem maňa menden gizlejek bolýan zatlaryňy, hatda gündeligiňdäki ýazylan belliklerem gözüňden okaýan diýýärdi. Aldanyňdan ne peýda?

Naharlanyp oturyşyma, ejeme seretmezlige çalyşdym. Bäş ikiligimem şobada gözümden aňarmyka diýip gara janym galmady. Kuzýa atly pişigim penjiräniň öňünden böküp düşdi-de, aýagymyň töwereginde aýlanyp başlady. Ol süýjüje bir zatlar berer diýen tama bilen däl-de, meni örän gowy görýändigi üçin daşymdan aýlanýardy. Pişijegim meniň dükandan däl-de, mekdepden gelenimi bilýärdi. Diýmek, pes bahalardan başga mende hiç zat ýok.

Başardygymdan haýal iýjek bolýardym, emma gaty ajygamsoň olam başardyberenokdy. Ejem çat maňlaýyma geçip, ýüzüme çiňerilip seredýärdi. Ine, häzir iň soňkuja çemçe naharymy iýerinem welin, başlanar…

Ýöne öýüň telefonyna jaň geldi. Heýjanelek! Jaň edýän Polýa daýzady. Bir sagatdan bärde ol telefony goýmaz.

— Haýal etmän öý işleriňi etmäge başla! — diýip, ejem telefony aldy.

Şeýdip ýadap gelenimden soň, öý işlerimi etmelimi? Birje sagat dynç alyp, daşarda çagalar bilen oýnap bolaýsady. Emma ejem eli bilen telefony tutup durşuna: «Dükanlara aýlanan wagtyňy özüňe dynç aldym diý-de hasaplaber» diýdi. Ejemiň gözümden nähili okaýşyny indi gördüňiz dämi! Ikiliklerimem okar öýdüp gorkýan-da.

Otagyma geçip, öý işlerimi etmeli boldum.

— Stoluň üstüni tertipleşdir — diýip, ejem yzymdan gygyrdy.

Tertipleşdir diýäýmek diliňde aňsat!

Käwagt stoluma seredip, özüm haýran galýan. Onuň üstünde, gör, näçe zat bar! Bärde sahypalary ýyrtylan kitaplardyr dört sahypaly depderler, syýalar, galamlar, çyzgyçlara çenli ýatyr. Olaryň ýerini bolsa çüýjagazlar, nurbatlar, üzülen simleriň bölekleri hem-de ýene bir topar gerek-ýarak zatlar daraldýardy. Umuman, men çüýleri örän gowy görýän. Mende olaryň her hili görnüşleri, dürli ýogynlykdakylary, dürli ölçegdäkileri bar. Ejem welin, näme üçindir olary düýbünden halanok. Ejem näçe gezek olary zyňyşdyrdy, ýöne çüýler ýene öňküje ýerine gaýdyp gelýärdi. «Sen kitapdan çüýi has gowy görýäň» diýip, ejem maňa gaharlanýar. Muňa kim günäkär? Men-ä däl, elbetde, kitaplar günäkär. Özleri beýle ýürekgysgynç bolmaly däl-dä.

Bu gezek otagymdaky zatlary ýygnaşdyrmakdan çalt baş alyp çykdym. Stoluň çekerini çykardym-da, ähli zatlary şoňa dykyşdyrdym. Hem-ä çalt, hemem aňsat. Tozanlary süpürjek bolup azara-da galmaly däl, bar işi birden dyndym. Indi öý işlerimi etmäge otursamam bolýar. Gündeligimi açanymdan, alan ikiliklerimiň ýalpyldysy gözüme düşdi. Bahalar gyzyl syýa bilen goýlandygy üçin, gözüňe dürtülip durdy. Meniň pikirimçe, bu ýalňyş. Näme üçin ikiligi gyzyl syýa bilen goýýarlar? Aslynda gowy zatlary gyzyl reňk bilen belgileýärler ahyry. Mysal üçin, senenamadaky dynç günleri, baýramçylyklary. Gyzyl sany görüp begenibermeli, mekdebem ýok. Bäşligem gyzyl syýa bilen goýsaň bolýar. Üçlük, ikilik, birligi bolsa diňe gara syýada goýmaly! Haýran galaýmaly, bu pikir nädip mugallymlaryň kellesine gelmedikä?!

Içiň ýansyn diýýän ýaly, öý işlerinem örän köp beripdirler. Howa örän gowudy, oglanlar daşarda top oýnaýardy. Derwezede maňa derek kimi goýdularka? Ýene Saşka öýdýän. Ol eýýäm näçe wagtdan bäri meniň derwezebanlygyma göz gyzdyrýardy. Bu örän gülkünç. Onuň nähili emelsizdigini hemmeler bilýär ahyry.

Pişigim Kuzýa bolsa penjiräniň öňünde jaýlaşykly ornaşyp, oýna tomaşa edýärdi. Ol henize çenli bir oýnam sypdyranok. Onuň hakyky janköýerdigine bolsa ejem bilen kakam ynananok. Biderek ýere ynanmazçylyk edýärler. Ol meniň futbol barada edýän gürrüňlerimem hezil edip diňleýär. Sözümem bölenok, gidenogam, gaýtam, myrlapjyk oturýar. Pişikler bolsa, haçan-da, özlerine ýakymly bolanda myrlaýarlar.

Maňa basym düşmeýän çekimli sesleriň kesgitlemesini öwrenmek berlipdi. Olary gaýtalamaga başlamalydym. Men bolsa, elbetde, ony etmedim. Bilmeýän zadyňy gaýtalamak nämä gerek? Soňam şo hälki tebigatdaky suwuň aýlanyşyny okamalydy. Birdenem Zoýa Filippowna ýadyma düşüp, gowusy arifmetikany edeýin diýen karara geldim.

Bärde-de bir üýtgeşik hezillik ýok eken. Nätanyş bir ýer gazyjylar, näme üçindir ýeri gazyp, belli däl kim üçin, nähilidir bir çukur gazýarlar. Meseläniň şertini ýazyp otyrkam, radiodan ses gelip başlady. Bir azajyk ünsümi sowaýyn diýip, diňläp başlanymam şoldy welin, kimiň sesini eşidendirin öýdýäňiz?! Hakyt mugallymymyz Zoýa Filippownanyň sesi! Ol okuwçylara radionyň üsti bilen synaga nähili taýýarlanmalydygy barada peýdaly maslahatlary berýärdi, synaglara göreldeli okuwçymyz Katýa Petýorkinanyň nähili gowy taýýarlanýandygyny aýdýardy. Synaglara taýýarlanmak meýlimiň ýokdugy üçin, radiony öçürmeli boldum.

Mesele örän kyn hem-de manysyzdy. Ony nähili çözmelidiginiň üstünden barjak bolup durkam, penjireden futbol pökgüsi uçup düşdi. Dostlarym meni meýdança oýnamaga çagyrýardylar. Pökgini garbap penjireden çykmakçy bolanymam şoldy welin, ejemiň sesi yzymdan ýetdi:

— Witýa! Öý işleriňi edýäňmi? — diýip, ejem aşhanadan gygyrdy. O ýerde bir zatlar-a lakyrdap gaýnaýardy, saçda bolsa bir zatjyk gowrulýardy. Şonuň üçinem ejem meniň otagyma gelip, gaçjak bolanym üçin temmi berip bilmeýärdi. Ol näme üçindir men gapydan çykman, penjireden çyksam kän bir halanokdy. Şo pursat ejem gapydan giren bolsa, näderdim?

Penjiräniň agzyndan düşdüm-de, oglanlara pökgüni zyňyp goýberdim, ejeme-de öý işlerimi edýän diýip jogap berdim.

Täzeden meseleler kitabymy açdym. Bäş sany ýer gazyjy ýüz metr uzynlykdaky çukury dört günde gazdylar… Birinji soragy nädip düzsemkäm? Pikirimi jemläp başlanymam şoldy welin, ýene ünsümi sowdular. Penjireden Lýuska Karandaşkina boýnuny uzatdy. Onuň saçynyň bir örüminiň ujy gyzyl talasjyk bilen boglandy, beýlekisiniň ujy bolsa çöşlenip ýatyrdy. Özem diňe şu gün däl, saçy her gün diýen ýaly şeýle. Bir gün sag tarapy örülmedik, bir gün çepi. Ol başgalaryň ikiligine däl-de, öz saçyna üns berse gowy boljakdy. Onsoňam onuň öz ikiliklerem ýetik ahyry. Ol boýnuny uzadyp durşuna, ýer gazyjylar baradaky mesele gaty kyn bolansoň, hatda enesiniňem çözüp bilmändigini aýtdy. Bagty gelen Lýuska! Mende bolsa ene-de ýok.

— Gel, meseläni bile çözeli! — diýip, Lýuska penjireden otagyma girdi.

Men boýun gaçyrdym. Bu meseleden özüm baş alyp çykmasam boljak däl.

Gaýtadan oýlanyp başladym. Bäş sany ýer gazyjy ýüz metr uzynlykdaky çukury dört günde gazdylar. Uzynlykdaky? Näme üçin ýöne metr diýäýmän, uzynlyk diýýärler? Olary uzaldýan kim?

Bulary kellämde aýlap oturyşyma, ýaňyltmaç düzdüm: «Eginlek sürüji uzynlyk ölçegdäki maşyny sürüp barýardy»… Ejem ýene aşhanadan gygyrdy. Çözmeli meseläm ýadyma düşüp, kellämi gaty yraladym-da, sürüjileri ýadymdan çykaryp, ýer gazyjylara dolanmaga çalyşdym. Men indi olary näme etsemkäm?

Sürüjiniň adyna Paganel diýsek nähili bolarka?

— Ýer gazyjylar näme? Olary nätsemkäm? Belki, olary metre köpeltmelidir?

— Köpeltmek gerek däl, barybir, hiç zady bilip bilmersiň — diýip, Lýusýa garşy çykdy.

Men onuň içini ýakjak bolup bilgeşleýin ýer gazyjylary köpeltdim.

Çyndanam, olary köpeldip üýtgeşik bir çözen zadym bolmady, ýöne indi ikinji soraga geçsegem boljakdy. Ikinji soragda bolsa metri ýer gazyjylara bölmeli diýen karara geldim.

— Bölmek gerek däl — diýip, Lýusýa ýene goşuldy. Men eýýäm bölüp gördüm. Hiç zat çykmady.

Elbetde, men ony diňlemän, bölüp goýberdim. Biderek bir zad-a çykdy welin, jogaby ýygyndydan gözläp başladym. Olam içiň ýansyn diýýän ýaly, edil şol meseläniň jogaby ýazylan sahypa ýyrtylypdyr. Hemme jogapkärçiligi tutuşlygyna öz üstüme almaly boldum. Ähli meseläni özümçe çözdüm. Işleri bir ýarym ýer gazyjy etmeli diýen jogap çykdy. Näme üçin bir ýarym? Men nireden bileýin? Şol çukury näçe sany ýer gazyjynyň gazandygy bilen meniň nä işim? Onsoňam şu döwürde ýeri adamlar gazýarmy? Ekskawator alýaň-da, çukuryňy şobada gazýaň. Hem-ä işlerini çalt bolardylar, hemem okuwçylaryň kellesini agyrtmazdylar. Her niçik-de bolsa, mesele çözüldi. Indi dostlarymyň ýanyna oýnamaga gitsemem bolýar. Maňa galsa, ylgardym-la, ýöne meni Lýusýa saklady.

— Goşgulary haçan öwreneris? — diýip sorady.

— Haýsy goşgular?

— O nähili haýsy goşgular? Ýadyňdan çykardyňmy? «Gyş. Daýhanyň baýramy» goşgulary? Men-ä olary hiç ýat tutup bilemok.

— Sebäbi olar gyzykly däl-dä. Synpymyzyň oglanlarynyň düzen goşgularyny diýsene, şobada ýat tutýaň. Sebäbi o goşgular gyzykly.

Lýusýanyň täze goşgulardan habary ýokdy. Men oňa goşgulary ýatdan aýdyp berdim:

Uzak gün okamaga
Biz ýaltanýas, ýaltanýas.
Biz ylgasak, oýnasak,
Meýdançada top zyňsak!

Lýusýa bu goşgy şeýle bir ýarady welin, ony şobada ýat tutdy. Iki bolup biz «daýhandan» çalt baş alyp çykdyk. Men eýýäm ýuwaşjadan penjireden çykmaga hyýallanýardym, ýöne ýene bir öý işi — sözlerdäki taşlanan harplary goýmak Lýusýanyň ýadyna düşdi. Janymyň ýangyjyna dişlerim syzlap başlady. Bolgusyz iş etmek kim üçin gyzyklydyr öýdýäňiz? Özem sözlerdäki harplaryň iň kynyny bilgeşleýin taşlaýarlar. Bu adalatsyz. Öý işlerini şeýle bir edesim gelenokdy, ýöne etmeli boldy.

Kyn günlerde dost…m meniň,
Garran mähriban…m meniň

Lýusýa bu goşgyny Puşkin öz enekesine bagyşlap ýazypdyr diýýär. Karandaşkina meni şeýle sada görýärmikä? Ulularyň hem enekesiniň bolýandygyna men aňsatjak ynanaryn diýip pikir edýändir. Bu sözleri üçin enesi onuň üstünden gülerdi.

Indi, bu «dost…my» näme etsekkäk? Maslahatlaşyp «y» harpyny goýaly diýen karara gelenimizem şoldy welin, birden otaga Katýa bilen Žençik güpürdäp girdi. Bärik kürsäp gelmek nireden olaryň kellesine geldi? Her näme bolsa-da, men-ä olary çagyrmandym. Katýa aşhana baryp, ejeme şu gün näçe ikilik alanymy aýdaýsa? Bir şo ýetenokdy-da. Bu ýatkeşler Lýusýa ikimize göwniýetmezçilik bilen garaýardy, sebäbi olar bizden gowy okaýardylar.

Katýanyň peträp duran tegelek gözleri hem-de ýogyn saçy bardy. Ol öz saçlaryna buýsanýardy, sapaklara gowy ýetişýändigi hem-de özüni göreldeli alyp barýandygy üçin, özüne berlen sowgat hökmünde garaýardy. Katýa haýaljakdan gürleýärdi, hemme zada paýhasly ýapyşyp, hiç haçan howluganokdy. Žençik barada bolsa aýdara zat ýok. Ol özbaşyna bir zat, kän bir gürlänogam, diňe Katýanyň diýýänlerini gaýtalaýar. Žençik diýip, ony kiçijik çaga ýaly edip, entegem mekdebe gatnadýan enesi ýüzlenýärdi. Şonuň üçinem, hemmämizem oňa Žençik diýýärdik. Diňe Katýa oňa Ýewgeniý diýip ýüzlenýärdi. Ol hemme zady dogry etmegi halaýardy.

Katýa, hamala, bizi şu gün görmedik ýaly salamlaşdy-da, Lýusýa seredip:

— Ýene-de saçyň bir tarapy çözülip bulam-bujar bolupdyr. Saçyňy bir dara — diýdi.

Lýusýa kellesini ýaýkady. Ol daranmany känbir halamaýardy. Ol özüne bellik edilse-de halamaýardy. Katýa uludan demini aldy. Žençigem uludan demini aldy. Katýa başyny ýaýkady. Žençigem ýaýkady. Katýa:

— Ikiňiziňem bärde bolanyňyz gowy bolaýdy, biz size kömek ederis — diýdi.

— Basymjak kömek edäýiň-dä. Bolmasa özümiz baş alyp çykyp bilemzok. Öý işlerinem doly edip bolamzog-a! — diýip, Lýusýa dillendi.

— Meseläniň jogaby näçe çykdy? — diýip, Katýa edil Zoýa Filippowna ýaly sorady.

— Bir ýarym ýer gazyjy — diýip, bilgeşleýin zoňtar jogap berdim.

— Jogap nädogry — diýip, Katýa howlukman gürledi.

— Nädogry bolsa bolubersin. Saňa näme? — diýip, oňa bakdym-da, ýüz-gözümi oýnatdym.

Katýa ýene uludan demini alyp, başyny ýaýkady. Elbetde, Žençigem yzyndan gaýtalady.

— Oňa hemmeden beter gerek! — diýip, Lýuska bir demde gürledi.

Katýa saçyny düzedişdirip, haýaljakdan:

— Gideli, Ýewgeniý. Olar üstesine, haýbatam atan bolýarlar!

Žençik gaharlanyp, gyzardy hem-de bize özbaşyna gatyrgandy. Biz oňa şeýle bir haýran galdyk, hatda jogabam bermedik. Katýa:

— Biz bärde eglenmän gidýäs, eger gidäýsek, diňe özüňiz kösenersiňiz, size kömek etjek tapylmaz — diýdi.

— Hoş galyň, ýaltalar — diýip, Katýa edeplilik bilen ýöredi.

— Hoş galyň, ýaltalar — diýip, Žençigem çetde durmady.

— It üýrer, kerwen geçer! — diýip haýbat atdym.

— Görüşýänçäk, Petýorkinalar, Çetwýorkinalar! — diýip, Lýuska gülkünç sesi bilen hiňlenip aýdym aýtdy.

Bu hereketlerime, elbetde, edeplilik diýip biljek däl. Sebäbi olar meniň öýüme geldiler ahyry. Myhmançylyga geldiler diýseňem boljak. Edeplilik bolsa-da, edepsizlik bolsa hem, men olary kowup goýberdim. Lýuska-da olaryň yzy bilen gaçyp gitdi.

Ýeke özüm galdym. Haýran galaýmaly, öý işlerimi şeýle bir edesim gelenok-da! Elbetde, eger mende güýçli isleg bolan bolsa, özüme erk edip, öý işlerimden baş alyp çykmagy başarardym. Ine, Katýada güýçli islegiň bar bolmagy ahmal. Onuň bilen ýaraşyp, özünde güýçli islegi nädip döredendigini soramaly boljak. Kakam-a: «Kynçylyklar bilen göreşip, howpdan gorkmaýan her bir adam erjelligi hem-de güýçli islegi gazanyp biler» diýýär. Indi men näme bilen göreşmeli? Kakam ýaltalyk bilen diýýär. Ýaltalykdanam bir kynçylyk bolarmy? Ine, howpy welin, men hezil edip äsgermezlik ederdim, ýöne ony nireden tapmaly?

Men örän betbagtdym. Betbagtlyk näme? Meniň pikirimçe, adama edesi gelmeýän, halamaýan zadyny mejbury etdirmek betbagtlykmyka diýýän.

Daşarda çagalar hezil edip oýnaýardylar. Gün ýyly şöhlesini bolluk bilen saçýardy, sirenleriň ysy bark urýardy. Penjireden böküp, dostlarymyň ýanyna oýnamaga gidesim gelýärdi. Emma stoluň üstünde okuw kitaplarym ýatyrdy. Olaryň sahypalary ýyrtyk, syýa dökülenlerem bardy, hapa hem-de juda ýürek gysgynçdy. Olar meni kapas otagda saklap, maňa düýbünden gyzykly bolmadyk öý işlerini etmäge, nirede bir ulanyşdan galan ýer gazyjylar baradaky meseläni çözmäge, boş ýerlere harplary goýmaga, hiç kime gerek bolmadyk kesgitlemeleri gaýtalamaga mejbur edýärdi. Birden kitaplaryma jynym düşdi, stoldan aldym-da, güýjümde baryny edip, olary ýere pylçap urdum.

— Içigara galan, ýok boluň! Bizar etdiňiz! — diýip gygyrdym.

Beýik jaýyň ýokarsyndan köçä kyrk müň demir çelek gaçan ýaly gürpüldi boldy. Kuzýa gorkup, penjiräniň öňünden zyňlyp düşdi-de, aýagyma gysmyljyrady. Gün ýaşan ýaly, töwerege garaňkylyk aralaşdy. Ol ýap-ýaňy hem ýaldyrap durdy ahyry. Otag birden ýaşylymtyl yşyk bilen ýagtylanyp, täsin adamjyklar peýda boldy. Olaryň egninde syýa dökülen ýygyrt-ýygyrt kagyzlardan edilen uzyn hem-de giň köýnekleri bardy. Biriniň-ä döşünde eljagazly, aýajykly, ýüzjagazly örän tanyş tegmil garalyp durdy. Edil şular ýaly aýajykdyr ýüzjagazlary geografiýa kitabyma geýdiren daşymyň ýüzüne syýa bilen çekipdim.

Adamjyklar bir agyz gürlemän stoluň daşynda aýlanyp duruşlaryna maňa gaharly seredýärdiler. Haýdan-haý bir zatlar-a etmeli. Şonuň üçinem, mylaýymlyk bilen:

— Siz kim bolarsyňyz? — diýip soradym.

— Hany gowuja seret, belki, tanarsyň — diýip, üsti-başy durşuna syýaly adamjyk jogap berdi.

— Ol bize gowuja seretmegi endik etmedi-dä — diýip, syýa dökülen barmagyny çommaldyp, beýleki adamjyk gaharly gürledi.

Men şobada ähli zada düşündim. Bular meniň kitaplarym. Olar näme üçindir janlanyp, bize myhmançylyga gelipdirler. Olaryň maňa teýeneli sözleri bilen gyjalat berişlerini siz bir gören bolsadyňyz!

— Ýer togalagynyň hiç bir gradus giňişliginde hem, gradus uzynlygynda hem kitaplary seniň ýaly erbet ulanyp, äsgermezlik edýän ýokdur! — diýip, Geografiýa gygyrdy.

— Sen biziň sahypalarymyza syýa dökýäň ýüzlenme belgisi. Sen biziň sahypalarymyza her hili biderek suratlary çekýäň ýüzlenme belgisi — diýip, içi içine sygman Grammatika öňe çykdy.

— Näme üçin maňa ýerli-ýerden hüjüm edýärsiňiz? Serýoža Petkin bilen Lýusýa Karandaşkina menden gowy okaýandyr öýdýäňizmi?

— Bäş ikilik! — diýip, kitaplar hor bilen gygyrdylar.

— Ýöne men şu gün ähli öý işlerimi edip, sapaklara taýýarlandym ahyry.

— Şu gün sen meseläni ýalňyş çözdüň!

— Geografiki zolaklary öwrenmediň!

— Tebigatdaky suwuň aýlanyşyna düşünmediň!

Hemmelerden beterem Grammatikanyň jany ýanýardy:

— Şu gün sen basym düşmeýän çekimli sesleriň kadasyny gaýtalamadyň ýüzlenme belgisi, öz ene diliňi bilmezlik kese çyzyk masgaraçylyk otur betbagtçylyk otur jenaýat ýüzlenme belgisi.

Maňa gygyrsalar hiç halamok-da. Hor bolup gygyrsalar-a hasam. Öýkeleýän. Ine, şu wagtam erbet öýkeläp, şo basym düşmeýän çekimli sesleri öwrenmänem, meseläni dogry çözüp bilmänem, ylaýta-da, şo aýlanyşyga düşünmänem eýdip-beýdip ýaşaryn diýip jogap berdim.

Şu ýerde kitaplaryň dili tutuldy. Hamala diýersiň, olaryň ýanynda mekdep müdirine gödek sözleri aýdan ýaly, maňa şeýle bir erbet seredýärdiler. Soň olar öz aralarynda pyşyrdaşyp, şeýle karara geldiler, meni haýal etmän, siziň pikiriňizçe, näme ederler? Temmi bererlermi? Ýok, asla beýle däl! Halas etmelimi? Akmaklar! Nämeden halas etsinler?

Geografiýa meni Özleşdirilmedik sapaklaryň ýurduna ugratsak, gowy bolar diýip hasaplady. Adamjyklar şobada onuň bilen razylaşdylar. Men:

— Şo diýýän ýurduňyzda kynçylyklar hem-de howplar barmyka? — diýip soradym.

— Näçe diýseň bar — diýip, Geografiýa jogap berdi.

— Syýahat tutuşlygyna kynçylyklardan doludyr. Bu iki ikiniň dört bolşy ýaly düşnükli ahyry — diýip, Arifmetika onuň sözüniň üstüni ýetirdi.

— Her ädimiň howp-hatar, janyň üçin howply — diýip, Grammatika meni gorkuzjak bolýardy.

Bu barada gowuja pikirlenmeli. O ýerde ejemem, kakamam, hatda Zoýa Filippowna-da ýok ahyry.

Her ädimde meni saklap, gygyryp: «O ýere barma! Ylgama! Bökme! Jyklama! Partada gorsanman otur!» ýa-da ýene şoňa meňzeş onlarça «-ma, -me-leri» diýjeg-ä ýok.

Belki, okamaga bolan islegimi güýçlendirip, uly başarjaňlyga eýe bolmagyma şu syýahat sebäp bolup biler. O ýerden ukyp-başarnykly dolanyp gelerin welin, ine, görersiňiz, kakam haýran galar.

— Onuň üçin başgarajyk bir zatlar oýlap tapsak näderkä? — diýip, Geografiýa ýüzüme soragly garady.

— Maňa başgarajyk zat gerek däl! Goý, şeýle bolsun! Men siziň şo diýýän howpdan doly gorkunç ýurduňyza gitmegi ýüregime düwdüm. Öý işlerimi, sapaklarymy özüm höwes bilen hiç kime aýtdyrman eder ýaly o ýurtda güýçli erke hem-de ukyba eýe bolmak başardarmyka diýip sorasym geldi. Ýöne soramadym. Utandym. Geografiýa:

— Çözüldi! — diýdi.

— Jogap dogry! Başgaça çözgüt gözlemegiň geregi ýok — diýip, Arifmetika goşuldy.

— Haýal etmän ýola düş nokat — diýip, Grammatika hemmelere derek sözi jemledi.

— Bolýa, ýöne o ýere nädip barmaly? Görýän welin, siziň diýýän ýurduňyza otly gidýäne, uçar uçýana, gämi ýüzüp barýana meňzänok.

— Biz edil rus halk ertekilerindäki ýaly ederis nokat ýumak tapmaly köp nokat.

Ýöne bizde hiç hili ýumak ýokdy. Ejemiň örüm işlerinden başy çykanokdy.

— Öýüňizde şar şekilli hiç zat ýokmy? — diýip, Arifmetika sorady. «Şar şekilli» zadyň nämedigine düşünmändigim üçin, ol:

— Tegelek görnüşli şekil — diýip, sözüň manysyny düşündirdi.

Tegelek diýsene! Doglan günümde Polýa daýzamyň maňa sowgat beren globusy güpbe ýadyma düşdi. Şol globusy alsak nähili bolarka? Oňa söýeg hem edilipdir, ýöne ony goparmagam kyn däl-ä. Geografiýa näme üçindir ýüzüni sallap, elini salgap goýberdi hem-de hiç haçan muňa ýol bermejekdigini aýtdy! Globus beýik görkezme esbapmyşyn!

Şo wagt penjireden futbol pökgüsi uçup düşdi. Görüp otursak, olam şar şekilli eken. Ony ýumaga derek ulanmaga hemmeler razylaşdy.

Pökgi meniň ýol görkezijim bolar. Men onuň yzyndan galmaly däl. Eger ony ýitiräýsem, öýe dolanyp bilmän, hemişelik Özleşdirilmedik sapaklaryň ýurdunda galmaly bolaryn.

Şeýdip meni pökgä tabyn edip goýanlaryndan soň, ýaňky şar şekilli öz-özünden penjiräniň öňüne bökdi-de duruberdi. Menem onuň yzyndan galmadym, Kuzýa hem menden galmady. Men pişige:

— Gaýt yza! — diýip gygyrdym, emma ol meni diňlemedi.

— Men seniň bilen gitjek — diýip, pişik edil adam dilinde gürledi. Grammatika:

— Ýola düşeliň ýüzlenme belgisi. Yzymdan gaýtala ýüzlenme belgisi:

Hany uç sen, futbol top,
Gaty gitme toglanyp,
Ýolda azaşmanjyk sen,
Ýalňyşlaryň ýaşaýan,

Ýurduna tarap uç sen.
Howpdan, gorkudan doly
Witýa wakalaň içinde,
Kömek etsin öz-özüne.

Goşgyny gaýtaladym, pökgi edil zynjyrdan boşan ýaly, penjireden uçup çykdy. Onuň yzy bilenem Kuzýa ikimiz uçduk.

Geografiýa elini bulap, meniň bilen hoşlaşdy-da:

— Eger kynçylyklar seni basmarlaberse, meni kömege çagyr. Hemişe kömege ýetişerin!

Kuzýa ikimiz hä diýmän ýokaryk galdyk, öňümizden bolsa pökgi uçup barýardy. Uçup barşymyza aşak seredemokdym, başym aýlanar öýdüp gorkýardym. Gorkmaz ýaly gözümi pökgüden aýyrman barýardym. Köp uçdukmy ýa az — onçasyny bilemok. Aldasym gelenok. Asmanda Gün ýaldyrap durdy, Kuzýa ikimiz bolsa pökgä ýüp bilen baglanan ýaly, yzyndan galman barýardyk.

Ahyrsoňy pökgi pessaýlap başlady, biz tokaý ýodasynda ýere gonduk. Pökgi ýapjagazlardan hem-de töňňelerden böküp, togalanyp barýardy. Ol bize dem-dynç almaga-da maý bermeýärdi. Näçeräk ýol ýöränimizi ýene-de anyk aýdyp biljek däl. Gün ýekeje gezegem ýaşmady. Şonuň üçinem biz ýolda bary-ýogy bir gün ýöredik diýsek bolar. Ýöne kim bilýär, bu näbelli ýurtda Gün bir ýaşýarmyka?

Kuzýanyň yzym bilen gaýdanam, onuň adam ýaly gürläp başlanam gowy bolaýdy! Biz ýolboýy gürleşip barýardyk. Men onuň başdan geçirmeleri baradaky gürrüňlerini halamokdym: ol syçan awlamagy gowy görýärdi, itleri ýigrenýärdi. Çig eti we çig balygy gowy görýärdi. Şonuň üçinem itler, syçanlar hemem iýmit hakda köp ýaňraýardy. Her näme diýseňem, ol ýeterlik bilimi bolmadyk pişikdi. Görüp otursam, ol futbola düýbünden düşünenok eken, diňeje hereket edýän zatlary gözi bilen yzarlamagy gowy görýärmiş. Bu oňa syçan awlamagy ýatladýarmyş. Meniň futbol hakyndaky gürrüňlerimi bolsa sypaýyçylyk üçin diňlän eken.

Biz tokaý ýodalaryndan ýöräp barýardyk. Uzakda beýik depe görnüp başlady. Top onuň töweregine aýlanyp, birdenem gözden gaýyp boldy. Biz bu ahwalata gaty gorkduk hem-de onuň yzyndan ylgadyk.

Depeden aşyp, töweregimize seretsek, beýik derwezeli, haýatlary daşdan gurlan uly köşk göründi.

Diwara golaýlaşdygymça onuň biri-birine baglanan ullakan harplardan düzülendigini gördüm.

Galanyň derwezesinde agramy kyrk kilograma barabar gulp asylgydy. Girelgäniň iki gapdalynda bolsa iki sany geň adamjyklar bardy. Biri dyzyna seredýän ýaly küýkerip durdy, beýlekisi bolsa edil taýak ýaly gös-gönüdi.

Küýküje adamjygyň elinde äpet syýa, dik taýaga meňzeşiňkide bolsa galam bardy. Olar içinde jany ýok ýaly hereketsiz durdular. Men küýkerip durana çalaja barmagymy degirdim, emma dem-düýt ýok. Kuzýa ikisiniň hem ýanyna baryp ysyrgandy, adam ysy bolmasa-da, olaryň janlydyklaryny aýtdy. Kuzýa ikimiz olara Gaňyrçajyk bilen Taýajyk diýip at goýduk. Topumyz derwezä tarap okduryldy. Men bilesigelijilik bilen derwezäniň ýanyna bardym-da, gulpy aýyrjak boldum. «Gulplananam däl bolaýmasyn» — diýip oýlandym. Emma Gaňyrçajyk bilen Taýajyk ellerindäkini öňüme keserdip goýdular.

— Kim sen? — diýip, Gaňyrçak sakynybrak sorady.

Taýajyk bolsa, edil döşünden itilip goýberilen ýaly:

— Ah! Wah! Ah, Ah! Wah, Wah! — diýip, sesiniň ýetdiginden gygyrdy.

Men sypaýyçylygy elden bermän, dördünji synp okuwçysydygymy aýtdym. Gaňyrçajyk kellesini ýaýkady. Taýajyk bolsa, men erbet bir zat aýdan ýaly, öňküsindenem beter ah-wahyny köpeltdi. Soňra Gaňyrçajyk Kuzýa tarap seretdi-de:

— Guýruklyja, senem okuwçymy? — diýip sorady.

Kuzýa bolup geçýän zatlara entägem düşünmeýän bolara çemeli, hiç zat jogap bermedi.

— Bu pişik — diýip, Gaňyrçajyga düşündirip başladym. — Ol haýwanjyk. Haýwanjyklar bolsa okamasalaram bolýar.

— Adyň? Familiýaň? — diýip, Gaňyrçajyk meni soraga çekip başlady.

— Perestukin Wiktor — diýip, doly jogap berdim.

Siz Taýajygyň özüni alyp barşyny bir gören bolsadyňyz!

— Aý! Aý! Haýp! Sen! Şol?! Aý! Aý! Haýp! — Ol sesine dyngy bermän, on bäş minut dagy gygyrandyr. Onuň şermende sesi ýüregime düşüp başlapdy. Top bizi Özleşdirilmedik sapaklaryň ýurduna getirdi ahyry. Ýöne näme üçin biz onuň derwezesinde durup, samsyk soraglara jogap bermelikäk? Men wagt ýitirmedim-de, derwezäni açmak üçin açar bermeklerini talap etdim. Topjagaz gobsunyp başlady. Men özümiň dogry hereket edýändigime düşündim.

Taýajyk elime äpet açary tutdurdy-da:

— Aç! Aç! Aç! — diýip gygyrdy. Men gulpy açmaga synanyşdym, ýöne başa barmady. Açar gulpuň içinde öwrülenokdy. Men şobada üstümden gülýändiklerine düşündim.

Gaňyrçak menden «замочек» hem-de «ключик» sözlerini dogry ýazmagy başararsyňmy diýip sorady. Eger-de başaraýsam, açarjyk şobada derwezedäki gulpy açmalydy. Başarman dagy nämejik! Bu ýerde kyn zat ýok. Ynha, birdenem niredendir bir ýerlerden synp tagtasy peýda boldy-da, howada asyl-asyl bolup, maňlaýyma geldi duruberdi.

— Ýaz! — diýip, Taýajyk elime heki tutdurdy.

Elime heki alyp, ключ… diýip ýazdym-da, yzyny ýazman saklandym.

— Ýaz-da bol yzyny — diýip, Taýajyk buýurdy.

«Ýaz-da bol» diýip, öz ýanyňdan gygyrmak dilde aňsat-la, ýöne haýsyny ýazmalydygyny bilmeseň näme etmeli?! Bar mesele şonda. Haýsy dogruka: клюЧИК ýa-da клюЧЕК? Edil şu ýagdaý beýleki sözde-de gaýtalanypdy. ЗамоЧИК ýa-da замоЧЕК? Bäh, pikirlendirýär-aý.

Muňa degişli kada bardyr öz-ä… Aslynda men grammatikanyň haýsy kadalaryny bilýärkäm? Kellämde aýlap başladym. Galmagally çekimsizlerden soň ýazylanok öýdýän. Ýöne bu ýerde galmagally çekimsizleriň näme dahyly bar. Olar muňa degişli däl ahyry.

Kuzýa pikirlenmän ikisinden birini ýazmaklygy maslahat berdi. Eger ýalňyş ýazaýsaňam, soň düzedersiň. Beýtseňem bolýarmy näme? Bu jüpüne düşen maslahatdy. Şeýtjek bolup durkam, Taýajyk:

— Bolanok! Bilimsiz! Sowatsyz! Wah! Bol, ýaz! Dogry! — diýip gygyryp başlady. Näme üçindir ol rahat gürlemäniň deregine hemişe gygyrýardy.

Men ýerde jaýlaşykly oturyp, bilýänjelerimi ýadyma saljak bolup jan etdim. Kuzýa eýläk-beýläk gaýmalap ýörşüne guýrugy bilen häli-şindi ýüzüme degip geçýärdi. Oňa-da gygyryp goýberdim, olam öýkeledi.

— Biderek azara galýaň, barybir, ýadyňa düşmez — diýip, Kuzýa maňa gyjalat berýärdi.

Ýöne meniň ýadyma düşdi. Içi ýanýanam bolsa ýadyma düşdi. Bu meniň bilýän ýeke-täk kadam bolsa gerek. Bu kada maňa gerek bolar diýip pikirem etmeýärdim.

— Eger eýelik düşümdäki sözüň soňunda çekimli düşürilse, «ЧЕК» diýlip ýazylýar, eger düşmese «ЧИК» diýlip ýazylýar.

Muny barlamak kyn däl. Sözi düşümde üýtgedäýmeli: baş düşüm — замоЧЕК, eýelik düşüm — замоЧКA. Äh-ä! harp düşüp galdy, diýmek, замоЧЕК — dogry. Indi beýlekije sözem barlap göreýin: baş düşüm — клюЧИК, eýelik düşüm — клюЧИКA. Çekimli ses öňküje ýerinde galýar, diýmek клюЧИК diýipjik ýazmaly.

Taýajyk ellerini çarpyp:

— Ajaýyp! Örän oňat! Haýran galaýmaly! Heýjanelek!

Men birjik-de pikirlenmän tagta ullakan harplar bilen: «ЗАМОЧЕК» hem-de «КЛЮЧИК» diýip ýazdym. Gulpuň açaryny towlaryma mähetdel, derweze giňden açylyp gitdi. Top okdurylyp, öňe togalanyp başlady. Kuzýa ikimizem onuň yzyndan galmadyk. Taýajyk bilen Gaňyrçak bolsa howlukman ýöräp gelýärdiler.

Biz haňlap duran giň otaglaryň içinden geçip, ullakan myhman otaga düşdük. Myhman otagyň diwarlarynyň ýüzüne owadan hat bilen «Grammatikanyň kadalary» diýip ýazypdyrlar. Syýahatymyz örän şowly başlapdy. Kadalar derrew ýadyma düşüp, gulpy açmagy başardym. Eger hemişe şular ýalyjak kynçylyklar duşup dursa-ha, maňa bu ýerde etmäge zadam galjak däl…

Myhman otagyň töründe duran beýik oturgyçda ak saçly, ak sakgally bir goja otyrdy. Elinde kiçijik arçajygy ýetenokdy, ýogsa arkaýyn Aýaz baba diýibermelidi. Ýaşulynyň egnindäki ak dony ýalpyldap duran gara ýüpek bilen gaýalypdyr. Dony ýakyndan gowy edip synladym welin, asyl ol tutuş dyngy belgiler bilen gaýalan bolsa nätjek?!

Gojanyň ýanynda gözleri gahardan ýaňa gyzaryp duran, bili bükülip giden kempir gaýmalap ýördi. Ol barmagyny maňa çommaldyp, ýaşulynyň gulagyna bir zatlar pyşyrdaýardy. Kempiri gören badymyza jynymyz almady. Kuzýa ony Lýusýa Karandaşkinanyň enesine meňzetdi. Büzmeçlerini ogurlap gaçýany üçin, ol Kuzýany sübse bilen häli-şindi urardy.

— Bu sowatsyza temmi berersiňiz diýip umyt edýän, siziň Alyhezretleriňiz. Işligiň Buýruk Şekili — diýip, kempir çirkin ses bilen söze başlady.

Ýaşuly meni içgin synlap durşuna:

— Bes et! Gaharlanma, Otur! — diýip, gaharjaň kempire buýurdy.

Görüp otursak, ol Otur belgisi bolup çykdy. Baý, gaharlandy öz-ä!

— Nädip gaharlanmajak, siziň Alyhezretleriňiz? Bu oglanjyk bir gezegem meni öz ýerimde dogry goýmady ahyry!

Ýaşuly gaşlaryny çytyp, gazap bilen ýüzüme garady. Otur hasam möwç alyp:

— Oňa bir seredip görseňiz-le! Ýüzi aýdyp dur-a sowatsyzdygyny — diýip pyşyrdady.

Ýüzümden nädip bellikä? Ýa olam ejem ýaly gözümden okap bilýärmika?

— Hany aýt, sen nähili okaýaň? — diýip, Işlik sorady.

— Gowy okaýan diýip aýt! — diýip, Kuzýa pyşyrdady, ýöne men edil beýleki okuwçylar ýaly okaýan diýmäge utandym.

— Grammatikany bilýäňmi onsoň? — diýip, Otur misginsokarlyk edip gürrüňe goşuldy.

— Gaty gowy bilýän diý — diýip, Kuzýa ýene ýuwaşja pyşyrdady.

Men ony aýagym bilen itdim-de:

— Grammatikany beýleki okuwçylardan pes bilemok — diýip jogap berdim. Öz bilimimiň kömegi bilen gulpy açanymdan soň, şeýle jogap bermäge doly hakym bardy. Sorag bermegi indi bes etselerem boljakdy. Ýöne gaharjaň kempire meniň bahalarym öte gyzykly, juda zerur bolup çykdy. Men elbetde, Kuzýanyň biderek pyşyrdylaryna gulak asman:

— Mende dürli bahalar bar — diýip jogap berdim.

— Dürli diýýäňmi? Ony biz häzir barlap göräýeris — diýip, Otur hetjikledi.

Men ýanym bilen gündeligimi almasam näme, ol nädip bahalarymy görjekkä?

— Resminamaňyzy getiriň? — diýip, kempir ýakymsyz sesi bilen gürledi.

Meňzeşje tegelejik ýüzli adamjyklar myhman jaýa ylgaşyp geldiler. Adamjyklaryň käbirleriniň akja köýnejiklerine gara reňkli tegelejikler, käbirleriniňkä gaňyrçajyklar, galanlarynyňka bolsa gaňyrçajyklar bilen tegelejikler garylyp tikilipdir. Iki sany adamjyk ullakan gök bukjany göterip getirdiler. Bukjany açanlarynda, rus dili depderimi görüp, aňk-taňk boldum. Onuň boýy birhili ösüpdirmi nämemi, meniň yzymdan ýetäýipdir.

Otur birinji sahypany açandan, ýazan diktantyma gözüm düşdi. Depder ullakan bolansoň, içindäki zatlar hasam tagaşyksyz, betgelşik görünýärdi. Gyzyl syýa bilen edilen düzedişlerden ýaňa ýer ýokdy. Gör, näçe ýere degen syýa tegmiller besse-besse bolup durdy!.. Bäh, şo wagt gaty erbet syýa ulanýan ekenim. Diktantyň aşagynda ullakan gyzyl ördege meňzeş ikilik sömelip durdy.

— Ikilik! — diýip, Otur içigaralygyndan begenip gygyrdy. Hamala diýersiň, özünden başga adam şonuň bäşlik däl-de ikilikdigini görmän duran ýaly.

Işlik sahypany agdarmagy buýurdy. Depder neresse ýuwaşjadan zarynlap başlady. Ikinji sahypada beýannama ýazypdyryn. Ol diktantdanam erbet ýazylypdyr öýdýän, sebäbi beýannamanyň aşagynda birlik baha durdy.

— Indiki sahypa geçiriň! — diýip, Işlik ýene buýruk berdi.

Depder öňküsinden beter zarynlaýardy. Üçünji sahypada hiç zat ýazmanym gowy bolaýypdyr. Dogrymy aýtsam, o sahypa burny uzyn, gözleri çaşaryp duran ýüz çekipdim. Bu ýerde elbetde, hiç hili ýalňyş ýok, sebäbi men o suratyň aşagyndan bary-ýogy iki söz ýazdym: «Bul Kolýa».

Otur indi geçirer ýaly hiç hili sahypasynyň ýokdugyna gözi ýetip dur hem welin:

— Indiki sahypa geçireýinmi? — diýen bolup sorady. Depder bary-ýogy üç sahypadan ybaratdy. Galan sahypalary kepderi ýasamak üçin ýyrtyp alypdym.

— Ýeter! — diýip, goja elini salgady. — Oglanjyk, sen dürli bahalarym bar diýdiňmi?

— Mawlamaga rugsat beriň, siziň Alyhezretleriňiz — diýip, bir ýerlerden Kuzýa çykdy. — Bagyşlaň, ýöne meniň hojaýynym günäkär däl. Hakykatdanam, depderde diňe ikilik däl, birlik hem bar. Diýmek, bahalar, hakykatdanam, dürli-dürli.

Otur kikir-kikir gülmäge başlady, Taýajyk bolsa haýran galyp:

— Aý! Waý! Aý! Baý, içim-ä gyrdyň! Ine, saňa tomaşa! — diýip gygyrdy.

Men dymdym. Özüme näme bolýandygyny bilemokdym. Gulaklarym we ýaňaklarym lap-lap gyzdy. Ýaşulynyň gözlerine seretmäge utandym. Şeýdip ýerden ýüzümi galdyrman durşuma, özümi asla tanamandygymy aýtdym. Kuzýa-da meni goldady. Onuň pikiriçe, bu adalatsyz oýundy. Işlik bizi ünsli diňledi-de, özüniň garamagyndakylaryň ählisini görkezmäge hem-de tanyşdyrmaga söz berdi. Ol çyzgyjyny galgadyp goýberdi welin, aýdym-sazyň sesi ýaňlanyp başlady, şol pursat hem tegelejik adamjyklar zalyň ortasyna ylgaşyp geldiler. Olar tans edip, aýdym aýdyp başladylar:

Biz-ä takyk ýigitler
Bize diýiň Nokatlar
Dogry ýazmaklyk üçin,
Bizi dogry goýmaly,
Ýerimizi bilmeli!

Kuzýa: «Bularyň nirede goýulmalydygyny bilýäňmi?» diýip sorady. Menem: «Käwagt-a dogry goýýan gezeklerimem bolýa» diýip jogap berdim.

Işlik ýene-de çyzgyjyny galgatdy welin, köýnejikleri nagyşly adamjyklaryň ýerini köýnejikleri iki sany oturlyja kiçijik adamjyklar çalyşdy. Olar biri-birleriniň ellerinden tutuşyp aýdym aýdýardylar:

Biz şadyýan uýalar
Aýrylmaz goşa dyrnaklar.
Sözlem başyny men açsam,

— diýip, birinjisi hiňlendi,

Men ony derrew ýaparyn.

— diýip, ikinjisi aýdymy dowam etdi.

Goşadyrnaklar! Olary gaty gowy tanaýan! Tanaýan, ýöne halamok. Olary goýsaň-a, hökman däl — diýýärler, niçik goýmarsyňam welin, goşadyrnagy şu ýerde goýmalydyň — diýýärler. Hiç olaryň ýerini bilip bilmersiň…

Goşadyrnaklardan soňra Gaňyrçajyk bilen Taýajyk çykdy. Bir söz bilen aýdanyňda bular gaty gülkünç jübütdiler!

Gaňyrçajyk ýogyn sesi bilen aýdyma zowlatdy:

Hemmeler bizi bilýär,
Biz täsirli belgiler.
Men iň ähmiýetlisi —
Men — Sorag belgisi!

Taýajyk aýdymyny örän gysga aýtdy:

Men bolsa iň gowjasy —
Men — Ýüzlenme belgisi!

 Sorag hem Ýüzlenme belgileri! Köne tanyşlarym! Beýleki belgilerden bular birneme ganymatdy. Bulary setanda-seýranda bir goýmaly bolansoň, olar sebäpli azrak gep eşidýärdim. Gylyksyz, hilegär, küýki Oturdan-a şular müň esse-de gowudyr. Aýdan zatlarymy eşiden ýaly, Otur eýýäm öňümde ýakymsyz sesi bilen aýdyma başlady:

Bolsam-da guýrukly nokat,
Bolsam-da, kiçijik boýly,
Gerekli men grammatika,
Wajyp dogry okamaga.

Ähli adamlar, şübhesiz,
Elbetde, muny bilýärler,
Bermäge dogry manyny
Eýedir otur belgisi.

Bu aýdymdan soň, Kuzýanyň tüýi syh-syh boldy duruberdi. Ol menden Oturyň guýrugyny goparyp, ony Nokada öwürmek üçin rugsat sorady. Elbetde, men onuň garagolluk etmegine ýol bermedim. Meniň özümem bu kempire bir zatlar diýesim gelip, dilim gijäp durdy, emma bialaç özüňi saklamaly bolýar-da. Sähel gödekligem bulara ullakan bahana bolup biljek, soň bular meni bu ýerden hijem çykarmazlar. Depderimi görenimden bäri-hä, bu ýerde asla durasym gelenokdy. Men Işligiň ýanyna bardym-da, gitsem bolmazmyka diýip soradym. Ýaşuly agzyny açyp ýetişmänkä, Otur tutuş zala ýaňlandyryp gygyrdy:

— Hiç haçan! Goý, ol ilki bize basym düşmeýän çekimli sesleriň dürs ýazuw kadasyny bilýändigini subut etsin!

Ol şo wagtyň özünde dürli mysallar getirip başlady.

Bagtyma, jaýa ullakan it selkilläp girdi. Kuzýa, elbetde, ýüregi ýarylan ýaly bolup, egnime bökdi. Emma gelen it onuň bilen işi-derdi ýokdy. Men egildim-de, onuň çypar arkasyny sypaladym.

— Sen itleri gowy görýäne meňzeýäň! Örän oňat! — diýip, Otur ellerini çarpyp goýberdi. Edil şo pursat ýene-de maňlaýymda gara tagta peýda boldy. Onuň ýüzüne hek bilen: «С…бака» diýlip ýazylgydy.

Gürrüňiň hörpüne derrew düşündim. Elime heki aldym-da, «a» harpyny ýazdym. «Сабака» boldy duruberdi.

Otur hezil edip güldi. Işlik çal gaşlaryny çytdy. Ýüzlenme bolsa bir gapdalyndan ah-wahyny goýmady. It dişlerini syrtardyp, maňa hyňranyp başlady. Men onuň eýmenç tumşugyndan gorkup, gaçmaga başladym. Ol meniň yzymdan kowdy. Kuzýa dyrnaklary bilen keltekçämden ýapyşyp barşyna, umytsyz pyşyrdaýardy. Gaçyp barşyma, harpy nädogry goýandygyma düşündim. Tagtanyň ýanyna dolanyp, «a» harpyny pozup, deregine «o»-ny ýazdym. It şobada hyňranmasyny bes edip, elimi ýalaşdyrdy-da, zaldan ylgap gitdi. Men indi it sözüniň rus dilinde «o» harpy bilen ýazylýandygyny hiç haçan ýatdan çykarmaryn.

— Belki, diňe şu it «o» harpy bilen ýazylýan bolaýmasyn? Galanlarynda bolsa «a» ýazylýandyr? — diýip, Kuzýa menden sorady.

— Pişik hem edil eýesi ýaly sowatsyz — diýip, Otur kikir-kikir edip güldi. Ýöne Kuzýa itleri ondan has gowy tanaýandygyny aýdyp, oňa garşy çykdy. Onuň pikiriçe, itlerden her zada garaşyp bolar.

Bu gürrüňler dowam edýärkä, ullakan penjireden Günüň şöhlesi düşüp başlady. Jaýyň içi derrew ýagtyldy.

— Ah! Gün! Ajaýyp! Örän oňat! — diýip, Ýüzlenme begenjinden el çarpyp, gygyrdy.

— Siziň Alyhezretleriňiz, rus dilinde «Gün», — diýip, Otur Işlige pyşyrdady. — Sowatsyzdan soraň!..

— Bolýa — diýip, Işlik razylaşdy hem-de elini galgadandan, gara tagtadaky «собака» sözi ýitip, «Со…нце» sözi peýda boldy.

— Bu sözde haýsy harp galdyrylypdyr? — diýip, Sorag belgisi sorady.

«Со…нце» diýen sözi gaýtadan okap gördüm. Meniň pikirimçe, bu ýerde hiç hili harp galdyrylmandyr. Bu ýöne bir duzak! Meni oňa düşürip bilmersiňiz! Ähli harplar ýerinde bolsa, artykmaç harp goýmak nämä gerek? Bu sözleri aýdanymdan soň näme bolanyny bir bilsediňiz! Otur edil akylyndan azaşan ýaly güldi. Ýüzlenme aglap, galamlary döwüşdirdi. Işlik gaşlaryny hasam beter çytdy. Gün şöhlesi gözden gaýyp bolup, otaga tümlük aralaşdy hem-de howa sowap başlady.

— Ah! Haýp! Wah! Gün! Heläk bolýan! — diýip, Ýüzlenme elden-aýakdan çykyp bagyrýardy.

— Gün nirede? Ýylylyk nirede? Nirede ýagtylyk? — diýip, Sorag belgisi yzyny üzmän sorag baryny ýagdyryp durdy.

— Oglanjyk Güni öýkeletdi! — diýip, Işlik gaharlandy.

— Men doňup barýan — diýip, Kuzýa aglap, maňa gysmyljyrady.

— «Gün» sözi rus dilinde nähili ýazylýar, jogap ber! — diýip, Işlik buýurdy.

Hakykatdanam, rus dilinde «Gün» sözi nähili ýazylýarka? Zoýa Filippowna hemişe rus diliniň sözlerinde şübheli we gizlin harplaryň ýüze çykmagy üçin, sözi üýtgetmegi maslahat bererdi. Synanyşyp göräýsemmikäm? Men gaty ses bilen: «Солнце! Солнышко! Солнечный!» diýdim. Äh-ä! «Л» harpy peýda boldy. Men derrew heke ýapyşdym-da, galdyrylan harpy ýazdym. Şo pursat Gün ýene otaga şöhle saçdy. Ähli ýer ýagtyldy, ýylylyk aralaşdy, baý, örän hezil bold-a. Men şol pursat ilkinji gezek Güni nähili söýýändigime düşündim.

— Ýaşa, rus dilinde «Л» harpy bilen ýazylýan Gün! — diýip, begenip aýdyma başladym.

— Heýjanelek! Gün! Ýagtylyk! Hezillik! Ýaşaýyş! — diýip, Sorag belgi hem Günüň dolanyp gelenine menden az begenmedi.

Men bir aýagymda pyrlanyp:

Şadyýan Günümize
Mekdep salamy bolsun!
Mähriban Gün bolmasa,
Nädip ýaşaýyş bolsun?!

— diýip, baý zowlatdym-a.

— Sem boluň! — diýip, Işlik gygyrdy.

Men bir aýagymda doňup galypdyryn. Şatlyk-şowhun derrew zym-zyýat boldy. Hatda nähilidir bir ýakymsyzlyk hem-de gorky aralaşdy.

— Biziň aramyza gelip düşen dördünji synp okuwçysy Wiktor Perestukin özüniň gaty erbet sowatsyzdygyny görkezdi. Ene diline äsgermezlik hem ýigrenç bildirdi. Munuň üçin ol berk jezalandyrylar. Men karar çykarmaga gidýärin. Perestukini kwadrat ýaýa salyň! — diýip, goja berk tabşyrdy.

Işlik gitdi. Otur hem onuň yzyndan ylgap, ýolboýy:

— Rehim etmeli däl! Rehim-şepagat etmeli däldiris, Siziň Alyhezretleriňiz! — diýip, gep berýärdi.

Kiçijik adamjyklar äpet demir ýaýlary getirip, iki gapdalymda goýdular.

— Hojaýyn, ýagdaýlar-a örän erbet, bu ýerden ökjäni götermegiň bir ýoly tapylmazmyka? — diýip, Kuzýa çyny bilen sorady-da, guýrugyny bulaýlap başlady. Ol elmydama bir zatdan nägile bolanda şeýle edýärdi.

— Gaçyp bolaýsa, kem-ä däl welin, emma ýaýlara salnyp tussag edilendigimi, üstesine-de, bizi garawullaýandyklaryny görüp dursuň-a. Top hem hereketsiz ýatyr-a — diýip jogap berdim.

— Görgülijik! Betbagt! Wah-waheý! Wah! — diýip, Ýüzlenme zarynlaýardy.

— Oglanjyk, sen gorkaňokmy? — diýip, Sorag belgisi sorady.

Haý, akmaklar diýsänim! Men näme üçin gorkmaly? Näme üçin bularyň maňa nebisleri agyrýar?

— Özüňden güýçlüleri gaharlandyrmak gerek däl. Ynha, meniň bir Kisa atly tanyş pişigim bardy, onuňam zynjyrda daňylgy itiň gaharyny getirmek endigi bardy. Kisanyň oňa aýtmadyk zady galmadyk bolsa gerek! Ine, günleriň birinde ol it zynjyryny üzüp, onuň bu endiginden hemişelik dyndyrdy — diýip, Kuzýa gürrüň berdi.

Mähirli dyngy belgiler aladalanyp, aýaklary bişen ýaly bir ýerde duranokdylar. Ýüzlenme meniň üstüme abanýan howpa düşünmeýändigimi tekrarlaýardy. Sorag bolsa bir topar soraglary üstüme ýagdyryp, ahyrynda-da: «Menden etjek haýyşyňyz, islegiňiz barmy?» diýip gyzyklandy.

Näme haýyş etsemkäm? Biz Kuzýa bilen maslahatlaşyp, ertirlik edinmegiň tüýs wagty diýen karara geldik. Belgiler maňa: «Eger islegiňi dogry ýazmagy başarsaň, islän zadyňy alyp bilersiň» — diýip düşündirdiler. Elbetde, öňküler ýaly, şo pursat hat ýazylýan tagta peýda boldy. Ýalňyşmazlyk üçin Kuzýa bilen bu meseläni ýene ara alyp maslahatlaşdyk. Pişigiň şöhlatdan başga zat kellesine gelmedi. Men şöhladyň poltaw görnüşini has gowy görýän. Emma şöhladyň adyny doly ýazsam, kän ýalňyşlyk goýbermegim ahmaldy. Şonuň üçinem ýönekeý şöhlat soramaly diýen karara geldim. Emma şöhlady çöreksiz iýseň süýji bolanokdy. Şonuň üçin men tagtada ilki rus dilinde «Хлеп» diýip ýazdym. Ýöne Kuzýa ikimiz hiç hili çörek görmedik.

— Hany çörek gelmedi-le?

— Ýazylyşy nädogry! — diýip, belgileriň ählisi birlikde jogap berdiler.

— Şeýle gerekli sözi nädip ýazmalydygynam bilenok! — diýip, pişik gaharly hüňürdedi.

Şöhlady çöreksiz iýmeli bolarys-da. Başga etjek alajyň ýok.

Heki alyp, ullakan harplar bilen tagtanyň ýüzüne: «Калбаса» diýip ýazdym.

— Ýalňyş! — diýip, belgiler gygyryşdylar.

Men ony pozup, täzeden: «Колбоса» diýip ýazdym.

— Ýene ýalňyş! — diýip, belgiler gaharlanyp, sesleriniň ýetdiginden gygyrdylar. Men gaharyma heki zyňyp goýberdim. Olar meniň üstümden güldüler.

— Çörek bilen şöhlady iýip bolaýdyk öýdýän. Çagalaryň näme üçin mekdebe gidýändigine düşünemok. Mekdepde iň bolmanda ýekeje iýilýän zadyň adyny dogry ýazmagy öwretmedilermi saňa? — diýip, Kuzýa uludan demini aldy.

Iýilýän zatlardan biriniň adyny-ha dogry ýazyp bilermikäm diýýän. Men «Колбоса» sözüni pozdum-da, «лук» diýip ýazdym. Şo pursat Nokatjyklar peýda bolup, bir tabakda arassalanan sogany getirdiler. Pişik öýkeläp hüňürdäp başlady. Ol sogan iýenokdy. Menem ony halap baramokdym. Ýöne biz şeýle bir açdyk welin, sogany gäwüşäp başladyk. Gözümizden ýaş syrygyp ugrady.

Birden batly urgynyň sesi ýaňlanyp gitdi.

— Aglama! Entek umyt bar! — diýip, Ýüzlenme gygyrdy.

— Oglanjyk, sen Otur belgisi barada nähili pikirde? — diýip, Sorag belgisi sorady.

— Meniň pikirimçe, o dyngy belginiň asla geregi ýok. Şonsuzam okap bolýar-a. Galyberse-de, okanyňda otur belgilerine hiç hili üns bermän geçip gidýäň. Emma ýazuwda ony goýmagy ýatdan çykaraýsaň, hökman almytyňy alarsyň — diýip, aç-açan jogap berdim.

Ýüzlenme öňküsinden beter müzzerip, ah çekip başlady.

— Sen otur belgisiniň adamyň ykbalyny çözüp bilýändigini bilýäňmi? — diýip, Sorag menden sorady.

— Erteki otarmagyň geregi ýok, men çaga däl-ä!

— Hojaýynym bilen men indi köp wagtdan bäri pişijek däldiris — diýip, Kuzýa meni goldady.

Şo pursat Otur bilen bilelikde elleri towlanan uly kagyzly birnäçe Nokatjyklar jaýa girdiler.

— Bu höküm — diýip, Otur habar berdi.

Nokatjyklar kagyzyň bir ujyny açanlaryndan, ondaky ýazgyny okadym:

Sowatsyz Wiktor Perestukiniň işi boýunça kabul edilen.

(Dowamy bar).

Rus dilinden terjime eden Mähek GARAJAÝEWA,
Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 49-njy orta mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymy
image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle