Özime öwüt
Özime öwüt
Sünnale setirňi harsal bolmasyn.
Eger ussa bolsaň ýasan senediñ,
Görene göz gyjalata galmasyn.
Gyssanma, howlukma işläp başlañda,
İň çeper sözleri geçir elekden.
Tankydyň tyg bolup tene batsynda,
Öwgi bolsa ýumşak bolsun ýelekden.
Suslanma-da,ýadama-da susup al,
Çägi ýokdur bu edebi ylymyñ.
Çyn mukamçyň perde basyşy yaly,
Zehiniňe gulluk etsin galamyñ. Goşgular