|

Özgäñ ýurdun oñarşymça wasp edip…

Özgäñ ýurdun oñarşymça wasp edip… ÖZGÄÑ ÝURDUN OÑARŞYMÇA WASP EDIP…

Özgäñ ýurdun oñarşymça wasp edip,
Öz ýurduma elmydama kast edip,
Diýerdim men: »Garyp düşdi ene ýer,
Hany akyldarlar, hany geniler?
Hany uly, erkin ýürek adamlar?
Hany il derdine gerek adamlar?
Hany mähir bilen doly aýallar?
Bir bakanda bizi oda salýanlar?
Hany gep-gürrüñi ýakymlylarmyz,
Şadyýan, bilimdar, akyllylarmyz?
Kän bir halamazdym Russiýany,
Wasp eder ýörerdim ülkäñ başgasyn,
Emma düýn gördüm-de Golisiýany,
Ýene öz Watanmy söýüp başladym.

A. S. Puşkin

Terjime eden: Kerim Gurbannepesow Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle