Özbek-türkmen dostlugy
Özbek-türkmen dostlugy

Neneň guwanmaýyn, bu gün üstümde,
Rahat asmany bar özbek-türkmeniň.
Kalba Hak nuruny mäkäm paýlaýan,
Dini – Gurhany bar türkmen-özbegiň.
Nejmeddin Kubra, Gorkut ata pir,
Jelaleddin, soltan Temir Jahangir,
Nowaýy, Pyragy, Andalyp şahyr,
Ylmy mirasy bar özbek-türkmeniň.
Görogly, Alpamyş, Tahyr we Zöhre,
Şasenem hem Garyp nusgadyr hemmä,
Wamyk bilen Uzra, Saýatly-Hemra,
Şeýle dessany bar türkmen-özbegiň.
Dini, ýeri, Güni hem asmany bir,
Derýasy bir, gaýrasy bir, jany bir,
Ortada bir tamdyr, daşgazany bir,
Nesibe nany bar özbek-türkmeniň.
Garaşsyzlyk gülüp bakdy, bagt çüwdi,
Şäherler gül açdy, görküne geldi,
Aşgabat Daşkende gujagyn gerdi,
Köşki-eýwany bar özbek-türkmeniň.
Gurbannazar Eziz, Sirojiddin Saýid,
Gözel Şagulyýewa hem Mahmyt Taýir,
Ýürekden wasp edýän dost-doganlygy,
Şahyr Kurbany bar türkmen-özbegi.
Kurban MUHAMMETRIZO.
Terjime eden: Muhammet BEKGIÝEW. Goşgular