|

Özbek bilen türkmeniň

Özbek bilen türkmeniň Ikbol MIRZO,
Özbegistanyň halk şahyry.

Özbek bilen türkmeniň

ÖZBEK BILEN TÜRKMENIŇ

Bir derýadan suw içýärler owuçlap,
Derýasy bir özbek bilen türkmeniň.
Aý-u-Günüň nuruna deň gowuşýar,
Zyýasy bir özbek bilen türkmeniň.

Bir çäýnekde çaý çaýlaşdy gadymdan,
Agyr ýüki deň taýlaşdy gadymdan,
Bir çöregi jüp paýlaşdy gadymdan,
Dogasy bir özbek bilen türkmeniň.

Magtymgulyň owazynyň syry bar,
Iki goly tutan ýeke piri bar,
Özbegiňem Miralysy — şiri bar,
Nowasy bir özbek bilen türkmeniň.

Oýun-bazly türkmenimiň Gyraty,
Özbege has Baýçibaryň* syraty,
«Haýt!» diýende iňlär ýer-gök arasy,
Sapasy bir özbek bilen türkmeniň.

«Türkmen» diýsem,
«Men» diýer daş-daglar-eý,
Miwe berdi biziň eken baglar-eý,
Beýle çaglar ýürek küýsän çaglar-eý,
Dünýäsi bir özbek bilen türkmeniň.
* epiki at

IL EZIZ, YNSAN EZIZ

Ebedi miras bize: ýer eziz, asman eziz,
Bu mukades Watanda il eziz, ynsan eziz.

Zer öndürýän toprakda maýsalar hem nur saçar,
Bagban mährinden ganan gül eziz, bossan eziz.

Bigadyr zaman içre, gadyrsyz geçdi beşer,
Gadyrly şu eýýamy bil eziz, döwran eziz.

Imanly söý Watany, imansyzlar biwatan,
Mukaddesler ýurdy bi, kalp eziz, iman eziz.

Eziz dost-u-ýarlarym, barlydyr çar baglarym,
Myhmansöýer özbege, gel, eziz, myhman eziz.

Watany taryp eýläp golda sazym dynmagaý,
Eziz ýurtdan ylham al, şygyrdyr dessan eziz.

Ebedi miras bize: ýer eziz, asman eziz,
Täze Özbegistanda il eziz, ynsan eziz.

Terjime eden Ysmaýyl TAGAN.

«Türkmenistan» gazeti, 20.10.2022ý. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle