| |

Özara gürrüñ / gysga ýumor

Özara gürrüñ / gysga ýumor ÖZARA GÜRRÜÑ

— Hemme zady öz eliñ bilen gazanmak diýilýäni şu bolsa gerek — diýip, Mariýa Alekseýewna diwanda ärine golaý süýşdi. — Sen öýdäki islän zadyñy sora, men onuñ haçan, nädip, nähili ýagdaýlarda satyn alnandygyny aýdyp bereýin. Iñ bärkisi şol gün nähili howa bolanlygynam aýdaýyn. Ine, şu garnitury täze ýylyñ öñüsyrasy alypdym.
— Men şonda nirdedim — diýip, äri sorady.
— Sen şonda Wasýa, okaýardyñ. Iñlis dili kursunda okaýardyñ. Köp okay. Ol kursam pulludy.
Wasýa özüni müýnli ýaly duýdy.
— Dikkensi asyl nusgasynda her kim okap bilmeýär ahyryn. Sen muny…
— Hawa — diýip, Mariýa Alekseýewna baş atdy. — Onsoñ, telewizor satyn aldym.
— Men şonda nirededim?!
— Şol ýerde, kursdadyñ. Dikkensi asyl nusgasynda okaýardyñ — diýip, aýaly ýylgyrdy.
— Krowat hem geýim saklanýan şkaf üçin puly meniñ ejem beripdi. — diýip, Wasýa hem ondan kem galmajak boldy.
— Dogry. Ol puly ynamly ellere, ýagny maña beripdi… Aşhanadaky goşlary bolsa praktikant studentler getirişipdi.
Ol äriniñ berjek soragyndan öñürtiläp dowam etdi.
— Sen şonda okaýardyñ. Ekskursowod bolmak üçin okaýardyñ. Seniñ şäherlere syýahat edesiñ gelýärdi… Onsoñ men şu häzirki oturan diwanymyzy satyn aldym.
— Men şonda işleýärdim-ä — diýip, Wasýa garşylyk görkezdi.
— Hawa, işleýärdiñ. Ekskursowoddyñ. Suzdal şäherinde bir ýyllap bolupdyñ… Onsom oturgyçlary satyn aldym.
— Men şonda nirededim — diýip, Wasýa sorady.
— Sen okaýardyñ. Dilewar bolmak üçin okaýardyñ — diýip, aýaly kesä bakdy.
— Men şonda dogrudanam okaýardym — diýip, Wasýa seslendi.
— Sen şonda hiç ýerde okañokdyñ. Gije-gündiz Nina Gorohowalardan çykmaýardyñ.
— Maşa — diýip, Wasýa boýnuny burdy. — Men nalajedeýin ekenim, bikär ekenim. Adam däl ekenim. Kow, meni kow. Kow, Maşa, sen meni näme üçin saklaýañ.
— Mebel hökmünde saklaýan — diýip, Mariýa Alekseýewna uludan demini aldy.

Lidiýa PLOTNIKOWA.

Terjime eden: Dädebaý AMANOW.

«Edebiýat we sungat» gazeti, 1986. Satiriki hekaýalar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle