|

Öz toýumdan ähli toýlara degişli reportaž

Öz toýumdan ähli toýlara degişli reportaž ÖZ TOÝUMDAN ÄHLI TOÝLARA DEGIŞLI REPORTAŽ

Bir görseň – erteki, bir görseň matal:
Ogluňa murt çykyp, bitendir sakal.
Sähedin alarsyň, toýun bellärsiň.
Şo günden başlanar:
«Äkel! Äkel! Äkel!..»

Toýuň serenjamyn edýänçäň tükel,
Dört eliň bolmasa, ýetişmez iki el.
Keýwanyň daň bilen oýadar ýene:
– Jir ýagdan çykypdyr.
Dikel! Jir äkel!

– O niçiksi jirmiş?
– Düwünçeklik jir.
Güllüje matadyr… büjür, büjür, büjür.
Wah, büjür-büjüriň bar bolsun seniň,
Büjür-büjür däl ol,
Ejir eken, ejir!

Ertirden agşama ýekänme-ýekän,
Sökersiň paýtagty dükanma-dükan.
– Agam, büjür-büjür jir gerek maňa!
– Jirem ýok, büjürem…
– Wah, nirde barkan?

Ylgarsyň. Selpärsiň. Tapmarsyň derek.
Teý-ahyr bir dostuň ýetirer kömek.
Jiriň nämedigin bilmekçi bolsaň,
Şeýdip mahal-mahal
Toý tutmak gerek.

Ak jirden tümmekläp giden eýwany,
Diýersiň hekgerip: «Nätdi keýwany?!
– Ýene segsen çäýnek, ýüz tabak gerek!
– A-haw, aç öldürdiň,
Uzat çaý-nany!

Çig suw bilen ýuwdup bir döwüm çörek,
Bir dükana ýetip, çekersiň aýak.
– Näme gerek, agam?
– Maňa-ha, uýam,
Segsen çäýnek bilen
Ýüz tabak gerek.

Ýüzüňe aňkarar eýjejik gelin.
Dodakdan çykarar pökgüje dilin.
– Agam jan,
nireden,
gökden düşdüňmi?..
Jygyllyk tarapa uzadar elin.

Ertesi ýüz tabak, segsenem çäýnek
Gapyňda düzüler misli bir kenek.
Gap-gajyň mesgenin öwrenmek üçin
Şeýdip aram-aram
Toý tutmak gerek.

Toýuň serişdesi düzeler kem-kem.
Geriler çadyrlar, bellener hekem.
Ertir şol hekemleň iň ýagşysynda
Saçakbaz daýzalar
Maýa dek çöker –

Düwüler düwünçek. Dolanar saçak,
Käbiri owunjak. Käbiri goçak…
(Uzak gürlejek däl düwünçek hakda,
Ol hakda bir şygry ýörite ýazjak).

Toýa üç gün galar. Bişirler çörek.
Çörek diýen zada gerekdir kömek.
«Goňşy – kyýamat gün gerek! – diýlipdir.
Wah, üýşüň, goňşular,
Siz şu gün gerek!

Dykylar haltalar, ýugrular hamyr,
Ejiz bolsaň – hamyr
omzuňy omyr.
Emma her birisi at dek gelinler
Hamyry görende jylawyn gemir.

Biri elguş bolup
Hamyry kerter,
Biri torguş bolup
Dikeçlär, dürter.
(Çyn erkek kişiler bulary görse –
Hem dözmez,
hemem buýsanjy artar),

Kyrk gradus bolsa howlynyň daşy,
Segsendenem geçer tamdyryň başy.
Emma tamdyrdanam gyzgyn ýürekler
Hüjüme geçerler gyzgyna garşy.

Ýalyna çawlanar mermer dek bilek,
Repideden geçer ýüz tamdyr çörek.
Gelinleň kimdigin tanamak üçin
Şeýdip käte-käte
Toý tutmak gerek.

«Nahar taýýar!» diýip, gygyrar aşpez
Aşpez gygyrdymy – gutarar boş söz.
Hemmeleň maksady hyzmat etmekdir,
Gep-gybat
hiç kesiň ýadyna düşmez.

Bir elde tabakdyr, bir elde petir –
Goňşular gününi hyzmatda ötir.
Çadyryň ýanynda
öz daýzaň weli
Zülpün tüýkülikläp,
sülmürär otyr.

Sülmürärçe bardyr: duran bir melek.
Towlanyp, näz satar hyzmata derek.
Daýzalaň näzini öwrenmek üçin,
Şeýdip ýygjam-ýygjam
Toý tutmak gerek.

Gün giçlär. Gyzyşar komsomol toýy.
Arzuwlar aýdylar goýydan-goýy.
Kelle gyzdygyça – şowhun köpeler.
Toýdur. Çakyn bilseň – şowhunam gowy!

Hiç kim şowhunyňdan gözlemez telek.
(Has şowhunly ýere – aýlaýgyn çäýnek!)
Resmiligi az-kem unutmak üçin
Şeýdip mahal-mahal.
Toý tutmak gerek.

Arzuwa goşulyp Nurýagdy Tokga,
Pyragydan başlar gözellik hakda.
Iki ýüz ýyl ozal söýülen Meňli
Ýene uz ýörişläp mele toprakda,

Golun dişläp geçer ýene bir gezek.
Beý diýmek – gözellik bakydyr diýmek,
Gözellik waspyny ýetirmek üçin
Şeýdip ýygy-ýygy toý tutmak gerek.

…Daň atar. Täzeden başlanar toýuň.
Gelniňe baş salyp, gurarlar oýun.
Şo günden adyňa «Gaýyn» dakarlar,
Hem alarsyň,
hemem almarsyň boýun.

Toba!
Şunça ýaşda misli bir bäbek,
Hem gülüp, hem aglap, tarsyldar ýürek.
Täze ada endik etmeklik üçin
Ýene näçe gezek
Toý tutmak gerek?!

Kerim GURBANNEPESOW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle