Öz-özüň bilen söhbet (- we +)
Öz-özüň bilen söhbet (- we +)

— Ýakynyň kalbyňa agyr ýük bassa,
Kesilse owazy tarlary ýolnup,
Öňem sal-sal ruhuň dönmezmi hassa?
Gezermiň, ne öli, ne diri bolup?
+ Öz etiňi özüň iýýänlerden sen,
Zat diýmeseň, gemirjeklerden süňkem.
Bolany aňyňda çişirip kem-kem,
Ýüküň ýüregiňe sygman dur belkem?
— Galsa armanlaryň berç bolup içde,
Köňlüň hasrat düşelgesi bolmazmy?
+ Köňül gülleriň bar, gunçalap gitjek,
Muňa şükür has haýyrly bolmazmy?
— Şübhesiz ynamyň puçluga çyksa,
Dury seriň goýy duman almazmy?
+ Kalbyňdaky günüň nuruny saçsa,
Ol dumandan nam-nyşan bir galarmy?
— Ýamalarňy gizläp, özge gözlerden,
Hiç ýazgarman günäsini ötermiň?
+ Onda köýnek geýip, otly közlerden,
Gahar edip, başyň alyp gidermiň?
+ Bozmak aňsat, kyn bolsa-da düzüp gör.
Kislota deý iýip barsa-da sözler,
Gitmäge wagt bolar, a sen galyp gör.
Sabyr etseň, belki, bar zat düzeler.
Oguljan BÄŞIMOWA. Goşgular