Öz-özümi ýigrenýän…
Öz-özümi ýigrenýän…
Öz-özümi birazajyk ýigrenýän:
galpyñ galplygyny ýüzüne basman.
Diýjegmi diýmän,
dişimi gysýan.
Öz-özümi birazajyk ýigrenýän:
käte-käte kişi gepine gidip.
Soñam jibrinýän,
müñ puşman edip.
Öz-özümi birazajyk ýigrenýän:
maýda öýke-kine saklap köñülde.
Dik kamatym egrelýär
tobañ öñünde.
Öz-özümi birazajyk ýigrenýän:
meniñ üçin özge azara galsa.
Göwräm özün eýgermän,
Ile ýük bolsa.
Ýör, dost toýuna baraly.
Arma bereli.
Başy beýgeler.
Elbetde, mensizem,
Sensizem
Toýy bir özi eýgerer.
Ýör, dost ýasyna baraly,
Ýañy şatlygnyñ ýarsyna şärikdik,
Indi derdiniñ barsyna
şärik bolaly.
Sensiz geçmesin ýasy,
Mensiz geçmesin ýasy.
Ol bir başa per bermez,
Derdi bir özi eýgermez.
Gowşut ŞAMYÝEW,
Türkmenistanyñ Halk ýazyjysy. Goşgular