Öz-özüme hat
Öz-özüme hat

Aýdaýyn saňa,
ähli ýazyşdyranyňdan
ahyrynda galar
— zat galsa eger –
diňe
ýeke
söz!
Belki, olam
familiýaň
bolar.
Ýöne, az däl bulam,
köpler atsyz-sorsuz
ölüp gidýärkä.
Şonuň üçin az görme muny –
ýeke täk
sözi.
Dogrusy, olam
ahyr soňunda
goşular gider
başgalar bilen,
deňze garyşan
damjajyk ýaly.
© Ýan RYBOWIÇ
Terjime: © MANGO
***
ПИСЬМО САМОМУ СЕБЕ
Говорю тебе,
от всей твоей
писанины
останется в конце концов
– если вообще что-то останется! –
одно
только
слово!
Возможно,
это будет
просто твоя
фамилия.
Но и это очень много.
Масса людей
умирает анонимно.
Так что это совсем немало –
одно
слово.
Хотя в конце концов
и оно
сольётся
с другими,
как капля
с морем.
© Ян РЫБОВИЧ
Çeşmesi: https://edebiyat.clan.su/news/oz_ozume_hat/2023-04-06-875. 06.04.2023ý. Goşgular