Öz-özüme 10 sowal

Öz-özüme 10 sowal

(ylmy-fantastika we beýlekiler hakynda)

1. Terjimeçi elmydama okyja başganyň oý-pikirini, dünýägaraýşyny ýetirýär. Onda öz pikirini, nukdaýnazaryny beýan etmäge isleg döreýän wagty bolýarmy?

Hawa. Hut şonuň üçinem men häzir öz-özüme sowal berip, oňa-da jogap gözläp otyryn.

2. Pikiriňi beýan etmek üçin öz-özüňe sowal berip oturmak nämä gerek? Onuň üçin žurnalistikada başga-başga žanrlar hem kän. Meselem, interwýu bermek…

Dogry, interwýu bermek arkaly hem garaýyşlaryňy beýan etmek bolýar, munuň özi adaty zat. Interwýu alýan žurnalist özi üçin, okyjy üçin gyzyklydyr öýden sowallaryna jogap almak isleýär, ýöne bu onuň öz pikiri. Näme hakynda aýtsa okyja has gyzykly, has peýdaly boljakdygyny interwýu berýäniň özi gowy bilýärmikä diýýän, başgaça aýtsam, žurnalist öz respondentiniň, ýagny söhbetdeşiniň jogap bermek isleýän sowallaryny bilmeýär. Özüň özüňden «interwýu» alsaň welin, hezil, beýle mesele asla ýüze çykanok. Galyberse-de, adam ömürboýy öz-özüne sowal berip gezýär, ol sowallaryna jogap gözläp ömrüni ötürýär. Aslynda, adam ömrüniň many-mazmuny hem şol öz öňünde keserdip goýan sowallaryna jogap bermek.

3. Her näme diýseňizem, entek özünden özi interwýu alyp oturany göremzok…?

Men diňe bir terjimeçi däl, eýsem-de, žurnalistem. Žurnalistiň terjimeçiden interwýu alanyny görensiňiz ahbeti.

4. Biz interwýuny diňe bir mysal hökmünde getirdik. Žurnalistikada pikiriňi beýan etmek üçin başga-da näçe diýseň žanr bar.

Žurnalistikanyň nazaryýetine girişmeli bolsak, onda, bilşiňiz ýaly, ähli žanrlary, esasan, 3-topara bölýärler: habar beriş, seljerme beriş, çeper-publisistik žanrlar. Habar berşi aradan aýralyň, çünki onda, adatça, žurnalist diňe faktlary we wakalary bitarap beýan etmeli, ýagny onuň şol waka hakynda öz garaýyşlaryny aýtmagy bu topara bildirilýän talaplara laýyk gelmeýär. Diýmek, seljerme beriş hem çeper publisistik žanrlar galýar. Bu žanrlar boýunça ýazmak hem ozal görmän ýören zadym däl, ýöne nämüçindigini bilemok, häzir şu görnüşde ýazmagy göwnüme jaý gördüm. Onsoňam nämedir bir zady haýsydyr bir žanr boýunça ýazmaly, eýlägem-beýlägem çykmak bolanok diýlip, daşa ýazylan ýaly düzgün ýok. Aslynda, çeper döredijilige-de, žurnalistika-da nähilidir bir çäk goýup bolmaýar, eger-de şeýle çäk goýulsa, onda ol görnüş taýdanam, mazmun taýdanam köp zatlary ýitirer. Şeýle çägiň ýoklugy sebäpli hem çeper döredijiligiň žanr taýdan baýlaşmagy bolup geçýär, täze-täze žanrlar ýüze çykýar.

5. Diýmek, öz-özüň bilen söhbetdeşligi hem žanrlaryň täze bir görnüşi hasaplamak mümkin-dä onda?

Ahmal!

6. Siz bilen çeper terjime barada, has takygy, ylmy-fantastika žanrynda ýazylan eserleriň terjimesi barada pikir alyşmakçydyk. Dogrudanam, siziň terjimeleriňiziň aglabasy başdangeçirmelerdir ylmy-fantastika degişli. Bu «Dünýä edebiýaty» žurnaly tarapyndan size berlen tabşyrykmy ýa özüňiz şeýle eserleri terjime edeniňizi gowy görýärsiňizmi?

Dogrusyny aýtsam, meniň terjimeçi bolmagyma-da, umuman, žurnalistika, döredijilik bilen meşgullanmagyma-da şu žanrlarda ýazylan eserler sebäp boldy diýsem, hakykatdan daş düşmesem gerek. Orta mekdebiň 7-nji synpynda okaýan döwürlerim rus dilinde ýazylan Žýul Werniň «Kapitan Grantyň çagalary» atly meşhur romanyny okamaga çytraşyp ugradym. Aslynda, dil öwrenmegiň iň netijeli usuly gaýry dillerde ýazylan çeper eserleri okamak, bu hiç hili subutnama talap etmeýän hakykat. Men muňa şonda göz ýetirdim. Ugurly düşünmesemem sözlükden peýdalanyp, az-owlakdan, günde bir sahypadan-ýarym sahypadan okaýardym. Düşünmedik ýerlerimem kä kakamdan, käte bolsa Lidiýa Wasilýewna Poltorak diýip rus dili mugallymymyz bardy, şondan sorap, garaz, okaýardym. Başga sorara adamam ýokdy obada. Lidiýa Wasilýewna hem bize rusça öwretdimi ýa biz oňa türkmençe öwretdikmi, bu-da jedelli. Pahyr, soňabaka türkmençä ökdeläp, Magtymgulyny okap ýören boldy. Pylan diýip biljek däl, ýöne onuň özem terjimeçilik bilen meşgullandymyka diýýän. Okadyş usulam özboluşlydy. Sapaga gelende ýany bilen ep-esli kemput äkelerdi. Synp tagtasyna rus dilinde bir sözlem ýazardy. Şony kim türkmençä gowy terjime etse, bir goşawuç süýji bererdi. Häzir näme, bolçulyk, süýjiňe aldanjak çaga ýok. Ýeri gelende aýtsak, häzirem öz işlerine özboluşly usullary ornaşdyrýan, täze-täze usullary bilim ulgamyna girizýän mugallymlarymyz az däl. Hälki gürrüňimize gaýdyp gelsek, şol mahallar «Mydam taýýar» gazetinde türkmen deň-duşlary bilen dostlaşmak isleýän başga respublikalaryň çagalarynyň salgysy çap edilýärdi. Meniň özümem russiýaly, ukrainaly, estoniýaly deň-duşlarym bilen hat alyşýardym. Hatda ýazylýan zatlar hem «pylanyň ýazan pylan kitabyny okadyňmy?» diýen ýaly sözler. Onsoň näme, olaň ýanynda bilimli görünjek bolup, okarsyň-da atly ýazyjylaryň kitaplaryny. «Tom Soýeriň başdan geçirenleri», «Geklberri Finniň başdan geçirenleri», «Kapitan Wrungeliň başdan geçirenleri», «Baron Mýunhauzeniň başdan geçirenleri», bu sanawy näçe uzaltsaň uzaldyp oturmaly. Indi «Dünýä edebiýaty» žurnalynyň «Başdangeçirmeler dünýäsi» sahypasynda öz terjime eden ylmy-fantastiki eserlerim çap edilýär.

7. Ylmy-fantastika žanrynyň okyjynyň dünýägaraýşyny baýlaşdyrmakda nähili ähmiýeti bar?

Örän uly ähmiýeti bar, çünki ylmy-fantastika žanrynda ýazylan eserler okyjyny diňe bir çeper edebiýaty okamaklyga imrindirmän, eýsem-de, ylmyň dürli pudaklaryna aralaşmaga hem mümkinçilik berýär. Okyjy bu eserleri okanda dartgynly wakalaryň jümmüşine girip, biologiýa, himiýa, fizika… ýaly derslerde öwredilýän sapaklary özleşdirýändigini özi hem duýman galýar, çünki bu eserleriň gahrymanlary öz ýüzbe-ýüz bolan kynçylyklaryny hut ylmyň gazananlaryny ulanmak arkaly ýeňip geçýärler. Biz okuw kitaplaryndan, gollanmalaryndan öwrenenimizde tiz ýadaýarys, sebäbi olarda düşünjeler ylmy taýdan beýan edilýär, bu bolsa öz-özünden olaryň diliniň agyr, özleşdirilmesiniň kyn bolmagyna getirýär. Diňe okuwçydyr talyplar, olaryň mugallymlary ýa öz işi şol derse gönüden-göni dahylly adamlar bolaýmasa, eline fizika ýa himiýa kitabyny alyp, dünýäni unudyp, okap oturan adamlara kän gabat geläýmersiňiz. Emma Žýul Werniň «Ýeriň daş-töweregine 80 günde», «Zemin jümmüşine syýahat», «Sütükliler ýurduna syýahat ýa-da ýüzýän adadaky başdangeçirmeler», Artur Konan-Doýlyň «Marakotyň çuňňuly», Wladimir Obruçewiň «Plutoniýa»… ýaly kitaplaryny okamaga bir başlan adam soňra olary elinden düşürenok. Özüm terjime eden bolsamam, olary mahal-mahal gaýtadan okaýan. Her gezek okanymda hem özüm üçin nähilidir bir täzelik tapýan.

8. Okyjylar fantastika diýlende, hakykat ýüzünde bolup bilmejek howaýy toslamalary göz öňüne getirýärler hem-de ýazyjynyň «aýagyny ýerden üzýändigi» sebäpli eseri ýüreklerine ýakyn saýmaýarlar, olar durmuşy eserleri okanlaryny kem görenoklar. Bu hakda näme aýdyp bilersiňiz.

Okyjylaryň aglabasy beýle däldir, tersine, bu žanrdaky eserleri okamaga höwes bildirýänler has kän, ýöne näme, ilçilik, siziň aýdýanlaryňyz ýalysam bolup biler. Şeýle okyjylar «ylmy-fantastika» žanry bilen «fentezi» žanryny garyşdyrýarlar. Ýazyjy «ylmy-fantastikada» däl, «fentezide» «aýaklaryny ýerden üzýär». «Ylmy fantastikada» ol diňe ylma daýanýar, ylmy zatlary beýan edýär, öwredýär. Ýöne näme, okyjylaryň arasynda gyzykly ylmy açyşlardan bihabarlary az däl, onsoň olar şeýle zatlar ýazylsa «çypdyrmagyňam çaky bor-a, bu-ha aýagyny ýerden üzdi» diýişýärler. Ynha, men häzir okyjylara «sözüň göçme manysynda däl, hakykat ýüzünde düýnki güne geçip bolýar» diýsem, olar ör-gökden geler, «bu-ha terjime edýän ýazyjylaryndanam geçiripdir» diýip, güljeklerem tapylar. Emma bu hakykat, aýdalyň, siz Ýaponiýanyň paýtagty Tokiodan aýyň 12-sine ABŞ-nyň San-Fransisko şäherine uçsaňyz, ol ýere aýyň 11-ne gelip gonarsyňyz hem-de birnäçe sagatlap düýnki günde — eýýäm ýaşap geçen günüňizde gaýtadan ýaşap bilersiňiz. Bu näme üçin beýle bolýar? Ony geografiýa, fizika, astronomiýa derslerini öwrenmek arkaly hem bilse bolýar, ýöne Žýul Werniň «Ýeriň daş-töweregine 80 günde» romanyny okasaňyz welin, siz muňa aýdyň mysallaryň üsti bilen göz ýetirersiňiz, üstesine hem, şunuň ýaly başga-da kän-kän gyzykly zatlary öwrenersiňiz. Öwrenmek üçin kelle agyrdyp oturmalam bolmarsyňyz, nädip öwreneniňizi, hatda özüňizem duýman galarsyňyz, ynanaýyň şuňa!

9. Siziň durmuşy eserleri terjime edeniňizden ylmy-fantastiki eserleri terjime edeniňizi kem görmeýändigiňizi çürt-kesik aýdyp boljakda onda?

Zol-zol durmuşy eserler diýip ýanjadyňyz durduňyz. Kim aýdypdyr, ylmy-fantastika durmuşy däl diýip?! Ylmy-fantastika žanrynyň eserleri ýöne-möne hem däl, barypýatan durmuşy eserler. Onda-da şatlygam, hasratam, duşuşyklaram, aýralygam bar. Öň bir ýazyjy «söýgi bilen ýigrenjiň arasy bir garyş» diýen bolsa, ylmy-fantastikada olaryň arasy ondanam ýakyn. Munda-da okyjy gahrymanlary bilen bile ýaşaýar, olaryň şatlygyna şatlanýar, hesretine gyýylýar, olara guwanýar, meňzemek isleýär. Gaýtam, ylmyň kömegi bilen bu žanrda inçe duýgular has ýiti beýan edilýär. Onsoňam men diňe ylmy-fantastika ýa başdangeçirmeler diýip duramok, haýsy eseri gyzykly görsem, terjime etmek üçin göwnüme jaý hasaplasam şony hem terjime edýän.

10. Beýleki žanrlar boýunça hem terjime edýän bolsaňyz, belkem, olar hakynda hem kelam agyz aýdarsyňyz…

Ýene bir gezekde olar hakynda hem gürrüň etsek edäýeris. Häzir başga ugra geçip durmaly. Aslynda, redaksiýa maňa ylmy-fantastika žanrynyň ähmiýeti, aýratynlyklary hakynda material taýýarlamagy tabşyrdy, žurnalist bilen terjimeçini gürleşdirip oturmagymyň düýp sebäbi hem şonda. Redaksiýanyň tabşyrygyny näderejede ýerine ýetirendigimi aýdyp biljek däl, ýöne şu kysmy ýazmagy öz göwnüme jaý gördüm.

Öz-özi bilen söhbetdeş bolan žurnalist hem terjimeçi

G. MÄMMETSÄHEDOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymy
image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle