Öz­leş­di­ril­me­dik sa­pak­la­ryň ýur­dun­da (2 bolum)

Öz­leş­di­ril­me­dik sa­pak­la­ryň ýur­dun­da (2 bolum)

Li­ýa GE­RAS­KI­NA,
rus ýa­zy­jy­sy

(Soňy. Başlangyjy žurnalyň geçen sanynda).

HÖKÜM

JEZALANDYRMAK BOLMAÝAR GÜNÄSINI GEÇMEK.

— Jezalandyrmak bolmaýar! Günäsini geçmek! Heýjanelek! Gowudygyny! Gör, nähili rehimdarlyk! Ajaýyp! — diýip, Ýüzlenme begenjinden uçaýjak boldy.

— Jezalandyrmak bolmaýar diýip pikir edýäňizmi? — diýip, Sorag belgisi sorady. Ol çykarylan höküme şübhelenýän bolara çemeli.

Olar näme hakda gürleşýärler? Kimi jezalandyrmaly? Menimi? Olaryň näme hukugy bar? Ýok, ýok, bu bir ýalňyşlyk bolmaly!

Emma Otur içigaraçylyk bilen maňa seredip:

— Dyngy belgiler höküme nädogry düşünýärler. Seni jezalandyrmaly, bagyşlamaly däl. Ine, muňa şeýle düşünmeli.

— Näme sebäpden jezalandyrmaly? Näme üçin? — diýip gygyrdym.

— Sowatsyzlygyň üçin, ýaltalygyň hem-de ene diliňi bilmeýäniň üçin.

— Bärde aýdyň ýazylypdyr-a: jezalandyrmak bolmaýar.

— Bu adalatly däl! Biz arz ederis — diýip, Kuzýa Oturyň guýrugyndan ýapyşyp gygyrdy.

— Ah! Wah! Gör, nähili elhençlik! Men çydap bilmerin! — diýip, Ýüzlenme zarynlady.

Ýüregime gorky aralaşdy. Okuw kitaplarym meniň hötdämden geldiler öýdýän! Söz berlen kynçylyklar, ine, şeýleräk başlanypdy. Adam entek töweregine garap, nämäniň nämedigine doly düşünip ýetişmänkä, al saňa gerek bolsa, göni jezalandyrmak üçin höküm çykaraýýalar. Bärde isleseň-islemeseň, öz günüňi özüň görüp, özüň baş alyp çykmaly. Hiç kime arz edip bolanok. Bärde seni ne eneň-ataň, ne-de mugallymlaryň, asla hiç kim goranok. Polisiýadyr kazy hem, elbetde, bu ýerde ýok.

Ýüzlenme galamlary döwüşdirip, hemişe nähilidir bir ümlükler bilen gygyryp ýördi. Gözlerinden gözýaşlar dynuwsyz syrygyp durdy.

Sorag Otura azar berip başlady:

— Indi siz bu ejizje oglana hiç hili kömek edip bilmersiňizmi?

Her näme diýseňem, bu dyngy belgiler örän mylaýym oglanlar!

Otur azajyk egreldi, soň bolsa ähli zady düzetmegiň her kimiň öz elindedigini aýtdy. Men kararda otury dogry goýmagy başaryp, özümi halas edip bilerin.

— Goý, ol oturyň nähili many aňladýandygyny bir bilsin. Otur adamyň ömrüni hem halas edip bilýär. Indem, eger isleýän bolsa, goý, Perestukin özüni halas etmäge çalyşsyn — diýip, kempir gopbamsyrap gepledi.

Otur elini çarpanyndan, diwarda äpet sagat peýda boldy. Sagadyň dilleri on ikä bäş minut bar diýip görkezýärdi.

— Pikirlenmäge bäş minut. Sagat laýyk on ikide otur ýerinde goýlan bolmaly. Sagat on ikiden bir minut geçse-de bolanok — diýip, kempir şerti düşündirdi. Ol elime ullakan galamy tutduryp, «Bir» diýip gygyrdy.

Sagatlar şo wagtyň özünde gaty-gaty urlup, wagt tutmaga başladylar. «Jyk-jyk, jyk-jyk, jyk-jyk». Sähel salym geçip-geçmänkä eýýäm bir minut ýom-ýok. Bary-ýogam bäş minutjyk.

— Sorag barmy? — diýip, Sorag sesini sandyradyp sorady.

— Bar. Otury nirede goýmaly? — diýip, begenip ondan soradym.

— Wah! Ony özüň bilmeli! — diýip, Ýüzlenme zörledip goýberdi.

Kuzýa Oturyň ýanyna ylgap baryp, ýalbarmaga başlady.

— Kömek edäý-dä, şo nälet siňen otury nirede goýmalydygyny aýdaý-da. Senden adam ýaly haýyş edýän, kömek et!

— Kömek et diýýäňmi? Düýbünden bolanok! Bärde kömek etmek gadagan!

Sagat durman jykgyldaýardy. Wagty görüp doňup galypdyryn. Olar eýýäm üç minuty kakyp ýetişipdirler.

— Çagyr Geografiýany kömege. Sen ölümden gorkaňokmy? — diýip, Kuzýa möňňürip aglady.

Wah, näler gorkýan-la. Emma gorkup ýörsem, özümdäki erki nädip berkitmeli? Men howpdan gorkup ýörmän, ony ýeňmegi başarmaly ahyry. Eger häzir yza çekilsem, soň ony ýene nireden tapaýyn? Ýok, bu hereket maňa düýbünden gelşenok. Hiç kimi kömege çagyrmak gerek däl. Ýeri onsoň, çagyrypdyrynam-da, Geografiýa näme diýeýin? Salam, hormatly Geografiýa! Bimaza edenim üçin bagyşlaň! Ýöne men azajyk gorkaýdym-da, düşünýäňizmi?

Sagadyň dili jykgyldap durdy.

— Çaltrak bol, oglanjyk! Wah! Ah! Bary-ýogy iki minutyň galanyny bilýäňmi? — diýip, Ýüzlenme howsalaly sorady.

Kuzýa myrlap, dyrnaklary bilen Oturyň köýneginiň eteginden ýapyşdy.

— Sen oglanjygy heläklemek isleýäňmi? — diýip, gazaply jibrindi.

— Ol muňa mynasyp — diýip, kempir pişigi itip goýberdi.

— Men indi näme etsemkäm? — diýip, atanlykda daşymdan gürläpdirin.

— Pikirlenmeli! Oýlanmaly! Ah! Wah! Pikirlenmeli! — diýip, Ýüzlenme janykdy. Onuň gamgyn gözlerinden gözýaş paýrap dökülýärdi.

Gowy pikir — oýlanmak. Her niçik-de bolsa, men synanyşyp görmeli diýen karara geldim.

— Jezalandyrmak bolmaýar günäsini geçmek…

Eger otury «jezalandyrmak» sözünden soň goýsam: «Jezalandyrmak, bolmaýar günäsini geçmek». Diýmek, günäsini geçmek bolmaýar bolar. Bolmaýar?

— Ah! Wah! Betbagtçylyk! Günäsini geçip bolmaýar! Jezalandyrmak! Ah! Wah! — diýip, Ýüzlenme zörledip aglaýardy.

— Jezalandyrmak? Ýok, bu bize gerek däl — diýip, Kuzýa murtlaryny towlady.

— Oglanjyk, bary-ýogy bir minutyň galanyny göreňokmy? — diýip, gözleri ýaşdan balkyldap duran Ýüzlenme sorady.

Iň soňky ýekeje minut. Soň näme bolar? Gözlerimi ýumup, beýnime agram saldym.

— Eger otury «jezalandyrmak bolmaýar» diýen jümleden soň goýaýsam, nähili bolarka? «Jezalandyrmak bolmaýar, günäsini geçmek» bolar. Ine, bu tüýs maňa geregi! Çözüldi! Otury şu ýerde goýýan.

Men stoluň ýanyna baryp, karardaky «bolmaýar» sözünden soň, ullakan oturyň suratyny çekdim. Edil şo minutyň özünde-de sagat on ikiniň zaňyny kakdy.

— Heýjanelek! Ýeňiş! Hezillik! Ajaýyp! — diýip, Ýüzlenme begenjinden bökjekleýärdi, Kuzýa hem ondan galarly däldi.

Ýüzi nurlanan Otur mähirli sesi bilen söze başlady:

— Ýadyňdan çykarma, haçan-da, sen beýniň bilen pikirlenmegi başaranyňda, hemişe öz maksadyňa ýetersiň. Maňa gaharlanma, gaýtam, meniň bilen dostlaş. Meni öz ýerimde goýmagy öwreneniňden soň, men saňa hiç hili şowsuzlyk getirmerin.

Men otury dogry goýmagy öwrenjekdigime söz berdim.

Topjagazymyz ýerinden gozganyp başlady, Kuzýa ikimizem alňasadyk.

— Ýene görüşýänçäk, Witýa! Biz entek seniň bilen kitap gatlarynda, depder sahypalarynda duşuşarys! — diýip, dyngy belgiler yzymdan gygyrdylar.

— Meni doganym bilen çalşaýma! Men hemişe ýüzlenýärin! — diýip, Ýüzlenme gygyrdy.

— Meniň hemişe bir zatlar soraýandygymy ýadyňdan çykarmarsyň gerek? — diýip, Sorag belgisi sorady.

Top togalanyp, derwezeden aşdy. Bizem onuň yzyndan galmadyk. Yzyma garasam, hemmeler maňa gollaryny galgadyp durdular. Iň bärkisi, Işlik hem köşgüň penjiresinden seredip dur eken. Olara iki elimi hem galgadyp, Kuzýanyň yzyndan ýetmek üçin haýdap başladym.

Ýüzlenmäniň sesi uzak wagtlap eşidildi durdy. Ýöne az wagtdan ähli zadyň sesi galdy, köşk bolsa depäniň aňyrsynda gizlendi.

Kuzýa ikimiz topuň yzyndan galman, başymyzdan geçen ähli zatlar barada pikirlenip barýardyk. Geografiýany kömege çagyrman, özümi halas edip bilenime örän begenýärdim.

— Bu gaty şowuna boldy. Şuňa meňzeş bir waka ýadyma düşýär. Men dükanyň et önümleri bölüminde işleýän Troşka atly bir pişigi tanaýardym. Ol hiç haçan satyjynyň jomartlyk edip, bir lukmajyk oklaryna garaşmaýardy. Troşka öz aladasyny özi edýärdi, ol etiň jylkaja, iň datly ýerinden özüne hödür edýärdi. Ana, şo tanşym hemişe: «Öz aladaňy özüň etmeseň, başga hiç kimem etmez» diýerdi.

Kuzýanyň günüň dowamynda on sapar haýsydyr bir pişik barada gyzyksyz wakalary gürrüň bermek edähedi bardy. Ony bu ýaramaz endiginden saplamak üçin, adamlaryň hem-de haýwanlaryň arasyndaky dostluk barada gürrüň bermäge başladym.

Ynha, mysal üçin, Kuzýanyň özüni alalyň, ol men kynçylyga uçranymda özüniň wepaly dostlugyny subut etdi. Indi men oňa arkaýyn bil baglap bilýän. Özüni öwseler ýaraýan bolara çemeli, Kuzýa ýörap barşyna, myrlap başlady. Emma edil şo pursat: «Dostlugyň hatyrasyna iň soňky syçanymy bermäge-de taýýar» diýen Froska atly bir çypar pişik Kuzýanyň ýadyna düşdi. Ony bu ýaramaz endiginden saplap bolmajakdygyna aýdyň göz ýetirdim. Kuzýa — baş öwredip bolmaýan jandar. Hatda Zoýa Mihaýlowna hem onuň hötdesinden gelip bilmez. Degerlije bir wakany kakamdan eşidipdim.

— Pişiklerdir itler adamlaryň wepaly dostlaryna öwrüldi. Adamlar beýleki ýabany haýwanlaryň arasyndan nädip olary saýladyka? — diýip, Kuzýanyň pikirini bilmek isledim.

Bihaýa pişigim näme jogap berendir öýdýäňiz? Onuň pikiriçe, itleri adamlaryň özi saýlanmyş, şeýdibem ullakan ýalňyşlyk goýberenmiş. Pişikler bilen bolsa düýbünden başgaçamyş, ýagny adamlar pişikleri däl-de, gaýtam tersine, pişikler adamlary saýlanmyş.

Kuzýanyň gürrüňleri şeýle bir degnama degdi welin, esli wagtlap bir agyz gürlemän gitdim. Onuň bilen gürleşmegimi dowam etdiren bolsam, tebigatyň şasy adam däl-de, pişik diýip uly-uly gürläp, beter gaharymy getirerdi. Kuzýanyň edep-terbiýesine çyndan üns bermesem boljak däl. Näme üçin bu barada öň pikirlenmedimkäm? Otur belgisi maňa kellämi ulanyp bilsem, hemişe peýdasynyň degjekdigini aýdypdy. Çyndanam şeýle. Şo gezegem derwezäniň girelgesinde pikirlenip durşuma, kellämden çykyp giden kada ýadyma düşüp, maňa juda kömek edipdi. Elim galamly otury nirä goýsamkam diýip duran wagtymam peýdasy degipdi. Edýän hereketlerimi pikirlenipjik edenligim-de, belki-de, synpdan yza galmazdymam. Elbetde, munuň üçin sapakda atanak-nolluklary oýnap oturman, mugallymyň aýdýan zatlaryny diňlemeli. Näme men Žençikdenem akmakmykam? Men erkime erk edip, özümi ele alaýsam, ýylyň ahyryna çenli gowy bahalaryň kimde boljagy entek belli däl.

Meniň ýerime Katýa bolan bolsa, bu kynçylyklardan nädip baş alyp çykjakdygy gaty gyzykly-da maňa. Onuň meni Işligiň galasynda görmedigem gowy bolaýdy. Baý, gep-ä köp bolardy. Emma men bu ýurtda bolanyma gaty begenýän. Birinjiden-ä, indi men hemişe rus dilindäki «собака» hem-de «солнце» sözlerini dogry ýazmagy başararyn. Ikinjidenem, eýlä ýatsaňam, beýlä ýatsaňam grammatikanyň dürs ýazuw kadalaryny hökman öwrenmelidigine düşündim. Islendik ýagdaýda-da olaryň geregi çykyp durjak eken. Üçünjiden bolsa, dyngy belgiler, hakykatdanam, gerek eken. Ynha, mysal üçin, hiç ýerinde dyngy belgi goýulmadyk tutuş sahypany oka diýseler, ony hernäçe okasamam, o ýerde näme ýazylandygyna düşünip bilerdimmi? Dem alman okap-okap, demigip giderdim. Munuň nämesi gowy onsoň? Üstesine-de, şol okaýşym bilen köp zada düşünmän geçerdim.

Şeýdip öz-özüm içimi gepledip barýardym. Kuzýa bu zatlary aýtmagyň ähmiýeti ýokdy. Men şeýle bir pikire çümüpdirin welin, Kuzýanyň yssy howadan zeýrenip başlanynam aňmandyryn. Hakykatdanam, howa aşa gyzdy. Kuzýanyň göwnüni götermek üçin, aýdyma başladym, o bolsa alyp göterdi:

Biz şatlykly ýöreýäs,
Biz aýdyma hiňlenýäs.
Howply ýollardan geçip,
Kynçylyklary ýeňýäs.

Agzymyz gurap, aýdymyň yzyny aýdyp bilmedik. Gaty suwsadyk. Aýagymyzyň astyndaky otlar saralyp ýatyrdy. Epgekden ýaňa ýapraklar tüýdüge dönüpdirler. Ýer edil asfalt ýaly gatapdyr, her ýerde-her ýerde jaýrygam görünýärdi.

Şeýle bir suwsaýardyk, emma ýekeje çeşmejigem ýokdy. Kuzýa yssydan ýaňa halys bolupdy. Edil şu wagta ýekeje käse gazlandyrylan miwe şiresi üçin, dünýe malyny bermäge taýýardym. Hatda miwe şiresiz bolsa-da zyýany ýok. Emma ony diňe arzuw edip oňaýmasaň, başga alajyň ýokdy. Biz gurap galan derýanyň ugry bilen ýöräp barýardyk. Onuň düýbünde edil ýaga atylyp çykarylan ýaly, kakap ýatan balyklardan ýaňa ýer-ýurt ýokdy.

— Suw nirä sumat bolduka? Bärde çäýnekden, küýzeden, bedreden hijisi ýokmuka? Suw bilen bagly peýdaly, gowy zatlardan hiç zat ýokmuka? — diýip, Kuzýa lapykeç bolup, tekrar-tekrar sorady.

Men sesimi çykarman barýardym. Suwsuzlykdan ýaňa agzym kepäp, dilim diýen edenokdy.

Biziň topjagazymyz welin, şo-ol togalanyp barýardy. Ol ahyry gurap ýatan açyk meýdanda saklandy. Onuň ortarasynda gyşaryp giden agaç sömelip durdy. Boşlugyň daş-töwereginem gurap, garalyp giden agaçly tokaý gurşap alýardy.

Gözlerimi ýumdum, edil düýş ýaly Lýubaşa daýza göz öňümde janlandy. Ol köçämiziň burçunda gazly suw satýardy. Lýubaşa daýza elinde bir bulgur ülje şireli sowujak suwy saklap durdy. Wah, şol bulgur bolaýsady şu wagt! Goý, şiresiz bolsun, gazly bolmasa-da zyýany ýok… Bulgur dagy näme! Edil häzir-ä men tutuş bedräni hem boşadardym.

Duýman durkak, oturan baýrymyz gymyldap gitdi. Soň hasam güýçlenip, gaty-gaty yranyp başlady. Men:

— Ýapyş, Kuzýa — diýip, gygyryp-gygyrmankam, togalanyp aşak gaýtdym.

— Öz-ä bir depe diýjeksiň welin, bärde iň bärkisi şolaram akylyndan azaşan öýdýän — diýip, Kuzýa hüňürdedi. Biziň gulagymyza kimdir biriniň:

— Men depe däl, men düýe — diýen naýynjar sesi eşidildi.

Biziň «depämiz» aýaga galdy-da, silkinip üstündäki ýapraklaryny gaçyrdy. Seretsek, çyndanam düýe. Kuzýa şobada arkasyny tüňňerdip:

— Siz bi oglanjygy hem-de onuň wepaly pişigini iýmekçi bolýan-a dälsiňiz-dä? — diýip sorady.

Düýe bu soragy juda ýokuş gördi.

— Düýeler otlar, bedeler, ýandaklar bilen iýmitlenýär. Sen şonam bileňokmy, pişik? — diýip, ýaňsylap Kuzýadan sorady. — Size edip biljek ýekeje zyýanym bar — olam üstüňize tüýkürmek. Ýöne edil häzir-ä onam etmekçi däl. Düýe-de bolsam, menem suwsuzlykdan heläk bolup barýan.

— Haýyş edýän, heläk bolmaň, azajyk çydajak bolaýyň-da — diýip, biçäre düýä ýalbardym. Emma ol jogap bermäge derek, ýuwaşja zarynlady:

— Hiç kim suwsuzlyga düýelerçe çydap bilenok ahyry. Ýöne olaryňam halys ysgyndan gaçyp, suwsaýan wagty bolýar. Tokaýdaky jandarlaryň köpüsi eýýäm heläk boldy. Diri galan birlän-ikilän haýwanlar bar, emma olary haýal etmän halas etmesek, olaram heläk bolar.

Tokaý tarapdan zarynlaýan, iňleýän sesler gelýärdi. Biçäre haýwanjyklara şeýle bir nebsim agyrdy welin, özümiň suwsap oturanymy hem ýadymdan çykaraýypdyryn.

— Men olara azda-kände kömek edip bilerinmi? — diýip, düýeden soradym.

— Sen olary halas edip bilersiň.

— Onda haýal etmän eňeli tokaýa.

Düýe begenjinden ýylgyrdy, Kuzýanyň ýüzi bolsa açylarly däldi.

— Pikirlenip, onsoň gürle-dä. Sen olary nädip halas etjek? Aslynda, olar bilen näme işiň bar? — diýip, pişik nägilelik bilen pyşyrdady.

— Sen diňe özüňi bilýäň, Kuzýa. Olara hökman kömek ederin. Ine, düýe maňa näme etmelidigini aýdar, menem olary halas ederin. Sen bolsa, Kuzýa…

Kuzýanyň gelşiksiz hereketleri baradaky pikirimi aýtjak bolup durkam, gapdalymda bir zatlar ala-şatyrdy boldy. Eplem-eplem bolup gaňrylyp giden agaç guran şahalaryny göneldip, maňlaýy ýygyrt-ýygyrt, ýyrtyk köýnekli, hor kempire öwrüldi duruberdi. Onuň bulam-bujar saçlaryna guran ýapraklar çolaşypdyr.

Düýe tarsa ýerinden galyp, gapdala okdurylyp gitdi. Kempir Kuzýa ikimizi siňe synlamaga başlady. Ol ýogyn sesi bilen gygyryp, bizi gorkuzjak boldy, emma mende gorky-ürküden nam-nyşan ýokdy:

Asudalygy bozup,
Kim bu ýerde gygyrýar?
Eý, ýaramaz oglanjyk
Bärde näme işleýäň?

— Men Perestukin diýme, men Serokoşkin diý — diýip, Kuzýa gorkup pyşyrdady.

— Özüň Serokoşkin. Meniň familiýam Perestukin, men birjik-de öz familiýamdan utanamok.

Familiýamy eşideninden kempir şobada üýtgedi, iki eplenip ýylgyran boldy, emma öňküsindenem betgelşik göründi. Ine, birdenem ol meni ähli taraplaýyn öwmäge başlady. Ol-a öwýärdi, menem geň galýardym, düýe bolsa suwsuzlyga çydaman heläkdi. Kempir ýaşyl öwsüp duran tokaýy gurap galan çöle öwürmek üçin maňa Wiktor Perestukiniň hut özi kömek etdi diýýärdi. Hemmeler gurakçylyk bilen göreşýärdi, ýöne ýeke men Wiktor Perestukin onuň iň gowy dosty hem-de kömekçisi boldum duruberdim. Görüp otursak, men sapakda jadyly sözleri aýdypdyryn…

— Şeýledirem öýtdüm-le! Hojaýyn, sen bu gezegem zoňtar bir zadyňy aýdyp goýberensiň — diýip, Kuzýa gamlandy.

— Seniň hojaýynyň sapakda derýalardaky, köllerdäki, deňizlerdäki hem-de ummanlardaky bugarýan suwlar ýitirim bolýar diýip gürläpdir — diýip, düýe zarynlady.

— Suwuň tebigatdaky aýlawly hereketi! Zoýa Filippowna! Bäşinji ikilik! Hemme zat güpbe ýadyma düşdi.

Kempir ör boýuna galdy-da, iki elini bykynyna urup, ýogyn sesi bilen gürläp başlady:

Ýigrenji suw hemişelik
Ýitirim bolýar diýip,
Dogry aýtdyň oglanjyk.
Jandarlar heläk suwsuz.

Bu garantga näme üçindir diňe goşgy bilen gepleýärdi. Onuň sözlerinden soň hasam suwsap başladym. Tokaýdan ýene haýwanjyklaryň zaryn sesi eşidildi. Düýe ýanyma gelip:

— Sen suwsuzlykdan ejizlän haýwanjyklary halas edip bilersiň. Suwuň aýlanyş kanunyny ýadyňa sal, ýadyňa düşürmäge çalyş — diýip, gulagyma pyşyrdady.

Diliňde aňsat — ýadyňa düşür diýmek. Zoýa Filippowna ylaýyk bir sagatlap meni tagtanyň öňünde saklapdy, näçe saklanam bolsa, hiç zat ýadyma düşenok.

— Sen hökman ýadyňa düşüräýmeli! Sen sebäpli biz görgi baryny görüp ýörüs. Sapakda bor-bolgusyz zatlary gürlemedik bolsaň, şeýle bolmazdy.

— Nähili bidereklik! Sapakda aýdan sözlerim näme edip biler?

Kempir guran şahalaryny şatyrdadyşdyryp, ýene goşgy goşup gürlemäge başlady:

Gör, sözler näme etdi:
Bede otlar gurady,
Ýagyş-ýagmyr ýagmaz indi,
Haýwanlaram suwsuz indi.

Şaglawuklar gurap gitdi,
Güljagazlar solup galdy.
Bu maňa tüýs geregi,
Tebigatyň gury reňki.

Ýok, muňa çydar ýaly bolmady! Men, hakykatdanam, bolmasyz bir zatlar-a edipdirin. Nätsemem, şo aýlanyşygy ýatlamasam boljak däl. Onsoň şeýdip samyrdap bu kanuny ýadyma düşürmäge dyrjaşdym:

— Derýalaryň, kölleriň, deňizleriň ýüzündäki bugarýan suwlar…

Kempir suwuň aýlanma kanunynyň ýadyma düşäýmeginden howatyrlanyp, guran ýapraklar daş-töwerekde uçup, gaýmalaşyp ünsümi sowar ýaly, şahalaryny galgatmaga başlady. Öňümde şahalaryny bat bilen gaýmaladyp durşuna:

Men suwy ýek ýigrenýän,
Ýagşy hem halamaýan,
Gurap galan tebigaty,
Men şeýle bir gowy görýän — diýýärdi.

Başym aýlanyp başlady, öňküdenem beter suw içesim gelýärdi, emma men boýun synar ýaly däldim, başardygymdan ýatlamaga çalyşýardym.

— Suw bugarýar, soň buga öwrülýär, buga öwrülýär hem-de…

Kempir ýanyma ylgap geldi-de, öňümde ellerini galgadyşdyryp, bir zatlar pyşyrdamaga başlady:

Edil şu wagtyň özünde
Ähli zady ýatdan çykar,
Näme öwrenen bolsaň,
Baryn ýatdan çykar, çykar.

Şu kempir bilen näme hakda jedelleşip durdum-a? Näme üçin oňa gaharlanýardym? Hiç zat ýadyma düşenok.

— Ýatla, hany, ýatlajak bolsana! Sen gürläp ýatlap otyrdyň — diýip, Kuzýa yzky penjelerinde böküp durşuna, aladaly gygyrýardy.

— Näme hakda gürläp otyrdym?

— Buga öwrülýä diýip bir zatlar-a aýdyp otyrdyň…

— Hä-ä, hawa, bug! — Birden ähli zat ýadyma düşdi. — Bug sowap, suwa öwrülýär hem-de ýere ýagyş bolup düşýär. Ýagyş ýagýar!

Duýdansyz gara bulut asmany gaplap aldy, şobada ýere ullakan damjalar düşüp başlady. Damjalar has hem köpelip, daş-töwerek garaldy. Ýuwaş-ýuwaşdan baglardyr otlar gök öwsüp başlady. Derýanyň hanasyndan suw hezil edip şildiräp akýardy.

Şaglawuk gaýalaryň ýokarsyndan şaglap inýärdi. Tokaýdan haýwanjyklaryň hem-de guşlaryň şadyýan sesleri eşidilýärdi.

Üçümizem öl-myžžyk bolup ezildik. Biz zähresi ýarylan kempiriň daşynda tans edip, onuň egrem-bugram gulagynyň düýbünde gygyryp, begenip aýdym aýdýardyk:

Ýagyş, ýagyş ýag çaltjak!
Ýok bol, sen kempir-gurak!
Indi ýagyş köp ýagar,
Haýwanlar suwdan ganar!

Kempir birden bilini büküp, ellerini ýazdy-da, ýene guran töňňä öwrüldi duruberdi. Ähli agaçlaryň gök öwsüp duran ýapraklary göwnüňi göterýän owaz edýärdi. Diňe gurak kempir bir özi ýeke ýapraksyz somalyp durdy. Ýekeje ýagyş damjajygy hem onuň üstüne dammaýardy.

Tokaýdan haýwanjyklar ylgap gelip, derýa suwundan hezil edip gandylar. Towşanjyklar böküşip, togalanyp keýpden çykdylar. Tilkijikler çypar guýrujaklaryny bulaýlaýardy. Belkajyklar şahalardan şahalara bökjekleşýärdi. Kirpijikler topjagaz ýaly togalanýardy. Guşlar bolsa şeýle bir jürküldeşýärdiler welin, olaryň bir sözüne-de düşünip bolanokdy. Pişigime bolsa edil köşeşdiriji derman berlen ýaly, töwerekdäki ähli zatlara begenip ýördi.

— Içiň! Hezil edip suwdan ganyň! Ýagşy ýagdyran meniň hojaýynymdyr! Hojaýynyma şunça suwy almaga men kömek etdim. Içiberiň! Näçe içesiňiz gelse, içiň! Hojaýynym bilen bile siziň ähliňize hödür edýäs!

Tokaýdan gorkunç ses eşidilmedik bolsa, biziň näçe wagtlap şatlanjagymyz belli däldi. Guşlar zym-zyýat boldy. Haýwanlar şobada dumly-duşa pytraşdy. Diňe düýe galdy, ol hem gorkujygyndan titräp durdy.

— Halas boluň! Bu ak aýy. Ol azaşypdyr. Şu töwerekde aýlanyp, Wiktor Perestukine käýinip ýör. Gaçyň!

Kuzýa ikimiz haýal etmän tümmek bolup ýatan ýapraklaryň aşagynda gizlendik. Görgüli düýämiz bolsa ökje göterip ýetişmedi-dä.

Açyk meýdanda ullakan ak aýy peýda boldy. Ol arlap, agaçlaryň şahalaryny döwüşdirýärdi, yssa çydaman, bir zatlar diýip käýinýärdi. Onuň düýä gözi düşdi. Biz demimizem çykarman öl ýapraklaryň aşagynda hemme zady eşidip, görüp ýatyrdyk.

— Bu näme zat? — diýip, aýy arlap, penjesi bilen düýäni görkezdi.

— Bu bagyşlaň, men, düýe. Ot iýýän haýwan.

— Şeýledirem öýtdüm-le. «Küýki sygyr». Näme üçin sen beýle betgelşik doguldyň?

— Bagyşlaň. Indi gaýtalanmaz.

— Demirgazygyň nirede ýerleşýändigini aýtsaň, bagyşlaryn.

— Demirgazygyň nämedigini düşündirseňiz, uly höwes bilen kömek ederdim. Ol tegelekmi ýa uzynmy? Gyzylmy ýa ýaşylmy? Ysy nähili, nämäň tagamy bar?

Ak aýy düýäniň hoşamaýlygy üçin sagbolsun aýtmakdan geçen, gaýtam arlap, onuň üstüne topuldy. Uzyn aýaklary bilen güýjünde baryny edip, düýe tokaýa tarap gaçdy. Bir minutyň içinde ikisem gözden ýitdi.

Biz tümmek bolup ýatan ýapraklaryň aşagyndan çykdyk. Top haýaljakdan hereketlenip başlady, bizem onuň yzy bilen gidiberdik. Gödek aýy zerarly düýe ýaly gowy dostumyzy ýitirenimize gynanyp barýardym. Emma düýe Kuzýanyň ýadyna-da düşenokdy. Ol entegem şol suw üçin, öwünip gidip otyrdy. Men onuň ýaňramalaryny diňlemän, pikirlenip barýardym. Tebigatda suwuň aýlanyşygy, gör, näme eken. Suw çyndanam hiç ýere zym-zyýat bolanok. Ol ýöne buga öwrülýär, soň bolsa sowap, ýagyş bolup ýene ýere düşýär. Eger ol düýbünden ýitirim bolaýsa, Gün ýuwaşjadan ähli zady guradyp, adamlar, haýwanlar hem-de ösümlikler gurap heläk bolardy. Gurap galan derýanyň düýbündäki balyklar ýadyňyzdamy? Ana, şolar ýaly. Diýmek, Zoýa Filippowna maňa ikiligi dogry goýupdyr. Gülkünç ýerem, ol sapakda-da şo zatlary aýdypdy, bir gezek aýdybam goýman, kän gaýtalapdy. Näme üçin men hiç zada düşünmändirin, ýadymda saklamandyryn? Sebäbi diňläpdirin, ýöne eşitmändirin, seredipdirin, emma görmändirin…

Asmanda Gün görnenokdy, onda-da howa gitdigiçe gyzýardy. Ýene suwsap başladyk. Ýöräp barýan ýodajygymyzyň töweregindäki tokaý ýaşyl öwsüp otyrdy, emma hiç ýerde derýa görnenokdy.

Biz gidip barýardyk. Kuzýa maňa güjükler, pişikler, syçanlar barada onlarça wakalary gürrüň berip ýetişipdi. Görüp otursak, ol Lýuskanyň Topsi atly pişigi bilen ýakyndan tanyş eken. Maňa hemişe Topsi birhili ýadaw hem-de oýun oýnamagy halamaýan ýaly bolup görünýärdi. Üstesine-de, ol aglamjyrap erbet mawlaýardy. Bir zatlar bermeseň dagy, goýar ýerde goýmaýardy. Men welin dilegçileri halamok. Bularyň üstesine-de, Topsi ogry diýip Kuzýa aýtdy. Geçen hepde bizdäki uly bölek eti hem şol alyp gitdi diýip Kuzýa ant içipdi. Ejem Kuzýa edendir öýdüp, ony aşhanadaky çygly esgi bilen saýgylapdy. Kuzýanyň ýüregi erbet agyrypdyr. Topsi bolsa ogurlanan etden gerk-gäbe doýup, aşa düşüp, ýaraman ýatypdyr. Lýusýanyň enesi ony weterinar lukmanyna äkidipdir. Yzyma dolanaýsam bolýa, Lýusýa onuň mähirlije pişijegini gowuja tanadaryn. Topsiniň pyrryldaklarynyňam üstüni açaryn.

Gürleşip barşymyza, täsin bir nätanyş şäheriň üstünden gelenimizem bilmändiris. Şäherdäki jaýlar Şapito sirki ýaly tegelekdi, käbirleri dörtburçdy, hatda üçburç jaýlaram bardy. Köçelerinde adam garasy görnenokdy.

Topjagazymyz täsin şäheriň köçesinden togalanyp, birdenem durdy. Biz äpet kubuň öňünde aýak çekdik. Ak halatly hem-de başgaply iki sany tegelejik adamjyklar gazly suw satýardy. Satyjylaryň biriniň başgabyna goşmak, beýlekisinde bolsa aýyrmak belgisi çekilipdir.

— Aýtsaňyzlaň, siziň suwuňyz hakykymy? — diýip, Kuzýa çekinip sorady.

— Bütinleý hakyky — diýip, Goşmak başgaply jogap berdi. — Içesiňiz gelenokmy?

Kuzýa agzynyň daşyny ýalaşdyrdy. Biziň şeýle bir içesimiz gelýärdi, emma mende ýeke teňňe-de ýokdy, Kuzýada-da gürrüňsiz ýokdugyny bilýän.

— Meniň pulum ýok — diýip, satyja dogrymy aýtdym.

— Bizde suw pula satylanok-da, dogry jogaplara satylýar.

Aýyrmak başgaply mekirlik bilen gözlerini süzüp:

— Ýedi dokuzym? — diýip sorady.

— Ýedi dokuzym… ýedi dokuzym, otuz ýedi bolaýmasa — diýip, jogap berdim. Aýyrmak:

— Men-ä beýle pikir edemok, jogap nädogry — diýdi.

— Maňa mugt beräýiň. Men pişig-ä. Köpeltmek jedwelini bilmäge borçly däl.

Satyjylaryň ikisem nähilidir bir kagyzlaryny çykaryp, okaşdyryp, sahypalaryny agdaryp, seredişdirip, iň soňunda-da hor bolup:

— Sowatsyz pişiklere mugt suw bermeli diýen buýruk ýok — diýip, Kuzýa habar berdiler. Kuzýa diňe agzyny ýalap oňaýmak galdy.

Suw satylýan ýere tigirli biri dazlap geldi-de:

— Çaltjak suw beriň! Men gaty howlukmaç — diýip, tigrinden düşmän gygyrýardy.

— Ýedi ýedim? — diýip, Aýyrmak buldurap duran gülgüne suwly käsäni uzadyp, sorag berdi.

— Kyrk dokuz — diýip, sürüji jogap berdi-de, ýolugra suwuny içip, geçip gitdi.

Bilesigelijilik bilen satyjylardan onuň kimdigini soradym. Goşmak onuň meşhur sürüjidigini hem-de arifmetikadan öý işlerini barlamak bilen meşgullanýandygyny aýtdy.

Gözüň öňünde sowujak gülgüne suwdan doly gaplar durka, öňküdenem beter suw içesim gelýärdi. Men çydap bilmän, sorag bermeklerini haýyş etdim.

— Sekiz dokuzym? — diýip, Aýyrmak käsä suw guýdy. Suw şitir-şitir edip, ýüzi köpürjikden doldy.

— Ýetmiş alty! — diýip, çen bilen jogap berdim.

— Ýalňyş — diýip, Aýyrmak käsedäki suwy serpip goýberdi. Şeýle gowy suwuň ýere siňip durşuny görmek juda erbetdi.

Kuzýa satyjylaryň aýagyna ýykylyp, hojaýyny üçin aňsat, örän ýeňil sorag bermeklerini haýyş etdi. Men Kuzýa gygyrdym. Ol sem boldy, satyjylar bolsa gülümsiräp biri-birine seredişdiler.

— Iki ikim? — diýip, Goşmak ýylgyryp sorady.

— Dört — diýip, gaharly jogap berdim. Men şeýle bir utandym. Berlen suwuň ýarysyny özüm içip, galanyny Kuzýa berdim.

Wah, suwuň gowudygyny diýsene! Iň bärkisi Lýubaşa daýza hem hiç haçan şular ýaly suwy satan däldir. Emma suw juda azdy, men hatda oňa haýsy miwäniň şiresi goşulanyny hem bilip ýetişmedim.

Sürüji ýene köçede peýda boldy. Ol pedalyny aýlap durşuna, aýdyma hiňlenýärdi:

Gelýär diýip, aýdym aýdyp,
Gelýär, sürüji gelýär.
Welosipedini sürüp,
Ýer ýüzüne aýlanýar.

Ol ýeldenem çalt uçýar,
Ýadawlygy bilmeýär,
Ýüzlerçe kilometri
Ýüzugra geçip bilýär.

Sürüji baş atyp, gapdalymyzdan geçip gitdi. Ol biderek ýere özüni dogumly saýyp, armany-ýadamany bilmeýän ýaly görkezjek bolýardy. Şu zatlary Kuzýa aýdaýyn diýip durkam, onuň bir zatlardan erbet gorkup duranyny gördüm. Onuň tüýi syh-syh bolup, guýrugy hüžžerip gidipdir, arkasy bolsa egrelipdir. Be-e, bärde it bir zat barmyka?

— Gizle, bol çaltjak buk meni! — diýip, Kuzýa ýalbarmaga başlady. — Men gorkýan… Men görýän…

Daş-töweregime göz aýlap, ýolda üýtgeşik hiç zady görmedim. Ýöne Kuzýa gorkudan ýaňa titräp durşuna, aýaklary görýänini gaýta-gaýta aýdýardy.

— Kimiň aýaklary? — diýip, geň galdym.

— Gepem şonda-da, hiç kimiňki — diýip, pişik jogap berdi. — Aýaklaryň özi eýesiz ýöräp ýörse, gorkman durup boljakmy?

Dogrudanam, köçä çykyp seretsek… aýaklar. Olar köne aýakgaply, jübüleri sallanyşyp duran, kirli işçi balakly ullakan erkek aýaklardy. Jalbaryň bili guşakly, ýokarsynda bolsa hiç zat ýokdy.

Aýaklar edil ýanyma gelip durdy. Men birhili özümi oňaýsyz duýup başladym.

— Hany galan ýeriňiz? Guşagyňyzdan ýokarsy nirede? — diýip, durup bilmän ahyry soradym.

Aýaklar hiç zat gürlemän, şo bir ýeri depeläp durdular, soň bolsa doňup galdylar.

— Bagyşlaň, siz janly aýaklarmy? — diýip soradym.

Aýaklar «hawa» diýýän bolara çemeli, öňe-yza yranyp durdular. Kuzýa aýaklardan gorkup durşuna, hyssyldap pyşgyrýardy:

— Olar howply Aýaklar. Öz eýelerinden gaçypdyrlar. Terbiýeli Aýaklar hiç haçan beýle hereketleri etmez. Bular erbet Aýaklar. Bular idegsiz gezip ýören…

Pişik sözüni soňlabam ýetişmedi. Sag Aýak ony jaýdar depip goýberdi. Kuzýa mawlap gapdala zyňlyp gitdi.

— Ine, seret, gör-ä bulary! Erbet Aýaklar diýýän-ä men, olardan daşrakda dur! — diýip, silkinjiräp tozanlaryny kakyşdyrýardy.

Kuzýa olaryň arkasyndan aýlanyp geçjek boldy, Aýaklar bolsa ýene çenäp, ony depip goýberdiler. Pişik öýkeden hem-de agyrylaryndan ýaňa sesi gyrylýança gygyrdy. Azajyk köşeşer ýaly ony elime aldym-da, alkymyny hem-de maňlaýyny sypaladym. Ol muny örän gowy görýär.

Üçburç jaýjagazdan ýörite eşikli bir adam çykdy. Onda edil Aýaklardaky ýaly balak hem-de aýakgap bardy. Ol adam Aýaklaryň ýanyna baryp:

— Ýoldaş, menden gaty daşa gitmäweriň, azaşarsyňyz — diýdi.

Bu ýoldaşyň bilinden ýokarsyna näme bolandygyny bilesim gelýärdi.

— Ony tramwaý kesip geçen-ä däldir? — diýip soradym.

— Ol hem edil meň ýaly ýergazyjydy — diýdi-de, ýaňky adam gynanyp sözüni dowam etdi. — Ony tramwaý kesip geçenok, muny dördünji synpyň okuwçysy Wiktor Perestukin etdi.

Bu-la halys çenden aşa bolýa!

— Bärden abraýymyz barka gidäýsek nädýä? — diýip, Kuzýa maňa pyşyrdady.

Topjagaza seretsem, ol parahat, duran ýerinden gymyldaman ýatyrdy.

— Ululara ýalan sözlemek aýypdyr. Nädip Witýa Perestukin adamy basyp geçip biler? Munyňyza bir erteki.

Ýergazyjy uludan demini alyp:

— Oglanjyk, sen hiç zady bileňok, hiç zatdan habaryň ýok. Şo Wiktor Perestukin mesele çözende, çukury bir ýarym ýergazyjy gazýar diýip jogap çykarýar. Ine, şeýdibem işdeş ýoldaşymyň diňe bilinden ýarysy galýar — diýdi.

Şu ýerde uzynlyk ölçeglerine degişli mesele ýadyma düşdi. Ýergazyjy ýene uludan demini alyp, menden rehimdar ýüregimiň bardygyny ýa ýokdugyny sorady. Men ony nireden bileýin diýsene? Bu barada hiç kim meň bilen gürleşmändi. Dogrymy aýtsam-a, ejem sende düýbünden ýürek ýok diýip kän aýdýardy, ýöne men ynanamokdym. Her näme diýseňem, gursagymda bir zat urýardy. Men:

— Bilemok — diýip, dogrymy aýtdym. Ýergazyjy gamlanyp:

— Eger seniň rehimdar ýüregiň bolan bolsa, görgüli dostuma nebsiň agyryp, oňa kömek etmäge synanyşardyň. Eger meseläni dogry çözmegi başaraýsaň, ol ýene öňki durkuna dolanyp geler — diýdi.

— Synanyşyp göreýin hany. Birden başarmasam?

Ýergazyjy jübülerini dörüşdirip, eplem-eplem bolup giden kagyzy çykardy. O kagyzda meniň hatym bilen ýazylan meseläniň çözgüdi bardy. Men ýaýdanyp durdum, birden ýene hiç zat başa barmasa näme? Şo çukury bir ýergazyjy hem-de onuň dörtden bir bölegi gazypdyr diýen jogap çyksa näme? Onsoň onuň ýoldaşynda diňe ýekeje aýak galaýsa näme? Hatda kellämdäki şular ýaly pikirlerden ýaňa derläbem başladym.

Oturyň beren maslahaty ýadyma düşdi. Bu meni bir azajyk köşeşdirdi. Bar ünsümi diňe meselä gönükdirip, howlukmanjyk çözmeli. Ýüzlenmäniň öwredişi ýaly, pikirlenmeli, oýlanmaly.

Goşmak bilen Aýyrmaga gözüm düşdi. Olar birmeňzeş tegelejik gözleri bilen biri-birlerine gülümsiräp gözlerini gyrpyşýardylar. Bokurdagymy öllär ýaly zadam beren dälsiňiz, gysgançlar! Gaharyma dilimi çykardym. Olar bolsa geňem görmediler, öýkelemedilerem. Düşünen däldirler-dä, elbetde.

— Oglanjyk barada siz nähili pikirde, Aýyrmak dogan? — diýip, Goşmak sorady.

— Ýaramaz — diýip, Aýyrmak bada-bat jogap berdi. — Siziň pikiriňiz nähili, Goşmak dogan?

— Kanagatlanarly — diýip, ýüzüni turşadyp Goşmak jogap berdi.

Meniň pikirimçe, ol ýalan sözledi. Ýöne şolaryň özara gürrüňlerinden soň, meseläniň hötdesinden gelmeli diýen karara geldim. Çözmäge başladym. Bar ünsüm meselededi. Pikirlendim, tä meseläniň jogabyny tapýançam pikirlendim. Men şeýle bir begenmek begendim! Görüp otursak, çukury gazmak üçin bir ýarym däl-de, bitin iki sany ýergazyjy gerek eken!

— Iki sany ýergazyjy çykdy! — diýip, meseläniň jogabyny mälim etdim.

Şo wagtyň özünde Aýaklar ýergazyja öwrüldiler. Ol hem edil birinjä meňzäp durdy. Olaryň ikisem baş egip, maňa şeýle diýdiler:

Işde, durmuş, zähmetde,
Üstünlik arzuw edýäs.
Hemişe öwrenip gez,
Meseläni dogry çöz.

Goşmak bilen Aýyrmak kellelerindäki başgaplaryny ýokaryk zyňyp duruşlaryna, begenip:

— Bäş bäşim — ýigrimi bäş! Alty altym — otuz alty! — diýip gygyryşýardylar.

— Meniň halasgärim! — diýip, ikinji ýergazyjy begenýärdi.

— Beýik matematik! — diýip, işdeş ýoldaşy hem şatlanýardy. — Eger Wiktor Perestukine duşaýsaň, onuň ýalta, akmak hem-de rehimsiz oglanjykdygyny aýtgyn!

— Muny başga biri ýetirmese-de, arkaýyn bolaýyň, bu oglan hökman oňa ýetirer — diýip, Kuzýa şerebeli sözüni aýdyp goýberdi.

Bu sözleri oňa ýetirerin diýip söz bermekden başga alaç galmady. Bolmasa, ýergazyjylar bärden asla gitmezdiler.

Elbetde, iň soňunda olaryň maňa gaty-gaýrym söz aýdandyklary gowy-ha däl, emma şonda-da şeýle kyn meseläni özümiň çözmegi başarandygyma juda begenýärdim. Hatda o meseläni Lýuskanyň enesi hem çözüp bilmändi, şeýle-de bolsa, ol synpymyzyň ähli enelerindenem arifmetika ökde ahyry. Belki, mende ukyp kemala gelmäge başlandyr? Ine, şu-la gowy bolaýdy!

Ýene tigir sürüji geçip gitdi. Bu gezek ol aýdymam aýtmady, suwam içmedi. Daşyndan seretseň, tigriniň üstünde zordan oturany bildirip durdy.

Kuzýa-da birden arkasyny tüňňerdip, bir zatlar pyşyrdady.

— Saňa näme bolýa? Ýene aýaklarmy? — diýip soradym.

— Aýaklar däl, penjeler, penjeleriň üstünde bolsa ýyrtyjy haýwan. Bukulaly…

Kuzýa ikimiz penjiresi gözenekli tegelejik jaýjagaza tarap ylgadyk. Jaýyň gapysy gulply eken. Biz basgançagyň aşagynda gizlenmäge ýer tapdyk. Basgançagyň aşagynda howpdan bukulmaly däl-de, kynçylyklardan baş alyp çykmalydygy ýadyma düşdi. Men tasdanam o ýerden çykýadym, ýöne köçede biziň köne tanşymyzy — ak aýyny göräýdim. Bukudan çykmaly, ýöne şeýle gorkunç. Ak aýylardan, hatda haýwanlary eldeki edijilerem gorkýarlar-a.

Biziň ak aýymyz birinji duşuşygymyzdakydanam beter gaharjaň bolupdyr. Ol haýbatly dem alyp arlaýardy, maňa sögünýärdi, suwsuz halys surnugyp, demirgazygy gözleýärdi.

Aýy öýjagazyň gapdalyndan geçýänçä, bukymyzdan çykman oturdyk. Kuzýa şular ýaly ýyrtyjy haýwanyň nädip gaharyny getirenime düşünmeýärdi. Akmak Kuzýa diýsänim. Käşgä şony özüm bilýän bolsadym!

— Ak aýy gaharjaň hem-de rehimsiz haýwandyr. Ol pişikleri iýýärmikä? — diýip, Kuzýa meni gorkuzdy.

— Eger iýýänem bolsa, diňe deňiz pişiklerini iýýän bolaýmasa — diýip, azajygam bolsa ony köşeşdirjek boldum. Ýöne iýýänini ýa iýmeýänini özümem anyk bilemok.

Basgançagynda gizlenen tegelejik jaýjagazymyzdan biriniň zaryn sesi eşidildi. Men golaýraga baryp diňşirgendim.

— Haýyş edýän, indi bir hiç hili wakalara başyňy sokma — diýip, Kuzýa ýalbardy.

Gapyny kakanymdan, öňküdenem beter gamgyn ses eşidildi. Penjireden seretsem, yns-jyns görünmedi. Men gapyny ýumrugym bilen urup:

— Eý, kim bar?! — diýip, gaty gygyrdym.

— Bu men, sebäpsiz ýere günäkärlenen — diýen jogap eşidildi.

— Seniň özüň kim bolarsyň?

— Men günäsiz tikinçi, meni ogurlykda aýypladylar.

Kuzýa daşymda böküp durşuna, ogrulara ýanaşmazlygymy isleýärdi. Maňa bolsa tikinçiniň näme ogurlanyny bilmek gyzyklydy. Men ondan sorag-ideg edip başladym, ýöne tikinçi hiç zady boýnuna alman, özüniň dünýäde dogruçyl, päk ýürekli adamdygyny ynandyrjak bolýardy. Özüne töhmet atandyklaryny aýdýardy.

— Kim size töhmet atdy? — diýip, tikinçiden soradym.

— Wiktor Perestukin! — diýip, günäkärlenýän edepsizlik bilen jogap berdi.

Bu nä boluş? Bir görseň-ä, ýarty ýergazyjy, indi bolsa ogry tikinçi…

— Siziň aýdýanyňyz ýalňyş, ýalňyş! — diýip, penjiräniň gözünden gygyrdym.

— Ýok, dogry, dogry — diýip, tikinçi zeýrenip jogap berdi. — Ine, diňle. Tikinçilik bölüminiň müdiri hökmünde men ýigrimi sekiz metr matany kabul edip aldym. Ondan diňe näçe penjegi tikip boljakdygynyň hasabyny çykaraýmalydy. Ynha, meniň gara bagtyma, şo Wiktor Perestukin diýilýän ýigrimi sekiz metrlik matadan ýigrimi ýedi sany penjek tikip bolýa, onuň üstesine-de, bir metri hem galyndy galýar diýen netijä gelýär. Bir penjegi tikmek üçin üç metr mata harç edilýän bolsa, ondan ýigrimi ýedi penjegi nädip tikmeli?

Maňa şo bäş ikiligiň birini edil şu mesele üçin ýelmändikleri ýadyma düşdi.

— Nähili bidereklik.

— Bolgusyz gürrüň — diýip, Kuzýa sözümiň üstüni ýetirdi.

— Elbetde, siziň üçin biderek bolmagy ahmal, emma menden şu çözgüdiň esasynda ýigrimi ýedi penjegi talap etdiler. Men onça penjegi nireden tapaýyn? Şeýdip meni ogurlykda aýyplap, gözenegiň aňyrsynda oturtdylar.

— Siziň ýanyňyzda şo meseläniň çözgüdi-hä ýokdur? — diýip soradym.

— Elbetde, bar — diýip, tikinçi begendi. — Maňa ony çykarylan hökümiň nusgasy bilen bilelikde gowşurypdylar.

Ol gözenegiň aňyrsyndan kagyzy uzatdy. Açyp görsem, meniň elim bilen ýazylan meseläniň çözgüdi dur. Düýbünden ýalňyş çözgüt. Men ilki birlikleri, soň onluklary bölüpdirin. Şonuň üçinem, şular ýaly ýalňyş jogap çykypdyr. Bärde ýalňyşymy düzetmek üçin, kän bir pikirlenmegem gerek bolmady. Men tikinçiniň bary-ýogy dokuz penjek tikmelidigini aýtdym.

Şo pursat gapylar öz-özünden açylyp, içinden bir adam ylgap çykdy. Onuň bilindäki guşakda ullakan gaýçylar sallanyp durdy, boýnundan bolsa mata ölçeýäni asylgydy.

Ol adam meni gujaklap, bir aýagynda böküp durşuna:

— Beýik matematige şöhrat! Kiçijik, nätanyş, beýik matematige şöhrat! Masgara Wiktor Perestukin! — diýip gygyrýardy.

Soň ol ýene böküp, ylgap barşyna, gaýçylary şaňňyrdaşyp, mata ölçeýäni bolsa şemala galgap gitdi.

Ýolda hälki tigir sürüji peýda boldy, haşlap zordan demini alýardy. Ol demigip tigrinden ýykyldy. Kömege ýetişeýin diýip barsam, indi giç. Zarynlap, gözüni agdar-düňder edip ýatyşyna:

— Heläk bolýan, wezipe borjumy berjaý edip ýörkäm jan berýän — diýip pyşyrdaýardy. — Men bu aýylganç çözgüdi ýerine ýetirip bilemok. Wah, oglanjyk, okuwçylara bir aýdaweri, şadyýan tigir sürüjiniň heläk bolmagyna Wiktor Perestukin günäkärdir. Şondan meniň arymy bir alyp bersinler.

— Bu diýýäniňiz-ä düýbünden ýalňyş! Men hiç haçan sizi heläk edemok. Iň bärkisi sizi tanamogam! — diýip gaharlandym.

— Hä-ä, asyl görüp otursam, Perestukin sen ekeniň-dä — diýip, tigir sürüji ýuwaşjadan ýerinden gozgandy. Ýalta diýsänim, hany, bol, meseläni dogry çöz, bolmasa gözüňe oýun görkezerin — diýip, elime mesele ýazylan kagyzy gysdyryp goýberdi. Meseläniň şertini okap otyrkam, sürüji hüňürdäp:

— Çözüber, çözüber! Adamlardan nädip metr ölçäp bolýanyny entek bilersiň. Tigir sürüjilerine sagatda ýüz kilometr ýol geçirtdirerin saňa häzir — diýdi.

Elbetde, birbada men meseläni çözmäge synanyşdym. Başardygymdan oýlanýardym, emma häzirlikçe-hä hiç zat başa barmaýardy. Dogrymy aýtsam-a, sürüjiniň gödek sözleri maňa düýbünden ýaramaýardy. Menden kömek soranlarynda — bu başga gürrüň, emma mejbur etseler welin, düýbünden başga. Ýanyňyzda biri gahardan ýaňa aýagyny tapyrdadyp, seni ýerden alyp, ýere salyp durka, hany, özüňizem bir pikirlenjek bolup görüň! Tigir sürüji özüniň ýaramaz gürrüňleri bilen maňa pikirlenmäge päsgel berýärdi. Hatda soňabaka oýlanasym gelmän başlady. Elbetde, özüňi ele almak gerekdi, ýöne entek erjelligimi doly ösdürip bilmedige meňzeýän. Ähli zat, ine, şeýleräk tamamlandy, men kagyzy zyňdym-da:

— Meseläniň çözgüdi tapylanok — diýdim.

— Tapylanok diýýäňmi? Beýle bolsa tikinçini çykaran ýeriňe özüň girmeli bolarsyň! Pikirlenipjik çözgüdini tapýançaň, o ýerde oturarsyň.

Tussaghana giresim gelenokdy. Aýak aldygyna gaçmaga başladym. Sürüji bolsa yzymdan kowalaýardy. Kuzýa tussaghananyň ýokarsyna çykyp, o ýerden sürüjini her hili sözler bilen masgaralaýardy. Ol ömründe duşan ähli guduzlan itlerini oňa deňäp çykdy. Eger pişik bolmadyk bolsa, sürüji meni gürrüňsiz tutardy. Kuzýa tamyň üstünden edil onuň aýagynyň aşagyna bökdi. Sürüji ýykyldy. Onuň ýerinden turaryna garaşyp durman, tigrine mündüm-de, köçeden dazlap gitdim.

Sürüji bilen Kuzýa gözden ýitdi. Men bolsa ýene azajyk aýlanyp, tigirden düşdüm. Kuzýa gelýänçä garaşyp, soň bolsa topuň gözlegine çykmalydy. Garma-gürmeligiň içinde onuň nirede galanyna ünsem bermändiris. Tigri agaçlaryň düýbüne taşlap, tokaýa tarap öwrüldim-de, bir bagyň aşagynda dynç almak üçin oturdym. Garaňky gatlyşyberende, pişigimi gözlemäge giderin diýen karara geldim. Howa diýseň jana ýakymlydy, töwerek bolsa asudalykdy. Baga ýaplanyp oturyşyma, uklap galanymam bilmändirin. Gözlerimi açsam, hasasyna söýenip bir kempir ýanymda dur. Ol mekdebimizdäki gyzlaryňky ýaly geýnendi. Agaryp giden örümli saçlarynyň ujunda bolsa, ak neýlondan güberilip duran saçbag sallanyp durdy. Şular ýaly saçbagy hem mekdebimiziň ähli gyzlary dakýardy.

— Heý, sen, oglanjyk, haýsy synpdan? — diýip, kempir sorady.

— Dördünji.

— Menem dördünji synpdan… Wah, şeýle bir aýaklarym agyrýar welin!.. Şu gün doganym bilen duşuşmak üçin, näçe müň kilometr ýol sökdüm. Ol meniň öňümden çykmalydy.

— Näme üçin siz beýle köp ýol ýörediňiz?

— Bu şeýle uzak hem-de gynançly waka! — diýip, kempir uludan demini aldy-da, ýanyma geçip oturdy. — Oglanjyklaryň biri meseläni şeýle çözüpdir. Aradaşlygy on iki kilometr bolan biri-birine garşy duran obalaryň birinden jigisi, beýlekisinden dogany görüşmek üçin çykypdyrlar…

Gapyrgamyň aşagy sorkuldap agyrmaga başlady. Men şobada onuň gürrüňlerinden hiç hili gowulygyň ýokdugyna düşündim, kempir bolsa gürrüňini dowam edýärdi:

— Oglanjyk meseläni doganlar ýene altmyş ýyldan duşuşýarlar diýip çözüpdir. Bizem şol samsyk, bolgusyz, ýalňyş jogaba boýun bolmaly bolduk. Ine, şeýdibem aýlanyp ýörüs… halys ýadadyk, garradyk.

Edil şo wagt agaçlaryň arasyndan bir garryja adam çykmadyk bolsa, ol entegem uzak wagtlap zeýrenip, özüniň syýahaty baradaky gürrüňini gutarmazdy. Ol goja-da ak köýneklije hem-de jalbarlyjady.

— Salam, uýajygym! — diýip, ýaňky goja haňňy-huňňy edip gürledi.

Kempir ýaňky garryny garsa gujaklady. Olar biri-birlerine seredişip, ajy gözýaş dökýärdiler. Meniň olara şeýle bir nebsim agyrdy. Kempirden meseläni alyp, ony täzeden çözmek isledim. Emma ol uludan demini alyp, başyny ýaýkady. Bu meseläni diňe Wiktor Perestukin çözmeli diýdi. Perestukin — men diýip boýnuma almakdan başga çykalga galmady. Muny şeýtmedik bolsam gowy bordy!..

— Indi sen biziň bilen gidersiň — diýip, garry gaharly gürledi.

— Gidip bilmen, ejem maňa rugsat bermez-ä — diýip garşylyk görkezdim.

— Soraşman altmyş ýyllap öýden gitmegimize biziň ejemiz rugsat berendir öýdýäňmi?

Garrylar maňa päsgel bermez ýaly, agajyň çür başyna çykyp, meseläni çözmäge synanyşdym. Mesele beýle bir kynam däl eken-ä. Hä diýmän jogabyny tapdym.

— Siz iki sagatdan duşuşmaly ekeniňiz! — diýip, agajyň ýokarsyndan gygyrdym.

Garrylar şo wagtyň özünde gyzjagaza hem-de oglanjyga öwrüldiler. Olar şeýle bir begenýärdiler. Menem bagdan düşüp, olar bilen bile şatlandym. Biz biri-birimiziň ellerimizden tutup, tans edip aýdym aýdýardyk:

Biz indi däl ak sakgal,
Biz ýaşajyk çagalar.
Biz indi däl garryja,
Biz ýene okuwçylar.

Biz çözdük meseläni.
Ýöremegem gerek däl!
Erkana biz. Diýmek indi —
Aýdym aýdyp, tans etmeli!

Oglanjyk gyz dogany bilen maňa ellerini galgadyp, hoşlaşdylar-da, bileje ylgap gitdiler.

Ýene-de ýeke galyp, Kuzýa barada pikir edip başladym. Görgüli pişijegim nirede-kä? Onuň gülkünç maslahatlary, pişikler barada gürrüň berýän manysyz wakajyklary ýadyma düşüp has hem ýüregim gysýardy… Bu düşnüksiz nätanyş ýurtda ýeke ýalňyz! Kuzýany derrewjik gözläp tapmak gerekdi.

Munuň üstesine, topy hem ýitiripdim. Bu ýagdaý meni juda alada goýýardy. Birden men hiç haçan öýe gaýdyp baryp bilmesem näme? Maňa näme garaşýarka? Bärde islendik wagt aňyňa-oýuňa gelmejek wakalaryň bolmagy mümkin ahyry. Belki-de, men Geografiýany çagyrmalydyryn?

Ýöräp barşyma müňe çenli sanap gitmegi ýüregime düwdüm. Eger şoňa çenli hiç zat üýtgemese, onda iki müňe çenli sanaryn. Birden üýtgeşme ýüze çykaýsa welin, kömege çagyraryn… mümkin çagyraryn, mümkin çagyrmaryn…

Men bilgeşleýin haýaljakdan sanaýardym. Tokaý gitdigiçe gürelip barýardy. Şeýle bir pişigimi göresim gelýärdi welin, özümi saklap bilmän, birden gaty ses bilen:

— Kuzýa! — diýip gygyrdym.

Şobada bir ýerlerden ýuwaşja mawlaýan pişigiň sesi eşidildi. Muňa şeýle bir begenip, öňküdenem gaty ses bilen ony çagyrmaga başladym. Uzakdan bir ýerlerden:

— Men bärde — diýýän Kuzýanyň düşnüksiz sesi eşidilýärdi.

— Sen nirede? Men seni göremog-a.

— Özümem hiç zat göremok, ýokarlaryk seredişdir hany — diýip zarynlaýardy.

Men ýokaryma seredip, agaç şahalarynyň aralaryna ünslüje göz gezdirip başladym. Şahalar yrgyldaşyp şuwwuldaýardy. Kuzýa bolsa hiç ýerde görnenokdy. Birdenem ýapraklaryň arasynda duran çal haltajyga gözüm düşdi. Onuň içinde bir zatlar-a gymyldaýardy. Çalasynlyk bilen agaja dyrmaşdym-da, haltany alyp, dessine onuň agzyny çözdüm. Onuň içinden Kuzýa ah-wahlap, iňňildäp hüžžerilip çykdy… Biz biri-birimizi görüp juda begendik. Gaty begenäýdik öýdýän, tas agaçdan ýykylypdyk. Bagdan aşak düşenimizden soňra, Kuzýa maňa tigir sürüjiniň ony tutup, halta salyp, agaçdan asyp goýandygy barada aýdyp berdi. Sürüji maňa örän gaharlanýardy. Ol ähli ýerden özüniň tigrini gözleýär. Eger-de sürüji bizi tutaýsa, çözülmedik mesele hem-de ogurlanan tigir üçin gürrüňsiz bizi tussaghana atar.

Biz tokaýdan zordan çykdyk. Eliň aýasy ýaly meýdanda ösüp oturan bir owadan beýik bagyň üstünden bardyk. Onuň şahalaryndan myssyk nanlar, saýkalardyr halka kökeler sallanyşyp durdy.

Çörek agajy! Sapakda çörek agajynda myssyk nanlardyr halka kökeler ösýär diýenimde, hemmeler meniň üstümden gülüpdiler. Indi bu agajy görüp, olar näme diýerlerkä?

Kuzýa çarşakdyr pyçaklaryň, çemçeleriň ösýän başga bir agajyny tapdy. Demir agajy! Bu barada hem men aýdypdym. Şo wagtam hemmeler gülşüpdi.

Demir agajyndanam çörek agajy Kuzýanyň göwnüne has ýarapdy. Ol tegelejik bolup sallanyp duran myssyjak nanyň ysyna imrinipdi. Ondan dadyp göresi gelýärdi, emma hiç belli bir netijä gelip bilenokdy.

— Iýmesin-ä iýerin welin, soňundan ite öwrülip durubersem näme? Şu geň-taň şäherden ähli zada garaşybermeli — diýip, ol öz-özüne hüňürdeýärdi.

Men bolsa myssyk nany gopardym-da, iýip goýberdim. Ol ýyljajyk hem-de süýjüjedi, içinde kişmişem bardy. Ikimiziňem gözümiz ýerine geldi. Aňrymyza il gonandan soň, Kuzýa şöhlat agajynyň gözlegine çykdy. Ýöne bu ýerde beýle agaçlar ösenokdy. Biz gürrüňleşip myssyk nan iýip otyrkak, tokaýdan ullakan şahly sygyr çykdy-da, bize seredip duruberdi. Ahyrsoňy, biz mylakatly öýdeçi haýwana-da duşduk. Gaharjaň aýy hem däl, hatda düýe-de däl-de, mylakatlyja oba sygry.

— Salam, gadyrdan sygyrjagaz!

— Salam — diýip, sygyr sowuk-sala jogap berdi-de, golaýraga süýşdi. Ol bizi içgin synlaýardy.

— O biziň nämämizi haladyka? — diýip, Kuzýa gyzyklandy.

Sygyr jogap bermegiň deregine, hasam golaýlaşyp, şahyny aşak egdi. Kuzýa ikimiz biri-birimiziň ýüzümize seredişdik.

— Sygyr, näme etjek bolýaň? — diýip, Kuzýa ondan sorady.

— Üýtgeşik zat däl. Seni ýöne iýip goýberjek.

— Sen näme akylyňdan azaşdyňmy? Sygyrlar pişikleri iýenok. Olaryň ot iýýänini hemmeler bilýär ahyry! — diýip, Kuzýa haýran galdy.

Hemmeler däl. Meselem, Wiktor Perestukin bilenok. Ol sapakda sygyrlar — ýyrtyjy haýwanlara degişli diýdi. Şonuň üçin hem men beýleki haýwanlary iýip başladym. Bärdäkileriň hemmesini diýen ýaly iýdim. Şu gün-ä pişigi iýerin, ertir bolsa oglanjygy. Elbetde, bu gün ikiňizem iýip goýbersem bordy welin, şu gytçylykda biraz tygşytly bolmaly bolýa-da.

Men hiç haçan beýle gepe düşmez sygra duşmandym. Oňa sygyrlaryň otdur bede iýmelidigini, adamy iýmäne het etmeli däldigi barada düşündirdim. Sygyr bolsa äwmezlik bilen guýrugyny bulap, özüniňkini tutdurýardy:

— Nätseňizem men siziň ikiňizem iýerin. Pişikdenem başlaryn.

Sygyr bilen jedele gaty gyzyp, ýanymyza ak aýynyň geleninem duýman galypdyrys. Gaçardan eýýäm giç.

— Kim borsuňyz? — diýip, aýy gygyrdy.

— Biz hojaýynym bilen syýahat edýäris — diýip, Kuzýa gorkuly seslendi.

Syýahatymyzyň ýöne bir syýahat däl-de, bilimimizi artdyrmak maksatly syýahatdygyny aýtdym. Ylmy maksatly. Aýy diňläp durşuna, agajyň şahalaryny gozgaşdyryp bir zatlar hüňürdeýärdi. Ak possunynda yssylaýardy.

Sygyr biziň gürrüňimize goşulyp, Kuzýa ikimiziň öz awudygyny hem-de bizi aýy bilen paýlaşmajakdygyny mälim etdi. Juda bolmadyk ýagdaýynda, dawalaşmak islemeýändigini, aýynyň oglanjyk bilen ýürekse edinip biljekdigini, emma pişigiň gürrüňinem etmeli däldigini çürt-kesik aýtdy. Sygyr pişigi iýmegi ýüregine berk düwüpdi. Pişik oglanjykdan süýjüdir diýip pikir eden bolsa gerek. Ýuwaşja öýdeçi haýwan barada hiç zat aýdar ýaly bolmady!.. Aýy jogap berip ýetişmänkä, ýokary ala-zenzele boldy. Agaç şahalarydyr ýapraklar üstümizden seçelenip gitdi. Bagyň ýogyn şahasyna ullakan hem-de täsin bir guş gelip gondy. Onuň yzky aýaklary uzyn, öňki aýaklary bolsa gysgajykdy, ýogyn guýrugy, gowuja tumşujagy bardy. Arkasyndan tagaşyksyz iki sany ganaty çykyp durdy. Guşlar onuň daş-töwereginde topar bolup uçuşyp, howsalaly gygyryşýardylar. Mümkin, olaram bular ýaly guşjagazy ilkinji gezek görýändirler.

— Bu eýmenç zat nämekä? — diýip, aýy sorap-soramanka, sygyr ony iýseň bolýarmyka diýip gyzyklandy. Ganhor jandar diýsänim! Şu wagt seni bir gowy edip daşlaýsaň-da!

— Bu näme, guşmy?— diýip, geň galyp Kuzýa sorady.

— Guşlar beýle äpet bolmaýar — diýip jogap berdim.

— A-how, agaçdaky! Sen kim bolarsyň? — diýip, aýy gygyryp sorady.

— Men guş-kenguru — diýip, nägehan mylaýym sesi bilen gürledi.

— Ýalan sözleýäň. Kengurular uçmaýar. Sen guş däl, sen ýabany jandar — diýip, aýynyň gahary geldi.

Sygyr hem kengurunyň guş däldigini tassyklap:

— Daýaw bir zat ýokary çykypdyr-da, özüne bilbildirin öýdenok. Düş aşak, ýalançy! Men seni bir iýeýin — diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.

Kenguru özüniň mundan öň, hakykatdan hem, ýabany jandar bolandygy, ýöne günleriň birinde rehimli bir jadygöýüň sapakda kenguruny guş diýip yglan edendigi barada aýdyp berdi. Şol wakadan soň, onda ganatlar çykyp, uçup başlapdyr. Uçmak şeýle ýakymly hem-de hezil.

Kengurunyň sözleri görip sygryň gaharyny getirdi.

— Näme üçin onuň sözlerine gulak gabardyp otyrys? — diýip, sygyr aýydan sorady. — Gowusy, ony iýip goýbereli.

Şol pursat arça agajynyň ullakan gozasyny aldym-da, sygryň göni burnundan urdum.

— Heý, beýle-de bir ganhor bolmak bolarmy?! — diýip, sygra igendim.

— Edibiljek zadym ýok. Bu meniň ýyrtyjy haýwandygym sebäpli.

Şadyýan kenguru meniň göwnümden turupdy. Ýeke ol maňa käýinenokdy, menden hiç zat talap edenokdy.

— Diňlesene, kenguru! Çyndanam sen guşa öwrüläýdiňmi? — diýip, aýy sesine bat berdi.

Kenguru hakykaty aýdandygy barada ant içdi. Indem aýdym aýtmany öwrenýän eken. Ol şobada gülkünçje sesi bilen aýdyma zowladyp başlady:

Düýşlermizde hemra bolýar
Diňe şeýle bagt bize:
Ine, birden guş bolýarsyň.
Uçmak örän hezil maňa!
Kenguru bolsam-da men,
Guş bolup öterin men!

— Bolar ýaly däl! Ähli zat çepbesine çöwrülipdir. Sygyrlar pişik iýip ýör. Ýabany haýwanlar guşlar ýaly uçup ýör. Ak aýylar bolsa özleriniň mekany bolan sowuk demirgazygy ýitirýärler. Bu görlüp-eşidilen zat däl-ä! — diýip, aýy gaharlandy.

Sygyr nägilelik bilen molady. Beýle ýagdaý onuň hem göwnüne ýarap baranokdy. Diňe kenguru hemme zatdan hoşaldy. Gaýtam, ony guşa öwrenligi üçin, rehimdar jadygöý Wiktor Perestukine özüniň minnetdarlygyny hem bildirýärdi.

— Perestukine diýýäňmi? — diýip, aýy haýbatly sorady. — Men bu oglanjygy ýigrenýän. Aslynda-ha, oglanjyklaryň hiç birinem halap baramok!

Sözüni soňlap-soňlaman, aýy üstüme topuldy. Men çalasynlyk bilen demir agaja dyrmaşyp çykdym. Kuzýa-da yzymdan galmady. Kenguru: «Goragsyz adam çagajygyny kowalamak utanç hem-de haýasyzlyk» diýip gygyrýardy. Emma aýy penjeleri bilen, sygyr bolsa şahlary bilen agajy yralamaga başladylar. Kenguru beýle adalatsyzlygy görüp, durup bilmän, ganatlaryny ýaýdy-da, uçup gitdi.

— Gaçyp giderin öýdüb-ä pikirem etme, pişik. Men, iň bärkisi, syçanlary tutmagy hem öwrendim, olary tutmak pişigi tutmakdan kynrakmyka diýýän — diýip, sygyr aşakdan molaýardy.

Demir agaç has güýçli yralanyp başlady. Kuzýa ikimiz ýokardan aýy bilen sygra çarşakdyr çemçeleri, pyçaklary zyňyşdyrýardyk.

— Düşüň aşak! — diýip, jandarlaryň ikisem gygyrýardy.

Biziň uzak wagtlap bu ýagdaýda durup bilmejegimiz düşnüklidi. Kuzýa gyssagly Geografiýany çagyr diýip özelenýärdi. Dogrymy aýtsam, özümiň hem şeýdesim gelýärdi. Siz açgöz sygryň syrtaryp seredişini bir görsediňiz!.. Onuň gaýmakly şokoladyň ýüzüne çekilen owadanja sygra asla meňzeýän ýeri ýok. Aýy bolsa, ondanam beter eýmençdi.

— Derrewjik Geografiýany çagyraý-da! Men olardan gorkýan, gorkýan! — diýip, Kuzýa gygyrýardy.

Kuzýa penjelerini sandyradyp, şahalardan ýapyşýardy. Be, menem edil pişik ýaly şeýle gorkakmykam?

— Ýok, biz entek saklanarys!— diýip, Kuzýa gygyrdym, emma ýalňyşypdyryn.

Demir agaç yralanyp, şakyrdap başlady, bir demde onuň ähli demir miweleri jöwenek ýaly seçelenip gitdi, olaryň yzy bilenem Kuzýa ikimiz agaçdan gaýtdyk.

— Indi sizi bir edişime seret! — diýip, aýy arlady.

Sygyr awuň kadalaryny berjaý etmekligi talap etdi. Ol aýa oglanjygy berip, özüne bolsa pişigi alyp galmalydy.

Soňky gezek ýalbar-ýakar edip, sygry pikirinden üýtgetmäge çalyşdym:

— Sygyrjyk, diňläý-dä, sen pişikleri däl-de, gök otlary iýmeli ahyry.

— Edibiljek zadym ýok. Men ýabany haýwan.

— Sen düýbünden ýabany däl. Sen… sen goşatoýnakly — diýip, lapykeç halda oňa düşündirjek bolýardym.

— Bolamda näme?! Men hem goşatoýnakly, hem ýabany bolubam bilýän.

— Aý, ýok-la, sen bede iýýänçi… ir-iýmiş iýýänçi…

— Biderek ýaňramagyňy bes et-de, gowusy, demirgazygyň haýsy tarapdadygyny ýadyňa sal — diýip, aýy sözümi böldi.

— Bir minutjyk. Sygyr, sen ot iýýän haýwan! Ot iýýän!

Bu sözleri aýdanymdan, sygyr gamgyn molap, nebsewürlik bilen çirtip, oty iýmäge başlady.

— Ahyrsoňy, süýjüje, terje ot! — diýip, sygyr begendi. — Syçandyr alakalardan berjigip gitdim. Şo zatlardan ýaňa, aşgazanym agyryp başlapdy. Her niçik-de bolsa, men sygyr-a, men bededir otlary halaýan.

Aýy bolýan zatlara juda geň galdy. Ol sygyrdan: «Indi pişige näme bolar?» diýip sorady. Sygyr ony iýermikä ýa-da ýok?

Sygyr bu sözleri juda ýokuş gördi. Pişik iýer ýaly, ol entek akmak däl ahyryn. Sygyrlar hiç haçan beýtmezler. Olar ot iýýärler. Muny, hatda çagalaram bilýär.

Sygyr bilen aýy özara jedelleşip durkalar, harby mekirligiň birini ulanmaly diýen karara geldim. Aýa demirgazygyň haýsy tarapdadygyny bilýän diýip aldaryn-da, Kuzýany alyp assyrynlyk bilen gaçaryn.

Aýy sygra penjesini galgadyp goýberdi-de, menden demirgazygy görkezmegimi talap edip başlady. Göz üçin ilki pikirlenen boldum, soň bolsa oňa demirgazygy görkezerin diýip söz berdim.

Birdenem gözüm topumyza düşdi! Onuň özi tigirlenip geläýipdir, özi bizi tapaýypdyr! Bu diýseň ýerine düşdi!

Biziň üçimizem, ýagny men, Kuzýa hem-de aýy topuň yzy bilen barýardyk. sygyr bolsa biz bilen, hatda sagbollaşmadam. Ol şeýle bir oty küýsäpdir welin, ondan aýrylybam bilmedi.

Ýol ýöremek öňki ýaly gowy hem hezil däldi. Meniň ýanymda aýy hüňürdäp barýardy, entek maňa ondan dynmaklygyňam usulyny tapmak gerekdi. Bu welin aňsat iş däldi, sebäbi ol maňa ynananokdy, şonuň üçin hem menden gözüni aýranokdy.

Wah, demirgazygyň nirede ýerleşýänini bir bilsedim! Maňa kakam kompasam sowgat beripdi, üstesine, sapakda-da näçe gezek taraplary anyklamaklygy öwredipdiler, ýöne diňlemedim-dä, öwrenmedim-dä, düşünmedim-dä.

Ýolboýy ýöräp barşymyza, bu başagaýlykdan nädip baş alyp çykjakdygymy bilmeýärdim. Kuzýa ýuwaşjadan myrlap, mekirligiň başa barmandygyny hem-de hiç hili hilegärlik etmän, aýak aldygyna aýydan gaçmalydygyny aýdýardy.

Ahyrsoňy aýy, eger oňa demirgazygy görkezmesem, öňümizdäki şo baga ýetibildigimiz meni tüýt-müýt etjekdigini mälim etdi. Şol agaja ýetdigimiz, demirgazygam daşda däl diýip ony aldadym. Mende başga çykalga barmy näme?

Biz kän ýol ýöredik, emma şo agaja welin ýetip bilmedik. Az ýöräp, köp ýöräp, şo agaja ýetenimizde: «Men bu agajy däl-de, ho-o-ol agajy göz öňüne tutupdym» diýdim. Özüniň aldanýandygyny duýan aýy dişlerini çalyp, topulmaga taýýarlanýardy. Ine, şo gorkunç pursatda tokaýdan bir awtoulag çykyp, göni biziň üstümize sürüp gelýärdi.

Aýy gorkujygyndan arlap, ýüz metr aralyga okdurylyp gitdi, beýle ylgawy ýaryşlaryň hiç haýsynda-da gören dälsiňiz. Göz açyp-ýumasy salymda aýynyň tozanam galmady.

Ýaňky awtoulag sakga durdy. Onuň içinde oturan iki sany adam ediljek telewizorda görkezilen «Boris Gordunow» operasyndaky adamlar ýaly geýnüwlidi. Olaryň ikisem sakgallydy, emma biriniňki gara, beýlekiňki bolsa çypardy. Yzky oturgyçda itiň kelleleri bilen bezelen iki sany sübse ýatyrdy. Hemmeler haýran galyp, biri-birleriniň ýüzlerine seredişip, gürlemäge söz tapman doňup durdular.

Birinji bolup özüni dürsän Kuzýa boldy. Ol gorkujyndan çirkin mawlap ylgady-da, ýyldyrym çaltlygynda uzyn sosnanyň ýokarsyna çykdy. Sakgallylar awtoulagdan düşüp, ýanyma geldiler.

— Kim borsuň? — diýip, gara sakgal sorady.

— Men oglanjyk — diýip jogap berdim.

— Kimiň adamsy borsuň? — diýip, çintgäp çypar sakgal sorady.

— Aýtdym-a size, men adam däl, men oglanjyk.

Gara sakgal meni boýdan-başa ünsli synlap, soň bolsa trikotaž köýnegimi elläp gördi-de, haýran galyp kellesini ýaýkap, çypar sakgal bilen biri-birlerine seredişdiler.

— Birhili geň öz-ä, köýneg-ä daşary ýurduňka meňzeýär. Niräniň adamsykaň sen? — diýip, uludan demini aldy.

— Size rus dilinde aýtdym ahyry: men oglanjyk, okuwçy.

— Biziň bilen gidersiň! Seni patyşanyň hut öz gaşyna elteris. Görüp otursak, sen sähnelerden öýdýän, ol bolsa sähneleri gowy görýär — diýip, çypar sakgal buýurdy.

Şu sakgallylar şeýle geň adamlar-aý! Niredendir bir ýerlerden patyşa tapdylar, nähilidir bir sähneler diýip öwran-öwran gaýtaladylar. Men sähnelerden diňe birini tanaýaryn, olam Wasiliý Sähnäniň ybadathanasy. Ybadathanany guran gurluşykçynyň familiýasy şeýledi. Munuň maňa näme dahylly ýeri bar?

— Siz näme taryhy okamadyňyzmy? Haýsy patyşa görkezjek bolýaňyz meni? Patyşalar bir wagtdan bäri ýog-a. Iň soňky rus patyşasyny baryp, on ýedinji ýylda ýok etdiler, edil synp ýaly — diýip, şu bilimsizlere düşnükli bolar ýaly, sözümiň üstüni ýetirdim. Sakgallylara meniň çykyşym ýaramadyk bolara çemeli. Olar ýüz-gözlerini çytyşdyryp, has hem maňa ýakynlaşdylar.

— Ogrynyň sözlerini aýdýaňmy? Onuň ellerini bagla! — diýip, gara sakgal gazaply buýurdy.

Çypar guşagyny çözüp, elimi berk edip arkama daňdy-da, meni ulaga atyp goýberdi. Jyňkymam çykaryp ýetişmänkäm, maşyn eýýäm tarryldap, zynjyrdan boşan ýaly ýerinden atylyp gitdi. Tozanyň içinde Kuzýanyň kellesini görüp galdym, yzymdan kowup gelşine, bir zat diýib-ä gygyrýardy. Onuň ýekeje sözüni eşidip ýetişdim: «Geografiýa!»

Ähli zat düşnükli. Kuzýa Geografiýany çagyrmagymy haýyş edýän eken. Ýöne ony kömege çagyrar ýaly biziň işlerimiz juda erbedem däl ahyry. Muny azajyk soňa goýsagam bolýar.

Sakgally adamlar meni gaty erbet ýoldan äkitdiler öýdýän. Maşyn ýokaryk-aşak böküp, titräp, çaýkanyp barýardy. Elbetde, ýol asfalt däldi.

Jaňyň sesi ýaňlanyp gitdi. Kellämi galdyryp seretsem, Wasiliý Sähnäniň ybadathanasy. Edil şu ýerde-de, gulagymyň düýbüne goýup goýberdiler, maşynyň düýbüne çümüp gitdim. Awtoulag gadymy, ullakan jaýa tarap ugrady. Meni uzak wagtlap kert-kert inçejik basgançaklardan äkitdiler. Soň bolsa ellerimi çözüp, gümmezli, ullakan otaga itip goýberdiler. Otagyň diwarlarynda dub agajyndan edilen giň oturgyçlar durdy. Agyr gyzyl saçak ýazylan ullakan stol otagyň ortarasyny eýeläp otyrdy. Onuň üstünde telefondan başga hiç zat ýokdy.

Stoluň başynda semiz, edil beýlekiler ýaly sakgally epeý adam otyrdy. Ol hem-ä daş-töweregi ýaňlandyryp, hemem sykylyklap hor çekip ýatyrdy. Emma meniň sakgallylarym ony oýarmaga het edip bilmediler. Tä telefon jyňňyrdaýança, biz sesimizem çykarman garaşyp durduk. Semiz oýandy-da, heňkirip telefony aldy:

— Nobatçy diňleýär… Patyşa ýok… O nähili nirede? Gurluşyk desgalaryny görmäge gitdi. Ol gijä galanok-da, azajyk eglenýär. Bolanda näme maslahat?! Garaşmaly bolarsyňyz. Boldy! Gepleşdik! — diýdi-de, nobatçy telefony goýdy. Ol gernip, şeýle bir pallady welin, äňi ýazyp gitdi. Çypar sakgal ylgap bardy-da, onuň äňini derrewjik ýerine saldy. Nobatçy şobada uka gitdi, onuň gözlerini açmaga diňe täzeden gelen telefon jaňy mejbur etdi.

— Jyňňyrdap başlansyňyz, edil telefon stansiýasyndaky ýaly. Ýene näme? Size aýdylmadymy, patyşa ýok.

Ol telefony batly goýup, ýene bir gezek pallady, ýöne bu sapar ätiýaçlygy elden bermedi hem-de bize jiňkerilip seretdi.

— Kim borsuň? — diýip, ullakan ýüzük dakylan ýogyn barmagyny maňa çommaldyp sorady.

Ýanymdaky sakgallylar baş egip, meni nädip tutandyklaryny gürrüň berdiler. Olary diňlemek juda geňdi. Rus dilinde gürleşýän ýaly bolup görünseler-de, olaryň köp sözlerine düşünmeýärdim. Olaryň pikiriçe, men täsinem däl, sähne-de däl.

— Täsin? — diýip, nobatçy haýaljakdan gürledi. — Hany, täsin diýsänim… Siz bolsa gidiberiň!

Meni getiren sakgallylar ýene bir gezek oňa tagzym edip gitdiler, nobatçy bilen ýekelikde galdym. Ol myşşyldap oturyşyna, meni synlaýardy hem-de ýogyn barmaklary bilen stoly kakýardy.

Otaga uzyn penjeklije hem-de gyzyl ädiklije oglanjyk girdi. Semiz nobatçy zöwwe ýerinden galyp, oňa baş egdi. Oglanjyk onuň salamyna jogap bermedi.

— Size bärik girmek bolanok, şazada, bärsi patyşanyň iş otagy… Tötänden… — diýip, nobatçy gürledi.

— Sen meni kowjak bolup het edäýme — diýip, oglanjyk onuň sözüni böldi-de, haýran galyp maňa aňkaryp galdy.

Men oňa gözümi gyrpyp goýberdim. Ol öňküdenem beter haýran galdy. Ilki oňa dilimi çykarjakdym, soň pikirimi üýtgetdim. Birdenkä gaty göräýmesin. Ony öýkeledesim gelmedi. «Şazada» diýip sögünselerem, maňa ol ýarady. Onuň ýüzi gamgyn hem-de rehimlijedi. Ine, ol meni bu ýeri bilen tanyşdyryp bilerdi. Ýöne biz golaýdan tanşyp ýetişmedik. Bir geň-taň kempir ylgap geldi-de, ala-goh edip süýräp, oglanjygy alyp gitdi. Görgüli oglanjyk nämäň-nämedigine-de düşünip ýetişmedi.

Nobatçy gaýtadan meni synlamaga girişdi. Her niçik-de bolsa, onuň bilen salamlaşmaly diýen karara geldim. Hoşamaýlyk hiç haçan işleriňe zyýan etmez.

— Salam, ýoldaş nobatçy — diýip, başardygymdan medeniýetli salamlaşdym.

Semiz birden gyzardy-da:

— Baş eg, güjüjek! — diýip heňkirdi.

Töweregime göz aýladym, emma hiç hili güjük görmedim.

— Hany güjüjek? — diýip soradym.

— Sen güjüjek! — diýip, ol batly jogap berdi.

— Men güjük däl! Men oglanjyk! — diýip, onuň sözlerine garşy çykdym.

— Aýagyma ýykyl, diýdim!

Ol gahardan ýaňa demigip barýardy. Aýak diýip ýürege düşdi. Näme diýjek bolýarka ýöne şol bir diýenini gaýtalap? Muny haýdan-haý anyklamak gerekdi.

— Bagyşlaň, haýsy aýaklara?

— Ýeldirgän! — diýip, nobatçy uludan demini aldy-da, ullakan elýaglygyny çykaryp ýüzündäki derini süpürdi. — Sähne…

Otaga demi-demine ýetmän bir ýaş ýigit kürsäp girdi.

— Patyşa geldi! Gany gyzyp dur, gaharly, ýanynda-da Malýuta Skuratow! Nobatçyny çagyrýar!

Semiz böküp ýerinden turdy, gorkujyndan çalt-çalt çokunyp, ýüzi boz-ýaz boldy.

Olaryň ikisem edil tüweleý ýaly otagdan çykyp, tarpyldap basgançakdan düşüp gitdiler. Men ýeke galdym. Pikirlenmelidi, bu başagaýlyklardan baş alyp çykmak gerekdi. Ýanymda Kuzýanyň ýokdugyna şeýle bir gynanýan. Düýbünden ýeke galdym, maslahatlaşmaga-da hiç kim ýok. Kürsüde oturdym-da, uludan demimi aldym.

— Ýigdekçe, näme üçin tukatlanyp otyrsyň? — diýip, kimdir biriniň ýuwaşja, mähirlije sesi eşidildi.

Töweregime seretsem, arkamda gyzyl ädiklije oglanjyk duran eken. Kempirden gaçmak oňa başardypdyr öýdýän. Näme üçin o maňa ýigdekçe diýip ýüzlenýärkä? Meniň adym bar ahyry — Wiktor.

— Sen kimiňki, ýigdekçe? — diýip, oglanjyk ýene sorag berdi.

Näme üçin olaryň hemmesi «sen kimiňki?» diýip soraýarlar. Men zat däl ahyry, janly oglanjyg-a men.

— Hiç kimiňkem däl. Men özbaşyma — diýip jogap berdim.

Oglanjyk başyny ýaýkady. Onuň eginlerine düşüp duran uzyn saçlary bardy.

— Sen-ä gödek ekeniň. Lakamyň näme onda? — diýip, ýüzüni üýtgedip, öýkeli sorady.

— Lakamym saňa nämä gerek? — diýip soranymdan, mekdepde meniň «Ikilikçi» diýen lakamym zerarly gaharymy getirýändikleri ýadyma düşdi. — Mekdebimizde lakam goýýandyklary üçin uruşýarlar, ýöne meniň familiýam-a bar — Perestukin.

Oglanjyk pikire batdy.

— Perestukin?… Beýle zady men-ä heniz eşidemok. Sen patyşa neslinden däl öýdýän?

— Patyşa neslinden? Senem zoňtar bir zadyňy aýdyp goýberýäň-aý! O nähili patyşa nesli?

— Patyşa neslinden däl bolsaň, seniň bilen gürleşip oturasy iş ýok — diýip, oglanjyk gamlanyp uludan demini aldy.

— Bagyşlaň, gopbamsy jenap! Seniň özüň kim bolarsyň?

Oglanjyk başyny galdyrdy-da, hondanbärsi bolup jogap berdi:

— Men patyşa Ioan Dördünjiniň ogly. Şazada Fýodor.

Şazada Fýodor! O barada kakamdan hem-de Zoýa Filippownadan käbir zatlary eşidipdim. Haýdan-haý onuň gopbamlygyny aýyrmak gerekdi.

— Men seni tanaýan. Sen kemakyl — diýip, perwaýsyz oňa ýüzlendim.

Şazada aljyrap ýüzüme seretdi, dodaklary sandyrap başlady. Onuň ýüzi naýynjar hem-de öýkelidi. Lýuska Karandaşkina ikimiz Žençige «hytaý akmajygy» diýenimizde, onuň hem ýüzi edil şazadanyňky ýaly bolupdy. Gödek gürlänim üçin ökündim. Şu şazada gep uzaldyp oturman, göni sen samsyk diýen bolsam gowy bordy.

— Kemakyl — diýip, şazada samrap başlady. — Sen maňa näme diýdiň?.. Kemakyl…

Bu söz oňa ýaramadyk bolara çemeli. Aramyzda gamyş köprüjik goýmak üçin eýdip-beýdip bu ýagdaýdan baş alyp çykmak gerekdi.

— Muny saňa nädip düşündirsemkäm? — diýip gürrüňe başladym. — Kemakyl diýmek samsyjak diýen ýaly bir zat-da… Sen muňa öýkeläp oturma, Fedýa. Men sapakda-da şeýle jogap beripdim. Bu barada kitapda-da ýazylan. Oňa taryh kitaby diýilýär.

Şazada ýüzüni boz-ýaz edip, elini dalawladyp:

— Alla janlarym! Kitapda ýazylanmyşyn! — diýip gygyrdy.

— Entejik näme görýäň! — diýip, ony doly ynandyrjak bolup, gürrüňimi dowam etdim. — Seniň kakaň bar-a Iwan Grozny öz ogluny Tretýakow galereýasynda heläkleýär. Öz gözüm bilen gördüm. Bizi Zoýa Filippowna tutuş synpymyz bilen o ýere äkidipdi. Çypbakaý çynym heläkledi. Ynanmasaň, halyda gany hem bar.

Görgüli şazada edil gyzdyrýan ýaly sandyrap, eşidiler-eşidilmez samrap başlady:

— O nähili beýle bolýar? Ogluny heläkleýär diýýäňmi?.. Ah, sen, haýyn diýsänim…

— Gorkmasana — diýip, oňa ruhy taýdan goltgy berjek boldum. — Seni däl, uly ogly — şazada Iwany hasasy bilen heläkleýär. Iwany hasasy bilen, şazada Dmitrini bolsa Ugliçde heläkleýärler.

— Güm bol! Ýok bol! — diýip, şazada Fedýa gyzyl ädiklerini ýere tarpyldadyp gygyrdy.

— Gorkma, gorkma! — diýip, ony köşeşdirjek bolýardym. — Saňa degenoklar, men muny anyk bilýän. Sen hökümdarlyk edersiň hem-de «Men patyşamy ýa patyşa däl?» diýip gygyrarsyň. Öz gözüm bilen telewizorda gördüm.

— Jadygöý! Jadygöý! Jan enekeler! Jan ejeler! Gorkýan!

Ol aýaklaryny kakyp, ýerde ýazylyp ýatyrdy. Men kürsiň arkasynda gizlenip dogry edipdirin. Sebäbi şobada haýsydyr bir kempirlerdir daýzalar ylgap gelip, ses edip şazadany göterdiler-de, otagdan alyp gitdiler.

Hany, şundan soň adamlara ýagşylyk etjek bolubam bir gör! Beýle boljagyny bilen bolsam, aýtmazdym.

Otaga egni hatdan doly goş haltaly gullukçy girdi-de:

— Nobatçy nirede? — diýip sorady.

— Patyşanyň bir zatlar-a gahary gelipdir, nobatçyny ýanyna çagyrdy — diýip jogap berdim. Hat gatnadyjy gorkup çokundy. Ol eglenmän gider diýip pikir etdim. Emma ol ýaýdanyp birsalym durdy-da, hat-sowatdan başymyň çykýanlygy barada sorady. Oňa gol-a çekip bilýänligimi aýtdym. Hat gatnadyjy bellik kitapçasyny uzadyp, maňa gol çekdireninden soň, knýaz

Kurbskiý tarapyndan ýollanan togalanyp daşy daňlan haty uzatdy. Bu haty hökman nobatça gowşurmalydygyny aýdyp, özem çykyp gitdi. Içimiň gysyp oturyşyna togalangy haty açyp, zordan ony okamaga başladym. Haty okamak juda kyn bolsa-da, maňa käbir zatlary okamak başartdy. Ruslaryň üstüne sansyz leşgeri bilen Napoleon Bonapart süýşüp gelýär. Bir ýetmezimem şudy! Başymdan geçen şunça wakalar az ýaly, gaýtam üstesine, uruş başlajak bolýar.

Kimdir biri erjellik bilen gapyny dyrmap başlady. Syçanlarmyka? Aý, ýok, olar-a beýle gaty dyrmap bilmezler. Gapynyň ullakan agyr gulpundan çekenimem şoldy welin, otaga gadyrdan Kuzýam kürsäp girdi.

Pişigiň demi-demine ýetmän haşlaýardy, durşuna çaň-tozana gömlüpdir. Tüýleri hüžžerip gidipdir, ýylmanmaga-da ýetişmändir öýdýän. Men ony hiç haçan beýle hopul-sopul halda görmändim.

— Ýanyňa zordan ýetäýdim, hojaýyn — diýip, Kuzýa ýadaw gürledi. — Meni güjükler tas tüýt-müýt edipdi. Ikimiz nirä düşdük? Adamlaram birhili geň! Janly-jandarlary düýbünden sylanoklar. Maşka atly çyparja pişijege duşdum. Olam bir ýabany bolup çykdy. Bärde weterinariýa kesel bejeriş jaýynyň ýerleşýän ýerini soradym. Ylgap baryp ýarama em etdirjekdim. Bir nälet siňen gürji penjelerime ýapyşdy duruberdi. Göz öňüne getirip bir gör, hälki çypar bar-a, weterinariýa kesel bejeriş jaýynyň nämediginem bilenok eken. Bärde, hatda pişikleriň gürleýşem biziňki ýaly däl. Gaçmaly, hojaýyn, haýal etmän basymjak ökjäni götermeli bärden.

Kuzýa bilen gaçmagyň meýilnamasyny maslahatlaşmaga başladyk. Wah, topy ýitirip bulaşdyk-da. Birden gaçmak başardaýsa-da, haýsy tarapa gitmelidiginem bilemzog-a. Pikirlenip oturmaga wagt ýok, çaltlaşmak gerek. Edil öz ogluny heläk edişi ýaly, patyşa nobatçynyňam soňuna çykmadyk bolsa, onuň haçan diýseň ýerine gelmegi ahmaldy. Onsoňam uruş başlajak bolýardy. Kuzýa ýene öz köne heňine başlady:

— Geografiýany çagyr!

Kuzýa meniň gahryman bolansyrap ýörmämi bes etmegimi talap edýärdi. Onuň pikiriçe, biziň başymyzdan geçen kynçylyklar az däldi, erki hem-de gaýraty ösdürmek üçin gereginden artyk howp-hatara uçradyk. Onuň aýdýanlarynyň jany bar bolmagy hem ahmal, ýöne men öz syýahatymy beýle tamamlasym gelenok. Bu söweşde öz arkaňy özüň ýere degirmek bolýar ahyry.

Jedelleşip oturyşymyza, birden tüpeňiň gümpüldän sesine gorkup gitdik. Hakyky atyşyk başlapdy. Onsoň näme boldy diýýäňizmi? Başagaýlyk başlady, töwerek-daş ala-gopgun, penjirä bolsa ýangynyň alawlary düşýärdi.

— Ine, saňa gerek bolsa! — diýip, umytsyz gygyrdym. — Fransuzlar çozýar! Sapakda şeý diýmek nämäňe gerekdi diýsene, dilimden sypdyraýypdyryn-da.

— Bu zatlara seniň çykarýan hokgalaryň biridirem öýtdüm-le! — diýip, Kuzýa gaharly üstüme gygyrdy. Ol öň hiç haçan maňa beýle hereketleri etmeýärdi. — Öz ýurduň taryhyny bilmezligiň utançdygyna iň bärkisi menem düşünýän! Wakalary hem-de olaryň bolan wagtlaryny bilmän, ýerlerini çalşyp bulaşdyrmak aýyp ahyry! Betbagt ikilikçi sen!

Goh-galmagalyň hem-de atyşygyň sesi kesilmän töwerege ýaňlanyp durdy. Telefon yzyny üzmän jyňňyrdaýardy. Köşkdäki adamlar gorkup bukulmak üçin meniň oturan otagyma girdiler. Olar uzyn sakgallaryny titredip bir zatlar diýib-ä gygyrýardylar. Gorkujymdan ýaňa doňup galdym. Uruş başlady! Onuň hem günäkäri bolsa men. Muny gizläp oturmagyň hajaty ýok. Men haýdap stoluň üstüne mündüm-de, sesimiň ýetdiginden gygyrmaga başladym:

— Duruň! Gulak asyň! Fransuzlaryň çozmagyna men günäkär! Ähli zady düzetmek üçin elimden gelenini etmäge synanyşaýyn.

Adamlaryň sesine suw sepilen ýaly boldy.

— Seniň günäň nämede, ýigdekçe? — diýip, olaryň arasynda iň ýaşulusy gazaply sorady.

— Men sapakda Iwan Grozny Bonapart bilen söweşipdir diýdim. Birinji Watançylyk urşunyň haçan başlanyny bilmän, kelläme gelen zady aýdyp goýberipdirin. Munuň üçin maňa ikiligem ýelmäp goýberipdiler. Eger Napoleonyň Russiýa bilen näçenji ýylda söweşip başlany ýadyma düşse, şu zatlaryň ählisi gürüm-jürüm bolar. Uruş bolmaz! Men ony saklamagy başararyn!

— Gijikdirme, sakla onda, ýigdekçe! — diýip, ýaňky garry öňküsindenem gazaply gürledi. — Hökümdarymyz seni jezalandyrmanka, sakla urşy.

Töwerekdäkiler ala-gopgun bolup gygyryşyp başladylar:

— Gürle, bolmasa asarys!

— Dyba ( Dyba — orta asyrlarda günäkäri gynamak, azap bermek üçin ulanylýan gural. ) çekiň! Derrew ýadyna düşer-ä!

Ýatlamak — gowy iş. Ýadyňdan çykan zady ýadyňa düşürip bolar, emma bilmeýän zadyňy nädip ýadyňa düşürjek? Ýok, men hiç zady ýadyma düşürip bilmedim. Ýene kelläme gelen zady çen bilen aýdaýsammykam? Gaýtam, has beter ýalňyşlyklaryň üstünden barmagym mümkin. Şeýdibem men ýadyma düşürip bilmeýänligimi boýnuma aldym.

Otaga elleri ýaragly esgerler kürsäp girmedik bolsady, olaryň ählisi gopgun turzup üstüme topulardylar, stoldan süýräp düşürip, almytymy bererdiler. Ähli ýeri tüsse gaplady.

Atyşygyň hem-de alazenzeläň içinde Kuzýanyň sesi eşidildi:

— Çagyr Geografiýany! Isläňokmy? Onda kakaňa bir jaň et!

Ýüzüm ýagtylyp gitdi!

— Ýadyma düşdi, düşdi! — diýip gygyrdym. Watançylyk urşy 1812-nji ýylda başlapdy!

Şobada ähli goh-galmagal köşeşdi. Kuzýa ikimizi dumanyň mawy tüssesi gurşap aldy. Daş-töwerek ýagtylanda bolsa, özümiň tokaýdaky agajyň aşagynda oturanymy gördüm, dyzymda bolsa Kuzýa düýrlenip ýatyrdy. Topjagaz aýagymyň ýanynda durdy. Bu zatlar juda täsin, emma biz bu birgeňsi ýurtdaky geň-taňlyklyklara eýýäm öwrenişibem gitdik. Bardy-geldi men-ä pile, Kuzýa bolsa agaja öwrülen bolaýanda-da hiç zady geň görmezdim.

— Indi maňa düşündir hany, sen nädip bilmeýän zadyňy ýadyňa saldyň? — diýip, pişijegim sorady.

— Haçan-da, kakamyň iş ýerine täze telefon goýanlarynda, ejem onuň belgisini hiç ýadynda saklap bilmedi, şonda kakam oňa: «Bu gaty aňsat ahyry! Birinji üç sany öý telefonymyzdaky ýaly, soňky dördüsi bolsa Watançylyk urşunyň ýyly — 1812» diýipdi. Sen kakama jaň etmegimi haýyş eden wagtyň ýadyma düşdi. Men indi muny hiç haçan ýadymdan çykarmaryn. Öýe gaýdyp baranymda bolsa hökman Iwan Grozny baradaky ähli maglumatlary okap öwrenerin. Onuň ogullary barada jikme-jik bilişdirerin, aýratynam, Fedýa barada. Kuzýa, bu diýseň gowy boldy, men özüme kömek etmegi başardym. Hiç kimden kömek soraman, meseläni dogry çözenime meniň begenişimi sen bir bilsediň. Bu edil derwezä gol salan ýaly.

— Ýa-da syçan tutan ýaly — diýip, Kuzýa uludan demini aldy.

Top hereketlenip, otuň üstünde haýaljakdan togalanyp başlady. Kuzýa ikimizem ondan galmadyk. Biziň syýahatymyz dowam edýärdi.

— Her näme diýseňem, bäri örän gyzykly. Her pursatda bize nähilidir bir başdangeçirmeler garaşyp dur.

— Her gezegem ýa ýaramaz, ýa-da howply bolup çykýar. Hut meniň pikirim soralsa-ha, şu zatlardan gaty doýdum.

Emma başymyzdan geçenlere garamazdan, bärde örän geň, täsin zatlary gördük. Şu Özleşdirilmedik sapaklaryň ýurdy barada gürrüň berenimde, oglanlaryň maňa görübilmezçilik etjekdiklerini anyk bilýän. Zoýa Filippowna meni tagta çagyrar. Diňe gyzlar pyňkyrşaýmasa, synpda ses-üýn çykmaz. Meniň hekaýatymy diňlemek üçin Zoýa Filippownanyň mekdep müdirimizi hem çagyrmagy ahmal.

— Saňa şolar ynanar diýip pikir edýäňmi? Sen diňe üstüňden güldürersiň!

— Näme üçin?

— Näme adamlar öz gözleri bilen görmedik zatlaryna ynanarlar öýdýäňmi? Onsoňam seniň sözleriňi hiç kim tassyklap bilmez.

— Sen näme? Synpa ýanym bilen seni äkidäýerin. Seniň adam dilinde gürläp bilmegiň, şunuň özi her zada degýär-ä.

— Aýy! — diýip, Kuzýa birden gygyrdy.

Tokaýyň içinden gaharjaň ak aýy edil biziň üstümize eňip gaýtdy. Ondan bug çykýardy. Agzyny açyp gelşine ullakan dişlerem görnüp durdy. Ähli zat gutardy… Ýöne Kuzýa, mähriban Kuzýam!..

— Hoş gal, hojaýyn! Men senden gaçyp demirgazyga gidýän! — diýip, Kuzýa howul-hara gygyrdy-da, atylyp ylgap gitdi, aýy hem arlap onuň yzyndan eňdi. Kuzýanyň harby hilegärligi başa bardy. Ol meni halas etdi. Emma özi…

Haýaljakdan ädimläp topuň yzyna düşüp barýardym. Kuzýasyz şeýle ýürekgysgynçdy. Ahmal, aýy onuň yzyndan ýetip, lak-luk atandyr. Kuzýa meniň bilen şu ýurda gaýtmadyk bolsa gowy bordy.

Içim gysyp ýekesiremezlik üçin, aýdym aýtmaga başladym:

Barýan adamsyz ýurtdan
Öz ýanymdan aýdym aýdýan
Ýollar hem kyn görnenok
Bile gitseň dostuň bilen.

Öz dostuňdygynam bilmän
Isläňok dostlaşmagam.
Emma ýitiren wagtyň
Kyn düşýär ýaşamagam.

Kuzýasyz şeýle ýüregim gysýardy. Her näme diýse-de, gülkünç ýa biderek bolsun, pişijegim hemişe maňa ýagşylyk isleýärdi hem-de örän wepaly dostdy.

Top durdy. Töwerege göz aýladym. Sag tarapymda gardyr buza örtülen äpet dag üstüme abanyp durdy. Dagyň depesinde gar basyp giden ýel agajynyň aşagynda sowukdan ýaňa titreşip, biri-birine gysmyljyraşyp, bir garaýagyz oglanjyk bilen maýmynjyk otyrdy. Olaryň üstüne gar edil patrak ýaly ýagýardy.

Çepime seretdim. O ýerde-de dag bardy, emma oňa gar ýaganokdy. Gaýtam tersine, daga Günüň çogly şöhlesi düşüp, ýalkym saçýardy. Dagyň ýüzünde palmalar, uzyn-uzyn gök otlar, desse-desse güller pajarlaýardy. Palmanyň aşagynda bir çukça ( Çukça — Çukot awtonom okrugunyň esasy ilatyny düzýän halk.) bilen maňa tanyş ak aýy otyrdy. Maňa şo aýydan dynmak barmyka? Sowuk dagyň etegine baranymdan, sowukdan ýaňa üşäp başladym. Soň haýdap Yssy dagyň etegine ylgap bardym, o ýerde bolsa yssydan ýaňa demigip, köýnegimi çykaraýasym gelip gitdi. Onsoň men haýdap, ýoluň ortarasynda durdum. Bärsi gowy eken. Sowuk hem däl, yssy hem däl. Ylaýjak.

Daglaryň ikisindenem ahy-nalaly sesler eşidilýärdi:

— Men durşum bilen titreýän. Sowuk ak siňekler ýaman gaty çakýar. Meni Güne bir çykaryň! Kowuň şu ak siňekleri! — diýip, garaja oglanjyk elini kelemenledýärdi.

— Men häzir edil düwlen ýagy ýaly eräp giderin. Azajyk gar beräýiň-dä, bir bölejik buz bolsa-da bolýa — diýip, kiçijik çukça-da beýleki tarapda aglaýardy.

Ak aýynyň arlamasyndan tas hemmeler ker galypdy:

— Demirgazygy bir görkeziň ahyry! Ýogsam men yssydan ýaňa derimiň içinde gaýnap bişýän!

Maňa gözi düşen garaýagyz oglanjyk:

— Akja oglanjyk, seniň rehimdar ýüzüň bar. Bizi halas et! — diýip, naýynjar ýüzlendi.

— Bize nebsiň agyrsyn! — diýip, kiçijik çukça-da ýalbardy.

— Kim sizi o ýerlere äkitdi? — diýip, aşakdan gygyrdym.

— Wiktor Perestukin — diýip, oglanjyklar, aýy hem-de maýmynjyk hor bolup gygyrdylar. — Ol geografik guşaklyklary bilmän, ýerlerini çalşyp aýdypdyr. Bizi halas et! Halas et!

— Başaramok. Ilki bilen öz pişigimi tapmaly. Ondan soň dagy wagtym galsa…

— Halas et bizi. Eger bizi halas etseň, saňa pişigiňi gaýdyp bereris — diýip, maýmynjyk gygyrdy.

— Näme, Kuzýa sizdemi, eýsem?

— Ynanaňokmy? Hanha seret! — diýip, aýy arlady.

Edil şo wagt Yssy dagda meniň pişigim peýda boldy.

— Kuzýa! Piş, piş, piş — diýip, pişigimi çagyryp, begençden ýaňa iki baka bökýärdim.

— Yssydan ýaňa heläk bolýan, halas et! — diýip, Kuzýa zordan gygyrdy-da, gözden ýitdi.

— Çydajak bol! Men häzir barýan!

Daga dyrmaşmaga başlanymdan, ullakan peçden çykýan ýaly gyzgyn howur ýüzüme urlup gitdi. Kuzýanyň «hojaýyn» diýýän sesi düýbünden başga tarapda ýaňlandy. Töweregime seretsem, pişigim eýýäm Sowuk dagda maýmynjygyň ýanyndady. Kuzýa sowukdan ýaňa titräp:

— Men doňup barýan. Halas et! — diýip gygyrýardy.

— Kuzýa, saklanjak bol! Men barýan!

Haýdap Yssy dagdan düşüp, buzuň içi bilen beýleki daga dyrmaşyp başladym. Meni sowuk gaplap aldy.

Kuzýanyň «hojaýyn» diýýän zaryn sesi ýene gulagyma ilip gitdi. Pişik eýýäm Yssy dagda aýynyň ýanynda otyrdy. Men buzuň üstünden taýyp, iki ýoluň arasyna geldim. Ähli zat düşnükli, olar maňa Kuzýany aňsat-aňsat bermezler.

— Pişigimi beräýiň-dä!

— Sen ilki biziň haýsy guşaklyklarda ýaşamalydygymyzy aýt-da!

— Bilemok. Mugallymymyz geografik guşaklyklary düşündiren wagty ony diňlemän, bukulyp aňtawçylar baradaky kitaby okapdym.

Bu jogabymy eşiden haýwanlar uly ses edip gygyryşdylar, oglanjyklar bolsa agladylar. Aýy maňa: «Seni tutaýsam bolýa, tike-tike ederin» diýip haýbat atdy, maýmynjyk bolsa: «Gözüňi oýaryn» diýip söz berdi. Kuzýa bolsa hyrryldap, demigip barýardy.

Olaryň hemmesine şeýle bir nebsim agyrýardy, emma edibiljek zadym ýok. Olara ähli deňizlerdir ummanlary, yklymlardyr adalary hem-de ýarym adalary öwrenerin diýip söz berdim. Ýöne olar diňe ýekeje zady isleýärdiler: men hökman geografik guşaklyklary ýadyma düşürmeli.

— Başaramok! Başa baranok! — diýip, gaty gygyrdym-da, barmaklarym bilen gulagymy ýapdym.

Şobada ähli zat ýuwaşady. Barmaklarymy aýranymdan, Kuzýanyň:

— Men heläk bolýan… Hoş gal, hojaýyn… — diýýän sesi ýaňlanyp gitdi.

Kuzýanyň heläk bolmagyna ýol berip bilmerin ahyry.

— Gadyrdan Geografiýa, kömek ediň! — diýip, sesimiň ýetdiginden gygyrdym.

Ýanymda biriniň: «Salam, Witýa» diýen sesi eşidildi. Töweregime seretsem, öňümde geografiýa kitabymyň duranyny gördüm.

— Sen näme geografik guşaklyklary ýadyňa düşürip bileňokmy? Ondan aňsat zat ýok! Sen muny bilýäň ahyry. Hany, maýmyn haýsy guşaklykda ýaşaýar?

— Tropik — diýip, öňdenem bilýän ýaly ynamly jogap berdim.

— Ak aýylar?

— Polýar guşaklykda.

— Örän gowy, Witýa. Ilki saga, soňam çepiňe seret.

Görüp otursam, indi Yssy dagda şadyýan garaýagyz oglanjyk ýylgyryp banan iýýärdi. Maýmynjyk bolsa palmanyň üstüne çykyp, ýüzüni gülkünçje edip hereketlendirýärdi. Soň Sowuk daga seretdim. Ol ýerde ak aýy buzuň üstünde süýnüp ýatyrdy. Ahyrsoňy, ol yssydan halas boldy. Kiçijik çukça bolsa ýeňleri sütükli elini galgatdy.

— Hanyka meniň Kuzýam?

— Men bärde.

Pişik aýagymyň ýanynda guýrugy bilen penjesini ýapyp, ýuwaşja otyrdy. Geografiýa menden: «Syýahaty dowam etdiresiň gelýärmi ýa öýe gaýdasyň gelýärmi?» diýip sorady.

— Öýe! Öýe! — diýip, Kuzýa ýaşyl gözlerini süzüp myrlady.

— Sen, Witýa?

Meniňem öýe dolanasym gelýärdi. Emma nädip gitmeli? Topum ýene bir ýerlere ýitirim bolupdyr.

— Indi men siziň ýanyňyzdakam, hiç hili top gerek däl. Men dünýädäki ähli ýol-ýodalary bilýän — diýip, geografiýa kitaby rahat gürledi.

Geografiýa elini galgadyp goýberenden, Kuzýa ikimiz howa göterildik. Ýokary galanymyzam şoldy welin, eýýäm öýümiziň işigine gelip düşdük. Men öz otagyma tarap eňdim. Öýümizi şeýle bir küýsedim. Salam, stollar hem oturgyçlar! Salam, diwarlar hem-de potolok! Ine-de, meniň üsti kitaplardan, çüýlerden çalam-çaş bolup ýatan jana-jan stolum.

— Gör, nähili gowy. Kuzýa, biz eýýäm öýde — diýip gerinjiredim. Kuzýa-da pallap, beýlesine öwrüldi-de, penjiräniň öňüne böküp çykdy.

— Ertiriň özünde sen meniň bilen mekdebe gidersiň-de, Özleşdirilmedik sapaklaryň ýurdy baradaky gürrüňlerimi tassyklarsyň. Bolýarmy?

Kuzýa penjiräniň öňünde jaýlaşykly ornaşyp, guýrugyny eýläk-beýläk galgatmaga başlady. Soň bolsa penjelerine daýanyp böküp turdy-da, jiňkerip penjireden seretmäge durdy. Menem gyzyklanyp penjiräniň ýanyna bardym. Görsek, howluda Lýusa Karandaşkinanyň pişigi Topsi gezmeläp ýören eken.

— Maňa gulak as! — diýip, Kuzýa ýüzlendim. — Ertiriň özünde sen… Näme üçin jogap bereňok? Kuzýa!

Pişik kesirligini edip dymýardy. Gaharym gelip, onuň guýrugyndan çekip goýberdim. Ol mawlady-da, böküp ýere düşdi. Boldy! Ähli zat düşnükli, indi gaýdyp hiç haçan onuň agzyndan bir sözem eşitmerin.

Geografiýa kitabynyň gapynyň aňyrsynda durany ýadyma düşdi. Ony öýe çagyrmak üçin, gapa tarap ylgadym.

— Giriň, gadyrdan Geografiýa!

Emma gapynyň aňyrsynda yns-jyns ýokdy. Işikde bolsa bulaşyp bir kitap ýatyrdy. Bu meniň geografiýa kitabymdy.

Aşhanadan ejemiň sesi eşidildi.

Ony nädip ýadymdan çykaryp bildimkäm? Özleşdirilmedik sapaklaryň ýurduna ejemden soraşman nädip gitdimkäm? Görgüli ejem jan meni gaty alada edendir.

Otaga ejem girdi. Meniň dünýäde iň mähriban, iň gowy, iň owadan, iň eziz ejem. Emma ol jinnek ýaly hem howsalaly görnenokdy.

— Eje jan, sen meni alada etdiň gerek?

Ol haýran galyp, maňa tiňkesini dikdi. Belki, oňa «eje jan» sözüni käwagt aýdýanymdandyr.

— Men hemişe seniň aladaňy edýän ahyry — diýip, ejem jogap berdi. Synaglar ýetip gelýär, seniň bujagaz taýýarlanjak bolşuň-a bolanok. Wah, meniň gara bagtym!

— Eje jan, mähriban ejem jan! Indi men hiç haçan seniň gara bagtyň bolmaryn, seni gynandyrmaryn.

Ejem eglip, meni ogşady. Ol hem muny käwagt edýärdi. Meniň pikirimçe, sebäbi men… Aý, bor-la!.. Şonsuzam düşnükli.

Ejem meni ýene bir gezek ogşap, uludan demini aldy-da, aşhana gitdi. Onuň yzynda gowrulan towugyň ýakymly ysy galdy. Gidip barşyna ejem radiony açdy: «Gepleşigimize 12-nji mekdebiň mugallymy Krasnowa Zoýa Filippowna hem-de şol mekdebiň okuwçysy Katýa Petýorkina gatnaşdy. Çagalar üçin taýýarlanýan bu gepleşigimiziň ýene bir sanyny geçirip gutarýarys» diýen sözleri eşidip galdym.

Bu näme boldugyka? Beýle bolup bilmez! Şu radiogepleşigiň dowamynda men eýýäm şo ýerlerde bolmaga ýetişäýdimmikäm? Ine, gör, näme üçin ejem hiç zady duýmandyr!

Gündeligimi aldym-da, ertire berlen öý işleri täzeden okap çykdym. Ýergazyjylar baradaky meseläni çözdüm, tikinçi baradaky mysalyň dogry jogabyny tapdym.

Örümleri çözlüp giden saçlaryny galgadyp, Lýuska Karandaşkina peýda boldy. Öz syýahatymy oňa gürrüň beresim gelmedi… emma saklanyp bilmedim. Aýtdym. Elbetde, ol ynanmady. Oňa şeýle bir gaharym geldi.

Ertesi gün sapaklardan soň, bizde synp sagady boldy. Zoýa Filippowna sapaklaryna ýetişmeýän okuwçylardan olaryň gowy okamaklaryna päsgel berýän zatlar barada aýtmaklaryny haýyş etdi. Olaryň hersi eýdip-beýdip özlerinden toslap, bir zatlar aýdyp berdiler. Haçan-da, nobat maňa ýetende, men göni özüme hiç zadyň päsgel bermeýändigini aýtdym. Has dogrusy, bir adam päsgel berýär. Ol adam — meniň hut özüm. Ýöne men öz-özüm bilen göreşerin. Okuwçylaryň ählisi haýran galdy, sebäbi men öň hiç haçan öz-özüm bilen göreşerin diýip söz bermeýärdim. Zoýa Filippowna bu zatlaryň nädip akylyma ýetendigini sorady.

Dymdym. Lýuska bolsa sesiniň ýetdiginden gygyryp:

— Men bilýän! Bilýän! Ol Özleşdirilmedik sapaklaryň ýurdunda bolupdyr.

Çagalar gykda-bak bolşup, syýahat barada gürrüň bermegimi haýyş etdiler. Men boýun towladym. Her näme diýsemem, olar maňa ynanmazlar. Eger gürrüň gyzykly bolsa ynanarys diýip, okuwçylar söz berdiler. Ýene azajyk keçjallyk edip durdum, soň bolsa, kim aç bolsa päsgel bermän gitmeklerini haýyş etdim, gürrüňimiň uzaga çekjekdigini duýdurdym. Elbetde, hemmämizem açdyk, emma hiç kim gitmedi. Maňa bäş sany ikiligi ýelmäp goýan günlerinden başlap, ähli zady jikme-jik gürrüň bermäge başladym. Çagalar ýuwaşja oturyp, ünsli diňleýärdiler.

Gürrüň berip oturan wagtym, Zoýa Filippownadan gözümi aýyrmadym. Ine, häzir ol meniň sözümi tapba keser-de: «Nirede bir ýok zatlary toslap oturmaňy bes et, Perestukin. Beýdip ýöreniňden, adam ýaly sapaklaryňy okasaň gowy bordy» diýer diýip oýlanýardym. Ýöne mugallym hiç zat diýmän, gürrüňimi ünsli diňledi. Okuwçylar menden gözlerini aýranokdylar, arasynda ýuwaşja gülüşýärdiler, has hem Kuzýanyň gürrüňlerini aýdanymda. Arasynda olar tolgunyp, gaşlaryny çytýardylar, arasynda bolsa, haýran galyp, bir-birleriniň ýüzlerine seredişýärdiler. Olar entegem diňläp oturardylar, emma men öz syýahatymy gürrüň berip gutardym. Olaryň hiç haýsysy seslerinem çykarman, agzyma seredip otyrdylar.

— Ine, bar bolany şu! Dymýaňyzmy? Maňa ynanmajakdygyňyzy öňdenem bilýärdim.

Okuwçylar ýerli-ýerden seslenip, ala-gopgun turuzmaga başladylar. Olar biri-birlerinden öňürtjek bolup, eger başymdan geçen wakalary özümden toslan bolaýamda-da, şeýle gowy, şeýle gyzykly toslapdyryn welin, oňa ynansa boljak diýişýärdiler.

— Siz, Zoýa Filippowna, ynanýaňyzmy? — diýip, mugallymymyzyň göni gözlerine seredip soradym. Eger şu zatlaryň ählisini toslan bolsam, men ondan şeýdip sorap bilerdimmi?

Zoýa Filippowna ýylgyryp, başymy sypalady. Muňa haýran galdym.

— Ynanýan. Men seniň mundan beýläk gowy okajakdygyňa-da ynanýan, Witýa.

Çyndanam, indi men gowy okap başladym. Hatda Katýa hem meniň kämilleşýändigimi aýtdy. Žençik bolsa tassyklady. Ine, Lýuska bolsa edil öňküsi ýaly, ikilik baryny ýygnap, hüžžük saçy bilen aýlanyp ýör.

Synaglary oňat tabşyryp, bäşinji synpa-da geçdim. Dogrymy aýtsam-a, wagtal-wagtal Kuzýa bilen şeýle gürleşesim gelýärdi, Özleşdirilmedik sapaklaryň ýurduna eden syýahatymyzda başymyzdan geçen wakalary bileje ýatlasym gelýärdi. Ýöne onuň şo dymyp ýörşi. Oňa bolan söýgim öňküden azajyk kemelenem ýaly. Arada oňa:

— Ýeri, Kuzýa, saňa ýarajagyny-ýaramajagyny-ha bilemok, ýöne men bir güjüjeg-ä edinmekçi. Owçarka edinmegimem ahmal.

Kuzýa pyşgyryp, beýlesine öwrüldi.

Rus dilinden terjime eden Mähek GARAJAÝEWA,
Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 49-njy orta mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymy
image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle