|

Öýkeli gyş

Öýkeli gyş ÖÝKELI GYŞ

Öýkeli gyş

Ýapraklar saralanda,
Bakyp, gynandyk.
Durnalaň uçup gidenne,
Örtendik, ýandyk.

Gyşam geldi, göwnün açyp,
Sowgatly-zatly.
Päk niýetli, köp-köp nepli,
Sowgy heýhatly.

Neti gar-gaý, doňy bilen,
Ýazy ýaz etmek.
Meýdanda ir-iýmiş, kölde
Gazy köpeltmek.

Doňundan doňarys öýdüp,
Gynandyk ýene.
Dowamat gyş-garsyz ýeňil
Bormy diýsene?!

Kä adaty ýagdaýlara,
Gamlanmamyz bar.
Ünjüli ýüz-gözümizden
Ýagýar göýä, gar.

Gyşam gar gaýdyrmady kän,
Gökden gaýdýan.
Ýüzümizden ýagýan ýetik
Görýär öýüdýän!

2021 ý. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle