Öýke
Öýke
Nätanyş biz,
Heniz birek-birege.
Negada bir kesişmedi köçämiz.
Sen şonda-da meniñ ähli hüýümi,
Ýazyp goýan ýaly öñ bir kitaba,
Agyry-ynjymy,
Pikir-oýumy
Nädip kesgitlediñ ýeke gezekde?..
Tebsirän topragym gelende taba
Kereşmeli sözleñ bilen suwaryp,
Bada açdyñ kilitlenen dünýämi
Hem meni bagladyñ dikil gazykda.
Soñam meñ sözümi kesä öwürip
Ençe günläp dyñzap duran kinäñi
Akdyrañda öñem enter-pelegi
çaşan,
çalamydar ysgynsyz göwräm
Albassy uran deý şalkyldar gider.
Ýaşasak-da aýry-aýry şäherde
Asmanda bir ýyldyz süýnse birden
Biziñ dünýämizde ýalpyldar gider…
Ýöne her pasylda,
Güýzde,
baharda
Kine edip egsiltme ýüz nuruñy.
Yşyk bersem bir menzile ýeterlik,
Kaksam emaý bilen göwün taryñy
Köñül guşuñ al-asmana göterlip
Nam galmasa yza-ynjylaryñdan,
Ýalñyzlygyñ ýatdan çyksa birsalym
Halas etsem seni ünjüleriñden
Gaýgy-gama çirkizilen ruhuñy
Iñ joşgunly duýgym bilen ruslaryñ
Çokundyrşy ýaly suwa düşürip
Mähir bulagymda kemsiz päklesem…
Niçik borka yhlasymyñ jogaby,
Gazboýun,
durnagöz,
owadan sona
Öýkemi ýene?!..
Has TÜRKMEN. Goşgular