Öý hakda
Öý hakda
Derýada ýüz sen,
Daglarda gez sen,
Jülge, gol bilen
Dürli ýol bilen
Git, nirä gitseň.
Ýöne bir zady,
Ýatla her daýym.
Sen bir zürýady,
Ýaşaýan jaýyň.
Senden özge kes,
Gerekmez oňa.
Seni görse bes
Uçar guş ýaly,
Eneň mysaly,
Garaşar saňa.
Okeanda ýüzüp,
Uelendde dursaň,
Keşt edip gezip,
Gawana barsaň,
Gomlaň gohunda,
Uly şowhunda,
Gezip ýörkäňem,
Ýüzüp ýörkäňem,
Kirpigňi gatman
Gijeler ýatman,
Ýoluna garap
Seni soraglap,
Gark bolup gama,
Garaşyp saňa,
Öýüň galanny,
Garap aranny,
Ýadyňda sakla,
Yhlasyn hakla.
Tukatlan ýatlap
Seň öýüň söwer.
Seni hormatlap,
Igençsiz söýer.
Zordur wepasy,
Seňki şypasy.
Deňiz kenary,
Mährem bolsa-da,
Palmalaň bary,
Saýa salsa-da.
Sapasy pesde,
Tapmarsyň taýyn —
Mährem müň esse,
Öz ýaşan jaýyň.
Kemsitme ony,
Garaşdyrma kän.
Geç-de Wolgany…
Süýn oňa bakan.
Gyssan sen oňa
Ezýet çek onsuz.
Olam az ezýet
Çekenok sensiz.
Ak ýol arzuw et
Ýoldaş bolana.
Gaty bahym ýet
Sen diýp solana.
Daň goş haltaňy,
Basym ýygna sen.
Şatlykdan ýaňa
Ýola sygma sen.
Öýüň ýene-de,
Mährem ene deý,
Berip ýylysyn.
Bagryna basar.
Görseň ulusyň,
boýuňam öser.
Gerek ýerinde
Laýam garyp,
Ýeke-ýekeden
Kerpijin örüp,
Iň bir ynamdar
Jaý salan ýeriň.
Baky howandar
Watanyň seniň.
Lýudmila ŞIPAHINA.
__________________
*Uelend — portuň ady.
Terjime eden Sapar ÖRÄÝEW.
«Edebiýat we sungat» gazeti, 1979 ý. Goşgular