|

Öwün

Öwün ÖWÜN

Öwün

Peşmek daban, ketgen kökli, eý, adam,
Bar bolsa oýlangyn, hakydaň-ýadyň,
Il içinde neneň tutulýar adyň,
Sen bu gün özüňe seredip öwün!

Derýada köp çöpler akyma çümmüş,
Akmak laýa, dana akyla çümmüş,
Eneň-ataň, arka-neberäň kimmiş,
Öňüňe-yzyňa seredip öwün!

Bilmedigi näçe, bileni barmy,
Söz sözlände diliniň ýalany barmy,
Öýňe myhman gelse salamy barmy,
Ogluňa-gyzyňa seredip öwün!

Gepläm gepiň hakykatmy, galatmy,
Görünip dur, başyň gara bulutly,
Terezide oturanyň unutma,
Köpiňe-azyňa seredip öwün!

Teniň hapa, päkdigine il belet,
Göwüň gara, akdygyna il belet,
Atym çaýyň ýokdugyna il belet,
Nanyňa-duzuňa seredip öwün.

Ozana bellidir, ajyňdyr süýjiň,
Abraýyňa şärikli, ol tohum-tijiň,
Etmişiňi hopba etmäge güýjüň,
Ýetermi, dyzyňa seredip öwün!

Salyh AÝDOGDYÝEW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle