|

Ownuk mesele diýmäñ!

Ownuk mesele diýmäñ!

OWNUK MESELE DIÝMÄÑ!

Goşun esgerleriñ uly maşgalasy. Bu maşgalada dürli häsiýetli, biri-birine asla meñzemeýän terbiýeli,  üýtgeşik oý-pikirli ýigitlere duş gelinýär.  Biri goşun gullugyndan öñ saz sungatyny öwrenip, gullukda-da şoña guwanyp, bu sungaty dowam etdirýän bolsa, başga biri sürüjilik käri bilen, üçünjisi sport äleminde tejribeli türgen hökmünde giñden tanalýar. Esgerleriñ häsiýetleriniñ deñ bolmaýşy ýaly, olaryñ öz egin-eşiginiñ arassaçylygyna, edebine berýän ünsi hem gyradeñ däldir. Bir harby bölümde öz egin-eşigini, üst-başyny arassa saklaýan esgerem, kirden ýaňa gatap giden harby lybasyny utanman geýip ýören, ädigine ädik ýagyny çalmaga ýaltanýan esgerlerem gulluk edýär. Egin-eşigini arassa saklaýan, saç-sakgaly elmydama timarlanan, aýakgabyby yzygiderli ýaglap durýan esger harby bölümiñ içinde-de, şäheriñ köçelerinde-de özge adamlara görelde görkezýändigine, türkmen esgeriniñ abraýyny galdyrýandygyna hemişe buýsanyp biler! Emma onuñ egindeşini türkmen esgeriniñ mertebesi, edebi näme üçindir gyzyklandyrmaýan ýaly. Ol egin-eşiginiñ arassaçylygyna, ädiginiñ ýalpyldap durmagya biperwaý garaýar. Hatda ol bir gezek öz gullukdaşynyñ türgenleşik meýdanyna gitmäge taýýarlanyp, ädigini arassalap duranyny, harby lybasynyñ ýakasyna arassa ak matany tikip oturanyny görüp: "Pylany, näme haýyr-heläk bolup otyrsyñ, şähere gezelenje gideñog-a, barjak ýerimiz türgenleşik meýdany, o taýda arassa egin-eşigiñ, ädigiñ hiç kime gerek däl, biderek alada galýañ" diýip, oña akyl öwretjek bolýar. Emma göreldeli esger: "Gullukdaş, şähere gezelenje gitmesemem, häzir biz türgenleşik meýdanyna çenli pyýada, şäheriñ gözel köçelerinden ýöräp gitmeli, adamlar biziñ harby lybasymyza, ädigimize seredip, şoña görä goşunyñ ähli esgerlerine baha bererler" diýip, oña akylly-başly jogap berýär.
Türgenleşik gutaransoñ esgerler harby bölümine gaýdyp geldiler. Esgerler ýadawdygyna garamazdan türgenleşik wagty hapalanan eşigini ýuwjak mahaly onuñ ýanyna ýene-de şol ýalta gullukdaşy gelip: "Dost, indiden soñ eşigiñi ýuwjak bolýañmy, ýarym güne ýaryş ýok, ertir ýuwsañ bolmaýarmy?" diýip, öz sowuk-salalygyny sugşurýar. Emma oña: "Harby lybas mukaddes zat, ony har saklamaly däl, häli-şindi ýuwup-ütükläp durmaly, muny bize, ýadyñda bolsa gulluga başlan döwrümizde serkerdelerimiz öwretdiler-ä" diýip, birinji jogap berýär. Gynansagam, käbir harby bölümlerde entegem harby lybasynyñ, ädiginiñ arassaçylygyna biperwaý garaýan esgerlerem duşýar. Ýek-tük hem bolsa bar bolan şeýle esgerleri nalajedeýinlik, biperwaýlyk ýaly ýaramaz endiklerden saplanak serkerdeleriñ borjy. Bu meselede ähli jogapkärçilik serkerdeleriñ üstüne ýüklenilýär. Şolar her esgere gullugyñ ilkinji gününden başlap harby lybasyñ mukaddesdigini düşündirmeli, egin-eşigini arassa saklamaklygy, ädigini yzygiderli ýaglap durmalydygyny öwretmeli.
Aslynda esger mertebesi onuñ daş sypatyndan başlanýar. Bu bolsa ownuk mesele däl.

Wepa JÜTDIÝEW.

# esger_gazeti.

Jemgyýetçilik tankydy

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle