Öwlüýäñ deñinden geçsem…
Öwlüýäñ deñinden geçsem…
Öwlüýäñ deñinden geçsem, —
Tisgindim,
Göýä ýatanlarym algyly menden:
Ýa enem,
Ýa atam,
Ýa-da perzendim,
Ýa-da dostum…
Çekýän ýaly ýeñimden.
Öwlüýäñ deñinden geçsem,
Içimden
(Ynanjyma görä) okaýan doga…
Öwlüýäñ giñeýşime kem-kemden, —
Demigýän… ýetmeýän ýaly deý howa.
Öwlüýäñ deñinden geçsem, —
Duýýaryn:
Hemişelik dymyşlykda — köp many:
«Bize bu ýatanlar — diýýärin —
Hem-ä gowy ýaly,
Hemem köp ýaly…»
Öwlüýäñ deñinden geçsem,
Göwnüme, —
Dünýe — dymyp ýatan haraba ýaly.
Gelseñem-gitseñem alman piñine,
Bir jygyldap barýan araba ýaly…
Öwlüýäñ deñinden geçsem,
Arzuwym: —
«Etjek işlerimi edip ýetişsem,
Mydama deñinden geçip durmaryn…»
…Entekler —
Öwlüýäniñ deñinden geçsem!»
Gurbanýaz DAŞGYNOW. Goşgular