|

Owgan nakyllary

Owgan nakyllary

OWGAN NAKYLLARY

— Ejesi nähili ~ gyzy-da şonuñ ýaly.

— Sygryñ yzyndan hemişe gölesi ýöreýär.

— Gowy gyz gowy eje bolar.

— Garyndaş öýkelese-de, senden ýüzüni sowmaz.

— Ejeñi, uýañy, doganlaryñy garañkyda hem tanarsyñ.

— Mynasyp dogan uýasyna penadyr.

— Daýzañ ýarym ejeñdir.

— Her guşuñ öz höwürtgesi bar.

— Ilkinji nobatda garyndaşlaryñ bilen sypaýy bol.

— Owlak geçiniñ ýanynda ýatar.

— Öýlenmek añsat, durmuş gurmak kyn.

— Eger atañ öweý ene getirse, onuñ özem öweý ata bolar.

— Ogluna garap, atasyna baha berýärler.

— Kölege her bir adamyñ hemrasydyr.

— Näletkerde ogul üçin atasy ýazgarylýar.

— Obañy ýatdan çykarsañ-da, däbiñi ýitirme.

Sözler

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle

Больше на Kitapcy.su

Subscribe to get the latest posts sent to your email.

Похожие записи