Owaz / mini-kyssajyk
Owaz / mini-kyssajyk

Dünýe gapyşdy. Gerşinden-ä dert basýar, göwnündenem gert.
Edeni bişow.
Erbet ýerem, başyny tutan işi, ýöne bir paşman, şol öňki durkuna-da galaýanok.
Tersine, oňa ýamanlyk, maňlaýyna sokudaş bolup gaýdyp gelýär…
Nätmeli?
Hernäçe urunýar, çykalga ýok.
Bergiçilik.
Görgüçilik.
Sergezdançylyk.
Biperwaýçylyk.
Doňbagyrçylyk.
Ýalňyzlyk…
Bir günem, doýdy.
Hemme zatdan.
Özündenem.
Özgelerdenem.
Dünýädenem.
Säher bilen turup, gam-gussadan ýaňa gasyn atan alnyny, dogup gelýän Güne garşy tutdy-da, hyrçyny dişläp, namart, bihaýa, şerraý gahar bilen, dişini gyjyrdadyp, sorady:
-Nired-ow, Sen?!
-Ýanyňda…
…diýip, gulagynyň agzynda, gamgyn rehim-şepagatdan doly owaz eşidildi… Hekaýalar