«Otyryn men ýañlyzlyga bürenip…»
"Otyryn men ýañlyzlyga bürenip…"

Otyryn men ýañlyzlyga bürenip,
Şu mahalam hyýalymda at çapýañ
Bilýän, aramyzda uzak menzil bar,
Salgymlara umyt nazarly bakýan.
Asman ýyldyzlary göz gyrpýar ogryn,
Men özümi aýdan gümden gabanýan.
Göwnüme bolmasa äpet kölegeler,
Üstüme haýynlyk bilen abanýar.
Ýalñyzlyk gorkusy girdaba salýar,
Çesme bolup akýan kenara çykman.
Akaryn men sen kenarda garaşgyn,
Hic kime şelaýyn ýylgyryp bakman!
Hemmeler ukuda, ýatyr salamat,
Menden özge oýalykda ören ýok.
Dine sen duýmasañ meniñ yşkymy
Onuñ keşbin senden özge gören ýok.
Meniñ ýylgyryşym seniñki bolar,
Gara gijelere tämizlik berjek.
Oturaryn geleriñe garaşyp,
Ýöne garaşýanym sen nirden biljek?
Selbinýaz. Goşgular