| |

Orunbasar / satiriki hekaýa

Orunbasar / satiriki hekaýa ORUNBASAR

Orunbasar / satiriki hekaýa

Arslan Batyrow barada soňky günler kän oýlanmaga başladym. Sebäbi ol hakda käbir zatlar gulagyma degip ugrady. Klasdaşyň bolansoň o hakdaky gürrüňi gulagyň ýele ýanyndan geçiräýmegem kyn.
Onuň bilen bile işleýän aga-inilerimizden biri “Orunbasaryň bolsa, Batyr aganyň özbaşdak çözüp bilýän zady ýok” diýende, ukudan açylan ýaly boldum. Başlyk bir ýere gidäýse welin, bitiren işi ürkeüzen gurbagasyna degmese-de, edil ýolbars ýaly bolup adamlaryň üstüne topulýamyş. Başlyk gelip bosagadan ätledigem, ol kirpi ýaly ýygrylyp, “pillem pis-ýola düş” bolýamyş. “Ýygnak dagy geçende-de, başlyk gülse gülüp, gaşyny çytsa olam çytjak bolup emgek ýamanyny görýär” diýlen gürrüňler meni hasam haýrana goýdy.
Bu gürrüňlere ynanjagymy-ynanmajagymy bilmän, gel, onuň bilen salamlaşyp geçäýeýin diýip, ýolum düşüp sowulaýmanmy.
Kabinetinden Arslanyň sesi belent çykýardy:
— Başlygyň duz-emek bolup ýören başlyklary geljek, düşündiňmi?
— Düşündim.
— Onda gitde, heniz diş çykmadyk jüýjeden tap dört-bäş sanysyny. Garrygyz diý, gülaby diý, ondanam tap.
— Arslan aga, heý bu mahala-da gawun durarmy?!
— Aýdyldy, gutardy, tapaýmaly, düşündiňmi?
— Düşünmesin-ä düşünýän welin…
— Weliniň bolmaz. Özüňem yzyňy ýel çalmanka dolanyp gel. Gidişiňden gelşiň çalt bolsun, düşnüklimi?
Gapyny çekdim. Arslan ýititip tapan ýaly boldy. Ylgap gelip görüşdi.
— Senem bar ekeniň. Köne dostlary görseň, göwrümiň giňäýýä. Şu başy agyrmaýanyň ýanynda başym agyrýa diýme. Şu käbir kişä iş buýraňda zehiniňi zyg edäýýä-how.
Men onuň şemalyny bermekçi boldum:
— Hany ol häh diýeniňde, mäh diýip duran zaňňarlar.
Arslan arka tapynan ýaly bolup, boýnuny bogup duran elde dokalan nagyşly galstugyny iki ýana gozgap, gazet bilen ýüzüni ýelpedi:
— Dogry-da walla, tapylgysyz adamlar-a myhman gelýä. Adam ýalam garşylamaly ahyr. Şoňa-da düşünmejek bolýalar…
Maý aýynyň ortalarydy. Köçelerde ýekeje-de penjeklä sataşjak gümanyň ýokdy. Arslan welin, gara penjegini geýip, hütdüjek kabinetde derläp otyrdy.
Saglyk-esenlik soraşyp, üst-başyma göz aýlady:
— Tüweleme, sen-ä, oňat, tomsa çykaýypsyň.
— Tomsuň çykanyna bir aýa golaý wagt boldy. Howanyň gyzýanlygam şonuň alamatydyr-da!
Arslanyň ýüzi ýagtylyp gitdi:
— Wah, näsini aýdýaň, meňem bireýýäm penjegimi çykarjak welin… – diýip, yzyny aýtman ýüzüni çytdy.
— Weliniň näme?
— Başlyk guragyrysy bolansoň penjekli gezýä.
— Gezende näme, sen beri özüňi horlap, yssyda penjege boglup ýörmeseň bolmaýarmy?
— Başlyk penjegini çykarmasa, senem penjeksiz bolsaň, bir hili, gelşiksiz ýaly.
Dogrudanam, wagt geçip, ýyllar aýlansa, käbir adam görlüp-eşidilmedik derejede üýtgejek ekeni.
Utanç-haýadan urbalygy galmadyk Arslanyň bolşy üçin onuň ýerine özüm utanyp, gara dere batyp, çykyp gaýtdym.

Kaýym TAŇRYGULYÝEW.

“Edebiýat we sungat” gazeti, 03.12.1977 ý. Satiriki hekaýalar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle