|

Orunbasar

Orunbasar ORUNBASAR

Illeñki dek, oñam dünýä gelende,
Familiýasy bardy,
ady-da bardy.
Dünýä bilen hoşlaşmaly bolanda,
Oñ galdyran ady «Orunbasardy».

Otuz ýyl ýaşady täze at bilen,
Täze arzuw bilen ätdi ädimin.
Emma otuz ýyllap çykarmady ol,
Çal çäkmenin hem-de brezent ädigin.

Ýer bilen gürleşdi,
gürleşdi mydam,
Açdy heniz açylmadyk syrlary.
Ondan tälim alyp, alkyş okady
Obanyñ onlarça brigadirleri.

Galstukly,
şlýapaly başlygam
Onuñ bilen jedelleşdi, gürleşdi.
Kä haýbat atsa-da,
Gaşyn çytsa-da,
Täze ätjek ädimine garaşdy.

Oñ täze ädimi şöhrat getirdi
Käte brigadire, käte başlyga.
(Öwünmäge,
öwdürmäge ökdeleñ,
Il içinde meşhur bolşy başga-la).

Ömründe bir sapar ady agzalan
Makalanam görmedi ol gazetde.
(Öwünmäge,
öwdürmäge özüni
Tapardy islese wagtam, elbetde).

Ýöne o zatlara mätäç däldi ol,
Özi hakda dymýan bir belent dagdy.
Obanyñ alkyşlap dakan şol ady
Onuñ üçin ýalñyz, beýik sylagdy.

Hawa,
illeñki dek dünýä gelende,
Oñam familiýasy hem ady bardy.
Dünýä bilen hoşlaşmaly bolanda,
Oñ galdyran ady «Orunbasardy».

Italmaz NURYÝEW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle