Örtenmek
Örtenmek
Nerkez gözleň bilen jadyla meni,
Ömrüm boýy çylmaýyn jadydan.
Hakyt, öwür meni doňňara daşa,
Ýöne beýdip salyp ýörme oda sen.
Ýa ýalka, ýa ýazgar – saýla birini,
Öňümizde duran goşa ýodadan.
Ýöne beýdip örtäp ýörme, garagöz,
Eger çynym, sepillikden ýadadym.
Ýalkasaň ýaz bolup güllärin,
Bilýän,
Ýazgarsaňam…
Nätjek, gyşa dönerin.
Haýsyn saýlasaň-da öýkeläp durman,
Esasy zat,
Şu dertden-ä dynaryn.
8. 09. 2011 ýyl Goşgular