| | |

Orta Aziýa syýahat -6/ dowamy

Orta Aziýa syýahat -6/ dowamy ORTA AZIÝA SYÝAHAT

VII bap

Ne düýäniň, ne­-de başga jandaryň aýak yzyny saýgarmaga mümkinçiligi bolmadyk kerwenimiz gündiz Günden, gije­de Demirgazyk ýyldyzyndan ugur alyp, ýola düşdi. Gymyldaman, bir duran ýe­rinde durany üçin türkmenler Polýar ýyldyzyna De­mirgazyk (demir gazyk) ýyldyzy diýip at beripdir­ler. Biri­-birine uzyn tirkeş edilip çatylan düýeleriň başyny bir pyýada adam çekip barýardy. Kerwende ähli ýer deňem bolsa, kerwenbaşa golaýrak oturmak azda­-kände hormatly hasaplanýardy.
Bugdaýly diýlip atlandyrylýan ýerden aňrysy Be­ýik çölüň başlanýan ýeri diýlip hasap edilýärdi. Gün ýaşanyndan soň iki sagat çemesi ýol ýöräp, biz depe­leri tolkun şekilli kiçiräk alaňlardan ybarat ýere ýet­dik. Çägelik kem-­kemden ýitip, ýarygije çemelerinde dykyz toýunsow toprak başlandy. Gijäniň ümsümli­ginde düýeleriň birsydyrgyn aýak sesleri­de eşidil­ýärdi. Türkmenler bu hili ýerleri takyr ýa­da gyzgylt reňkli bolany üçin gyzyl takyr diýip atlandyrýardylar.
Biz dem­-dynç alman, tas daňdana çenli ýol ýörä­nem bolsak, geçen aralygymyz alty milden köp däl­di. Turuwbaşdan munuň sebäbi düýeleri ýadatmazlyk üçin däl­de, bir gäwmişiň tagaşyksyz göwresi bilen kerweniň adaty ädimine eýermänliginiň netijesidi. Şol sebäplem ir sagat sekiz bolmanka dynç almak üçin düşmeli bolduk. Düýelerimiz doňuzdarakdyr beýleki sähra otlaryndan garynlaryny otarýançalar, bizem suwdur çöreklerimizi orta alyp, mazaly gar­bandyk. Düýeleriň üstünden ýere düşen wagtymyz kerwenbaşynyň, Ylýasyň hem ýoldaşlarymyň baş­ tutanlarynyň assyrynlyk bilen maňa göz aýlap özara gürleşip duranlaryny gördüm. Olaryň näme hakynda gürrüň edýändiklerini aňmak kyn däldi.
Men hiç zat duýmaýan kişi bolup, Kuranyň gat­laryny yhlas bilen agdaryşdyrmaga durdum. So­ňam gürrüňlerine goşulmak niýeti bilen olara tarap ugradym. Birnäçe ädim ädenimem şoldy welin, ak göwünli Ylýas hem Saly hajy maňa tarap ug­radylar. Bir çete çekdiler­de, kerwenbaşynyň meni Hywa äkitmäge kes­-kelläm garşydygyny aýtdylar. Meniň ýüz­-keşbim şübheli görünýärmişin, ol has beterem, hanyň gazabyndan gorkýarmyşyn. Sebä­bi birnäçe ýyl mundan ozal ol bir pereňlini Hywa alyp gidipdir, ol pereňli bolsa ýolda barýarkalar, gören zatlarynyň ählisiniň anyk çyzgysyny, dag­lardyr baýyrlary kagyza geçirmäge ýetişipdir. Han muňa dergazap bolupdyr. Kerweniň iki baştutany­ny jeza höküm edipdir. Kerwenbaşy bolsa hanyň gulak asýan adamlarynyň kömegi arkaly ölümden halas bolupdyr. «Diňe uzak wagt çekeleşip, seniň bir özüňi çölde taşlap gidip bilmejegimizi aýdany­myzdan soň, ol biziň öňümizde bir şert goýdy. Şol şerte laýyklykda, surat çekilen kagyzlardyr gala­myň bardygyny ­ýokdugyny anyklamak üçin seni barlamaly. Şu hili zatlar adatça pereňlilerde bolýar. Ikinjiden bolsa, sen daglardyr ýollar barada kagyza hiç hili ýazgy etmeli däl. Şulara boýun bolmadyk ýagdaýyňda onuň seni şu çölüň içinde taşlap git­mek niýeti bar» diýip, olar maňa düşündirdiler.
Men bu aýdylanlary adatdan daşary sabyrlylyk bi­len diňledim. Gürrüňlerini gutaransoňlar juda gahary gelen kişi bolup, Saly haja ýüzlendim, özi­de ker­wenbaşy eşider ýaly, bilgeşlin sesime bat berip gür­ledim: «Hajy! Sen meni Tähranda­-da gördüň, kimdi­gime­de ýetik belet. Amandurda (kerwenbaşymyzyň ady) aýt. Eger ol ak ýürekli adam bolsa, binamaz owganlynyň samahyllamalaryna gulak gabartmasyn. Biziň din bilen oýun etmäge hakymyz ýok. Bigünä adama töhmet atýany üçin ol jezasyny çekmeli bolar. Kime gara sürtýänine ol Hywada göz ýetirer!»
Ynam, hyjuw bilen aýdylan soňky sözleri ker­wendäkileriň ählisi eşitdi. Meniň ýoldaşlarymyň, aýratynam, olaryň has garyplarynyň gaharyny soň­ky hetde ýetirdi. Eger saklamadyk bolsam, olar hilegär owganly Emir Muhammediň başyna oýun saljakdylar. Ýoldaşlarymyň bu hereketi has bete­rem kerwenbaşyny haýrana goýdy. Ol töweregin­däkileriň her hili teklipleridir ýalbarmalaryna: «Hu­daý bilsin!» diýip, gysgajyk jogap gaýtarýardy. Ol aňrybaş ak göwünli, mähriban adamdy. Ýöne gün­dogar adamlaryna mahsus bolan betgumanlyk duý­gusy oňa­da mahsusdy. Her edip, hesip edip, meniň lybasyny üýtgeden çet ýurtludygymyň üstüni açasy gelýärdi. Din bilen baglanyşykly dürli sowallaryna jogap berenime, entek Kümüşdepedekä meniň öz­leriniň ähli kitaplaryndan habarlydygymy eşideni­ne garamazdan, onda şeýle isleg saklanyp galypdy.
Öňde eden ýeser oýnum üstüme abanýan howpy azaldanam bolsa, özüme bolan masgaralaýjy şübhä­niň her ädimde artyp barmagy näçe diýseň degnama degýärdi. Indi kagyza iň bir gysgajyk bellikler etme­gimem adatdan daşary kynlaşdy. Dürli ýer, ýurt atla­ryny soramaga­da mümkinçiligiň bolmazlygyna ga­harym gelýärdi. Çölüň giňligine garamazdan, onuň dürli künjeklerinde ýaşaýan çarwalar her bir ýere, depedir jülgä başgaça at dakypdyrlar. Ýagdaý bo­lan halatynda, men ýaşalýan ýerleriň her birini Orta Aziýanyň kartasynda anyk görkezip biljekdim. Me­kirligem hemişe mekirligi döredýär. Ýolda ýygnan ujypsyz belliklerimi ele salmak üçin nähili hile­ al­lara baş urmaly bolandygymy jikme-­jik beýan edip, okyjylary ýadadasym gelenok. Uzak wagt arzuwlap, kän howp­-hatarlara döz gelip, ahyrsoňy arzyly çeş­mesiniň üstünden baransoňam, teşneligini gandyr­mana ýagdaýy bolmadyk syýahatçynyň nähili lapykeç boljagy, ahmyr etjegi köre hasa bolup duran zat!
Sekiz sagat geçensoň, biz ýene ornumyzdan goz­gandyk. Iki sagat ýöränimizden soň, kerwenimiziň bady kem­-kemden gowşady. Türkmenleriň birnäçe­si ýere düşdi­de, kä sag, kä çep tarapda göze ilýän kiçijik tümmeklere üns bilen seredip ugradylar. Soň anyklaýşyma görä, ýoldaşlarymyzyň biri Aýytmu­hammet geçen ýyl bu ýerde ýüze çykan çaknyşyk­da gurban bolan doganynyň mazaryny gözlän eken. Ol doganynyň jesedini salyp, Hywa äkider ýaly ýa­ny bilen tabydam alypdyr. Gündiz sagat ikilerde kerwenimiz durdy. Olar gözleýän mazaryny tapyp, gazmaga başladylar. Ýarym çüýrän jesedi tabyda goýup, keçä doladylar. Bu işleri edip durkalar olar doga okaýardylar, olara bizem goşuldyk.
Şol çaknyşygy gözi bilen görenleriň biri wakany jik-me­jik gürrüň berdi. Onuň maksady merhumyň ruhuny şat etmek bilen baglydy. Sebäbi onuň aýd­ýan öwgüli sözlerini ýöne­-möne adama rowa görer ýaly däldi. «Biziň kerwenimizde Hywadan Astra­bada barýan birnäçe pars bardy ― diýip, ol gürrü­ňini dowam etdi. ― Olaryň birem Astrabatdan örän baý söwdagär molla Kaşimdi. Ol köpden bäri Hy­wadyr Parsystanyň arasyndaky söwda gatnaşýar­dy. Tiz­-tizden Hywada bolup, hemişe şu öldürilen bendäniň öýünde düşleýärdi, Hywada­-da, çölde-­de ony penalanýardy. Geçen ýyl ol kän mukdardaky pul bilen öýüne dolanypdyr. Ol türkmen lybasynda bolup, türki dilimizi gowy bilýänem bolsa, garak­çylar söwdagäriň biziň aramyzdadygyny aňypdyrlar. Olar biziň öňümizden çykyp, üstümize döküldi­ler. San taýdan artykmaçlyklaryna garamazdan, biz olar bilen sekiz sagatlap söweşdik. Iki adamlaryny öldürenimizden soň, olar bizden molla Kaşimi el­lerine bermegimizi soradylar. Şeýtsek, söweşi bes etjekdiklerini, özlerine şol söwdagärden başga hiç kimiň gerek däldigini aýtdylar. Ýöne hiç birimiz, aýratynam, merhum bu şerte razy bolmadyk. On­dan ­mundan şuwlaşyp geçýän güllelerden gorku­syna, parsyň özi, ýesir düşmäge kaýylam bolsa, biz söweşi dowam etdirdik. Basym muňa (ol jesede barmagyna uzatdy) ok degdi. Atdan agyp ýatyşy­na ysgynsyz gürläp, gorkusyndan ýaňa çaga ýaly eňräp duran pars myhmanyna göz­gulak bolmagy öz dogany Aýytmuhammede sargady. Onuň doga­nynyň baştutanlygynda biz söweşi ertire çenli, tä garşydaşlarymyz asgynlap, ýeňse berýänçä dowam etdik. Merhumy jaýlap, ýola ugradyk­da, üç gün­ den soň, şol parsy Astrabada eltdik».
Şol gussaly gün agasynyň hatyrasyna Aýytmu­hammet çörek bişirip, hemmämize paýlady. Soň biz ýene­de hasylsyz giň düzlügiň içi bilen demirgazyk taýa ugradyk. Mazaly güýmenip ýitiren wagtymy­zyň öwezini dolmak üçin biz uzak gije dynç alman ýöremelidik. Howa diýseň gowudy. Men sebetde gyşarylyp ýatyşyma uzak wagtlap ýyldyzly asma­ny höwes bilen synladym. Petreşip duran ýyldyzlar hiç bir ýerde çöldäki ýaly ajaýyp däl bolsalar gerek.
Ahyrsoňy meni uky bürdi. Bir sagat çemesi irki­lendirin­dä, birden dumly­-duşdan ýaňlanan howsa­laly gykylyklara tisginip oýandym. «Hajy! kompa­sa seret, biz ýoldan azaşypdyrys öýdýän!» Peltäniň yşygyna kompasa garap, men demirgazyga däl­-de, gündogara barýandygymy saýgardym. Geçip bol­majak batgalygyň üstünden bararys öýdüp, zähresi ýarylan kerwenbaşy daňdana çenli şu duran ýeri­mizden gozganmaly däl diýip buýruk berdi. Bagty­myza, biziň ýoldan sowlanymyza ýaňy ýarym sa­gat töweregi bolupdyr. Olam şol wagt asmany bulut büremeginiň netijesidi.
Durmaly diýlenine garamazdan, biz niýetlän ýe­rimize ýetdik­de, lüti çykan düýelerimizi otlamaga kowduk. Düşlän ýerimizden ýoldaşlarymyzyň kä­şir çöpleýändiklerini görüp, aklym haýran boldy. Uzynlygy ýarym fut, ýogynlygy bolsa başam barmak ýaly ol käşirler adatdan daşary süýji hem ysly­dy. Özeni agaç ýaly gaty bolansoň, iýer ýaly däldi. Bu ýerde gaty köp duşýan ýabany sarymsagam edil şonuň ýalydy. Men bu amatly ýagdaýdan peýdala­nyp, ertirlik nahary üçin käşir gaýnatdym­da, ola­ryň bir bölegini haltamda ýygşyrdym.
Şu gün (15­nji maýda) biz garymlar bilen arasy ke­silen çöllükden gidip barýarys. Men ol garymlaryň tiz-­tizden görnüşini üýtgedip, ýöremek üçin uly kyn­çylyklar döredýändigini eşitdim. Agyr ýük urlan düýe janawarlaryň çekýän ejirleri beýan ederden çökderdi. Olar çäge alaňlaryna kä münüp, kä düşüp baryşlary­na, aýaklarynyň üstünde zordan saklanýardylar. Ker­wendäki düýeleriň biri-­birine çatyk bolmagy gowy oýlanyp tapylan zat. Öňdäki düýäniň guýrugyna daň­lan ýüp onuň yzyndakynyň burnuna dakylýar. Şeý­ dip, bütin kerwen biri­-birine çatyk ýagdaýda bolýar. Eger öňdäkiler gidip barýarka biri duraýsa, ýüp darty­lyp, togtan janawaryň burnuny ýirere getirýär.
Geçmesi kyn ýerlerde artykmaç ejir bermejek bo­lup, biz häli­-şindi düýelerden düşüp, pyýada ýöreýär­dik. Ürgün çägelikde her ädimiňi zordan ädip, dört sagat çemesi dynç alman ýöremegiň maňa nähili kyn düşjekdigi öz­-özünden düşnükli bolsa gerek! Şol kyn ýagdaýda ýol geçip barýan wagtymyzda men ker­wenbaşy bilen birnäçe gezek gabatlaşdym. Gykylyk turuzanymdan soň, onuň maňa bolan garaýşy myla­katlydy. Onuň ýegeni, ýaş hem türkana hywaly türk­men meniň bilen tanşanyna hasam şatdy. Bir ýyl bäri görmäni üçin onuň ähli gürrüňi aýlanyp­ dolanyp, ýaş gelnine syrygýardy. Haly molla atlandyrylýan ol ýi­git meniň derwüşdigime birjigem şübhelenenokdy. Onuň Kurany açyp, öz maşgalasy barada pal atyp ber diýmesi meni örän geň galdyrdy. Men adaty he­reketimizi edip, gözlerimi ýumdumda, kitaby açdym. Bagtyma, edil açan ýerimde­de aýallar hakynda ýa­zylan eken. Arapça okap, manysyny düşündirmegim ýaş türkmeni aňk etdi. Ol minnetdarlyk bildirdi, me­nem onuň bilen dostlaşanyma hoş boldum.
Edil häzirki pursada çenli kerwenimiziň üç ýoluň haýsysyndan gitjegi belli däldi. Bu ülkede niýetiňe düwen zadyňy gizlin saklamak aýratyn möhümdi. Sebäbi hemişe üstüňe çozular howpy abanyp durdy. Hiç zat aýdylmadygam bolsa, biziň ortaky ýoldan gitjegimiz hemmelere belli boldy. Bu ýanymyza alan suwumyzyň azalmagy hem ertirden gijä galman guýa ýetmek zerurlygy bilen baglydy. Bu bolsa diňe ýo­mut çopanlarynyň gowy gatnaşyklarymyz netijesinde Atabazadan bu ýere gelen ýagdaýynda mümkindi.
Agşamky ýol ýöremämiz şowly boldy, düýeleriň baglanan ýüpi häli-­şindi üzülip durmady. Üzülen halatynda­-da, dessine bilnip, yzdan gelýän düýe­lere haýal etmän kömege ýetişildi. Ýoluny dowam edip barýan kerweniň öňündäki düýeler garaňky­da azaşmaz ýaly, iň yzdan gelýänleriň biri bilen aragatnaşykda bolmaly edildi. Bu hili habarlaşma garaňkylykda birhili gussaly ýaňlanýardy. Häzirki ýagdaýymyzdan nadyl bolmaly däldi. Eger garşy­dan şemal öwsüp, sözler birek-­birege eşidilmese, şonda kyn boljakdy!
Ertesi irden (16­njy maýda) demirgazyk-­gündo­gar tarapda Kürendag dag ulgamy göründi. Gäw­miş zerarly hemmämiz mejbury ýagdaýda haýal ýöremeli bolýardyk. Şonuň üçinem gün öýläne sa­nanda biz dagyň aşak eteklerini synlar ýaly aralyga bardyk. Entek Etrekdekäk, biziň bu ýerlerde hoşni­ýetli ýomutlara duşjagymyz barada aýdypdylar. Bu aýdylana onçakly ynanmanymyz üçin iki hili ga­ryşyk howsalany başdan geçirýärdik. Birinjisi­-hä, şol aýdylan gep ugrunda barmyka­-ýokmuka diýen duýgudy, ikinjisi bolsa, haýsydyr bir duşmançylyk­ly taýpa üstümize döküläýmesin diýen ätiýaçdy.
Biz ýagdaýy anyklamak üçin edenli türkmeniň birini ugratdyk­da, getirjek habaryna bisabyrlyk bilen garaşmaga başladyk. Bagtymyza, daga go­laýlanymyzda her hili öýler görnüp başlady. How­salamyz zym­-zyýat bolup, indi ýeke­täk bilesimiz gelýän zat ol obanyň haýsy taýpa degişlidigidi. Ýol­daşlarym Kürendagyň görnüşini hem gök öwüsýän jülgelerini haýran galyp synlamaga durdular. Me­niň bolsa alysdaky gadymy harabalyklara gözüm düşenden, ýüregim şatlyk bilen gürsüldäp ugrady. Dagyň günbatar tarapynda ýerleşýän ol harabalygy gelip çykyşy boýunça grekleriňkidir diýip çak et­mek mümkin. Dag aýyl­-saýyl görnüp ugran wagty günorta­-demirgazyk tarapda uzakda ullakan janly göwre ýaly görünýän ýalňyz sütüne gözüm kak­lyşdy. Barha dyrmaşyp barşymyza, men şol ugurda öňküden ýogynrak ýene bir sütüni gördüm. Ol öňki ýaly belent däldi hem dagdan birneme daşrakdady.
Maşat­-Misserian diýlip atlandyrylýan ol hara­balyklar indi juda golaýda bolany üçin men olaryň iň maýda jikme­-jiklerine çenli saýgaryp bilýärdim. Obanyň ýomutlaryňkydygyny bilenimizden soň, bu ýerde düşlemek hem ýene­de birnäçe düýe sa­tyn almak kararyna gelindi. Bu meniň öz göwün is­legime laýyk gelýärdi. Şeýle bolanda harabaçylygy ine-­gana synlap biljekdim.
Ertesi irden (17­nji maýda) Ylýas hem ýene­de birnäçe zyýaratçy bilen ol ýere ugradyk. Öz dü­şünjelerine görä, ol hili ýerleri al-­arwahlaryň mes­geni hasaplaýan adamlary özüm bilen gitmäge yr­mak üçin her hili mekirliklere ýüz urmaly boldum. Dörtburç jaýyň belent diwarlary hem­de gümmez şekilli ikisi abat, ikisem ýarymrak ýykyk minara golaýda ýaly görünse­de, harabalyklar biziň düşlän ýerimizden ýarym mil daşlykdady. Belent diwaryň ini altydan sekiz futa, boýy bolsa kyrkdan elli futa çenlidi. Onuň daşyndan çaky, birwagtlar berk daş­ky berkitmäniň ornuny tutan, häzir ýykylaňkyrlan pesräk diwar uzalyp gidýärdi. Çak edişime görä, tu­tuş jaý ― gadymy gala bolmaly. Goraýyş ulgamy­nyň birkemsiz bolmagy üçin gurluşykçylaryň ol ýere suw tokurtgalaryny çeken bolmaklary müm­kin. Ol günorta-­günbatar tarapdaky pars daglaryna çenli uzalyp, birçaklar 150 iňlis mili aralygyndan galadakylary suw bilen üpjün eden bolsa gerek.
Arheologiýa hem binagärlik babatdaky düşünje­lerimiň kemterlik edýändigi sebäpli, adatdan daşa­ry täsin bu harabalar barada degerli bir zat aýdyp biljek däl. Men diňe olaryň gelip çykyşlary boýun­ça greklere degişlidigine ynanýan. Sebäbi ol ýerden tapan kerpiçlerim ululygy, galyňlygy hem reňki boýunça edil Kümüşdepede, Gyzyl Azanda (Alek­sandryň diwarynda)¹ görenlerim ýalydy.  [¹ Bu harabalyklar barada türkmenler şeýle gürrüň berýärler: Hudaý batyr
türkmenleri aýratyn gowy görýäni sebäpli Arabystana äkidip ýörmezlik üçin Käbäni ilki şu ýerde guranmyşyn.]
Mundan başga­da, men Kürendagyň demirgazyk belentliginde başga­da ençeme harabalyklara gabat geldim. Biz olaryň deňinden gije geçip gitdik. Ga­raňkyda saýgaryp bilşime görä, olar alty sany aýra­tyn hem gümmezli bir abat jaýdan ybaratdy.
Bu gün golaý­-goltumda ýaşaýan çarwalaryň bir topary biziňkä geldi. Käbir işleri sazlap, biziň ker­wenimizdäki peýdakeşler bilen karz söwda etdiler. Olar menden özlerine dil haty ýazyp bermegimi haýyş etdiler. Meni haýran galdyran zat ―algyda­ryň dil haty öz jübüsine salman, bergidara bermegi boldy. Türkmenler ähli işi şuňa kybapdaş edýärler. Haçanda, algydardan bu geň hereketini soranymda, ol şeýle jogap berdi: «Ol kagyzyň maňa nämä ge­regi bar? Gaýta bergisi ýadyna düşüp durar ýaly, ol bergidarda dursa gowy ahyryn».
Agşam ugramaga taýýar bolup durkak, bizi ýol­dan eglän bir ýagdaý ýüze çykdy: gäwmişimiz kiçi­jik, sagdynja göle guzlady. Kerwenbaşymyz muňa çäksiz begendi. Ahyrsoňy ýola düşenimizde, göle­jigiň biziň yzymyzy eýermejegi üçin, ony düýele­riň birine ýüklemek kararyna geldi. Kerwende ba­ry-­ýogy iki sany kejebe bolup, olaryň biriniň Bilal hajynyňky, beýlekisiniň bolsa meniňkidigi üçin, hemmeleriň nazary bize dikildi. Haýsam bolsa biri­miziň gölejige ýerimizi bermegimizi haýyş etdiler.
Dostlugymyzyň hatyrasyna Bilal hajy öz ýerini bermäge göwünjeň razylaşdy. Beýtmek bilen, ol ag­sak halyma maňa kyn bolmasyn diýen pikire eýe­ren bolsa gerek. Onuň ýerine göläni mündürdilerem welin, janyňy alyp gelýän ýakymsyz ysy dostumyň näme üçin ýerini bermäge döwtalap bolanyny äş­gär etdi. Tiz­-tizden molap, bizar edýänini hasaba almasaň, gije çydamazça däldi. Ýöne gündiz, aý­ratynam, yssy howada meniň ýagdaýym çekip­-çy­dardan agyrdy. Bagtyma, bu ejirim uzaga çekmedi. Ugranymyzyň ikinji güni gölejik jan berdi.
Şu günden (18­nji maýda) başlap, ýene iki gün­ den Uly Balkana, on iki günden bolsa Hywa ýet­meli diýip hasapladyk (jemi on dört gün). Şunça wagtyň dowamynda bary­-ýogy dört gezek ajy­şor suwly guýa gabat geldik, janly.­jemendä welin, ýe­ke gezegem duşmadyk.
Maý aýynyň ortalary bolany üçin biziň ýolbe­letlerimiz az hem bolsa, kak suwuna gabat geleris diýip umyt edýärdiler. Biz öz meşiklerimizi Küren­ dagyň hapa suwundan doldurypdyk.
Ol suwumyzam düýäniň üstünde çaýkanyp, lä­bik ýaly bolupdyr, üstesine­de, gaty erbet ysy bar­dy. Bu zatlara seretmezden, biz şonam örän tygşytly tutmalydyk. Sebäbi uly Balkanyň beýle tarapynda­ky barmaly ýerimize çenli kak suwuna duş geleris diýen umydymyz ýokdy.
Biz syýahatyň kynçylyklaryna gün­-günden bar­ha beter öwrenişýärdik. Özem olar aglaba meňzeş­di. Her günde bir sagatdan, sagat ýarymdan hem iki sagatdan üç gezek düşleýärdik. Birinji düşlegi­miz Gün dogmazyndan öň bolup, biz şonda uzak günki iýjek çöregimizi bişirinýärdik, ikinji düşlegi­miz günortandy. Onda özümizem, ulaglarymyzam ýakyp-­ýandyryp barýan jöwzadan dynç alýardyk. Üçünji düşlegimiz Gün ýaşmazynyň öňüsyrasynda bolup, onda biz diňe çörekdir suwdan ybarat ag­şam şamymyzy iýýärdik. Suwumyzyň her damjasy hasaplydy. Bularyň daşyndan meniň dostlarymda hem türkmenlerde goýun ýagy bardy. Olar ony nan bilen iýýärdiler, maňa­da hödür edýärdiler. Ýöne men teşnelige hem ýadawlyga döz gelmek üçin kynam bolsa, bokurdagyňa berk bolmaly diýen ynama eýerip, iýmekden boýun towlaýardym.
Biziň häzirki barýan ýerimiz toýunsow bolup, diňe kä ýerlerinde selçeň göýdük ösümlikler ösýär­di. Köp bölegi hasylsyz ol meýdanyň göwsi damar ýaly eýläk­de­-beýläk uzalýan jaýryklar bilen örtü­lendi. Ýaşaýyş alamatyndan nyşan görünmeýän tu­kat düzlügiň syýahatçyny irizäýşi zadyň çaky däl! Şonuň üçinem düşlege ýetip, düýeleriň birsydyrgyn çaýkamasyndan birnäçe minutlygam bolsa dynmak hut lezzetiň aňrybaşy ýaly görünýär.
Ertesi irden (19­njy maýda) demirgazyk tarapda garamtyl­-gök buluda çalymdaş görnüşe gözümiz düşdi. Ol kiçi Balkan eken. Biz oňa ertesi gün ýet­dik. Ol dagyň belentligi, owadanlygy, mineral baý­lyklary barada türkmenler maňa häli­-şindi jikme­-jik gürrüňler berdiler. Şum maňlaýymyza, biziň adat­ça, sak hem ýadamany bilmeýän kerwenbaşymyz şol gije uklap, öňbaşçy düýe tutuş kerweni şeýle bir howply ýere eltipdir welin, tas ählimiz janymyzdan el üzüpdik. Kiçi Balkanyň eteginde gaty duz kes­megi bilen örtülen köp sanly geçip bolmajak şor batgalyklar bar. Olary barmagyň galyňlygyndaky duz gatlagy bilen örtülen ýerden tapawutlandyraý­magam çetin. Biz şol ugra gidip barşymyza, düýe­leriň batgalyga girip ugranlygyny­da aňşyrmandy­rys. Birdenem olar biziň gyssamamyza gulak asman togtadylar. Biz ýere düşermen bolduk. Aýagymyzyň astynda gaty ýeriň däl­de, batgalygyň mylkyldap ýatanyny duýan mahalym meniň nähili howsalany başdan geçirenimi bir bilsediňiz!
Hemmelere erbet aljyraňňylyk aralaşdy. Ker­wenbaşy ählimize duran ýerimizden gozganmaz­lygy buýurdy. Sebäbi tä jahan ýagtylýança gowy ýola düşmek barada pikirem edip oturasy iş ýokdy. Duzuň ýiti ysyna çydar ýaly däldi. Günüň ilkinji şuglalary dünýä çaýylýança üç sagat garaşmalydy. Yza çykjak bolanymyzda-­da birneme kynçylyga döz gelmeli bolduk. Şeýle­de bolsa, Hudaýyň ga­raşyk edeni üçin keýpimiz kökdi. Ýene­de azajyk öňe giden bolsak, batgalygyň jümmüşine aralaşjak ekenik. Bu ýagdaýda hemmämiziň, iň bolmanda, kerwendäkileriň bir böleginiň batganyň teýine git­jeginiň ujy iki däldi. Munuň şeýle boljagyna türk­menleriň ählisi ynanýardylar.
Ýigriminji maýda Kiçi Balkana ýeten wagtymyz ir sagat ondy. Dag günorta-­günbatardan,.demirga­zyk-­gündogara uzalýardy. Ol ýerden Uly Balkanyň gerişleri çala salgym atyp görünýärdi.
Biz Kiçi Balkanyň eteginde düşledik. Bu dag birmeňzeş belentlikde biri-­birine üznüksiz sepleşip, on iki mildenem uzak aralyga uzalyp gidýärdi. Gürrü­ňini edýän dagym Parsystanyň daglary ýaly ýalaňaç hem ösümliksiz däldi. Kä ýerlerde otlardyr beýleki ösümlikler gögümtil öwsüp görünýärdi. Onuň belentligi göz çaky bilen, takmynan, 300 fut çemesidi.
Ýol şu günem, ertesi (21­nji maý) irdenem şol daglaryň etegi bilen uzaldy. Agşama golaý biz Uly Balkana golaýlaşdyk. Diňe bir bölegi görünýänem bolsa, men onuň Uly Balkan diýlip, dogry atlandy­rylýandygyna göz ýetirdim. Onuň Kiçi Balkandan has belentligi görnüp dur. Biziň görenimiz dagyň gündogar tarapa uzalýan bir bölegidi. Hakyky Uly Balkan Hazar deňziniň kenary bilen demirgazyk­ gündogar tarapa uzalýar. Eger meniň Hywada hem türkmenlerden eşiden gürrüňlerimden çen tutsaň, ol dag gymmat bahaly minerallara baýmyşyn. Ýö­ne bu ugurdan gözli adamlaryň tassyklamasy bol­masa, bu aýdylana köre­-kör ynanaýmak çetin.
Biziň goş ýazdyran ýerimiziň özüne bolarlyk aja­ýyplygynyň bardygyny aýdasym gelýär. Ýaşyp bar­ýan günüň şuglalary Kiçi Balkanyň gözel jülgesine nur saçýardy. Özüňi hakykatdanam, daglyk ýerdedi­rin diýip duýýarsyň. Jülgäniň gözelligi özüne ýetigem bolsa, daş-­töwerekdäki idegsizlik, başyna goýberen­lik alamatlary hasratyň gara ganaty ýaly gerlip durdy. Biz islendik pursatda del adama görnüp, ýaraga ýa­pyşmaly bolarys diýen howsala bilen töwerege gor­kuly nazar aýlaýardyk. Sebäbi bu jelagaýlarda gabat gelen islendik del adamy ýarag bilen garşylaýmalydy.
Gün ýaşanyndan bir sagat geçensoň, biz Balkandan aşdyk. Kerwenbaşymyz edil şu nokatdan hakyky çölüň başlanýandygyny yglan etdi. Biziň ählimiz tejribesi ýetik syýahatçy bolsagam, onuň berjaý et­meli käbir zatlarymyzy duýdurasy gelen bolara çe­meli. Bu töwereklerde biz ýagdaýyny tapsak, gaty gürlemeli däl. Gün ýaşýança, asla gygyrmak bolma­ýar. Duşmana öz nirededigiňi bildiresiň gelmeýän bolsa, gijesine ot ýakmaly däl. Iň soňunda­da, biz her gezek doga okanymyzda, başymyzyň saglygy­ny, eger howp abanýan ýagdaýynda, aýallar ýaly dowla düşmän, batyrgaý bolmagy dileg etmeli.
Bize birnäçe gylyç, bir naýza hem iki tüpeňi paýladylar. Aýratyn batyr adam diýip hasap edýän­dikleri üçin, ýanynyň ep-­esli därisidir oky bilen tü­peňleriň birini maňa berdiler, dogrymy aýtsam, bu taýynlyklaryň hiç birem meniň howsalama basalyk berip bilmedi.
Balkandan geçenimizden soň, kompas kerweniň baştutanlarynyň bizden şunça gizlin saklan syrla­ryny ― ýollaryň haýsyny saýlap alanymyzy äşgär etdi. Biziň ortaky ýoldan barýanymyza hiç hili şübhe galmady. Kürendag-da bize ýolumyzda elli sany garakçynyň alakjaşyp ýörendigini habar berdiler. Şonuň üçinem, kerwenbaşy ol ýerden ullakan öw­rüm edip geçmek kararyna geldi. Iki mil çemesi ýol geçip, kert eňňide ýetenimizde ýarygije uçurlary hemmämize ýere düşmeli diýen buýruk berildi. Se­bäbi biz Dedene (çarwalar Oksusyň gadymy hana­syny şeýle atlandyrýarlar) ýetipdiris. Geçen gyşda ýagan çabgalardyr gaý-­tupanlar şondan bir ýyl oza­lam oňat bildirip duran ýollary wes­-weýran edip­ dir. Biz derýanyň gadymy egri­-bugry hanasy bilen gidip otyrys. Derýanyň has belent hem kert beýleki kenaryna çyksak, ýol taparys diýip umyt edýäris.
Biz halys usurgap, daňa golaý bir belent düzlüge ýetdik. Çarwalar öz hekaýalarynda Oksusyň gadymy hanasy bilen Maşat-Misserianyň harabalyklaryny ga­ryşdyrýarlar. Oksus ozal Käbe atlandyrylýan jaýyň golaýyndan akyp geçipdir, soňra demirgazyga tarap ugruny üýtgedipdir diýip, ynandyrjak bolýarlar.
Arka tarapymyzda galan Balkan gök bulutlara duwlanyp, kem-­kemden gözden ýitdi­de, uç­gyrak­syz ägirt hem gorkunç çölüň başlanýany barha aý­dyň duýlup ugrady. Öňler men çöl adamyň aňynda belentlik hakyndaky ideýany oýaryp, hyýalbentlik­ dir joşgunly hyjuw bolsa, oňa reňk çaýyp, gutar­nykly şekile getirýändir öýdüp pikir edýärdim. Ýö­ne ýalňyşan ekenim. Men öz mähriban watanymyň düzlüklerinde çölüň ujypsyzja şekilini görüpdirin. Soň bolsa Parsystanda şor sähranyň (Deşdi Kebir) bir böleginiň içi bilen geçip barýarkam, ony ägirt uly möçberde synladym. Eýsem, soňky gören hem duýýan zatlarymyň öňküden näme tapawudy bar?!
Adamlaryň ýalňyş pikir edişiniň tersine, aňdaky pikirleri odukdyrýan zat ― howaýy hyýallar däl­-de, tebigatyň özi eken. Men tiz-­tizden çölüň içgys­gynç aýratynlygyny, ol ýerde durmuş möwç urýan şäherleri hyýalymda janlandyrmak arkaly düşün­dirmäge çalyşýardym. Ýöne bary tersine bolýardy. Biri­-birine sepleşip ýatan çäge alaňlary, ajalyň ýo­wuz dymmasy, Günüň dogandaky hem ýaşandaky goýy-gyrmyzy reňki ― bularyň bary biziň ägirt, belki­de, ýer togalagyndaky iň uly çölüň içi bilen barýanymyzdan habar berýärdi.
Günortanlar töweregi (22­nji maýda) biz öň ýedi sany guýy bolany üçin Ýedi süýri diýlip atlandyrylan ýerde düşledik. Olaryň üçüsinde henizem örän şor, aňkap duran suw bardy. Galan dördüsi bolsa taňkyrap ýatyrdy. Kerwenbaşynyň şol gün agşam kak suwuny tapmaga umyt baglaýany üçin, me­şigimdäki suw läbige meňzäp gidenem bolsa, bu guýularyň aňryňy bärik getirýän suwundan ala­sym gelmedi. Düýeler hem ýoldaşlarymyň käbiri ol suwdan içdiler. Şol ýoldaşlarymyň teşneliklerini gandyrmakda düýelerden hem galmajak boluşlary­na men geň galdym. Içmäň diýip maslahat berenim üçin, olar ilki meniň üstümden gülen hem bolsalar, gulak asmandyklaryna soňra ökündiler.
Uzaga çekmedik düşlegden soň, biz ýene ýo­la düşdük. Beýleki ähli depelerden belent görün­ýän alaňdan aşanymyzda, ol ýerde ýatan iki sany boş kejebä gözümiz düşdi. Maňa bu ýerde düşlän syýahatçylaryň ölendigini, merhum bilen bagla­nyşykly zatlaryň türkmenlerde keramatly hasap edilip, olary ýok etmegiň günä saýylýandygyny gürrüň berdiler.
Çöl hem onda ýaşaýanlar, dogrudanam, adatdan daşary geň adamlar. Şol gün agşamky gören za­tlarymy beýan etsem, okyjylaryň has­da geň gal­maklary mümkin. Howa sowansoň, kerwenbaşy hem başga­da birnäçe türkmen bilen kak suwunyň gözlegine çykdyk. Hemmämiz ýaraglydyk. Biz dürli tarapa dargadyk. Men kerwenbaşy bilen git­dim. Kyrk ädim çemesi geçenimizde birden ýolda­şym çägedäki aýak yzlaryny gördi­de: «Bu ýerde adam bar» diýip, geň galyp gygyrdy. Biz ýaragla­rymyzy häzirläp, yz çalyp barşymyza, ahyry bir gowaga golaýladyk. Aýak yzyndan görnüşine gö­rä, ol adam ýeke bolmaly. Gowagyň agzyna bara­nymyzda, ýarym ýabany adamy görüp, haýýatym göçdi. Ösgün saç­-sakgaly bulaşyk, keýik derisine çolanan ol adam gowakdan okdurylyp çykdy­da, naýzasyny gezäp, üstümize topuldy.
Men bu sahnany aňrybaş bisabyrlyk bilen syn­ladym, ýoldaşymyň ýüzünde­-de howsala alama­tyndan nam-­nyşan ýokdy. Ýarym ýabany adamy görenimden, ol tüpeňini aşak ýatyrdy-­da: «Aman bol» diýip pyşyrda-dy. Soňam gowakdan ara açyp barşyna, meniň sowal bererime­de garaşman: «Bu adam gandar bolmaly» diýdi. Soňra anyklaýşyma görä, ol biçäre özünden öldüren adamynyň huny alnaryndan gorkusyna, öýüni, ilini terk edip, çöle siňipdir. Ýyllarboýy şol ýerde mydar edip, ol hiç kime görünmeli dälmişin.
Bu gözgyny waka ― suw gözlegine çykyp, gan­dara duşmagymyz meni örän tolgundyrdy. Beýleki ýoldaşlarymyzam hiç zat tapman geldiler. Men şol gün agşam gara läbik suwumyň iň soňky damjala­ryny içmeli boljagymy aňymda aýlap, howsala bat­dym. «Ozal o diýen gadyryny bilmedigem bolsam, dünýede suwdan gymmatly zat ýok eken. Adamlar ony bisarpa tutýar. Men welin, häzir ol dirilik su­wunyň ýigrimi­-otuz damjasy üçin hany­manymy bermäge taýýar!» diýip, içimden pikir öwürdim.
Men sähelçe çöregi gyzgyn suwa basyp iýmek bi­len çäklenýärdim. Sebäbi gaýnadylsa, suwuň ajyly­gy aýrylýar diýip eşidipdim. Az­-owlagam bolsa, kak suwy tapylýança özümi islendik ejire döz gelmäge taýynladym. Guýy suwundan içip, erbet içgeçmä ýo­lugan ýoldaşlarymyň ýagdaýy meni has beter alada goýýardy. Biz türkmenleriň käbiri, aýratynam, ker­wenbaşy süýji suwuň bir bölegini gizländir öýdüp şübhelenýärdik. Suwly meşige göz dikmegiň onuň eýesiniň ganyna galmak bilen deň bolan häzirki ýag­daýda öz şübhesini daşyna çykarmaga ýürek edip biljek adam ýokdy. Başga birinden karz ýa­da Hudaý ýoluna suw dilän adam hem däli ýaly görüljekdi.
Şol gün agşam meniň işdäm tutuldy. Ýeke bölek çöregi­de bokurdagymdan geçirip bilmedim, bede­nimde ysgyn­mydar galmady. Üstesine­de, gyzgy­nym galyp, çydar ýaly bolmady. Güýç­-gurbatdan gaçyp, uzyn süýnüp ýatyşyma, birden hemmeleriň kerwenbaşynyň daşyna üýşenini, yşarat edip, me­ni­de ýanlaryna çagyrýanlaryny aňşyrdym. «Suw, suw» diýen sözler bedenime güýç berdi. Ýerimden turanymda, kerwenbaşynyň kerwendäkileriň hem­mesine iki bulgurdan tenekar suw paýlaýanyny gö­rüp, haýran galdym hem begendim. Ol akgöwünli türkmen bize adatça, çölden geçilen wagty suwuň ep­esli bölegini gizläp, ony diňe häzirki ýaly zerur­lykda paýlaýandygyny, munuň ullakan sogap işi­digini düşündirdi. Türkmen nakylynda aýdylyşyna görä, çölde galan teşnä beren bir damja suwuň ― ýüz ýyllap gazanan günäňi ýuwýarmyşyn.
Bu garaşylmadyk kömege biziň nähili şatlanan­dygymyzy göz öňüne getirmek kyn düşmese gerek! Men özümi diýseň bagtyýar duýup, bu ýagdaýym üç güne dagy ýeter diýip oýlandym. Ýöne çörek ýetmez­çiligi barada pikir etmändirin. Ysgynsyzlyk hem işdä­miň ýoklugy meni birhili, bigam hala saldy. Odun de­regine biraz daşlykda ösýän agaçlary däl­de, düýäniň tezegini ýakyp oňaryn diýip oýlandym. Ýöne onam gerek mukdarda ýygnap bilmedim. Hamyry gyzgyn küle taşlanymdan ýarym sagat geçensoň, odunyň az­lyk edýänini aňdym. Odun getirmäge şaýlanan wag­tym howa garaňkyrapdy. Kerwenbaşy ýanyna çagyr­dy­da: «Seniň kerweni garakçylaryň eline tabşyrmak pikiriň­ä ýokdur­da?» diýip sorady. Men ýarpyrak bi­şen çöregi alyp, ody öçürmäge mejbur boldum.
Ertesi gün irden (23­nji maýda) biz Goýmatatada düşledik. Bu guýy entek guramandyr. Ýöne guraýan bolanlygynda-­da, ullakan bir ýitirjek zadymyz ýok­dy. Sebäbi ondaky suwy içer ýaly däldi. Şor maň­laýymyza yssy, aýratynam, günüň birinji ýarymy­nyň jöwzasy çydar ýaly bolmady. Günüň nury gury çägäni bir futa çenli çuňlukda gyzdyrany üçin Orta Aziýanyň hiç hili köwşe pitiwa etmeýän ýabany ýa­ly adamlary­da çepeklerine bir bölejik tagta goýma­ly boldular. Düýnki içen suwum düýşe dönüp, maňa ýene­de aýylganç teşnelik ejir berip ugrady.
Günortana golaý kerwenbaşy bize Kariman ata atlandyrylýan keramatly ýere golaýlandygymy­zy, hudaýhonlyk borjumyzy berjaý etmek üçin ol keramatlynyň mazaryna çenli ýarym sagat çemesi pyýadalap gitmelidigimizi habar berdi. Bu habaryň maňa nähili täsir edendigi barada oýlanmagy oky­jylaryň özlerine goýýaryn. Jöwzadan hem teşne­likden ýaňa ysgyn-­mydarym ýok halyma, menem zyýaratçylara goşulyp, şol mazara tarap ugramaly boldum. On bäş minutlyk ýol aralykda belent ýerde ýerleşen mazaryň başyna baryp, suwsuzlykdan ýa­ňa guran diliň bilen mydyrdap, doga okamaly.
Men halys güýçden gaçyp, uzynlygy otuz futlyk mazaryň öňünde ýykyldym. Mazarda jaýlanan ada­myň Orta Aziýada ýokary häkimiýet adamydygy­nyň alamaty hökmünde goçuň şahlary goýlupdyr. Kerwenbaşynyň aýdyşy boýunça, bu ýerde jaýla­nan adamyň boýy mazaryň uzynlygy bilen deň bo­lupdyr¹.  [¹Gündogar adamlary öz keramatlaryny has belende götermegi gowy
görýärler. Parsystanda ägirt uly mazarlaryň köp sanlysyny gördüm. Hat­da Konstantinopolda­da, Bosforyň Aziýa kenarynda – Iisus Nawiniň dagy diýlip atlandyrylýan ýerde­-de duş geldim. Şol ýerdäki uzyn mazary türkler Iisus Nawiniňki, grekler bolsa Gerkulesiňki diýip hasap edýärler]   Ol adam gadym döwürlerde şu golaýdaky guýulary her zat edip, daş bilen gömmek islän al­-ar­wahlaryň çozuşlaryndan goranmyşyn. Ol äpet ma­zaryň töwereginde birnäçe kiçijik mazarlaram bar. Olar çölüň dürli ýerlerinde garakçylaryň elinden ýa­-da başga bir betbagtçylyklara duçar bolup dünýeden öten garyp syýahatçylaryň mazarlary bolmaly. Bu keramatlynyň penakärligi netijesinde abat galan gu­ýularyň golaýdygy meni örän begendirdi.
Mende içere ýaramly suw tapyljagyna ynam dö­redi. Şeýle howluganym üçin bellenilen ýere, ha­kykatdanam, ilkinji bolup bardym. Tizden uzak aralykdan goňur kölçe ýaly bolup görünýän guýa gözüm düşdi. Elimi degrip görsem, suw buz ýaly eken. Dodagyma degirdim welin, ajylygynyň, şor­lugynyň hem ysynyň derdinden, agzyňa alar ýaly däl. Lapym diýseň keç bolup, şonda ilkinji gezek geljegim üçin gaýga batdym.

(Dowamy bar)

Arminiý Wamberi

Terjime eden: Kakabaý Gurbanmyradow Ýol ýazgylary

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle