| |

Orta Aziýa syýahat -3/dowamy

Orta Aziýa syýahat -3/dowamy ORTA AZIÝA SYÝAHAT

IV bap

Aňyrsy gurply maşgaladan bolan owgan Nurulla bilen Saride tanşypdym. Garadepä gelen badymyza ol meni öýüne çagyrdy. Ýoldaşlarymdan aýrylasy­myň gelmeýänini aýdanymda, ol Bilal haja­da şeý­le teklip edip, tä razy bolaýýançak ynjalmady. Men ilkibada bu çakylygyň nämäniň hatyrasynadygyny aňmadym. Soň görüp otursam, ol meniň Tähranda­ky türk ilçihanasy bilen gowy gatnaşykdadygymy eşidip, özi üçin hödürleýji hat almak niýetinde ça­gyran eken. Men oňa ugramazymyzyň öň ýanynda haýyşyny kanagatlandyrmaga söz berdim.
Men giren jaýymy synlabam ýetişmänkäm, otag adamdan doldy. Olar diwarlara arkalaryny berip ornaşdylar­da, gözlerini giň açyp, meni syn­lamaga başladylar. Soňam öz synçylyklarynyň netijesi, meniň syýahatymyň maksady baradaky pikirlerini biri­-birine habar berdiler. «Derwüş diý­ýäňizmi?” diýip, olaryň agramly bölegi seslendi. – Ol derwüş däl, oňa asla meňzänok. Geýminiň ýyrtyklygy bilen ýüz keşbi biri­birine düýbünden çapraz gelýär. Hajylaryň gürrüňinden çen tutsaň, bu biziň soltanymyzyň Tährana iberen wekiliniň garyndaşy bolmaly». Bu sözlerden soň olaryň ba­rysy ör turup, şeýle diýdiler: «Şeýle belent mer­tebeli adamyň türkmenleriň arasynda, Hywada, Buharada näme işiniň bardygyny Allanyň özi bil­mese, bendesi bilmez».
Bu sözler meni azajyk gorkuzmanam durmady. Olar ýüzümdäki nikaby bada­bat syrmak isleýär­diler, emma men hakyky gündogarlynyň keşbini janlandyrmagymy dowam etdirdim. Hiç zat eşit­medik ýaly, öz oý-­pikirlerim bilen gümra kişi bo­lan bolup oturdym. Gürrüňlerine goşulmamsoň, olar Bilal haja ýüzlendiler. Ol meniň, hakykatda­nam, Soltanyň hyzmatyndaky ependidigimi, Ylahy ylhamyň netijesinde bu dünýäniň aladalaryndan el çekip, keramatly ýerlere zyýarat etmek hyýalyna münendigimi düşündirdi. Bu sözlere duranlaryň köpüsi başlaryny ýaýkady. Soň hiç hili gep­-gürrüň bolmady.
Hakyky musulman haçanda Ylahy ylham bara­da gürrüň edilende, öz şübhesini gizlemeli. Käte gürrüň berýän bilen diňleýän, aýdylýan zatlaryň ýalandygyny bilip duran wagtam haýran galan şekilli: «Maşalla! Maşalla!» diýip, çyna berim­ siz seslenmeli. Bu waka entek parslaryň arasyn­dakam ýüze çykanam bolsa, meniň eýýäm Orta Aziýanyň serhetinden geçendigimiň subutnama­sy boldy. Bu sünnüleriň entek Parsystandakam hiç wagt, hiç ýerde eşitmedik şübheli sowallary­ny diňläp, ol halkyň jümmüşine aralaşan maha­lym özüme nämeleriň garaşýandygyna ap­-aňsat göz ýetirdim. Bu ýaňramalardyr soraglar iki sagat çemesi dowam edensoň, olar çykyp gitdi. Bizem çaý içdik­de, ýatmak bilen bolduk.
Ýorgana girenimem şoldy welin, türkmen lybas­ly biri ýanyma geldi. Men ony ilkibada şol maşga­lanyň agzalarynyň biridir öýtdüm. Ol meniň bilen gizlin gürrüň edip, soňky on bäş ýylyň dowamynda özüniň dürli işler bilen Hywa hem yzyna gatnandy­gyny, doglan ýeriniň Gandagardygyny, özbege hem Buhara diýseň beletdigini gürrüň berdi. Soň ol ma­ňa dostlaşmagy, çölüň üsti bilen gidenimde özüni ýoldaş edinmegi teklip etdi. Men oňa: «Ähli dindarlar – dogandyr» diýip jogap berdim­de, teklibi üçin minnetdarlyk bildirdim. Gepiň gerdişine görä, özüm ýaly derwüşleriň öz ýoldaşlaryndan asla aý­rylmaýanyny duýdurdym. Onuň entek gürleşesiniň gelýändigine garamazdan, özümiň juda ýatasymyň gelýändigini aýdanymdan soň ol gitdi.
Ertesi irden Nurulla maňa ol adamyň tirýeki hem ýakasy gaýyşly kezzapdygyny aýdyp, ýagdaýyny tapsam, ondan gaçarak durmagymy maslahat ber­ di. Şunuň bilen birlikde-­de, ol maňa Garadepäniň iki aýlyk syýahatymyz üçin zerur bolan ähli zatlary tapyp boljak ýeke­täk ýerdigini, hatda türkmenleriň özleriniňem ýol şaýlaryny şu ýerde tutýandyklary­ny duýdurdy. Iň bolmanda, Hywa ýeter ýaly muk­darda çörek almagy maslahat berdi.
Men Bilal haja özüm hakda­da alada etmegi tabşyryp, bu ýere «Garadepe» adynyň dakylmagy­na sebäp bolan garalyp duran depä tarap ugradym. Onuň bir tarapynda parslar, beýleki tarapynda bolsa 125 ýa­da 150 töweregi owgan hojalyklary ýaşa­ýar. Aýdyşlaryna görä, bu owgan obasy şu asyryň başynda häzirkisinden has uly bolup, ony Aziýa dünýäsiniň iň soňky beýik basybalyjysy Nedir şa esaslandyrypdyr. Mälim bolşy ýaly, ol özüniň iň uly gahrymançylyklaryny owgan hem türkmen es­gerlerine daýanyp gazanypdyr. Maňa çölüň iň çet­ gyralaryndan gelip, onuň tugunyň astyna ýygnanan çakgan atlaryna atlanan elleri gylyçly müňlerçe es­gerine gözegçilik edip oturan depesini­de görkezdi­ler. Şu hili ýagdaýlarda Nedir şanyň hemişe gowy tarapyny aýdýarlar.
Şeýlelikde, Garadepäniňem öz baýramçylyk günleri bolýar. Bu sünni obasynyň ilki başda nä­hili maksat bilen göçürilip getirilenini bilmesem­de, häzir onuň adatdan daşary peýdasynyň bardy­gyna gözüm ýetdi. Sebäbi owganlar türkmenlerdir parslaryň arasynda araçynyň hyzmatyny ýerine ýetirýärler. Olar bolmadyk ýagdaýynda parslaryň ençemesi satyn almagyň şertlerini düzýän ara­çy tapylman, türkmenleriň elinde bendelikde ejir çekmeli bolardylar. Parsystanyň gündogarynda bu hyzmaty Kafyň, Jamyň hem Bahirzanyň sünnüleri ýerine ýetirýär.
Garadepäniň üstünden seretseň, Hazar deňzi görünýär. Ol deňziň dilkaw ýer bilen bölünen bö­legidi. Onuň gutarýan ýerinde­-de Aşyrada ýerleş­ ýärdi. Bu bölegi «Öli deňiz» diýip atlandyrýarlar. Iki deňziň arasyny bölüp duran dilkaw ýer daşdan seretseň ýuka suw zolagy ýaly görünýär. Uzak wagtlap synlasaň, ol uzyn bir hatar edilip ekilen baga­da çalym etmän duranok. Bu daşy gurşaw­ly, ümsüm kenarda nämedir bir ylham beriji zat bardy. Meniň gündogar kenara gidesim gelse­de, türkmen kenaryna geçer ýaly nähili­de bolsa ulag serişdesi tapylmazmyka diýen niýet bilen goşu­myza dolandym. Bu iş babatdaky ähli aladany Nurulla öz boýnuna aldy.
Şonuň öňüsyrasynda, agşamlyk bize jan başyna bir kron (frank) pul tölesek, ruslary azyk önüm bi­len üpjün edýän owgan gämisinde Aşyrada baryp biljegimizi aýtdylar. Ol ýerden bolsa türkmenleriň kömegi bilen birnäçe sagatda Kümüşdepä baryp bolýar. Aşyrada-da ruslaryň gullugynda duran hem garyp hajylara kömek edýän türkmen taýpabaşy­sy Hydyr han bar diýdiler. Onuň ýanyna gitjegimiz baradaky hoş habar bizi diýseň begendirdi.
Ýöne ugramaga taýyn bolup duran owganyň beý­leki hajylaryň ählisini äkitmäge razy bolup, meni almakdan ýüz dönderýändigini eşidip, haýran gal­dym. Ol Soltanyň gizlin jansyzy hasap edýän ada­my bolan meni öz gämisine alaýsa, ruslaryň özüne töleýän hak-­heşdeginden kesilerin öýdüp gorkýar­myşyn. Bu meni serpmeden gaýdan ýaly etdi. Ýö­ne ýoldaşlarymyň mensiz gämä münmekden boýun towlap, ýene bir amatly ýagdaý döreýänçä garaş­magy müwessa bilenlerini eşidip, başym gök dire­di. Bu zatlary maňa tirýeki Emir Muhammet özüne muwapyk gopbamsylyk bilen habar berdi.
Biraz wagt geçensoň owganyň özem ýanyma ge­lip (ony Anahan diýip atlandyrýardylar), eden işine ökünýändigini, men barada hiç ýerde dil ýarmajak­dygyny aýtdy, özi üçin Haýdar ependä hödürleýji hat bermegimi haýyş etdi. Men onuň şübhesini ýa­lana çykarjak bolup durman, gaýta hezil edip üstün­den güldüm hem oňa­da, Nurulla­da gerek diýýän hatlaryny Tähranda ýazyp bermäge wada berip, şol sözümde-­de tapyldym.
Men özümiň hakyky derejämi hem gelip çykyşymy şübhedir syr bilen örtmek zerur diýen karara geldim. Gündogarlylar, aýratynam, yslama uýýanlar her ädim­de çypdyryp, aldasalar­da, adamlaryň olary ynandyr­mak üçin tekrarlaýanlarynyň bütinleý tersine bolan zatlara hemişe ynanýarlar. Şonuň üçinem meniň sä­helçe garşy çykmagym olaryň şübhesini tassyklama­ga delil boljakdy. Soňra bu mesele barada sähelçe­de kakdyrma bolman, şol agşam biz Kümüşdepä ugraýan bir türkmeniň hiç zat almazdan, diňe haýyr-­sogap üçin hajylaryň ählisini äkitmäge razydygyny eşitdik.
Bu dörän amatly ýagdaýy hem ugurdaş öwüsýän ýeli sypdyrmazlyk üçin biz kenara ir bilen barma­lydyk. Gedaýlar kerweniniň ykrar edilen üçlügi ─ Bilal hajy, Saly hajy hem men haýal etmän Ýakup atlandyrylýan şol türkmeniň ýanyna ugradyk. Ýaş hem gözleri dogum bilen ýanyp duran ol türkmen bizi ýeke­-ýekeden ogşap, ýol şaýymyzy tutmagy­myz üçin bir gün garaşmaga razy boldy. Ol Bilal hajy hem Saly hajy ikisinden doga okamaklaryny haýyş etdi. Yzymyza gaýtjak bolup durkak, birden ol meniň özi bilen ikiçäk galmagymy sorady. Men garşy bolmadym. Soňra ol biraz çekinjeňlik bilen öz taýpalaryndan bolan bir gyza köp wagt bäri göwün berse­de, işiniň şowuna bolmaýandygyny, ýöne edil häzir Garadepede bolýan bir täsin jadygöý jöhidiň, eger gös­-göni Mekgeden getirilen gülgüne reňkli gül suwuny tapsam, ondan üýtgeşik gowy derman taýýarlap bermegi boýun alandygyny gürrüň berdi.
─ Men hajylaryň keramatly şäherlerden gülgüne hem beýleki gül suwuny getirýändiklerini bilýän – diýip, Ýakup sözüni dowam etdi. ─ Baştutanlaryň iň ýaşy bolanyňyz üçin siz meniň bu haýyşymdan boýun towlamarsyňyz diýip tama edýärin.
Bu çöl perzendiniň yrymçyllygy meni onuň kez­zap jöhidiň sözlerine ynanyşyçarak haýrana goýdy. Ýoldaşlarymda oňa gerek zadyň, hakykatdanam, bardygy üçin haýyşyny dessine kanagatlandyrdyk. Ol muňa edil çaga ýaly begendi.
Şondan iki gün geçensoň, ir bilen biz deňziň ke­naryna ýygnandyk. Beýleki ýol azyklarymyzyň da­şyndan biziň herimiziň egnimizde bir halta unam bardy. «Taýmyl» atlandyrylýan gaýyk biziň hem­mämizi türkleriň «mauna» diýýän kiçijik gämisine eltýänçä, ep­esli wagt geçdi. Ol gämi deňiz kenary­nyň ýalpaklygy üçin bir iňlis mili çemesi daşlykda durdy. Men bu geçişimizi hiç wagt ýadymdan çy­karmaryn. Agaçdan oýulyp ýasalan kiçiräk gaýygyň garnynda ýolagçylar undur beýleki zat bilen garym­ gatym bolup ýerleşdi. Her minutda deňze gaçaýmak howpy abanýanam bolsa, biz gämä sag­aman aşa­nymyz üçin ykbalymyzdan minnetdar bolmaly. Türkmenlerde gämileriň üç görnüşi bar:
1. Keseboý – bir bogaldakly, iki ýelkenli, biri uly, beýlekileri kiçijik, esasan, ýük daşalýar;
2. Gaýyk – bir ýelkenli, adatça, garakçylyk et­ mek üçin ulanylýar;
3. Taýmyl – ýük gämisi.
Ýakubyň biziň ygtyýarymyza beren gämisi ke­seboý bolup, ýap­ýaňy Çeleken adasyndan pars kenaryna nebit, şepbik hem duz eltip, indem çörekden ýüklenip, yzyna ugraýardy.
Bu gäminiň palubasy bolmany üçin oturar ýa­ly belli orunlar­da ýokdy. Şonuň üçinem her kim öz islän ýerinde ornaşdy. Bu bitertipligiň gämini dolandyrmaga päsgel berjegini Ýakup aňdy. Şo­ňa görä­de, biz ýene goşlarymyzy gozgaşdyryp, edil duzlanan takgaz balyklary ýaly egin-­egne berip, iki hatar bolyp oturdyk. Şeýlelikde, gämi­niň gämiçilerine öňe­-yza ýörär ýaly boşluk galdy. Biziň ýagdaýymyz meňki bolsun diýerlik däldi. Gündizine çydarlyk baram bolsa, gijesine uky büren ýolagçylar dogry oturyp bilmän, kä eýläk, kä beýläk agýardy. Şeýle ýagdaýda üstüme ýap­lanyp, hor çekýän hajynyň agramyna sagatlap çydam etmeli bolýardym. Tiz-­tizden iki tarapym­dakylaryň ikisem meniň üstüme agyp gaýdýardy. Şonda­-da olary oýarmaga het edip bilemokdym. Sebäbi başgalaryň ejir çekmegine sebäpkär bol­mak agyr günä hasap edilýärdi.
1863-­nji ýylyň 10­-njy aprelinde günortanlar ugurdaş şemal ýelkenlerimizi çişirip, kiçijik gämi­mizi öňe dazyrdadyp ugrady. Çep tarapymyzda in­çejik dilkaw ýer görünýärdi, sag tarapymyzda bolsa tä deňze çenli uzalyp gidýän gür tokaý bilen ba­syrynan dag seleňläp otyrdy. Onuň üstünde bolsa Apbas şanyň saldyran Eşref atly köşgi göze ilýärdi.
Ajaýyp bahar howasy biziň argonawtlar ekspe­disiýamyza aýratyn görk­-görmek berýärdi. Iki tara­pymdan gysylyp zordan oturanam bolsam, keýpim diýseň gowydy. Göräýmäge, men häzir pars kenary bilen hoşlaşyp, indi yza dolanyp bolmajak, islendik ahmyr ­ökünjiň ýer tutmajak nokadyna gelenim ba­rada oýlanmaly ýalydym. Ýöne beýle pikir meniň kelläme­de gelenokdy. Özleriniň wagşyýana daş keşpleri bilen ilkibada gorkuzan ýoldaşlarymyň maňa tüýs ýürekden wepalydyklaryny hem olaryň ýolbaşçylygy astynda her hili howp-­hatarlary ýeňip geçip biljegime ynandym.
Agşamlyk deňze asudalyk aralaşdy. Biz kenaryň golaýynda labyr taşladyk. Gäminiň kiçijik ojagynyň gapdalynda bize gezek-­gezegine çaý içmäge rugsat etdiler. Guşagymda birnäçe bölek gant gizlengidi. Men Ýakuby­da çaýa çagyrdym. Saly hajy bilen Soltan Mahmydam biziň gapdalymyzda ornaşdy. Bir ýaş ýaňra türkmen alamançylyk hakynda soňsuz gürrüňe tutdy. Bu olaryň halaýan gürrüňidi. Onuň hemişe oýnaklap duran gözleri häzir öz ýurdunyň asmanyndaky petreşýän ýyldyzlar bilen bäsleşýärdi.
Dostlarymy tizden uky basmarlap ugrady. Me­niň ýeke özüm irginsizlik bilen onuň gürrüňine hä berip, ýarygijä çenli oturdym. Hoşlaşyp durkak, ol Nurullanyň meni myhman hökmünde türkmenle­riň baştutany Hanjanyň çadyryna ýerleşdirmegini haýyş edendigini aýtdy. Sebäbi beýleki hajylara meňzemeýänligim üçin men ugruma has gowy se­redilmegime mynasypmyşym. Ýakup maňa şeýle diýdi: «Hanjan kuwwatly taýpanyň aksakgaly. Hat­da onuň kakasy döwründe­-de ýekeje derwüşiň, ha­jynyň ýa­da haýsydyr bir başga kese ýerli adamyň Kümüşdepäniň üstünden ýoly düşüp, onuň duz­ ç­öregini datman geçeni ýokdur. Alys Rumdan (Türki­ýeden) bolanyňyz üçin, elbetde, ol sizi gowy kabul eder. Sizem maňa minnetdar bolarsyňyz».
Ertesi gün irden howa ýaramaz bolany üçin biz örän haýal hereket etdik. Rus ýerleriniň Aziýada­ky iň günorta nokady bolan Aşyrada ýetenimizde agşam düşeňkirläpdi. Aşyrada ýa­da ýöne Aşyrat Russiýanyň eline mundan ýigrimi bäş ýyl ozal ge­çipdir. Rus gämileriniň türkmen deňiz garakçylary­na howp salyp ugran döwründen bäri ol ada Rus­siýanyň golastyna geçdi diýilse, has dogry bolar. Ady türkmen sözünden gelip çykan Aşyrada ozal yns­-jyns ýaşamaýan ada bolup, hiç bir garawsyz häli­-şindi garakçylyk edip ýörenleriň düşleýän ýe­ri bolupdyr. Ol ýer häzirki wagtda Parsystandan gelýän syýahatçylarda gowy täsir galdyrýar. Onuň gündogar çetinde gurlan jaýlar köp däl. Ýöne ba­da­bat gözüňe kaklyşýan şol jaýlaryň hem kilisäniň ýewropaça gurlandygy maňa adatdan daşary ýa­kymly göründi.
Has beterem, harby gämiler maňa Ýewropa dur­muş terzini ýatlatdy. Şonuň üçinem agşamaralar Gesden (Astrabadyň deňiz duralgasy) gaýdyp, gap­dalymyzdan buýsançly geçip barýan gämilerden gözümi aýyrman, nähili guwanç bilen syn edendi­gimi beýan edere söz tapamok. Ruslar bu ýerde üç sany harby gämi saklaýar (ikisi uly, biri kiçi). Eger şolar gorag astyna almasa, Astrahandan ugraýan rus gämileriniň hiç biri üstlerine türkmenleriň çoz­mak howpundan halas däl.
Açyk deňizdäki söwda gämisine gorkara zat ýok. Ýöne ol gapdalyndaky gorag gämileriniň biri bol­masa, kenara barmaga aňsat ýürek edip bilenok. Olary yzyna­da şol gämiler ugradýar. Rus hökümeti dürli ýollar bilen türkmenleriň çozuşlarynyň öňüni almaga synanyşýar. Garakçylyk görnetin azalanam bolsa, howp bütinleý aradan aýrylmandyr. Betbagt pars, käte bolsa amatly ýagdaý dörände rus gämisi süýrelip, Kümüşdepä äkidilýär.
Rus gämileri türkmenleriň suwunda gije­-gündiz yzyny üzmän gatnaýar. Gündogar kenardan Günor­ta – pars kenaryna gatnaýan her bir türkmen gämisi­niň hökman pasporty bolmaly. Onuň üçin gäminiň eýesi ýylyň dowamynda 8, 10 ýa­da 15 dukat möç­ berde pul töleýär. Şol pasport her ýylyň ahyrynda täzelenip, her gezek gämi Aşyradanyň deňinden geçip barýarka görkezilmeli. Rus emeldarlary ýe­sirleriň, ýaragyň ýa­da gaçakçylyga degişli beýleki zadyň ýokdugyna göz ýetirmek üçin gämini bar­laýarlar. Bu peýdaly çäräniň netijesinde türkmen­leriň söwda gämileriniň agramly bölegi barlagdan geçirilýär. Gaçyp, nädogry ýoldan gidýänlerini bol­sa gabat gelen halatynda rus gämileri tutýar. Eger garşylyk görkezseler, deňziň düýbüne ugradýarlar. Häzirlikçe bir tarapdan, mejbury berklikde şu hili çäreler alnyp barylýar, beýleki tarapdan bolsa, sy­ýasatçylar gerek bolan halatynda olary beýlekiniň garşysyna ulanmak üçin taýpalaryň biri bilen dost­lukly gatnaşygy dikeltmäge synanyşýarlar.
Men Aşyradanyň üstünden geçen wagtym ol ýer­de derýabegi ýa­da gämiçiligiň başlygy gazylykör taýpasyndan bolan Hydyr handy. Ol eýýäm otuz ýyl bäri ruslaryň gullugynda bolup, olardan her aý­da alýan kyrk dukat çemesi hakynyň onusyny öz mürzesine berýär eken. Hydyr han entegem ýarym ýewropalaşan mekanda çadyrda ýaşamagyny do­wam etdirýär. Onuň ýerine ýetirmeli wezipesi şun­dan ybarat: özüniň ildeşlerine ýetirýän täsirinden peýdalanyp, olaryň alamançylyk hem beýleki şoňa meňzeş meýillerinden ruslary habardar etmek.
Onuň golastyndakylar özleriniň ýitigözlülikleri hem galjaňlyklary boýunça jansyzyň wezipesine daşýany bilen hötde gelip biljekdiler. Beýleki ähli babatlarda gowy musulmanam bolsa, onuň rus ara­gynyň tagamyny alanyna köp wagt bolupdyr. Şo­nuň netijesinde­-de, ol gije­-gündiziň dowamynda hemişe serhoş. Onuň dura­bara öz kärimi dowam etdirerler diýip tama edýän ogullary bolsa garakçy­lar bilen gizlinlikde aralaryny sazlap, niýete düw­len alamanlardyr talaňlardan ruslary habardar et­mek barada pikirem edenoklar.
Dostumyz Ýakubam pasportyny görkezmelidi. Şeýlelikde, biziň kiçijik gämimize­de barlag gararaşýardy. Aşyrada giç agşam golaýlaşanymyz üçin barlagy ertesi gün irden geçirmek kararyna geldiler. Biz kenara golaý ýerde labyr taşladyk. Meniň dost­larym derwüşlerdir hajylaryň howandary bolan Hy­dyr han bilen görüşmäge mümkinçiligiň bolmandy­gyna gara çynlary bilen ahmyr edýärdiler. Men welin bu ýagdaýa tüýs ýürekden begenýärdim. Se­bäbi Hydyr hanyň ýewropalylaryň ýüz keşplerine hem beýleki edim-­gylymlaryna beletliginiň meniň sepimiň açylmagyna ýa­da iň bolmanda, oňaýsyz ýagdaýda galamagyma getiräýmegi mümkindi.
Men ertir gämi barlananda özümiň ýoldaşlary­myňkydan bütinleý başgaça, ýagny, entek aziýaly­nyň reňkini almadyk ýüz keşbimiň ruslarda şübhe döredäýmeginden az gorkamokdym. Olaryň özüm babatda adamçylyga bap gelmeýän nähilidir bir zatlar etmejeklerini aňsam­da, kimdigimiň üstüni açyp, niýetimden dänmäge yrjak bolarlar, büýem ile dolup, türkmenlere­de meniň kimdigim äşgär bolar öýdüp howatyrlanýardym. Olaryň eline düşäýseň aýylganç gulçulykdan boşamak üçin Blokwiliňki­denem has köp pul tölemeli bolaryn öýdüp oýlan­ýardym! Bu agyr pikirleriň derdinden kalbym how­sala gaplanany sebäpli men günbatar durmuşynyň iň soňky görnüşini lezzet alyp synlabam bilmedim.
Ertesi irden agyr howsala bilen oýananymda, Aşy­rada-dan jaň sesi eşidilýärdi. Ýoldaşlarym bu gün Hristosyň direlen güni¹ – hristianlaryň baýramçy­lygy diýdiler. [ ¹Men onuň ruslaryň Pasha baýramçylygydygyny soň bildim.] Biz bu gün ähli baýdaklary galdyry­lan bir harby gäminiň gapdalynda durduk. Birden ähli lybaslaryny geýnen deňizçileriň gaýykly endi­gan kürek urup golaýlaşyp gelýänini gördük. Olaryň arasyndan ör turan, ähli harby lybasyny geýnen kiçi serkerdäni harby gäminiň bortuna aldylar. Şondan on minudam geçmänkä, bize gämä golaýlaşmaly diýip buýruk berdiler. Men olaryň palubasynda birnäçe kiçi serkerdäniň duranyny gördüm. Ýüregim gürs­-gürs urup ugrady. Biz ýakyn bardyk. Indi meniň ähli aladam özümi mümkin boldugyça bilniksiz alyp bar­maga gönügipdi. Ykbalyň erkine görä, biziň gämimiz ruslaryňka ýakynlaşyp, öwrülende, meniň ýeňsäm olara tarap bolaýdy. Şonuň üçinem, kiçi serkerdeler meni diňe ýeňse tarapymdan synlap biljekdi.
Dabaraly gün mynasybetli, barlag ýüzleý hem geldi­-geçer boldy. Dilmaç Ýakup bilen gysgajyk sowal­-jogap alyşdy. Kiçi serkerdeler bizi­de üns­den saldyrmadylar. Olaryň gämimize eden beýleki bellikleriniň arasynda men: «Ol hajynyň akýagyz­dygyny görüň!» diýen sesleri eşitdim.
Gürrüň, çaky, siwilizasiýadan üzňe durmuşyň alamatlaryny özleşdirip ýetişmedik adam bolan men barada barýan bolarly. Eger şeýle bolsa, bu maňa edilen ýeke­täk bellikdi. Olar tiz wagtdan Ýakuplyk işi gutardylar. Şondan sähelçe salym geçensoň, biz eýýäm rus gämilerinden aramyzy açypdyk.
Şondan soň äm-­säm, alasarmyk ýagdaýdan çy­kyp, özümi dürsedim­de, uludan bir dem aldym. Howsalam zym­-zyýat boldy. Biraz wagtdan gün­batardan güýçli ýel öwsüp ugrady. Indi ýelkenle­ri göýberip, bary­-ýogy üç mil aralykda ýerleşýän Kümüşdepä ýetmäge howlukmak gerekdi. Ýöne Ýakup esli aralykda görünýän ak nokatdan göz­üni aýyrman durşuna öz gämiçileri bilen maslahat etmäge hyýallandy. Onuň kalbyna dowul salan ak nokat bütinleý gözden gaýyp bolansoň, uly ýelken­lermizi goýberdik­de, gündogar taýa peýkam ýaly süýnüp ugradyk.
Aşyrada-dan ýarym millikde biz birnäçe uzyn, reňklenen çelgileriň gapdalyndan geçdik. Ýakup maňa olary ruslaryň suwdaky serhetini bellemek üçin iňlisleriň goýandygyny düşündirdi. Olaryň beýle tarapy türkmenleriňki bolmaly. «Iňlisler türk­menleri hemişe ruslaryň çozuşyndan gorajakmy­şyn». Wagşy çöl perzentlerini bu hili öňdengörüji syýasy ideýalara kimiň ynandyrandygy meniň üçin hemişelik syrdy. Bu deňiz çelgileriniň manysy bara­da kelle döwmek hem Angliýanyň türkmenlere duý­gudaşlygynyň derejesini ölçemek meniň işim däldi.
Bir sagada­-da ýeter-­ýetmez wagtdan türkmen kenary onda-­munda görünýän kiçiräk belentlikler­den ybarat uzyn dilkaw bolup gözümize kaklyşdy. Biz öňümizden barýan kiçijik gäminiň yzy bilen gidip otyrys. Tizden ýelkenlerimizi düşürdik­de, Gürgeniň guýýan ýerinden bir ýarym mil daşlykda – gäminiň şondan golaýa gelip bilmejek aralygyn­da togtadyk. Iki kenarda­-da biri­birine ýygjam ýer­leşen ýüzlerçe balary öýjügine meňzeş Kümüşdepä gözümiz düşdi.
Bu ýerdäki suwam edil Garadepedäki ýa­ly ýalpakdy. Iň bir düýbi ýasy gämilerem göni kenara baryp ýa­da Gürgene girip biljek däldi. Şonuň üçinem biz tä Ýakup kenara gidip, ýük­lerimizi basar ýaly birnäçe taýmyl iberýänçä ep­esli aralykda garaşmalydyk. Gelen üç sany taýmyl hemmämizi kenara eltýänçä birnäçe ge­zek iki­baka gatnamaly boldy.
Bilal hajy ikimiz hemmelerden soňa galdyk. Ke­narda meniň gelýänimi dostum Ýakubyň üsti bilen bilip, Hanjanyň özümi garşylamaga çykanyny eşidenimde, haýranlar galdym. Men ony kenarda ikindi namazyny okap durka gördüm.

(Dowamy bar)

Arminiý Wamberi

Terjime eden: Kakabaý Gurbanmyradow Ýol ýazgylary

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle