Orden (Hekaýa)

Orden (Hekaýa)

An­ton Çe­how,
rus ýa­zy­jy­sy

Täze ýyl güni irden harby gimnaziýanyň mugallymy Lew Pustýakow öz dosty poruçik Ledensowyň ýanyna geldi.

Ol poruçiki Täze ýyl bilen gutlanyndan soňra şeýle diýdi: «Bilýäňmi näme, Grişa, saňa bir haýyşym bar. Gadyrdan, ordeniňi birje günlük berip duraý-da. Bilseň, şu gün men söwdagär Spiçkinlerde günortanlyk edinmekçi. Spiçkiniň ýagdaýyny bolsa özüň bilýäň: ol ordene şeýle bir sarpa goýýar, kimde şol ýok bolsa, ony adamam hasap edenok. Onuň gyzlary… Nadýa bilen Zina… Şeýle bir gyzlar… Düşünýäň dälmi, gadyrdanym, maňa. Beräý-dä, gaýrat et!».

Poruçik göwünsizem bolsa, garaz, ordenini berdi. Iki sagatdan soň Pustýakow Spiçkinlere myhmançylyga ugrady. Ordenli halda ol öz-özüne ýarady, özüni ketde we abraýly adam ýaly duýdy.

Pustýakow Spiçkinleriň işigine baryp, ordeni görner ýaly, paltunynyň iliklerini ýazdyrdy-da, gapynyň jaňyny basdy.

— Kimkä bi, jaňy basýan? — diýip, içerden öý bikesi seslendi. — Lew Nikolaýewiç, bu sizmi! Hoş geldiňiz! Birazajyk gijä galdyňyz, ýöne aýby ýok… Giriberiň!

Pustýakow döşüni gaýşardyp, başyny belent tutup, beýleki myhmanlaryň agşamlyk edinip oturan zalyna girdi. Ýöne şobada keýpine sogan dograldy. Spiçkiniň gyzy Zinanyň gapdalynda onuň işdeşi, fransuz dili mugallymy Tramblýan oturan bolsa nätjek. Tramblýan ordeni dagy göräýse, dessine sorag ýagdyryp başlajagy ikuçsyz, soňra muny äleme jar eder…

Pustýakowyň ilki kellesine gelen pikir: ordeni aýraga-da, ökjäni götersemmi diýdi. Ýöne orden duran ýerine gaýym tikilgidi, «sen-de ýok, men-de ýok», zut gaçmagam birhili. Pustýakow çaltjak sag eli bilen ordeniň üstüni ýapyşdyrdy, hiç kim bilen elleşmän, hemmeler bilen baş atyp salamlaşyp çykdy. Soňra Tramblýanyň gabat garşysyndaky boş oturgyja kynlyk bilen özüni goýberdi.

Pustýakowyň öňünde bir telpertabak çorba goýdular. Ol birbada çemçä çep eli bilen ýapyşanam bolsa, naharyň çepiň bilen däl-de, sagyň bilen iýilýäni ýadyna düşüp, dokmädesiredi:

— Bereket bersin!.. Men bu gün daýymlara sowulmaly boldum-da, günortanlygymy şolarda edinäýipdim.

Çorbanyň ysy bolsa janyňy alyp gelse nädersiň! Beýleki naharlar hem agzyňy suwardyp barýar! Pustýakow sag elini goýberip, ordeni çepi bilen gizlejek boldy, ýöne beýtseňem oňaýsyz boljak.

«Aňşyrarlar… elim — edil aýdyma zowlatjak bolýanyňky ýaly! Eý, Hudaý, basymjak nahar iýişlik bir gutarsa! Günortanlygymy garbanyşhana baryp edinerin-dä!».

Üçünji nahar äberilenden soň, Tramblýana seretdi. Fransuz hem aljyraňňy görünýärdi, iýen zady ýokdy.

«Gördi — diýip, Pustýakow içinden ot aldy.

— Göreni ýüzünden aňdyryp dur. Ertiriň özünde müdire ýetirer… Bäh, nähili boldaýt bi?!».

Şol wagtam erkekleriň biri ýerinden turup, hanymlaryň saglygyna bada götermegi teklip etdi. Saçak başyndakylar ör turdular we bulgurlaryny ellerine aldylar. Pustýakow hem bulguryny çep eline alyp, ýerinden turdy.

— Lew Nikolaýewiç, haýyş edýän, şu bulgury Nastasýe Timofeýewna geçiräýiň-dä! — diýip, oňa erkek kişileriň biri ýüzlendi.

Pustýakow uzadylan bulgury hanyma sag eli bilen geçirmeli boldy. Indi onuň döşündäki orden hemmä äp-äşgär göründi… Pustýakowyň reňki agaryp gitdi, ýalt edip Tramblýana seretdi. Tramblýan hem oňa haýran galyp seretdi-de, ýylgyrdy.

— Ýuliý Awgustowiç! — diýip, öý eýesi Tramblýana ýüzlendi. — Haýyş edýän, şu çüýşäni stoluň o başyna geçiräýiň-dä!

Tramblýan çüýşäni sag eli bilen göterdi.., ine, saňa gerek bolsa hezillik! Pustýakowyň gözi onuň döşündäki ordene düşdi. Diýmek, fransuzam göze atjak bolýanyň biri! Pustýakow heziller edip güldi-de, oturgyjyna çökdi. Indi-hä ol ordenini gizlejegem bolmady.

Nahardan soň Pustýakow otaglara aýlanyp, gyzlara ordenini güjeňläp çykdy. Içi eljuk diýýänem bolsa, böwrejigi böküp, keýpi çagdy.

«Bu zeýilli boljagyny bilen bolsam — bire derek, iki orden dakynardymda. Wah, kellä gelmeýşini diýsene…». Diňe şu pikir böwrüne sanjy boldy diýäýmeseň, ol galan zatlardan hoşaldy.

Rus dilinden terjime eden Näzikjemal GURBANOWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby
image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle