|

Oraza aýy geldi

Oraza aýy geldi ORAZA AÝY GELDI

Ýüreklere nur paýlap,
Oraza aýy geldi.
Aýyt toýuny toýlap,
Oraza aýy geldi.

Remezan ýagsy aý bolan,
Çar ýana şugla salan,
Gadyr gijesi bilen
Oraza aýy geldi.

Haýyr ýolunda ýörgül,
Zähmet rehnedin görgül,
Hüşr-zekatyň bergil,
Oraza aýy geldi.

Köpdür onuň gymmaty,
Hiç tükenmez hümmeti,
Muhammediň ymmaty,
Oraza aýy geldi!

Ogulbäbek Orazberdiýewa. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle