|

Oraz Serdar

Oraz Serdar

ORAZ SERDAR

(Orazberdi Öwezmyradow, Oraz serdar Dykma Serdaryñ ogly) — Ahal welaýatynyñ Börme obasynda dogulýar. 1881-nji ýylda Aleksandr III-niñ Sankt-Peterburgda türkmen wekiliýetiniñ hormatyna guran kabul edişliginden soñ ýetginjek ýigit Orazberdi Russiýanyñ paýtagtyndaky pažes korpusyna okuwa kabul edilýär. Harby uçilişäni tamamlaýar we Türkmen atly diwiziýasyna ugradylýar.
1914-1917-nji ýyllarda ilki 1-nji, soñra Teke atly polkunyñ 4-nji eskadronyna serkerdelik edýär. Patyşa goşunynyñ polkownigi derejesinde Aşgabada gaýdyp gelýär. 1918-1920-nji ýyllarda aklar'' hereketiniñ tarapynda çykyş edip, general-maýor derejesinde Zakaspi oblastynyñ goşunlarynyñ baş serkerdesi bolýar. 1920-nji ýylda Eýrana gaçyp gitmäge mejbur bolýar. 1922-nji ýylyñ sentýabr aýynda Büjnürt şäherinde aradan çykýar. Köp sanly sylaglara we medallara, şol sanda Keramatly Georgiý ordenine hem mynasyp bolýar.

Öwez GÜNDOGDYÝEW.

''TEKE ATLY POLKUNYÑ SÖWEŞ ÝOLY (1914-1918 ý.)'', 2013.

Taryhy şahslar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle