Onuñ ady kimkä?
Onuñ ady kimkä?

Şatlygyma şärik,
Gaýgyma şärik,
Garrylygym bilen ýaşlygma şärik
Boljak gyz nirdekä? Duşarka haçan?
Onuň ady kimkä? Nämekä käri?
Belki-de, ol gyzy gören däldirin,
Belki-de, ol çykandyram öňümden.
Ýa-da ýalňyz sözi aýtmaly wagty
Uýaljyrap geçendirin deňinden.
Ýöne meni söýjek şeýleräk gyzdyr:
Guwanç bilen bakýandyrlar yzyndan.
Şonda kä kişiler çümüp hyýala,
Närazy bolýandyr ogul-gyzyndan.
Mydam dişleýändir gijeýän dilin
Meni söýjek gyzy gören kelçikler.
«Şeýle gyz ogluňa bolaýsa gelin» —
Arzuwyn edýändir gelin aljaklar.
Meni söýjek gyzyň owadanlygy
Iliňkiden artyk ýa pesem däldir.
Kä oglanlar oňa «Owadan» diýse,
Käbiri diýýändir: «Beýle gyz kändir».
Şatlygyma şärik,
Gaýgyma şärik,
Garrylygym bilen ýaşlygma şärik
Boljak gyz nirdekä? Duşarka haçan?
Onuň ady kimkä? Nämekä käri?
Gurbanýaz DAŞGYNOW. Goşgular