Oňşuksyz öý
Oňşuksyz öý

Oňşuksyz öý – niçik ýowuz, niçik sal?
Oňşuksyz öý – niçik zabun, niçik hal?
Sen niçik öý, niçik sowuk, sen ejiz,
Şoň üçin dälsiň eziz.
Oňşuksyz öý beteridir tamugdan,
Düşünmeze düşnüksizdir sebäbi.
Atam diýmiş: «Şükranalyk bezegdir,
Bilgin, oňşuksyzyň azandyr gäbi!»
«Maşalla!» diýdirýär daşdan synlana,
Onuň içi durşy bilen zerdendir.
Dawa-jenjel weli egsenok munda,
Meger öýüň hojaýyny şerdendir.
Salamyň alynmaz, salam berilmez.
Diýdirýär: «Bu öý şeýtan süreni!”
Toba ýok. Tobasyz öýüň matlaby,
Bir-birege sürtmek gara kireňi.
Awuly saçagyň awyly duzy,
Müň paý gowy mundan güni gedaýyň.
Şeýtan zürýadyndan ahmyrly göwün,
Kethudasy ýok bu öýde hudaýyň.
Başynda kyýamat tobasyz öýüň,
Iner bela beterinden-beteri.
…Indiberi göründe bir goýuň-a,
Bu zulmatdan ölüp dynan pederi.
23.11.2014 Goşgular