Ondan-mundan çöplenenler
Ondan-mundan çöplenenler
«Eger» bilen «Meger» toý edipdirler, «Käşge» atly bir çagalary bolupdyr…
◆ ◆ ◆
Miwesini iýen agajyñ şahasyny kesme…
◆ ◆ ◆
Ýedi sany derwüş bir possuna sygar, iki hökümdar bir dünýä sygyşmaz…
◆ ◆ ◆
Aýna seredeñde öz sypatyñy halamasañ, aýnany däl-de, özüñi çalyş…
◆ ◆ ◆
Men diñe öli ýuwýan. Ol behişde gidýärmi ýa-da dowzaha düşýärmi — oña goşulamok…
◆ ◆ ◆
Arynyñ öýüni balynyñ datlydygy üçin ýykýarlar…
◆ ◆ ◆
Adam gülende başgalaryñ hasabyna, aglanda bolsa öz hasabyna aglaýar…
◆ ◆ ◆
Atalarmyz ekipdir, biz iýýäs. Biz ekeliñ, çagalarymyz iýsin…
◆ ◆ ◆
Çaga üçin mugallymyñ käýinji kakasynyñ öwgüsinden peýdalydyr.
◆ ◆ ◆
Mende şeýtan tüýi ýok, epilýasiýa arkaly bar tüýümi ütdüripdim…
◆ ◆ ◆
Bolar-bolmaz kişilere içiñi dökseñ, dökenleriñi toplamak ýene-de öz paýyña düşer…
◆ ◆ ◆
Men ýitiren zatlarym üçin däl-de, indi gazanjak zatlarym üçin ýaşaýaryn.
◆ ◆ ◆
Şeýle bir doganyñ bolar — öz eneñem dogurmaz. Şeýle bir duşmanyñ bolar — öz eneñden doglan…
◆ ◆ ◆
Sekuntlardan soñra näme boljagyny bilmeýän halymyza, ýyllardan soñky etjek işlerimiziñ hyýalynda gezýäris…
◆ ◆ ◆
Daşymyzda köp adamyñ bolany gerek däl, daşymyzdakylar adam bolsun, bes şol…
◆ ◆ ◆
Geljek adamyñ ady uly harp bilen başlar ýaly, gideniñ yzyndan ullakan nokat goýuñ!
◆ ◆ ◆
Bir adama ondan geçip bilmeýändigiñizi bildirseñiz, onuñ ilkinji geçjek adamy Siz bolarsyñyz!
◆ ◆ ◆
Hiç kimiñ seniñ tarapyñda bolmagyndan arkaýyn bolma, garşyña geçmegi üçin ýekeje ädim, duşmanyñ bolmagy üçin ýekeje sözüñ ýeterlik bolar!..
◆ ◆ ◆
Hiç kim seniñ gaý-tupanlara, tolkunlara garşy nähili göreşendigiñe seretmez. Gämini porta getirip-getirmedigiñe sereder.
◆ ◆ ◆
Platon meniñ ýakyn dostum, emma Hakykat maña ondanam ýakyn! Sözler
Больше на Kitapcy.su
Subscribe to get the latest posts sent to your email.