| |

On ýyldan öñki söhbet

On ýyldan öñki söhbet

ON ÝYLDAN ÖŇKI SÖHBET

Siziň dykgatyňyza hödürlejek bu söhbetdeşligimize on bäşinji fewral güni göni on ýyl dolýar. Ýadymda, segsen ikinji ýylyň 15-nji fewral güni professor Seýit Atalyýewiç Garryýew bilen Artykgül Tekinskaýa hakda gürrüň edipdik. Şol wagtlar men Artykgülüň ykbaly bilen gyzyklanýardym. Seýit Atalyýewiç ol hakda öz bilýän zatlaryny maňa gürrüň beripdi. Arada arhiwimi dörüp otyrkam, bir saý-sebäp bilen ýatdan çykyp galan şol söhbetdeşligimiň ýazgysyny diňledim. Göwnüme bolmasa, edil düýn söhbetdeş bolan ýaly. Seýit Atalyýewiç janygyp gürrüň berýär. Onuň özi indi biziň aramyzda ýok. Şonuň üçinem men onuň ruhunyň öňünde müýnli bolmaz ýaly, söhbetdeşligi ýazga geçirip, okyjylara hödürlemegi makul bildim.

— Seýit Atalyýewiç, men Siziň ýanyňyza Artykgül Tekinskaýanyň ykbaly bilen gyzyklanyp geldim. Maňa siziň bilen söhbetdeş bolmagy akademik Tagan Berdiýewiç maslahat berdi.

— Mundan ýigrimi ýyl çemesi öň, altmyşynjy ýyllaryň başlarynda men türkmen edebiýatynyň taryhy boýunça material ýygnap ýördüm. Rus edebiýatynda döredilen türkmen obrazlary baradaky materiallar bilen gyzyklandym. Ine, şeýle materiallar toplap ýörkäm, bir oçerk meniň ünsümi özüne çekdi. Ol oçerk bir teke gyzjagazynyň we onuň enekesi soldat Rodionyň başyndan geçirenleri hakdady. Ol 1882-nji ýylda Peterburg şäherinde çagalar üçin niýetlenip çykarylýan «Podnik» žurnalynda çap edilipdir. Oçerkiň awtory wraç Şerbak. Şerbak şol oçerkden başga eser ýazypmy, ýazmanmy, biziň ondan habarymyz ýok. Ýöne şol oçerk bilen tanyşsaň, Şerbagyň döredijilik ukybynyň bolandygyna göz ýetirýärsiň. Ol oçerk gyzykly okalýar, çeper ýazylypdyr. Awtor bu oçerkde üç ýaşlyja türkmen gyzynyň harby lazarete, ýagny keselhana getirilişi hakynda gürrüň berýär. Lazaretde aýal maşgala ýok eken. Şonuň üçin aýallara degişli işleri — nahar bişirmegi, kir ýuwmagy, gap-çanaklary arassalamagy soldat Rodiona tabşyran ekenler. Gyza seretmek üçin enekelik wezipesinem şoňa tabşyrypdyrlar. Rodion bu wezipä yhlasly ýapyşýar. Tizden-tiz suw gyzdyryp garagöz, bugdaýreňk, awtoryň aýdyşy ýaly, sygan gyzjagazyna meňzäp duran gyzjagazy ýuwundyrýar. Keselhanada çaga eşikleriniň ýoklugy sebäpli, Rodion gyzjagaza eşigi özi tikip geýindirýär. Aýakgap tapylmaýar. Bir ýyljak ýüň jorap tapyp, ony gyzyň aýagyna geýdirýär. Ine, şeýdip, Rodion atalyk mähri bilen bujagaz gyza seredip başlaýar. Şu ýagdaý oçerkde ine, şeýle beýan edilýär: 

«Enekelik wezipesi Rodionyň göwnünden turdy. Ol täze wezipesine begenjinden, gyzjagazyň endamyndaky kiçijik hapalary ýuwmak üçin derrew suw gyzdyrmaga durdy. Ol gyzjaga üç ýaşyndady. Rodion ony naharlardy. Geýindirerdi. Ýuwup-ardardy. Ýatyrardy. Onsoň hem dürli rus sözlerini öwrederdi. Gyzjagaz Rodiony eziz görerdi. Türkmençe nämedir bir zatlar diýerdi. Şeýle bolanda diňe rus dilini bilýän Rodion utanardy, ol ýa-ha başyny egip, gyzjagaz bilen ylalaşýandygyny aňladýardy, ýa-da geň galyp, gözlerini petrederdi. Soňky ýagdaý gyzjagaza has-da ýakardy. Ol hezil edip gülerdi».

Ine, şeýdip waka ýanwar aýynda başlanýar. Bujagaz gyza Tanýa diýen ady dakýarlar. Tekinskaýa diýip familiýa berýärler. Şondan soň bu harby lazaret Bama geçýär. Maý aýynda bolsa bu sanitar otrýady Türkmenistandan Russiýa ugradylýar. Krasnowodsk portundan şepagat uýalary we beýleki işgärler bilen Tanýajygam gämä münýär. Tanýajygy Rodionyň elinden alyp, ony okuwa ýerleşdirmek üçin Moskwa ugradýarlar. Oňa gaty öwrenişen, öz gyzy ýaly söýen Rodion bu waka gaty gynanýar. Ine şol ýagdaý oçerkde şeýle suratlandyrylypdyr: 

«Bu wagt gäminiň art tarapynda ýaş soldat gussa çekip otyrdy. Onuň goýy, gök uzaklara seredýän gözlerinden ýaş damjalary akýardy. Bu Rodiondy, Tanýany onuň elinden alypdylar. Gyzjagazy Moskwa okuwa ýerleşdirmek üçin alyp barýardylar».

Men ozalam türkmen magaryfçysy Artykgül Tekinskaýa baradaky maglumat bilen tanyşdym. Onuň üç ýaşynda Moskwa äkidilişi hakynda habarym bardy. Şol oçerkde habar berilýän wakalar Artykgül Tekinskaýanyň ýaşlyk ýyllaryna gabat geldi. Şonuň üçinem men magaryf halk komissary wezipesinde köp ýyllap işläp, bu hakda kitaplar ýazan alymymyz Tagan Berdiýew bilen maslahatlaşdym. Tagan Berdiýewiçem şol oçerkde gürrüňi edilýän gyzjagazyň ykbaly bilen Artykgül Tekinskaýanyň ykbalynyň deň gelýändigini aýtdy.

— Bu, megerem rus edebiýatynda türkmen temasyndan ilkinji gezek ýazylan eser bolsa gerek?

— Ol rus edebiýatynda türkmen obrazy döredilen çeper eserleriň biri. Ýöne ondan öňem rus dilinde türkmenler hakynda ençeme eser ýazylypdyr. Mende bar bolan maglumatlara görä, ilkinji türkmen obrazy 1843-nji ýylda neşir edilen «Rahmanýaz türkmen» diýen uly oçerkdir. Ol oçerkiň awtory Ýegor Petrowiç Kowalewskiý. Ol rus ýazyjysy, diplomaty, syýasatçysy. Bu oçerk bir garyp türkmen ýigidi Rahmanýazyň Nurypaşa diýen diýen bir täjik gyzyny söýşi we olaryň agyr günleri başdan geçirişleri hakynda.
Geçen asyryň ýetmişinji ýyllarynda birnäçe gezek Türkmenistanda bolan rus ýazyjysy we hudožnigi Karazin hem birnäçe eserinde türkmen obrazlaryny döredipdir. Olaryň arasynda, mysal üçin, «Portret» diýen eseri bar. Ol hekaýasynda Çernika diýen bir salyhatly, ýaş rus ofiseriniň Nurtäç diýen bir türkmen gyzyny söýşi we oňa öýlenşi hakda gürrüň berilýär. «Portret» diýilmesiniň sebäbi, ruhanylaryň öwredişine görä, adamyň suratyny çekmek bolmaýar. Şonuň üçin Nurtäjem suratyny çekdirmejek bolýar. Ine, şo hakda-da hekaýada gürrüň berilýär.
Karaziniň «Ene gaplaň» diýen uly powesti bar. Ol eserde­de bir türkmen gelniniň obrazy berlipdir. Onuň obrazy çylşyrymly, gapma-garşylykly häsiýetde. Bu gelni rus ofiseri Kadimow söýýär. Ony Russiýa äkidýär. Olaryň bir ogly bolýar. Ine, şunuň ýaly wakalar powestde görkezilipdir.
Ýöne Karaziniň iň gowy eseri, meniň pikirimçe, «Serkeý türkmen» atly powestidir. Bu powestde 50-60 ýaşlaryndaky bir türkmen ýaşulusynyň obrazy berilipdir. Ol çagalary gaty söýýär. Adamlara hemişe kömege ýetişýär.
Onuň bir düýejigi bar. Ol şoňa iki-üç halta jöwen ýükläp Özbegistana, Gazagystana äkidýär ekeni. Şondan gazanan pullaryna her hili oýunjaklar satyn alyp, obama-oba aýlanyp, çagalara paýlar ekeni.
Bir gezek ol çöl-beýewanda bir topar rus adamlaryna duşýar. Tüweleý turýar. Ýollary çäge gömýär. Hemme kişiden öň, daňdan Serkeý türkmen ýola düşýär. Rus adamlary azaşmasyn diýip, ýollary çägeden arassalaýar. Ýene bir sapar bir rus aýaly iki çagasy bilen Dörtgüle ugraýar. Emma çölde tüweleý turýar. Agyr ýagdaýda Serkeý türkmen olary halas edýär.
Ine, şeýle eserler geçmişde peýda bolupdyr. Umuman, köp okasaň, köp zatlaryň, gyzykly zatlaryň üstünden barýarsyň.
— Seýit Atalyýewiç, gyzykly gürrüňiňiz üçin sag boluň!

1992-nji ýylyň 15-nji fewraly.
 

Söhbetdeşlik

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle